23:21 Söýginiñ ruhy | |
SÖÝGINIÑ RUHY
Magtymgulyny öwreniş
Bu dünýäni yşk bezeýär. Hakyñ yşkyndan ýasalan ýagty jahan özüniñ söýgüsi bilen ýaşamaga gyzykly. Ozal başda ýüregine söýgi giren adamzat bu dünýäniñ yşkyna düşüp, onuñ lezzetini hem, ezýetini hem çekip, ondan doýmaýar. Seri sag her bir adam bu jahana gyzygyp ýaşaýar. Şonuñ üçin asly toprakdan alnan adam tebigata diýseñ golaý. Onuñ söýgüsi bu jahana siñen. Ýürekde söýgi bar wagty ýaşamak añsat. Söýgi adama saglyk, ömür, bagt, hatda döwlet-rysgal we gülläp duran ykbal berýär. Geçmişde ýaşap geçen beýik şahsyýetler öz söýgüsi bilen öz adyny ölmez-ýitmez ýazyp, taryha röwüş berip gidipdir. Ol söýgüler dürli-dürli bolupdyr. Hakyñ yşky, Watan yşky, il-gün yşky, juwanlyk yşky, sözüñ yşky, paýhas yşky bolupdyr. Dünýäde görünýän we görünmeýän, janly we jansyz zatlaryñ ählisiniñ öz ruhy bar. Şol ruhlar özüniñ derejesine görä ýaşaýar. Söýginiñ ruhy hiç haçan ölenok. Ol söýgi çyn, Hakdan içen söýgi bolsa, heññamlaryñ goýnunda uzak wagtlap ýaşaýar. Taryha ser salsak, ata-babalarymyzdan beýik şahsyýetler yşka ulaşyp, söýginiñ ölmez-ýitmez ruhy bilen öz atlaryny ýazypdyrlar. Şolaryñ biri hem Beýik Magtymgulydyr. Onuñ yşky bir taraply däl. Onuñ söýgüsi Zemin söýgüsinden Arş söýgüsine çenli baryp ýetýär. Şonuñ üçin onuñ kalbynda öçmez-sönmez Beýik yşk bar. Ol Beýik yşkda o dünýäniñem, bu dünýäniñem yşky bar. Onuñ köki Zeminde, şahalary jahanda, gülleri Arşda, miwesi Hakyñ kalbynda bolýar. Ine, Magtymgulynyñ ölmez-ýitmezligi şeýle beýik söýginiñ ruhunda. Ol söýgi ölmeýär, Hakyñ dergähinde, jahan degresinde, adamlaryñ kalbynda ýaşap ýör. Magtymgulynyñ ölmez-ýitmezligi şeýle beýik söýginiñ ruhunda. Ol söýgi ölmeýär, Hakyñ dergähinde, jahan degresinde, adamlaryñ kalbynda ýaşap ýör. Magtymgulynyñ Zemin söýgüsi ilki bilen ýurduna we il-gününe bolan yşkdan başlanýar. Şol yşk onuñ galamynyñ ujunda surat çekýär. "Soñudagy" şygryna hiç hili reñk gerek däl. Şahyr ony söz bilen diýseñ aýdyñ çekipdir: Janym biziñ, Soñudagy, Dagdanlydyr biliñ seniñ. Ganym görse garşylaşar, Ýomut, gökleñ iliñ seniñ. Öýlükde ýaýlany gursak, At çaldyryp baýrak bersek. Temetede orak orsak, Aş dökmek hyýalyñ seniñ Kesgiç-kesgiç baýyr geçer, Gyzylbaýyr göwün açar, Sowuk çeşme suwuñ içer, Şonda dürli malyñ seniñ. Dürli-dümen otuñ biter, Her deräñ bir ile ýeter, Hatarlaşyp kerwen öter, Naýbadaýdyr ýoluñ seniñ. Şu ýerde Magtymguly gözi bilen görüp, ýüregine siñen görnüşiñ görküni çekýär. Tebigatyñ şeýle bir kanuny bar. Gözellige guwanmagy başarana tebigat diñe bir öz görküni eçilmän, öz howasyndan dem alýanlara ruhy hem fiziki görk eçilýär. Tebigat söýeni söýýär. Oña - Hakyñ emrine sazlaşyp, paýhas, saglyk, ömür, ykbal bermäge gatnaşýar. Ol ynsanyñ ruhunyñ gözel nygmatyna