SUNGATYŇ RUHY MANYSY / edebi-filosofik söhbet
Halkyň sungatynyň ýeten derejesi – halkyň ruhy derejesini häsiýetlendirýär. Telewizora seredýärsiň: biz eýýäm goýberilýän sungat eserlerine tomaşa edip, şol sungat eserleriniň haýsy halkyňkydygyny derrew tanaýarys. Öz ajaýyp sungat eserleri bilen dünýä ýaň salan halklar bar. Käbir sungat eseri bolsa, diňe bir halkyňky däl, dünýä halklarynyň sungat eserlerine öwrüldi.
Özümizde özge halklaryňka meňzemeýän özboluşly sungat eserlerimiziň bardygyna men çäksiz guwanýaryn. Ol eserleriň dünýäniň halklarynyň söýgüli sungatyna öwrülmegine garaşýaryn. M.Seýidowda şeýle setir bar: «Göwher bolsaň, göterenler tapylar!» Türkmen sungaty özboluşly hem çuňňur ruhy hadysa. Edil şonuň ýaly türkmenleriň sungata bolan gatnaşygy we garaýyşlary-da biziň milletimiziň ajaýyp ruhy özboluşlylygyny özünde saklaýar. Türkmeniň sungaty arkaly-da, onuň sungata bolan garaýşy arkaly-da milletiň ruhy sypatlaryna anyk göz ýetirip bolýar.
Gýotäniň Gündogar sungaty barada özi üçin eden beýik açyşyny ýatlamak isleýärin: ol: «Gündogarda sözüň örän täsin hem güýçli kulty bar» diýip, haýran galmak bilen ýazypdyr. Günbatar medeniýetiniň beýik wekiliniň bu pikirini bir manyda teswirlemek mümkin: eger ol özüne saýry medeniýetiň baş aýratynlygy hökmünde sözüň «kulty hakynda» söz açýan bolsa, diýmek, şeýle aýratynlyk Günbatar medeniýetine mahsus zat bolmaly däl. Diýmek, ol ýerde sözüň kulty bizdäki derejesine ýetmändir. Çünki aýdylyşy ýaly, gapdaldan has oňat görünýär. Sözüň kulty – munuň özi sözüň keramat derejesine ýetirilendigini, söze sežde edilendigini, ýönekeý okyja düşnükliligiň hatyrasyna belli bir derejede ýönekeýleşdirip aýdanyňda, sözüň tas Hudaý hökmünde görülendigini aňladýar. Soňky pikiriň, has dogrusy, beýik Gýotäniň pikiriniň soňky teswiri, göräýmäge, gödek hem çökderräk eşidilýändigine garamazdan, aslynda hakykatdyr. Bizde söze kult, keramatlylyk ähmiýetiniň berilmegi yslamyň Hudaýa garaýşy bilen berk baglanyşyklydyr. Her bir din Hudaýy özüçe göz öňüne getirýär, Hudaýyň ýüze çykmasy hökmünde bir närsäni kabul edýär. Yslam şu dünýäde Haktagalanyň peýda etmesi diýip, Gurhany hasaplaýar. Gurhany kelamulla – Allatagalanyň sözi diýip düşünýär. Diýmek, iň bolmanda, şu dünýäde Allatagalanyň özüni gönüden-göni bildirmesi diňe söz arkaly bolup geçipdir. Diýmek, Allatagalanyň bu dünýä, adamlar bilen aragatnaşygynyň iň esasy serişdesi, ýoly Sözdür. Biziň hemmämiz bilýäris: Jebraýyl perişde Allatagalanyň sözlerini we Allatagalanyň owazyny Muhammede ýetiriji bolupdyr. Sözde Allatagalanyň erki aňladylypdyr, sözde Allatagalanyň asly we sypatlary aýan bolupdyr. Şonuň üçinem söz gudratlaryň gudratydyr. Şeýlelikde, Gýotäniň genial synçylyk bilen aýdan pikiri Gündogar, şol sanda türkmen durmuşynyň düýp-teýkaryna doly laýyk gelýänligi bilen hakykatdyr.
Sözüň keramatlylyk derejesinde görülmegi türkmenlerde sözüň hem-de owaz bilen baglanyşykly sazyň iň ösen sungatlar bolmagyna getiripdir. Türkmen ruhunyň güýç-kuwwaty, esasan, söze we saza siňdirilipdir. Netijede-de beýik milli söz sungaty – edebiýat bilen saz sungaty kemala gelipdir. Olary dörediji adamlar bolan şahyrlar hem bagşylar bolsa, keramatly şahsyýetler hökmünde görlüpdir. Türkmenlerde bu iki şahsyýetiň hormaty we sylagy aýratyndyr.
