12:00 Soltan Mälik Eşrep | |
SOLTAN MÄLIK EŞREP BARADA
Taryhy şahslar
ILKINJI SÖZ Biziň möwlämiz Soltan Melikul Eşrep, (Alla oňa ýardam etsin) bulardan ýeterlik paýy we uly orny alyp onyň dünýäde adalaty ýaýrap, gözel ahlak sypatlary bilen meşhur bolup, ýagşy sypatlary we bir näçe gözellikleri özünde jemlänsoň men onuň üçin terjimehal (ýagny kitap) ýazdym. Bar gujur gaýratym bilen bu kitapda, soltanymyzy dil bilen taryp edip bolmajak we galam bilen ýazyp gutaryp bolmajak onyň üstün, gözel waspyny we özünden razy bolynan işleri hakynda ýazjak. Kitaby okaýjylar paşşa Melikul Eşrebi ýatlap oňa has köp doga etmäge, onyň ömrüniň uzyn bolmaklygyna we mertebesiniň has da belent bolmagyna itergi bermekligi üçin. Alla Tagala ony fazly keremi bilen arzu maksatlaryny hasyl eýlesi. Işinde we sözünde razy bolan gullaryndan eýläp ony başarnykly kylsyn. Munça gürrüňi tamamlanymyzdan soňra, Abdyl Mälik Salahaddyn Ýusuf Ibn Eýýubyň paşşalygyndan, möwlamyz Melikul Eşrafayň hökümdarlygyna çenli gelip-geçen hökümdarlar hakynda bir parça beýan etjek. Şol beýan etjek gürrüňmizi de pygamberimiz s a w e mübärek, hem de rowaýata esaslanýan we meşhur doga-dilegler bilen başardygymyzdan sözü uzatmany gysga hem de manyly edip tamamlarys. Çünki sözü uzatmak ýadowlyga alyp barýar. Sözde we amalda bizi başarnykly eýlemegini, günälerden we hatalardan daşlaşdyrmagyny, üstümüze fazl-keremini hem de bol we çäksiz nygmatlaryny ýagdyrmagyny Alladan dileg edýäris. SOLTAN MÄLIK EŞREBIŇ TERJIMEHALY Soltan Mälik Eşrep yslam we musulmanlaryň soltany, diniň goragçysy, ilden we dinden çykanlar hemde baş galdyranlaryň hötdesinden gelip ýogyna ýanan, kapyrlary we müşrikleri öldürendir. Şeýle bir adalatly paşşa boldy zemin gündogaryň we günbataryň aralygyndaky şäherlerde onyň adalaty ýaýyldy. Alla Tagala, Mälik Eşrep (iň üsti) bilen hakykaty ýakynda we daşda äşkär edip, oňa her günde ýardamyny yzygider iberip durdy. Alla ony älem giňişliginiň, deňiziň we ýer-ýüzüniň eýesi eýläp, onyň goşunyna we adamlaryna ýardam eýläp, onyň hökümdarlygyny we häkimiýetini dowamatly eýledi. Mälik Eşrebiň ygtybarly hökümdarlyk tagtyna otyrmazyndan öňki hal-ahwallary hemmelere meşhur mälimdi we taryplamaga mätäçlik ýokdy. Ýöne muňa garamazdan Mälik Eşrebiň tarapdarlarynyň, dogalarynda ony köp ýatlamaklaryna, onyň ömrüniň uzyn bolmaklygyna we onyň duşmanlarynyň ýok bolmaklygyna itergi bolsyn diýip, ol hakda az-owlak gürrüň etmekligi makul bildik. Müsür diýaryna geleninden başlap, ol ýerdäki hökümdarlaryň we onyň adamlarynyň nezzinde sylag-hormatly bolup abyraýly ýaşapdyr. Sebäbi ol, ýagşy gylyk häsiýetlerden ýapyşyp, ýaman hüý-häsiýetlerden daşda durup, at üstünde naýza oýnap, ok zyňmak we beýleki söweş bilen baglanşykly ähli sungatlar (tilsimler, taktikalar) bilen meşgul bolupdyr. Ol ähli bu taktikalarda ussat bolmak bilen bilelikde daş keşbi görmegeý, syraty kämil we halk bilen hem gatnaşygy oňat bolupdyr. Şeýle hem arassa päkligi, dindarlygy, takwalygy