öwrülýär. Sebäbi her bir ynsanyñ ýaşaýan ýeri onuñ ruhunyñ daşky lybasydyr, ykbalynyñ derejesidir, ömrüniñ dowamlylygydyr. Ýurduny götereni ýurt göterýär. Zeminiñ bir bölegi bolan Watan özüniñ çuñluklaryna ruh köküni urany sowulmaz Beýik baga öwürýär. Ol bagyñ gülleriniñ müşküni dünýä ysgaýar. Ol bagyñ miwesini dünýä daşaýar. Edil şolar ýaly, Magrymguly Gürgeni göterdi, Gürgen Magtymgulyny tutuş türkmene tanatdy. Onuñ ýönekeý sözlerden Gürgeniñ suratyny ussatlyk bilen çekişine serediñ! Tokaýlary bardyr gargy-gamyşly, Gözelleri bardyr altyn-kümüşli, Boz güsbent, gyr ýylky, gara gäwmişli, Araly gäw bolar maly Gürgeniñ. Bu ýerde onuñ Gürgene bolan söýgüsiniñ ruhy örän sada sözler bilen ajaýyp şekil çekmäge kömek edipdir. Sebäbi Gürgeniñ ruhy Magtymgulynyñ kalbyna siñenligi sebäpli, şahyryñ mähirine eýlenip, onuñ Alyhezretleri Beýik Söýginiñ emri bilen şeýle şekiller kemala gelendir. Filosofiýanyñ bir kanuny bar. Adam başlangyçda, entek hiç zada göz ýetirmänkä ýönekeý bolýar. Soñ ol tebigatdan, durmuşdan, ylymdan öz paýyny alýar. Dünýewi we dini syrlar ony Hakyñ ýoluna we özüne golaýlaşdyrýar. Akyl goýalyp, paýhasyñ gözi açylýar. Jahan mekdebini geçen adam kalbyñ önümi bolan paýhasa gulak asýar, beýniniñ önümi bolan akylyny işledýär. Şeýdip ylahyýete golaýlap, adam ýene başky ýönekeýlige gelýär. Ýöne bu ýönekeýlik paýhasly ýönekeýlik. Şol ýönekeýlik onuñ paýhasyna, sözüne geçip, diýseñ çuñ many berýär: Hasar dagy beýik bolar, Üsti doly keýik bolar. Mergenlere seýik bolar, Barsañ Hasar dagyndadyr. Kuh eýerer ýeriñ soltany, Göwsünde gurmuş dükany, Üç ýüz altmyş pir mekany Görseñ Hasar dagyndadyr. Magtymgulynyñ il-güne söýgüsi, halkyñ agzybirligini ýola goýmak pikiri, türkmeniñ başyny jemlemegiñ maksady. Onuñ paýhasynda dogaýy sözleri oýarýar. Bir döwletli, bir başly bolmagyñ çagyryşy bolan "Türkmeniñ" diýen şygry Garaşsyzlyk döwrümize çenli Türkmeniñ ýürek aýdymy, özbaşdak döwletsiz iliñ agysy bolupdyr diýsek, öte geçmeris: Köñüller, ýürekler bir bolup başlar, Tartsa ýygyn erär topraklar, daşlar. Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, Göteriler ol ykbaly türkmeniñ. Şeýdip, Magtymgulynyñ iline bolan söýgüsiniñ ruhy Türkmeni göterdi. Türkmeniñ ruhy bolsa, ony dünýä göterdi. Magtymguly bu zatlary öz şöhratyny ýaýratjak bolup edendir öýdemizok. Bu ýerde söz bilen düşündirip beýan ederden has çuñ, ikitaraplaýyn sazlaşyk bar. Muny biz söz ussadynyñ öz dili bilen aýdaýyn: Älem içde adam galmaz, at gezer, Bu syrlardan jahan halky ýat gezer. Älem içre janly-jandardan öñ beýik Tañry tarapdan söz ýaradylypdyr. Magtymguly jahan yşkyna düşen ýaly, sözüñ hem sözüñ yşkyna düşüpdir. Onun kalbynda: Magtymguly many saçar, Her kim söz lezzetin içer - ýaly owaz ýañlanýar. Beýik