«Sungat» diýmek «döretmek» diýmekdir. Türkmen ruhy garaýyşlarynda döretmek, ýaratmak aslynda Hudaýyň sypaty hasap edilýär. Şonuň üçinem onuň bir ady Ýaradandyr. Ýöne Ol adamlara-da özünden ruh beripdir. Şeýle ruha eýe bolany üçin adam hem özüniň sypatlary boýunça Hudaýa öýkünjeňdir. Adam Hudaýa öýkünmek bilen onuň esasy sypaty bolan ýaradyjylyk, döredijilik sypatyny-da kabul edip alypdyr. Şu sypata mahsuslykda adam mydama döredijilige ymtylýar, döredijiligiň netijesi bolsa sungatdyr.
Döredijiligiň çuňňur yşky-ruhy manysy bar. Döretmek üçin aşyk bolmak gerek. «Dünýäniň gözelliklerine, ýaşaýşa aşyk bolmak» diýmek, munuň özi «bir pursatlyk açyş» diýmekdir. Bir pursatlyk açyş, dünýä, hamana, şu gün gelen ýaly haýranylyk hem, hamana, mundan şu gün gitjek ýaly tolgunma bolsa ýaşaýyş täsirleriniň terligini hem gyzgynlygyny saklamaklykdyr. Bir söz bilen aýdylanda, sungat adamy adaty durmuşyň ýaşaýyş sazlaşygyndan çykarýar-da, başga bir, has dykyz, has işjeň ýaşaýyş depginine girizýär. Durmuşyň adaty akymy haýal-ýagallyk, birowazlylyk hem birreňklilik bilen häsiýetlenýär. Şonuň üçinem ol süýndürilen many telperligidir, many gowuzlygydyr. Şol sebäpden adaty durmuş içgysdyryjy tukatlyk hem täsir garyplygy bolup görünýär. Sungat beýik ruhy hadysa hökmünde şeýle haýal-ýagallygy çakdanaşa dartgynlylyga, hereketleriň hem joşgunlylygyň işjeňligine, şeýle telperligi çakdanaşa çuňňurlyga, adatylygyň many gowuzlygyna, pikir-many dykyzlygyna, duýgy-täsir üzlem-saplamlygyny ajaýyp hem gözel duýgularyň ulgamyna öwrüp goýberýär. Hut şonuň üçinem sungat eserleri durmuşyň özünden has baý we has çuňňur bolup görünýär. Şu tarapdan sungat bilen durmuşyň arasyndaky tapawut çig mal bilen önümiň arasyndaky tapawutdyr. Sungatyň adatylyk bilen deňeşdirilendäkiden has baýdygynyň we gözeldiginiň esasynda bolsa sungaty döredijiniň zehini hem döredijilik fantaziýasy ýatýar.
Sungat hemişe adatdan daşary hadysadyr. Adatylyk süýt bolsa, sungat gaýmakdyr.
Sungat ýaşaýşyň Nowruzydyr.
Emma dünýäniň Nowruzyndan tapawutlylykda, bir gezek döredilen sungat gaýdyp hiç mahal ýokluga gitmeýär. Sungat eserinde aňladylan hakykat ruhudyr. Şonuň üçinem ol wagtyň hem giňişligiň çäginden daşarky barlyga degişlidir we hiç mahal wagt oňa hökümini ýöredip bilmeýär. Sungat adamzadyň ruhy tejribeleriniň hazynasy hökmünde bakydyr. Ol sungatyň hözirini görýän adamlar üçin ruhy güýç-kuwwatyň egsilmejek çeşmesidir. Sebäbi dörediji adam özüniň adatdan daşary hyjuwyny, gujuryny hem hyrujyny öz döredýän eserine siňdirýär. Soň ol adamlara hyjuw hem gujur beriji närsä öwrülýär.
Sungatyň esasynda heser ýatýar.
Sungat daşky dünýäniň sesleri hem owazlary gapylyp, adam özüniň içindäki owazlara diň salyp ugranda döreýär. Heser döredijilik ukyplarynyň dyňzamagydyr. Ruhuň kämilligine ýeten adam özüni dogurmak mütdeti ýeten zenan kimin duýýar. Ýaşaýyş täsirlerinden «göwreli» bolan adam hökman döredäýmeli! Oňa ýaşaýyş yşkynyň ýeli-heseri çalypdyr.
Başyna hem köňlüne heser çalan adam öz içki älemine diň salyp, kalbynyň jümmüşinden gaty uzak-uzak bir ýerlerden üýtgeşik owazlaryň gelýändigini aňlap, üýtgeşik hala düşýär. Adam döredijilik kämilligine ýetende, öz içki ruhunyň daşky dünýäden uç-gyraksyz, düýpsüz giňişlikdigini duýýar. Döredijilik kämilligi – adamyň içki ruhunyň çylşyrymlylyk, çuňňurlyk hem giňlik babatynda daşky dünýä bilen barabarlaşmagydyr. Munuň özi dünýäde täze bir dünýäniň kemala gelendiginiň alamatydyr. Haýsydyr bir gabyň suwdan dolup, soňam suwuň daşyna agyşy ýaly, dörediji şahsyýetiň hem pikirleri, duýgulary we owazlary sungat eseri bolup, daşky dünýä «dökülýärler».
Heser – duýgularyň püre-pürlenmegine, adam «meninden» daşyna agmagyna, möwç urmagyna getirýän ruhy hadysa we ruhy ýagdaýdyr. Dünýäniň gözelliginden adamyň başy heserli bolýar. Emma şu ýerde maňa: «Näme üçin ylham diýeňok, sen ylhamdan gürrüň berýärsiň ahyryn?» diýilmegi mümkin. Türkmen milli ruhy gymmatlyklarynda, şol sanda sungatyň düýp manysyna türkmen we türkmençe garaýyşlarda hesere garanda, ylham has giň düşünjedir. Ylham «hyjuw-joşgun» diýmegi aňladýar, diýmek, ylham, umuman, döredijilik ukybydyr. Türkmeniň bolmanda soňky müňýyllykdaky döredijilik filosofiýasynyň tejribelerini umumylaşdyryp aýtsak, ylham döredijilik hyjuwy manysynda dörediji şahsyýetiň ähli tiplerine mahsus ruhy hadysadyr. Men nähili tipleri göz öňüne tutýaryn? Köne edebiýatymyzdan, ylmymyzdan we filosofiýamyzdan çen tutsaň, döredýän ruhy şahsyýetleriň şu görnüşlerini tapawutlandyrmak mümkin:
1. Pygamber.
2. Weli.
3. Hekim.
4. Şahyr (bagşy).
5. Alym.
Owazy, tagamy we äheňi baky täze, köne türkmen dilinde aýdylanda, bular köňli ylhamly är kişilerdir. Ruhy düşünje hökmündäki ylham bularyň ählisine deň derejede mahsusdyr. Emma bularyň hersine ylhamyň bir görnüşinden paý ýetendir. Ylham bu merdanlaryň hersine laýyk döredijilik serişdesini beripdir.
Pygamberiň döredijilik serişdesi – wahyýdyr.
Wahyý – oňa asmandan, Allatagaladan gelýän owazlar. Ol owazlary pygamber adamlara, jemagata täze taglymatlar hem pikirler, ýaşaýşyň täze ýörelgeleri we adamzat durmuşyna, dünýä başgaça garaýyş görnüşinde geçirýärler.
Gurhany-kerim 23 ýylyň içinde wahyý ýoly bilen aýatma-aýat, süre-süre inderilipdir. Muhammet pygamber özüne wahyý ýoly bilen inen bu süreleri, aýatlary töweregindäki sahabalaryna okap beripdir. Sahabalar ol süreleri, aýatlary ýat tutupdyrlar.
Owaz habara öwrülýär.
Owaz mana öwrülýär.
Owaz pikire öwrülýär.
Edil şuglanyň güle, Günüň janly-jandarlara öwrülişi ýaly.
Weliniň serişdesi – hal.
Allatagalanyň atlaryna hem sypatlaryna aşyk bolan weli hala düşýär hem aňzaklykda buzuň astynda ýatan derýa girilişi ýaly, barlygyň göze görünmeýän astky manylaryna göz ýetirýär. Hal – dälilik, göçgünlilik, özüňi unudyp, Allany tanamak, özüňden geçip, Hudaýa ýetmekdir. Weliniň döredijilik serişdesiniň manysy öz «meniňi» ýok etmek, «meniňi» Hudaýa eltýän aýagasty köprä öwürmekdir. Köpri bolsa ýoldur. Hut şonuň üçinem biziň köne welilerimiziň, sopularymyzyň dilinde esasy söz – ýoldur.
Adamdan Hudaýa;
Zeminden Asmana;
Tenden Ruha;
Dilden köňüle barýan ýollar.
Ýollar ahyrsoňunda biri-biri bilen kesişip, biri-biri bilen tapyşyp, barlygyň bitewüligine alyp barýar. Bitewülik – birlik we ýeke-täklikdir, bu bolsa Alladyr. Nesimi bilen Mansur Hallaç hem jelladyň gözleri aýylan halda, esrik ner dek agyzlaryny köpürjikledip, «anal-hak» diýip ýatyrkalar, megerem, şol birlige hem ýeke-täklige göz ýetirendikleri üçin özlerini bagtly duýandyrlar? Jelladyň öňünde özüňi bagtly duýmak! Ajalyň gözlerinde bagty görmek! Muňa diňe hal pursadyna düşenler ukyplydyr. Şonuň üçinem düşünene «anal-hak» – «men Hudaý» diýmegi däl-de, Hudaýdan başga «men» ýokdur diýmegi aňladýandyr. «Men» – diňe Hudaýa degişlidir, galan zatlaryň bolsa paýy – «sen» ýa-da «ol» bolmakdyr, şonuň üçinem olar panydyrlar hem ýalandyrlar, özüni «men» diýip aňlaýan islendik adam üçin özgeleriň isleseň-islemeseň, gutulgysyz suratda ýalandyklary ýaly. Çünki adam hiç mahal öz «menini» özgäniňki bilen çalşyp bilmez, adam özünden başgany hiç mahal «men» hökmünde görüp bilmez. Ol eşigini çalşyp biler, emma özüni özgäniň «meninde» ýa-da özgäni öz «meninde» goýup bilmez. Şonuň üçinem oňa özi – hakykat, özgeler – hakykat däl bolup galar. Bu gutulgysyz hem inçe ruhy-psihologik hakykatdyr.
Men oturyplar haýran galýaryn: Nesimini hem Hallajy jezalandyrýandyrys hasaplan adamlar şolaryň erkine görä-de hereket edendiklerine düşünmändirler. Görgüliler! Hala düşüp, özüniň beýik ruhy bilen bireýýäm teninden, derisinden çykyp giden adamyň derisini soýmagyň näme manysy bar?! Olar Nesimini inkär edýändiris öýdüp, onuň erkini we emrini ykrar edipdirler ahyryn. Şahyryň – weliniň ruhy babatda tassyklan hakykatyny maddy-fiziologik derejede tekrarlapdyrlar. Şeýle bir wakany göz öňüne getiriň: men näme etsem, meniň kölegäm şol hereketimi gaýtalaýar. Bu ýerde-de edil şonuň ýaly. Olar Allanyň emrinden gaýdýan weliniň emriniň soňky – ten derejedäki nokadyny goýýarlar. Akyl-paýhasy birmahal başyndan tänip, asmanlara giden Hallajyň başyny almagyň näme manysy bar?! Hakyt kölegäni öldüren ýaly-da! Birtopar kölegeler üýşüp, bir janly adamyň kölegesini jezalandyrýarlar! Onsoň bu ýerde jezalandyrmak hadysasy-da kölegelik mana eýe bolýar duruberýär.
Hekimiň ylhamy – parasat.
Parasat akyla berilýän ylham. Parasat bolsa dünýäde iň ýyndam zat. Hut şu sebäpli, adamzat filosofiýasynda-da, biziň milli türkmen pelsepämizde hem iň esasy we hemişelik meseleleriň biri wagt hem adamyň oňa gatnaşygy meselesi boldy. Parasat wagtyň özündenem ozup, wagtyň düýp manysyna, tebigatyna aralaşmaga dalaş edýär. Parasadyň ýüwrükligi bilen adam ykbalynyň hem teniniň çamanlygynyň arasyndaky tapawut pelsepäniň taryhynda çaprazlyk hökmünde aňlanylypdyr. Bu bolsa akyla uly hossalary hem hasratlary getirýärdi.
Zehin – alyma berlen ylham.
Şahyra bolsa «heser» diýen ylham berlipdir.
Ylham – ruhuň joşgunly hereketidir.
Wahyý – Hudaýdan adama,
Hal – adamdan Hudaýa,
Parasat – adamdan dünýä,
Zehin – adamdan jemgyýete we tebigata,
Heser – adamdan ýaşaýşa tarap hereketlenýän ylhamlardyr.
Emma näme üçin türkmen milli sungatynyň esasy serişdesi ylham bolupdyr?
Türkmen ruhunyň taryhy-jemgyýetçilik ösüşiniň şaýoluna düşýän taryhy pursadynda düşünjeleriň inçe manylaryny saýhallaşdyrmak, şonuň bilenem ruhuň inçeliklerine, köptaraplylygyna aralaşmak zerurlygy döreýär. Biziň döwrümiziň manysy, ruhuň durmuşa gatnaşygy babatdaky baş aýratynlygy nämeden ybarat diýip sorasalar, şeýle jogap bererdim: Onuň manysy ata-babalarymyzdan galan ruhy mirasy milli ýaşaýşyň şindiki meselelerini çözmegiň guralyna öwürmekden ybaratdyr, biziň täze kemala gelýän ruhy-psihologik endiklerimizi akyl tarapdan esaslandyrmaga hyzmat etdirmekden ybaratdyr. Bir söz bilen aýdylanda, ruhy gymmatlyklary iş ýüzündäki we el astyndaky gurala öwürmekden ybaratdyr. Munuň üçin bolsa milli ruhuň köpdürlüligini, köpowazlylygyny oňat göz öňüne getirmeli, gymmatlyklary, düşünjeleri, ýörelgeleri doly tapawutlandyrmagy başarmaly. Häzirki wagtda biziň üçin iň howply zat – umumylyga hem howalylyga ýüz urmakdyr. Çünki bular milli paýhasy pikir anyklygyndan, döredijilikli işden mahrum edýär, akyl ýaltalygyny köpeldip, ony ýaýal edip taşlaýar. Umumylyk hem howaýylyk boş sözlülige getirýär. Paýhas näçe umumylyga ýüz ursa, onuň şonça-da anyklygy ýitýär we ruh terperleşip, durmuş babatda täsirsiz hem miwesiz bir zada öwrülýär.
Türkmen sungatynyň milli aýratynlyklaryny özünde saklaýan bir düşünje bar. Ol düşünje – «heser» düşünjesidir. Birbada göräýmäge – ýagny, düşünjeleriň arasyna we aratapawudyna aralaşmazdan, paýhas howaýylygynyň menzilinden seredeniňde, bu düşünje «hasrat», «hesret», «gam-gaýgy», «gussa» ýaly düşünjeler bilen manydaş hem äheňdeş görünýär. Emma hatda soňky düşünjeleriň hem biri-biri bilen baglanyşyklydygyna garamazdan, hersiniň türkmen ruhunyň bir many gaýasynyň şiri bolşy ýaly, «heser» düşünjesi içki düzümi taýdanam, daşky bitewüligi we öz gymmatlylygy taýdanam bütinleý özboluşly many hadysasydyr. Heser – tüýs sungaty, çeper-ruhy döredijilik düşünjesidir. Türkmeniň sungat filosofiýasyna diňe şu we beýleki möhüm aňlatmalaryň üsti bilen baryp bolýar. Bu düşünje türkmen döredijilik psihologiýasynyň milli aýratynlygyny aňlamaga üç berýär.
Heser – dörediji şahyrana kalbyň aýratyn ýagdaýydyr. Heser galyň-galyň dessanlaryň, şygyrlaryň hem mukamlaryň döremegine esas bolan ruhy-psihologik halatdyr.
Heser şahyrana kalbyň öz-özüne sygman, durmuşyň seňňer kimin gurlan çäklerini böwsäge-de, düýpsüz hem çäksiz bakyýete ulaşmasydyr. Ol ruhuň bakyýetiň çäklerine çenli giňelmek ukybydyr. Başyna bakylygyň heseri çolanan döredijini wagt hem madda özüne örkläp bilmez. Beýle adamyň ýüreginiň örki, bagrynyň bagy özge ýaşaýyş älemidir.
«Gorkut atany» ýazyp oturan Gorkudy, «Bu derdini» ýazyp oturan Magtymgulyny, «Goşa pudagymy» atalyk hasratynyň awusy bilen döredip oturan Seýdini göz öňüne getiriň. Heser bularyň döredijilik gujurynyň kör galmajak çeşmesidir. Ruh diýilýän döredijilik belentlige ýetende, çeperçilik gutarmaýan gujur bolup kalba inýär. Bir zada üns berdiňizmi: köne türkmen şahyrlarynyň liriki gahrymanlary köplenç gözi ýaşlydyr. Hoja Ahmet, Ýunus Emre, Magtymguly, Andalyp, Azady, Seýdi... Bu näme? Gam-gussamy? Ejizlikmi? Sentimentalizmmi? Elbetde, ýok. Diňe türkmen ruhunyň içki syrlaryndan bihabar adam muny şeýle kabul edip biler. Bu – heserdir. Bu lenji çykan, ýagyr bolan, tagamsyz hem reňksiz durmuş adatylygynyň döredýän adaty duýgularyndan arany açyp, durmuş täsirleriniň terligine ymtylmakdyr. Heser – ýaşaýşy terliginde, ajaýyplygynda açmagyň ruhy usulydyr.
«Bir gije ýatyrdym – tünüň ýarynda».
Arkamda – oýalyk, alnymda – uky, oýaly-ukuly halda ýatyryn. Heser – munuň özi panylygyň ukusy bilen oýalygyň bakylygynyň arasyndaky pursat ekeni. Şeýle halda bagrymy ýere berip, ýüzin düşüp ýatyşyma, ýüregimi inçeden dilýän owazlaryň gelýändigini bilýärin. Emma ýerimden galasym, oýalygyň dünýäsine geçesim gelenok. Gümmürdäp-gümmürdäp, aýlaw-aýlaw aýlanyp, tolkun-tolkun bolup gelýän owazlar jigerime hoş ýakýar. Owazlar edil magnit bolup ýüregimi ene ýere örkläp goýupdyr. Olaryň üsti bilen tutuş Ýeriň süňňüni syzýaryn. Ýüregimiň ýylysy – agy-hasraty, öýkesi, ynjysy, hoşallygy – barysy Ýeriň süňňüne geçip gidýär. Göwräm, el-aýaklarym – bütin barlygym Ýere şeýlebir badaşyp, bitişip gidipdir weli, Ýer-ýermi, men-Ýermi – bilip bilemok. Özümi şu Ýerdir öýdýärin. Birdenem Ýere örklenen ýüregimiň içinden şeýle bir näzik, şeýle bir inçeden yzaly, şeýle bir yzasy süýji owazlar dömüp, gümmürdäp başlaýar. Bütin geçen günüm ýadyma düşýär. Ine, men aýakýalaň, çagajyk. Ine-de, müzzerilip mekdebe barýan. Ine-de... Özüňi çaga halda görmek gaty ýürek awadyjy eken. Nirä gitseňem, iň soňunda şu ýere, şu topraga baryp saklanmalydygyna düşünýän. Sessiz hem gözýaşsyz aglaýan ýürekden çykmaýan gözýaşlar bilen bu topragy ezesim, suwarasym gelýär...
Aňyň oýalyga tarap hereket edende bolsa, bu owazlaryň hem duýgularyň bary gaýyp bolýar. Hawa, adatylyk manysyndaky oýalyk – owazlardan hem reňklerden mahrum bolmakdyr.
Dünýä hemişe edil ýatyp-turan pursadyňdaky ýaly, bimanylyk hem bolgusyzlyk bolup görünýär. Çünki bu pursadyň aýratynlygy şundan ybarat – ukudan entek doly açylaňok — dünýä bilen öňki oýalykdaky ruhy baglanyşygyň entek dikelenok, diňe duýgy baglanyşygy bar. Bizi bu uly ýaşaýşa dahylly edýän zatlar aradan aýrylanda, dünýä, dogrudanam, ýat hem bimanylyk bolup görünýär. Hamana, uzakdaky bir şäherde ýaşaýan adamlar bilen hiç hili arabaglanyşygyň bolmaýşy ýaly, oýalykdaky aladalaryň, tolgunmalaryň, begenjiň-gynanjyň, ünjüleriň, eden işleriň, etsem-petsemleriň – bary edil ýapylan perdäniň aňyrsynda galan oýny ýada salýar. Ol oýnuň manylylygy, gyzgyny özi bilen gidipdir-de, diňe şertliligi hem ýasamalygy galypdyr. Geň hem täsin şeýle duýgyny başdan geçirip gördüňizmi?
Eger şeýle duýga duş gelmedik bolsaňyz, onda türkmen edebiýatyny, onda-da köne şahyrlarymyzyň düýş şekilli eserlerini okap görüň. Belki, şonda ýüregiňize heser iner. Emma özüňizde-de ýokarky ýaly şahsy ruhy tejribe bolmasa, köne eserlerimizdäki özünde diriligiň joşgunyny, diri ganyň gyzgynlygyny saklaýan ajaýyp çeper gymmatlyklaryň ençe menzil uzagyndan geçersiňiz. Çünki sungat ýöne garnyňa atyp oturmaly nazy-nygmat däl, çyn sungat okyjydan ýa diňleýjiden belli bir derejedäki kämilligi we ruhy işjeňligi talap edýär. Sebäbi düýbüniň ýalanlygyna garamazdan, ýaşaýşyň adamdan çynlakaýlygy talap edişi ýaly, sungat hem «ýalanlygyna» garamazdan, özüni çynyň bile kabul etmegini isleýär.
Men türkmeniň sungatynyň käbir estetiki hem psihologik özboluşlylygyndan söz açdym. Şeýle özboluşlylyk «heser» diýen düşünjede jemlenýär. Dil tarapdan alanyňda, «heseriň» hesret bilen bütinleý baglanyşykly däldigini tekrarlap bolmaz. Heser – şatlykdan beter hesrete ýakyn. Türkmen ruhunyň aýratynlygy şeýle. Meniňçe, hut şu aýratynlygam biziň halkymyzyň arkaly milletdigini görkezýär. Hesret – milletiň ruhy äpetliginiň, çuňňur ruhy açyşlara ukyplylygynyň bir görkezijisidir. Elbetde, muňa maddy aladalar bilen baglanyşykly adaty – güzeran gam-gussasy, göwnüçökgünlik manysynda düşünmeli däl. Gep ruhuň has düýpli, has inçe hadysalary we taraplary barada gidýär. Gepiň gerdişine dörä, gadymy ýunanlylaryň – bu beýik halkyň dünýäni duýuşynda we sungatynda tragediýanyň iň uly hadysa bolandygyny aýtmak gerek. Ruh hemişe pese inip, güzeran bilen çaknyşanda komediýa, arşa galyp, Hudaýa ýakynlaşanda bolsa tragediýa döreýär. Komediýa bolsa hemişe pes hem gödek sungat hasaplanypdyr, onuň çeperçilik tebigaty-da sada we çäklilikdir.
Emma, aýdylanlara seretmezden, «heseriň» hesret bilen içki-dil baglanyşygy ýokdur. Sungat düşünjesi bolan heser başga türkmen aňlatmalary – eser, esremek ýaly sözler bilen bir kökden gaýdýar. Heser – sungatyň psihologik şerti, esasy we baş täri, usuly. Eser – heserlenmegiň döredijilik netijesi. Esremek – heseriň täsiriniň, döredijiniň, ruhy hem beden hyjuwynyň iň ýokary derejede göterilmegidir.
Mežnun dagynda bolanyňda, bu hakykaty öz ýüregiňden geçirýärsiň. Mežnun dagy diýseler, gara baglyga bürenip oturan, çeşmeli-çaýly, zawly-awlagly dagy görjek. Dag nire, zaw nire! Aňyrsy, munuňam gutarýan ýeri barmyka diýdirýän, sap-sary sähralygyň içinde ýalňyz duran dag. Emma tebigatynyň garyplygy ruhuň baýlygyna amal edýän dag eken. Dag bolup dagam däl, onuň synasy ne toprak, ne daşdan – aralyk bir jynsdan emele gelipdir. Seretseň – gum, toprak ýaly, «owranar-la» diýip, depäýseň weli, aýagyň däl, maňlaýyň daşa degene dönderýär. Onuň göze ýakymsyz, Güne saralyp, ýagyş-ýagmyra ört alyp giden synasyna ýarmaşyp, depesini nazarlap barýaryň. Ýokaryk galdygyňça, ýerden daşlaşýanyňy duýýarsyň – dagyň meleligi azalyp, gök-gara öwüsýän daşlary artyp barýar. Aşakdan gelýän epgegiň howry arkama urýar, dag hem Günden alýan gyzgynyny meniň süňňüme geçirýär. Gyýçak-gyýçak mele daşlaryň egninden basyp, barha ýokaryk galýaryn. Onuň çür depesine çykyp, özüňi dürsäniňden soň, küýüňe gelýän ilkinji pikir: «Men ýaşaýşyň pesliginden ýokary galdym» diýen pikir bolýar.
Hanha, seniň mähir bermeýän, mähriňi almaýan dünýäň aşakda çalam-çaş bolup ýatyr. Bu daga çykan adamyň adaty dünýäden göwni geçmezligi mümkin däl. Munuň dünýäsinde göz eglenere zat ýok, gözýetimde iňlär siňek ýok. Tekiz, egrem-bugram, şap-şatyr boşluk. Aýagymyň astyna seredýän, başymy galdyrýaryn – boşluk. Bu ýerde pikire çümäýmeseň, akylyňy güýmäre hiç hili daşky delil ýok. Birdenem, şemal öwsüp başlady. Şemalyň yzy ýele ýazdy. Dagyň ýegşerilip, tas gara ýer bolan daşlarynyň ulusy-kiçisi ýeliň täsirine owaz edip başladylar. Daş-töweregim soňabaka zaryn hem üznüksiz owaza öwrüldi. Owaz bilen birleşip, tapyşyp gitdem weli, soňabaka bu daşdan gelýärmi ýa öz kalbymdan baş alyp gaýdýarmy – belli bolmady. Ol owazlar maňa öten günlerimiň owazlaryny ýatlatdy. Bir-ä atam ýogalanda, birem külli türkmen ili öz Gahryman ogluny — Saparmyrat Türkmenbaşynyň kyblasy Atamyrat Nyýazowy uruşda wepat bolan ýerinden – mazaryndan gum getirip öz topragynda jaýlan tolgundyryjy pursatynda aglandygym şeýle owaz bolup gulagymda galan eken. Ýeliň bu zarynlygy, daşlaryň bu gussaly hiňlenmesi kalbyma tanyş hem mähriban zat bolup göründi. Men munda özümiň heserdeşimi tapdym. Owazlaryň çuňlugy – hasratymyň çuňlugyna barabardy. Şonda men näme üçin Mežnunyň bu ýeri gaçybatalga edinendigini aňladym: Mežnun tenden gaçyp, bu ýere gelendir. Ol çyn söýgini – tensiz söýgini ykrar edipdi ahyryn. Ten aradaşlygyň – seniň kämilligiň ýalňyz ölçegidir. Ösüş tenden ruha tarap gidýär.
Çaga bir öz tenini däl, töweregini gurşaýan ähli zatlary – oýnawaçlaryny, gurjaklaryny «men» hasaplaýar, olarda öz «menini« görýär.
Uly adam diňe öz tenini «men« hasaplaýar.
Emma kämil kişiler öz teniniňem «men» däldigine düşünip, ruha ymtylýarlar. ÇAGA, ULY, KÄMIL – Mežnun ýanymda duranlygynda, bulary RUHA BARÝAN ÝOLUŇ ÜÇ BASGANÇAGY diýip atlandyrardy diýen pikir göwnüme geldi.
Biri meniň ünsümi özüne çekýän ýaly boldy. Bir gapdalyma seretsem, bir suwlugan başga biriniň üstünde oturyp, iki bolup maňa jüýjerilýärdiler. Meniň bu görnüşden myrryhym atlandy. Eýse aýal bile erkegiň çyrmaşygynyň, argyşygynyň betnyşanlygy şunça ýokmy näme? Bu taýda söýgi hakda gürrüň bolup bilermi? Munda söýgi däl-de, girew bar. Baky dünýä özüni gözel görkezjek bolup, öz mülküni däl, asmanyň zady bolan söýgini girew alypdyr. Aýallara erkegi, erkeklere aýaly gözel görkezmek üçin söýgini girew alan ýalançy dünýä! Bir çümmük söýgi arkaly, aslynda, betnyşan ten duýgularyna ylahylyk gatanjyny berip, urkaçy bilen erkegi ysnyşdyryp, pany dünýä pany ömrümi dowam edýär. Ol söýgini itergi hökmünde peýdalanýar. Erkek tohum bile urkaçy tohumy biri-birine gatansoň, dereginde özgeden alnan zat baransoň, söýgi gaýyp bolýar, onsoň erkek bile tişi biri-birini görmese şat. Bu – suwlugana-da, ýylana-da, pile-de, adama-da degişli hakykat. Söýgi ara düşüp, ýanaşanyndan soň, aýalyň ýaňam müşki-anbar bolup kokan deminiň, onuň ýaşaýşyň çeşmesi bolup görnen synasynyň, alma-nardyr öýtdüren göwüsleriniň başky täsiriniň juda azalandygyny, ýiteňkirländigini duýup, görüp galýarsyň.
Daşlary, owazlary, tymsallary bilen Mežnun dagynyň howasy durşuna heser eken. Men muny aňlap ýetişmänkäm, ýeliň yzy ýagyşa ýazdy. Çat maňlaýymda tisginen gyzgyn damjalar meni özüme getirdi. Asmanyň gysgana-gysgana sepelän ýagyşy daşlaryň dymyljak ysyny, topragyň talh tagamyny örüzip goýberdi. Gaňşyrawugym ynjady.
Yzyma gaýdyp gelýärkäm, Mežnun dagynyň üç hili reňkdedigine gözüm düşdi: Aşaky bölegi – mele, ortasy – ýaşyl, depesi – mawy eken. Munuň özi Mežnunyň bakylyga barýan ýolunyň üç menzilidi.
Mežnun dagyna baryp görmekden her kim bir hili täsir alýan bolmaga çemeli. Men bu dagda Magtymgulynyň diýýän dumanyny-da, Leýliniň ruhuny-da görmedim. Emma meniň üçin uly açyş – bu dagyň howasy boldy. Howasy weli durşuna heser eken...
Eýsem-de bolsa, men bu zatlary näme üçin gürrüň berýärkäm? Elbetde, türkmen sungatynyň daşky hem içki aýratynlyklaryna düşünmegiň şahsy ruhy tejribesi hökmünde we şol tejribä tymsal edip aýdýaryn. Haçan-da howaýy hem ylmy pikir öz mümkinçiliklerini gutaryp, lagşan akkumulýator kimin togtanda, haçan-da ylmy pikir täsir inçeliklerini we öwüşginlerini aňladardan ejiz gelende, adam çeper pikirlenmä ýüz urýar. Çeper pikirlenmäniň iň oňat usuly – ýagny, ylmy artykmaçlyklaryny-da alyp galýan usuly bolsa, elbetde, tymsaldyr. Meniň üçin Mežnun dagy türkmen sungatynyň ýüzi, ruhy aýratynlygy bolan heseriň tymsaly, heseriň obraz arkaly maddylaşmasydyr. Heseriň islendik başga bir düşünjeden artykmaçlygy – ol türkmen sungatynyň ähli jähetlerini – ylahy, ruhy, ynsançylyk, jemgyýetçilik, filosofiki, çeperçilik taraplaryny bitewülikde göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýär. Çünki heser bularyň baryny öz içine alýan, bularyň her birinde bar bolýan umumy sungat ruhy hadysasydyr. Onsoň eger men şularyň bary hakynda gürrüň etmedik bolsam, munuň diňe daşky sebäbi bardyr: diýmek, wagt hem orun çäkli bolupdyr.
Osman ÖDÄÝEW.
Filosofiýa