we hemaýatkärligi bilen şöhratlyk tapypdyr. Her bawatda ondan bagt nury öwüşgün atýardy we ýolbaşçylygyň ähli görnüşi onda aýdyň görünip durýardy. Soňra bolsa, Allatagala onyň şan-şöhratyny we sylag-hormatyny äşkär edip musulman döwletlerinde has hem meşhurlyga ýetirdi. Ýoldan gelip-geçýänler üçin rahat dynç alynýan ýer we süýji suwly guýy bolupdyr. Kynçylykda galyp onyň gapysyna we aly jenaplygyna sygynyp gelen her bir kişä ýardam edýärdi, olary kyn işlerinden halas edýärdi, ony edeni üçin de hiç kimden hak almaýardy we gaýtam şunyň ýaly sogap işleri köp etmek bilen Allatagalanyň nezdinde, özü üçin hazynalar doly sogap aljakdygyna ynanýardy. Şübhesiz Allatagala, sadaka berenleri sowgatlandyryp olaryň eden peýdaly gowy işlerini de boşa çykarmaz. (ýusuf 88-90) Mälik Eşrebiň hormatly patyşalyk tagtyna otyrandan soň, haçan da onyň ýolbaşçylyk işleri köpelip agyrlaşanda, adamlaryň ulumsylyk edip emirlerden boýun gaçyranlarynda, watandaşlara zulum edýän soltanlyk gullar köpelende, pitneçilik ýaýgynlaşanda, onyň ilkinji eden işi ýüze çykan pitneçileri ýok edip, halk we ýurt behbitli işleriň ençemesini amala aşyrypdyr. Mälik Zahyr Hoşkadamyň wepatyndan soň onyň taýarlap giden esger goşunyny Şah Suwara ýeňmek başardypdyr we mundan başga da bular hakynda ýokarda agzananlygy üçin bu ýerde täzeden beýan etmäge gerek ýok. Goý, Allatagala hormatly patşamyz Mälik Eşrepiň derejesini beýge galdyryp, naz-nygmatlaryny oňa eçilsin. Onyň patşa bolmaklygy bilen ähli ýamanlyklar dep boldy, onyň ýerine gowy niýetli haýyr işleri getirildi. Allatagala Mälik Eşrepi patyşa edip, musulmanlary dünýädäki erwet işlerden uzak saklamak üçin, ony din-diýanat ýaly peýdaly we gowy sözleri hoşgarşylap kabul etmek üçin bir sebäpçi kylypdyr. Adamlar patşa Mälik Eşrepden umyt eden arzuwlaryna ýetmeklik bilen 872-nji ýylyň (ferdi haram aýy hasaplanan) rejep aýynyň 6 altysyna şu waka bolup geçipdir. Inni bolsa, hormatly patşamyza Allatagala oňa ýardam etsin. Ýene de halka azar berýänleriň öňini alyp, pitneçileri ýok edip, uly-kiçi (has we am) hemme kişiň mal we jan howpsyzlygyny uly zalymçylyklardan gorapsaklamak ýaly işler soltanymyzyň barlygynda ýüze çykypdyr. (emniýetde boldy). Soňra bolsa bar gujur gaýraty bilen bozgunçylyklaryň, kemçilikleriň öňüni almaga we döwletiň işlerine seretmäge başlapdyr. Şah Suwar bilen söweşmek üçin Müsür diýarlarynda taýarlan uly goşunlaryny Şam şäherindäki goşunlarynyň yzyna goşupdyr. Hormatly patşamyz hökümdarlyga geçen wagtynda, goşunlaryna sarp etmek üçin öňki gelip-geçen hökümdarlaryň hazynalarynda hiç bir zat tapmandyr we bu ýagdaýyň öňini almak bilen Allatagala oňa ýardam edip, pikirine gelmeýän zatlary ýatladyp onyň işini aňsatlaşdyrypdyr. Şeýle hem pitne pesatçylygy ýok etmek maksady bilen, soltanyň memluklaryndan, wezirlerinden taýarlanan goşunlara we olara şol şähere ýetjek derejede ýardam edilipdir. Allatagal ony maksat-myradyna ýetirsin. Mälik Eşrap 872-nji ýylyň rejep aýynda ýokarda ady agzalyp geçilen Şah Suwara garşy birinji gezek goşun taýarlapdyr. Rejep aýy şeýle bir aýdyr, ol aýda musulmanlara söweşmek halal bolupdyr. Müsür diýarlarynda ýaşan müň başy emirleri şulardyr: Atabeg eskerleriniň müňbaşy emirlerinden enýaly Janybeg, emir Berdibeg Muhammedi emir silah, emir Nanyk Muhammedi nobatbaşy we emir Temur Muhammedşa goragçy başydyr. Tabylhanatlardan bolsa emir Temurbaý Muhammedi ýaragly güýçler. Onbaşylaryň jemi ondokuz sany bolup, olar şulardan ybaratdyr: Temurbaý Azbaýy, Guzy Osman Zahyry, Ýeşbekil Jemälil Karmy, Janym Ýelbaý emir şikär, Gutlubaý Mahmudy, Sänibek Ylýasy, Barsbaý Temurbaý, Döwletbaý Berdibeg, Aýtkil Mahmudy, Akberdi Azbaý, Ýeşbeg Ýelbaý, Nowryzyl Ulaý, Taganyl Umry, Döwletbaý Ebu Bekri, Tanybeg Seýfi, Janybeg, Temurbaý Ýusufy, Barsbaý Hamdy, Muglabaý Seýfi Çakmak we Ýeşbeg Mueýýedi. Paşşaň, müňden gowrak memluklary bolupdyr. Hormatly Mälik Eşrep, (Allatagala oňa ýardam etsin) özüne mahsus bolan 141700 dirhemi goşun eskerlerine sadaka beripdir. Mundan başga da bir näçe atlar, düýeler, esgerleriň aýlyklaryny, (söweşde geýilýän harby) bir näçe lybaslar we haýwanlaryň iýmiti ýaly zatlary sadaka beripdir. Umuman ýokardaky wakalar şunuň ýaly bolup, söweş garşylaşygynda ne olar ýeňmegi başardylar ne de biz. Soltanymyz Mälik Eşrep (Alla öz kömegi bilen ony goldap, ömri boýunça gorasyn) 873-nji ýylyň sapar aýynda, müňbaşylaryň biri bolan emir Özdemir Ybrahymy we onyň bilen birlikde tabylhanatlardan emir Gaçmaz Hasany taýarlapdyr. Onbaşy emirler on sany bolup, olar şulardyr: Sudunyl Alaý Gazandar, emir Şadybeg Muhammedi, Eýnel Ybrahymy, Şadybeg Ganbihi, Noruz Taňyrberdi, Nowruz Ýusufi, Döwletbaý Ybrahymy, Kansaw Yshaky, Gorkmaz Ýahşybyhy we Döwletbaý Berdibeg ýalylar bolupdyr. Mundan başga da soltanymyzyň bäş ýüz (500) sany hakyna tutulan gullary bolup, Şah Suwara garşy söweşmek üçin Halab diýaryna goýberipdir. Olaryň, şol diýara ýerleşmeleri we söweşe garşy taýarlanmalary ýaly çykdaýjylary üçin takmynan segsen ýedi müň (87000) dinar sarp edipdir. Soltanymyz Mälik Eşrep, (Alla onyň şan-şöhradyny gorasyn we ömürini uzyn etsin) 873-nji ýylyň dört tirkeşigiň ahyrky aýynda, Müsür diýaryndaky bir näçe müň başy emirlerden taýarlan goşunyny, Şah Suwara garşy taýarlapdyr. Müňbaşylaryň sany bäş sany bolup olar şulardan ybaratdyr: Atabeg Seýfi Özbek, Gorkmaz Eşrefi emir mejlis, Emir Suwdunyl Kasrawy nobat başy, Elemir Temur goragçy başy, Elemir Garaja Eşrepi bolup we tabylhanatlardan bolsa ikisany Janybeg Zeýni bilen Emir Haýyrbeg Hadyd bolupdyr. Onbaşylar jemi 22 sany, olaryň birinji ýedisi bolsa Eşrapylara degişli bolup olar şulardyr. Barsbaý, Nowruz Ýelbaý, Mugalybaý Taňyrberdi, Kansuwaşşemsi, Ulany Tutah, Webrak Nebran we Barsbaýdyr. Mundan başga da, Zahyrylara degişli sekiz sany bolup olar şulardan ybarat. Tumanbaý Muhammedi, Tanybeg Jemaly, Kanymyl Muhammedi, Kanymyl Yshaky, Jekemel Alaýy, Gorkmazyl Muhammedi, Taňryberdi Mansury we Garajaseýfi Janybeg Çakmak bolupdyr. Ýene de Eşrapylara degişli bäş sany bolup olar şulardan ybaratdyr. Mesaýydul Ybrahymy, Kanybaý Muhammedi, Janybeg Hasany, Döwletbaý Haýdary we Parys Tektemir Enýaly. Seýfilerden de iki sany bolup olar şulardyr. Azbaý Seýfi Gorkmaz we Muglataý Kasrawadyr. Soltan Mälik Eşrep, 1200 sany memluklarynyň aýlyklaryna, olaryň atlarynyň imlerine we beýleki jykdaýjylaryna birnäçe harajat sarp edipdir. Soltan özüniň memluklary üçin diňe galla önümlerini we 300.000 dinardan gowrak puly taýarlamak bilen çäklenmän, eýsem mundan başga da bir näçe atlary, düýeleri, ýaraglary we azyk önümlerini taýarlapdyr. Ondan soň Mälik Eşrep özüniň gullaryny, piýada we atly Şam şäheriniň goşuny bilen birlikde olaryň yzyna goşup goýberipdir. Soltan Mälik Eşrep (Allatagala oňa nygmatlaryny eçilsin, paşşalygyny, mulkini dowamaty dowam eýläp goşunyna ýardam etsin we hemaýat etsin) 875-nji ýylyň dört tirkeşigiň birinji aýynda Müsür diýarynda, müň başylardan biri bolan nobatbaşy emir Aýnal Ýahýawyýy, mundan başga da Müsür diýaryndaky onbaşylardan Aýnal Ybrahymy, Ýelbaý Muweýdini we Barsbaý Temurbaýy taýarlapdyr. Soltan, takmynan 200 sany gullaryna 50.000 dinar puly sarp etmek bilen çäklenmän, eýsem mundan başga da azyk ammarlary, ýaraglary, atlary, düýeleri we şuňa meňzeş zatlary sarp edipdir. Hormatly soltanymyz, (Allatagala onyň ömrüni uzyn we abraýyny artdyrsyn) biçäre Şah Suwar bilen söweşmek üçin 875-nji ýylyň şowwal aýynda, aşakda ady agzaljak şahyslary we güçli goşunlary taýarlapdyr. Goşunmyza ýardam etmek maksady bilen, duşmanlarymyza garşy köp dogalar edilipdir we bu da bolsa kabula laýyk hasap edilipdir. Ol şahyslar şulardan tbaratdyr: Soltan, Müsür diýaryndaky müňbaşylardan Mehdili Ýüşbeg emir Dawut Ärkebiri goşunbaşy edip, (Allatagala oňa ýardam etsin) onyň bilen beýleki müňbaşylardan Elemir Temuraz Eşşemsini, mukyrrus seýfi bolan Hadytly Haýyrbegi, mukyrrus-seýfi bolan Barsbaý Muhammedi we tabylhanatlardan bolsa janymus-seýfi bolan Semerbaý Zerdikäşi taýarlapdyr. (Allatagalanyň naz-nygmatlary oňa dowamly bolsyn). Mundan başga da Mälik Eşrep, Müsür diýarynda onbaşylardan jemi on sekiz sany kişileri taýarlapdyr we olar şulardan ybaratdyr. Emir Berdibeg Muhammedi, Emir Janybihil Kemaly, Emir Özdemir Myrat Hoja we Janybeg Nury bolup bu dörtsi bolsa Barsbaý Eşrepilere degişli bolupdyr. Ýene de Barsbaý, Emir Suwdun Gaýtbegli, Emir Berdibegil Alaýy, Emir Tanymal Jemaly, Emir Özbeg Ýusufil Aşkar we bu dört kişiler bolsa Çakmak Zahyryýlara degişli bolupdyr. Emir Sewdunul Alaýy, Emir Kansawhul Muhammedi, Emir Janym Ýagşybaý, Emir Özdemir Ahmedi, Emir Dukmak Hoşkadam, Emir Ýuşbegil Ybrahymy, Emir Janymyl Muhammedi we bu ýedisi bolsa Enýal Eşrepilere degişlidir. Mundan başga da Döwletbaý Şerifi Ýunus, Janym Seýfi Janybeg, Fanybihi Seýfi Şadybegdir we ýokardaky sanalan şahyslaryň hemmesiniň sany on sekiz bolupdyr. Bu beýan edilen 18 sany onbaşylar bilen bir hatarda, jomart, sahyý, gahraman ýaly ýagşy sypatlary özünde jemlemäni başaran Soltan Mälik Eşrepiň 1.500 den gowrak memluklary bolupdyr, olaryň we ady agzalan dwizýanyň harajatlary, aýlyklaryna we mundan başga da atlaryň imiti üçin serişdeleriň ençemesini sarp edipdir. Öz goşunyny azyk önümleri bilen üpjün etmek maksady bilen gymmat bahaly gyzyldan, 610.000 dinar möçberinde jykdajy serişdesini taýarlamak bilen çäklenmän eýsem mundan başga da goşuny üçin ýaraglardan, düýelerden we atlardan ençemesini taýarlapdyr. Mälik Eşrep, Şam şäheriň goşuny bilen birlikde, olary atly we piýada öz goşunynyň yzyna tirkäp goşup goýberipdir. Mundan başga da Mukyrrul Eşrap Seýfi Ýuşbeg we onyň ýanyndaky nökerleriniň her biri, Allatagala ýeňişi nesip edýänçä duşmanlaryna garşy bar gujur-gaýratlary bilen ýokary derejede taýarlyk görüpdirler we olar (Şam goşuny) bilen birlikde Şah Suwar da Müsür diýaryna getirilipdir. Onyň bu diýara getirilmekligi, aýratyn belli bir gün bolmak bilen çäklenmän, eýsem halk tarapyndan garşylyk (duşman) gözü bilen kabul edilip, suwary birlikleriň gelen habarlary we ol ýerde bolup geçen wakalar goňşy şäherlerede ýaýylypdyr. Allatagala, Hormatly Mälik Eşrepi (ähli maksadyna, onyň bilen ýuwurtda alypbarýan agzybirligine, halkynyň ýüreklerine rahatlyk) ýetirsin, elbetde Allatagala häkimdir we hemme zada güji ýetýändir. Haçanda Soltan Mälik Eşrep, biçäre Hasanbegiň, soltanyň galasyna we Malatýa şäherine garş ýörüş etjek habaryny alanda, Soltan Mälik Eşrep Müsür diýaryndaky müňbaşylardan, Halap şäherini goramak maksady bilen goşun taýarlapdyr. Biçäre Hasan begiň baran ýerinde ynsanlaryň arasynda agzalalygy, ülkede bolsa goh-galmagaly, pitneçiligi, we zulm ýaly teleke işleri görmek bolýar. Müňbaşylardan Emir silah Janybeg Enýaly we Garaja Eşrepi gatnaşandyr. (Allatagala ol ikisine nygmatlaryny eçilsin). Onbaşylardan gatnaşanlar 7 kişi bolup olar şulardyr: Janbih Muhammedi, Muglabaý Ýusufi, Haýrbeg Muhammedi, Suwdun Seýfi Janybeg, Ýeşbeg Kasrawy, Kesbaý Ahmedi we Nowruz Ýelbaýdyr. Soltanyň 400 sany memluklary bolup, takmynan olara gyzyldan 65.000 dinar sarp edipdir. Şeýlelik bilen 877-nji ýylyň dört tirkeşigiň ahyrky aýynda Şam we Halab şäherleriniň orunbasarlaryna, işlerine çynlakaý çemeleşmelerini we ülkelerini gujur-gaýrat bilen goramaklaryny ündeýän bir hat ýazypdyr. Soltan (Allatagala oňa nygmatlaryny eçilsin) 877-nji ýylyň rejep aýynda, ýenede Müsür diýaryndan we biçäre Hasanbeg bilen söweşmek üçin mehdili Ýuşbik emir Dawut Ärkebiri goşun başy edip belläp, emirlerden bolsa Özbek Atabegi, (Allatagala ol ikisine ýardam etsin) nobat başy Enýal Ýahýawyny, Özdemir Ybrahymy, Barsbaý Muhammedi we Kansuw Ahmedi taýarlapdyr. Mundan başga da Tabylhanatlardan „emir ahur” , (soltanyň atyna seredýän atşynas) Emir Janybeg Alaýy, „nazyrul hasbaty şerifeti” (bazar alyş-berişindäki tertip düzgüne serdýän) Emir Ýuşbeg Jemaly, Emir Janym seýfi Temurbaý Zerdigäş, Ýelbaýly Emir Özdemir we Emir Tanybeg Jemaly ýaly şahslar gatnaşypdyrlar. Onbaşylardan jemi 39 sany bolup Eşrepilerden Barsbaý we Enýaly, Zahyrylardan bolsa Çakmak, Seýpilerden Kansuw Muhammedi, Kanybeg Seýpi Şadybeg, Janybeg Kemaly, Suwdun (min) Kanybeg Mensuwry, Tenm Jemaly, Özbek Ýusupy Aşkar, Özdemir min Myrat hoja, Döwletbaý Şerapi Ýunus, Ýuşbeg Ybrahymy, Janym Muhammedi, Suwdun Alaýy Tawil, Janym min Ýagşybaý bolup bular, Ýeşbeg bilen birlikde geçen ýylda sapara (urşa) gatnaşanlaryň hataryna girýärler. Beýleki onbaşylardan Berdibeg min Kasrawa, Suýbaý min Kanybeg, Döwletbaý Hasany, Garaja Seýpi Janybeg, Jekm Alaý, Ýerşbaý Ýusupy, Gorkmaz Muhammedi Garaguş, Barsbaý Alaýy, Şadybeg min Kanybeg, Ärbeg min Nebran, Döwletbaý Ybrahymy, Kansuw Yshaky, Taňrybermiş min Hamiduddin, Janym min Ýelbaý emir şikar, Mamaý Muhammedi, Mesaýyd Ybrahymy, Tanybek Ylýasy, Ulan min Tutah, Suwdun Alaýy Hazandar, Barsbaý Ahmedi, Ýeşbeg Hasany, Muglabeý min Taňryberdi, Gorkmaz Alaýy, Asbaý Seýpi Gorkmaz, Nanyk min Ýagşibeý emir şikar, Garagöz Eşrapi we Sekbaý min Gorkmaz ýaly serkerdeler gatnaşypdyrlar. Hormatly patşa Mälik Eşrep (onyň mülki sonsyz bolsun), (mukyr eşrep seýpi) Ýeşbeg bilen birlikde giden 1400 sany memluklaryna, emirlerine, olaryň aýlyklaryna we mundan başga da ýarag we ulag ýaly çykdajylary üçin 500.000 dinardan köpräk serişde sarp edipdir. Elmydama goldow we ýeňişlere sezewar bolan hortmatly patşaň goşunlary ýaşaýan ýerlerinde we saparda, zalym taýpasy bolan duşmanlaryna garşy goralmaklygy, söweşe ýeňiş üstünligi bilen ýetmekligi maksat edinen serkerdeleriň, takdyryna salamatlygy we ýeňişe ýetmek ýaly haýyrly amallary ýazmagyny keremli Allatagaladan dileg edildi. Soltan Mälik Eşrepiň goşun düzümini nähili taýarlandygyny beýan edenimizden soňra, köne mesjitleri rejelemek, olara seretmek we gerekli ymaratlary berjaý etmek ýaly onuň edip giden haýyrly işleri hakynda ýatlamak isleýärin. Şäherleri bir birine ýakynlaşdyrmak maksady bilen ýollaryň ençemesini gurduryp, Kaýyrda gorag astyndaky „Azhar metjidiniň” gapylaryny täzeläp, minaralaryny täzeden dikeldipdir we Müsürde ýerleşýän „Amr Ibn As” (Alla ondan razy bolsun) baş metjidini gurdurmaklygy emiredipdir. Mundan başga da, kiçijik gubury bar bolan uly ymamlaryň biri Muhammed Ibn Idris Şafygyň (Alla ondan razy bolsun) aramgähiniň ýanynda „Salyha medresesiniň eýwanyny” gurup, Kaýyryň daşynda „Sufl Rabg Zahyry” diýen ýerde Ýetimler köşgüni, oňa giden ýoly we „Tuluny metjidiniň” ýolyny gurupdyr. Sähralyga ýakyn bolan gaýalyk daşlaryň ýanynda „Jebeli Mukattam” diýen ýerde gonamçylyk gurup, merhum Seýýid Abdyllaň (Alla onuň ylymyndan peýdalandyrsyn) gonamçylygynyň garşysynda Sahdiç we bir medrese gurupdyr. Kaýyr şäheriniň ýanynda „Munýetul umara” diýen ýeriň töwereginde Zäwiýe (ybadathana), „Ebizabel” tarapynda bolsa metjit, onuň bilen birlikde bir ýol, meşhur „Sirýakus” da halypa Mejdeddiniň hyzmatçysy bolan ussat Muhammed Arapyň golaýynda kerwensaraý we ybadathana gurupdyr. Bu zatlaryň hemmesini halypa Salyh Abbas Mukymyň hatyrasyna we ahyrýedine sogap bolmagy üçin edipdir. Onuň guran zatlarynyň biri de (Alla oňa ýardam etsin) Günbatar tarapda „Selemun” diýen ýeriň ýanynda bir metjit, halypa Salyh Fath Esmeriň (Alla ouň berekedi bilen peýdalandyrsyn) ýaşaýan ýeriniň töweregindäki „Dumýat” serhedinde bolsa uly bir metjit gurupdyr we mundan başga da Müsür diýarynda gurmak döretmek ýaly işleriň ençemesini amala aşyrypdyr. Mukaddes Mekke şäherinde Metjidi Hapini, Metjidi Anmary, meşhur suw çeşmesini gurupdyr we ondan bolsa şol ýeriň ýaşaýjylary hem de ýolagçylar peýdalanypdyr. Bu zatlaryň gurulmagy bolsa mukaddes Käbä haj parzyny berjaý etmäge gelýänleriň arasynda dostlugy we haj ybadatlaryny bir kemsiz ýerine ýetirmekligine oňat ýardam edipdir. Şunuň ýaly (gurmak döretmek) waka öňki geçen patyşalarda bolmandyr we onuň üçin musulman watandaşlary tarapyndan köp dogalar edilipdir. Hormatly patyşa, gelip-gidýän ýolagçylaryň arkaýyn we olaryň howpsyzlygyny goramaklygy yglan edipdir. Allatagala ony öz penahynda aman saklasyn we duşmanlara garşy oňa ýardam etsin. Kuds Şeripde, haýyr-sogap üçin medrese gurupdyr. Hormatly patyşamyz (Alla oňa ýardam etsin) ýykyljak bolup zordan duran we weýran bolan (döweregi gazylan kiçijik) galalary ýykypdyr. Onuň ýerine „Zerduhanat Eşşerife” atly seýirjiler üçin gezelenç parky, onuň ýakynynda bolsa bir ýol, köşge ýakyn uly eýwan, (soltanlardan başgalary üçin) ýapyk bag-bakjaly oturulýan ýer we memluklar üçin harby okuw gurupdyr. Mundan başga da, hormatly patyşa hakynda aýdara we taryplara zat kän (gije-gündüz Alla ony öz penasynda aman saklasyn). Galadaky depe gazyk dar ýollary düzeltmekligi, „Nasyr Metjidiniň” gapylarynyň ýanyndaky meýhanalary ýykmaklygy, onuň ýerine bolsa bir metjidi wakyf etmekligi, muňa degişli ymaratlary gurmaklygy emir edipdir we bu zatlary bolsa Alla nezdinde bir hazyna hasaplaýardy. Bazar alyş-berişinde hilegärligi aradan aýyranlygy, gelýän-gidýän harytlary, öndürilýän önümleri, girýän girdejileri, musulman satyjylaryň dürst bolmaklaryny gözegçiliginde saklandygy sebäpli onuň üçin gizlin we açyk köp doga-dilegler edilipdir. Şunuň ýaly hilegärligiň we tertipsizligiň ýaýgynlaşan döwüründe zyýanly zatlardan ýuwurdy halas edipdir. (Allatagala oňa her bir möhüm işlerinde ýardam we gaýgylaryny ýok etsin.) Ýenede agaç ussalardan, ýükçülerden, garamaýaklardan we olaryň arasyndaky hilegärligi aýyrmaklyga ünüs beripdir. Şeýle hem halkyň arasynda bar bolan mejburiýetligi we zulum-sütem ýaly bet gylyklary ýok edenligi sebäpli şol wagytlarda onuň üçin köp doga-dilegler edilipdir. (Alla ony emniýetli goralýanlardan eýlesin). SOLTANYMYZ MÄLIK EŞREBIŇ JOMARTLYGY Hormatly patyşamyz dul aýallara, çet ýerde ýaşaýanlara, garyplara, ejizlere sadaka beripdir we alymlara, fykyhçylara, ylym bilen meşgullanýanlaryň her birini yzgider bir näçe sowgatlar berip olary höweslendiripdir. (Ol makamynda we makamyndan soňam biziň soltanymyz we wekilimizdir. Halkyna mylakatly, gowy hereketli, sogap işler edenligi üçin Allatagala ony sowgatlandyrsyn we gözel patyşamyza ýardam etsin). Soltanymyzyň eden işlerini birin-birin beýan etmäge diller ejiz gelýär, ol hakynda söz açylanda bolsa bu bawatynda aýdylmaga we öwülmäge zat kändir. Hormatly soltan Mälik Eşrep (Allatagala oňa ýardam etsin) esgerlerine, goşunyna, topardyr ýolbaşçylaryna, olaryň tertip-düzgünlerine we nyzama durşuna ýokary derejede seredipdir. Olaryň hal-ýagdaýlaryny gözegçiliginde saklap, olaryň işleri üçin gaýrat sarpedip, olaryň ijek azyk harytlarynyň äkidilmegini gijä galdyrmany bökdençsiz ýagdaýda aladasyny edipdir. (goşun üçin taýarlanan ) Azyk harytlaryny, olara äkidip-getirmekde ýüze çykýan kynçylyk meselelerini göz öňünde tutup, ýörite azyklary daşamak üçin iki müňden gowrak gullar satyn alyp, atlar we ýaraglar bilen olary üpjün edipdir. Olar (esgerler) bolsa ata çykyp ok atyp, naýza oýnamak ýaly işler bilen meşgul bolupdyrlar hem de owadanlyk, ussatlyk we abraý bilen öz ýanlarynda göteripdirler. Bu bolsa olary bir birine ýakynlaşdyrýan bir üstünlük bolup, ýaman bet pygyllardan uzaklaşdyrýar. (Bu zatlaryň hemmesini erbet pygyllardan uzak saklamak) maksady bilen gurapdyr. Şonyň üçinem musulman esgerleri güçlenip, olaryň peýdaly işleri hasyl bolup, din aýakda tutuldy we güçlendi. (Arzularynyň amala aşmagynda Allatagalaň oňa ýardam etmegini, amalyna we sözüne mynasyp bolmagyny dileýärin). Getirilen mallar musulmanlaryň baýramçylyk işlerinde sarp etmeklerine peýda beripdir. 877-nji ýylyň meret aýynyň ahyrynda, patyşalyga gözü düşen gününden bäri, günümüze çenlig goşun diwizýasyna, gullara, ýaraglara, atlara, oklara, naýzalara, ymaratlara, bejeriş işlerine, azyk ýaly harytlara, namaza, dindarlyga, sadakalara we ady geçen şu işler üçin sarp edilen pullar bolsa onuň özüne mahsus bolan hazynaty şeripden berilipdir we sarp edilen pullaryň möçberini gyzyldan ölçäp aýdanymyznda, hemmesiniň bahasy 3770,000. (üç milýon ýediýüz ýetmiş müň) dinar möçberinde sarp edipdir. Mundan başga da, bir näçe atlara, düýelere, matalara, ýaraglara, mal-mülk we galla önümleri ýaly azyklara sarp edipdir. Ýenede, öz eli bilen sarp eden zatlaryndan başga da, hökümediň ýyllyk, aýlyk, günlük berýän normasyndan başga et, un, aýlyk, im, egineşik, gurbanlyk maly ýaly zatlaryň bahalary tölenip goşmaça olar üçin harajatlar sarp edilipdir. Mundan başga onuň eden işleriniň üstünde durup, barmak basyp sanardan kändir. (Allatagala şol günleri bize we musulmanlara dowamatly kylsyn. Şol eden işleri üçin Allatagala oňa ýardam etsin we ol neneňsi ýardam edendir. Allatagala ony yslama ýardamçy, peýdaly hazyna eýläp, oňa yzygider bol-bol nygmat berip, ony salyh gullaryndan eýläp we ony jennet bahçalaryna beýgeltsin.) Ony öwüp, mahabatlandyryp, ol hakynda uzyn-uzyn aýdan zatlarymyz ýeterliklidir. Onyň gözelligi hakynda dil bilen beýan ederden kändir we şeýle hem onyň giden ýerli hakynda aýdylan zatlary ýeterlikli görýäris. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |