SYR
Aýlar bilen Aman indi dördünji klasda okaýardy. Aýlar diňe bäşlige okaýardy. Emma Aman welin mekdepde ikilikçileriň hem ikilikçisidi. Mugallymlar bu ekiztaýylaň dürli-dürli okaýyşlaryna geň galýardylar.
Bu gün Aman öňkülerinden hem erkanady. Çünki obadan garry enesi şähere gezmäge gelipdi. Ol kakasy käýese-de, Aýlar «Aman oka, öý işleriňi ed-ä!» diýse-de, sesini çykarman, enesiniň ganatynyň astyna gysdyrylýardy.
– Degmäň, meniň balama! – diýip, Gerek daýza agtygyny mähir bilen söýüp, hiç kime oňa söz aýtdyranokdy. Muňa Amanyň bolmajasy bolýardy.
Ýöne, ahyr soňunda Aman-da öýe berlen işi etmäge wagt boldy. Emma Aman hiç kimiň diýenini edenokdy. Ol ylgap enesiniň gujagyna barýardy.
Gün batyp, garaňky düşdi. Öz ýanyndan Aman üçin howp alan Aýlar aglaýjak bolup enesine ýüzlendi:
– Ene jan, ogluňy beýle gowy görüberme. Onuň alýany ikilik. Gör, ol öýe berlen işlerinem edenok. Beýle ikilikçi oglan seniň gowy göreniňe degenok. – diýip, Aýlar zeýrenip başlady. – Şu ogluňyz gowy okamasa, menem mekdebe gitjek däl. Klasymyzda men öz ikilikçi doganym üçin hemişe utanyp ýörmeli bolýan...
– Gitmän geç! – diýip, Aman enesiniň dyzyny ýassanyp ýatyşyna parhsyzlyk bilen aýtdy. – Senem alýaň, ikilik baryny.
Bu söze Aýlaryň jany ýandy. Ol ylgap baryp, kitaplarynyň arasyndan özüniň hem-de Amanyň gündeligini sogrup, alyp geldi-de, enesiniň öňünde goýdy.
Gerek eje içerä nur çaýyp duran elektrik çyrasynyň ýalkymyna gündelikleri birlaý gözden geçirdi-de, ýüzüni sallap ýerinden turdy.
Aman indi enesi öýkeläp oba gidip, hiç haçan gaýdyp gelmez öýdüp gaty gorkdy. Ol enesine ýalbarmak üçinmi, ötünç soramak üçinmi, ýerinden galmak üçin çalaja gobsundy.
– Serediň, balalarym! – diýip, Gerek eje lowurdap duran elektrik çyrasyny öçürdi. Içeri göze dürtme garaňky boldy. – Görüň, kim okamasa, şonuň ömri şular ýaly tümlükde geçer. – Ol çyrany ýakdy. Içerä nurly ýalkym seçelenip gitdi. – Kim okasa, bilimli bolsa, onuň ömri şular ýaly ýalkymly, bagtly günlerde geçer.
Aman özüni birhili müýnli duýdy. Ol gözjagazlaryny gussaly gyrpyldatdy.
– Ene, ene jan, indi öçürme, men düşündim. Ýöne, aýt, men gowy okasam, sen oba gaýtmarsyň gerek?
Gerek eje başyny atdy.
– Diňe gowy okasaňyz gitmerin. Eger gowy okamasaň, öýkeläp gaýdaryn-da, gaýdyp hiç haçan gelmerin.
Aman sähel günde üýtgedi. Ol indi diňe bäşlik bahalar alyp okaýardy. Ýöne onuň beýle çalt üýtgemesiniň sebäbini hiç kim bilmeýärdi.
24-nji maý, 2000 ý.
Öwezdurdy NEPESOW.
Çagalar edebiýaty