ussat "Dile gelen sözler köñül nagşydyr" diýip teswirlemek bilen sözüñ gudratyna ynanýar. Ony ýöne bir agza gelen jümle däl-de, Beýik Tañrynyñ emri bilen zybana gelendigini aýdýar. Şonuñ üçin ol: Sözi Hak agzyma salar? Bir nepes aýdylan bolar - diýýär. Hakykatda hem, Hakdan içen Magtymgulynyñ sözleriniñ ruhy ölmez-ýitmez bolup galypdyr. Ýüregine Hakyñ söýgüsi, jahan söýgüsi giren adam Adamzat yşkyna ulaşyp bilýär. Meñli hanym golun dişläp, Bizden ki uýat eýleýir. Kä daranyp, uz ýörişläp, Bizden ki uýat eýleýir. Geýinipdir gyzyl-aly, Bilmen nedir ýar hyýaly, Göz edip ýomut-ahaly, Bizden ki uýat eýleýir. Şahyryñ "Uýat eýleýir" şygryny erkek adam bolup okasañ, gözüñ gidere, zenan bolup okasañ, görelde alara zat kän. Illeri bar diñli-diñli, Sowuk suwly ter öleñli. Ili - gökleñ, ady - Meñli, Näzli dildardan aýryldym. Şygry üns berip okasañ, bu ýerde fiziki aýratynlyk bolsa-da, ruhy aýratynlygyñ ýokdugyna düşünýärsiñ. Şonuñ üçin onuñ aýralygynyñ içinde wysal, armanlarynyñ içinde hoşwagtlyk ýatyr. Şol wysal, şol hoşwagtlyk kä halat Magtymgulyny tutuşlygyna gurşap alýar. Ony biz ussadyñ "Bu gün" diýen şygrynda boýdan-başa görýäris: Dogdy asmanyñ Zöhresi, Çyn aşyga döwran bu gün. Açyldy zemin lälesi, Üşbu dünýä reýhan bu gün. Gülşen içre girer bolsañ, Gül dessesin titer bolsañ. Menden habar sorar bolsañ, Toty güftar zyban bu gün. Magtymgulynyñ şygyrlarynda watan, il-gün söýgüsi bilen birlikde, adam söýgüsi baş pikir bolup, ol mertebe, dereje, baý, garyplyga seretmezden, adamyñ hemmesiniñ hem adamdygyny tekrarlaýar. Adam bolup adam gadryn bilmeýen, Ondan ki bir otlap ýören mal ýagşy. Ýa-da: Aryf bolsañ, aslyn sorma ýigidiñ, Edebinde, ekramynda bellidir. Magtymguly zemin söýgüsi bilen arş söýgüsini biri-birine garşy goýmaýar. Sebäbi zemin - teniñ öýi, arş - ruhuñ öýi. Adam bu dünýäde ýaşap ýörkä, ten bilen ruhy biri-birinden aýryp bolmaýşy ýaly, zemin we arş söýgüsini hem aýryp bolmaýar. Hakyky, çyn zemin söýgüsi Hakyñ beren peşgeşi hasaplanýar. Dünýä taglymatynda şeýle pikir bar: söýen adam bagtly bolýar. Söýen adam sagdyn bolýar. Söýen adamyñ işi şowly, döwleti rysgally bolýar. Beýik söz ussadynyñ durşy bilen estetikanyñ duýgusyna ýugrulan tebigat kanunalaýyklygyndan gelip çykyp, paýhas içre röwüş alyp, zyban içre bina bolan "Gözel sen" şygryna serediñ: Gün hanjary gökden ýere inende, Güne garşy dogan Aýy, gözel sen. Usta Japar işi, senjap jüpbesi, Yspyhanda gurlan ýaýy, gözel sen! Bu ýerden iki many gelip çykýar. Gözel gyzy juda ajaýyp pursada meñzedilýär. Säher bilen ýerden göge galyp, tutuş jahany ýagtyldýar. Emma Magtymgulynyñ gözeli has seýrek hem-de göreniñ ýadynda galýan pursada deñelýär. Ýagny, agşamara günbatarda Gün bilen, gündogarda Aý garşylaşýar. Şol pursat Aý diýseñ uly, tamdyrdan ýañy çykan nan ýaly lowursap dursa, Aýy garşylaýan Günüñ şöhleleri biygtyýar gökden ýere dökülýär. Şeýle pursatlary görmek we ýüze sylmak sogap diýýärler. Bu ylahy pursat gözelligi söýýän adamyñ kalbyna siñýär. Emma mistiki ylymda, Allany yşkyñ Güni, ýerdäki gyzy bolsa ylahy yşkyñ garşysyna dogan Gün, Aý hasaplanýar. Yşk diýen zady böleklere bölüp bolmaýar. Zemin söýgüsi - Watan, il-gün, tebigat, adamzat, janly-jandarlara bolan söýgi Hakyñ söýgüsiniñ bir görnüşidir. Sebäbi Ýaradanyñ ýaradan zatlaryny söýmegiñ özi Ýaradany söýmegiñ bir görnüşidir. Sebäbi şeýle söýgüleri kalbyna salan adam Hudaýyñ ýolundan ýörän adam bolýar. Olar mähirli, rehimli ilhalar adam bolýar. Ýürekde yşk ölse ilki kem-kemden adamyñ ruhy ölýär, soñ bolsa teni ölýär. Magtymguly bu jahan barlygyny akyl bilen, paýhas bilen, ruh bilen söýýär. Ol söýgi ony eýýäm zeminde wagty Hakyñ alnyna eltip goýýar: Eý, ýaranlar, bir ýüzi gül, Aýa aşyk bolmuşam, Barçalar maksudy-gül ragnaýa aşyk bolmuşam, Bilbilem, bag içre gowgaýa aşyk bolmuşam, Özi gaýyp, zülpleri ýeldaýa aşyk bolmuşam, Menzilim dag içredir, sähraýa aşyk bolmuşam. Ýa-da: Bir garyp aşyk menem ýar, seni senden isterem, Gije-ýu gündiz biliñ, hüw-haýa aşyk bolmuşam - diýip, Tañrynyñ yşkyna ulaşan Magtymguly zemin düşünjesinden, zemin ruhundan ölüp, ylahy paýhasa, ylahy ruha öwrülýär. Ol fiziki taýdan ölmek däl-de, ruhy taýdan dogulmak. Üns beriñ, biziñ pikirimizi şahyryñ şu setirleri tassyklasa gerek: Bir ahwala duş boldum, gam hüjüm etdi, öldürdi, Bu işiñ serişdesin yşk okadyp bildirdi, Bu hala rehmi inip, elim tutup galdyrdy, Jemal bir jilwe berdi, içim şowka doldurdy, Sözlemeýin nädeýin, ýaranlar ýardy meni. Dünýäde iñ Beýik yşk Hakyñ yşkyna düşmekdir. Hakyñ yşkyna düşen zemin barlyklaryny Hudaýyñ ýaradan zatlary hökmünde söýýär. Olary söýüp bilýänine buýsanýar, şeýle zatlaryñ barlygyna guwanýar. Onsoñ ylahydan gelen söýginiñ ruhy arş bilen zemin arasynda perwaz urup ýaşaýar. Ol ruh zeminiñ, tebigatyñ, adamlaryñ kalbyna siñýär. Öte geçsem, Allam meni bagyşlasyn, Magtymgulynyñ il-güne, watana, ýagny jahana bolan söýgüsiniñ ruhy sowet ýyllarynda sergezdan halda gezdi. Hatda onuñ Beýik Tañra bolan yşkyny hem bir gözel gyza diýip düşündik. Onuñ Meñliden başga bir Hudaýy Ýar edip ýörenini açyp bilmedik. Herhal, Magtymgulynyñ ruhy gaýdyp geldi we onuñ söýgi ruhy kalbymyza siñdi. Şonuñ üçin indi türkmeniñ ýeke-täk Magtymgulysy bar. Magtymguly "Güne garşy dogan Aý" kimin özüni äleme görkezdi. Biziñ dünýä meşhur baýragymyzyñ ady Magtymguly adyndaky Halkara baýragyna öwrüldi. Magtymgulynyñ yşkynyñ ruhy ölmez-ýitmezdir. Şygyr ýaly owadan boluñ, adamlar! Oguljemal ÇARYÝEWA. # edebiyatwesungat_2000 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |