TOBANYŇ RUHY MANYSY / edebi-filosofik söhbet
Adam gatnaşyklarynda göze görünmeýän serhetler bar. «Pylan işi etmek günä» diýýäs. Günä bizi köp işleri etmekden saklaýar. Adam göze görünmeýän ynanç galybynyň içinde ýaşaýar. Soňky asyrlaryň türkmen durmuşy jemgyýetçilik, ruhy-ahlak hem hukuk jähetlerinden näme bilen düzgünleşdirilipdir diýen möhüm sowal bar. Jemgyýetçilik-syýasy gurama hökmündäki döwletiň ýoklugynda türkmen jemgyýetini hertaraplaýyn düzgünleşdirmek, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny sazlaşdyrmak hyzmatyny esasy üç zat – şerigat, adat we türkmençilik kadalary öz üstüne alypdyr. Men söhbedi türkmençilik kadalary hakda käbir zatlary aýtmak bilen başlamak isleýärin.
Ine, meniň elimde aslynda-da sary sahaply, ýöne ýyllaryň çaňly öwrüminde hasam saralyp-solan kitapça. Muny baryp 1945-nji ýylda edebiýatçy P.Skosyrýew ýazyp, «Türkmen edebiýaty» diýip at goýupdyr. Bu o diýen ýiti däl, ýönekeýje kitabyň başlarynda köne türkmen durmuşy hakynda şeýle sözleri okamak bolýar: «Çarwaçylyk durmuşy türkmen durmuşynda şerigatyň hökmürowanlygynyň düýpli ornaşmagyna ýol bermändir. Örän köp ýagdaýlarda onuň deregini adat, hatda dil üsti kanunçylyk tarapyndanam berk kanuny, düzgüni ýola goýup bolmaýan halatlarda bolsa türkmençilik tutupdyr, bu düşünjäniň manysyny «Bizde – türkmenlerde bolmalysy şeýle», ýa-da «Bizde – türkmenlerde şeýle edilse, laýyk bolar» ýa bolmasa-da «Bizde – türkmenlerde beýdilýän däldir», diýen sözler bilen aňlatsaň, has dogry bolardy».
Ilki bilen, aýtjak zadym – şeýle düşündiriş-kesgitlemeleri berýän awtoryň ygtybarlylygy meselesi. Kimdir biriniň: «Türkmenistana az wagtlyk gelen rus ýazyjysy bu zatlardan dogry baş çykarmadyk bolaýmasyn?!» diýmegi mümkin. Umuman, bu pikiriň dogry bolmagy-da mümkin. Ýöne XX asyryň birinji ýarymynda gaýry ýurtly alymlar, adatça, bizden çuňňur sowatlylygy, giň gözýetimi bilen tapawutlanýardy. Hususan, P.Skosyrew hakynda aýdylanda bolsa, biz onuň türkmene degişli meselelerde döwürdeş türkmen ýazyjylaryndan – B.Kerbabaýewden, N.Saryhanowdan, beýlekilerden maslahat alandygyny, pikir alşandygyny bilýäris. Şonuň üçinem türkmen durmuşyna beletlik meselesinde biz ýokarky düşündirişi Skosyrewiň özüniň oýlap tapmandygyna bil baglap bileris.
Soňra, meniň üçin ýazyjynyň pikirlerindäki pikir täzeligi – anyklygy – awtoryň adaty türkmençilikden tapawutlandyrýandygy boldy. Adat – hiç bir ýazgyda şekillendirilmedik, ýazylmadyk kada-kanunlaryň, jemgyýetçilik-hukuk düzgünleriniň toplumy bolmaly. Adat şerigatdan, birinjiden, yslamyň inkär etmeýän, ýöne onuň esaslaryna girmeýän kanunlaryň ulgamydygy bilen tapawutlanypdyr. Bu hili tapawutlar bolsa türkmen durmuşynyň milli aýratynlyklaryndan gelip çykýar. Ikinjiden bolsa, adat dil hem ýat üsti bilen ýaşap gelipdir. Dogrudanam, biz dürli döwürlerde ýazga geçirilen şerigat kanunlaryny bilýäris. Emma özüm-ä adatyň ýazgysyna duşmadym ýa-da bar diýip eşitmedim.
Türkmençilik, adatdan tapawutlylykda, hukuk manyly düzgünleriň çäginden daşarda galýan jemgyýetçilik-ruhy ýörelgeleriň jemi bolupdyr. Biziň dilçilerimiz «-çylyk, -çilik» goşulmalaryny isimlere goşulanda ýa-ha bir zadyň toplumyny, ýa-da ýagdaýyň özboluşlylygyny aňladýandygyny aýdýarlar. «Türkmençilik» düşünjesiniň mukdar köplügini göz öňünde tutmaýandygy öz-özünden düşnüklidir. Diýmek, bu düşünje türkmen milletine mahsus ýaşaýşyň hilini görkezýär. Adatça, hil aňladýan düşünjeler bolsa ulalmaga, ýagny ideologik, ruhy barlygy aňladýan düýpli kategoriýa bolmaga ukyplydyrlar.
«Türkmen klassyky edebiýatynyň sözlüginde» «adat» sözüne anyk düşündiriş berlipdir. Awtorlaryň aýtmagyna görä, adat – endik, gylyk, häsiýet diýen manylary berýär.
Şeýlelikde, adatyň hem türkmençiligiň many özboluşlylygyndan we olarda ýokarda görkezilen dürli babatdaky many tapawutlaryndan çen tutsaň, bu möhüm düşünjelere şeýleräk kesgitleme bermek mümkin:
Adat – bu türkmeniň dilden-dile, aňdan-aňa geçip gelen jemgyýetçilik endikleriniň ýazylmadyk, kanunlar derejesine ýetirilen toplumydyr.
Adat – endiklerdir, jemgyýetçilik endikleridir. Bu endikler türkmenleriň jemgyýet, jemagat bolup ýaşan şertlerinde olaryň durmuş hem aň aýratynlyklarynyň kabul eden, ykrar eden ýörelgeleridir. Endik durmuş tejribesine we jemgyýetçilik ylalaşygyna esaslanýar, türkmen edim-gylym, ynanç aýratynlyklaryna esaslanýar. Gan aýratynlyklarynyň tohum arkaly nesilden nesle geçişi ýaly, endikler tejribe arkaly nesle geçirilipdir. Adatyň ýazga geçirilmändigi onuň tebigatyny, häsiýetli aýratynlyklaryny gowy görkezýär. Ol diniň ýa-da döwletiň kanunlary ýaly, akyl taýdan esaslandyrylan belli bir ideologiýa esaslanmaýar.
Adat – türkmeniň döwletsiz galan ýyllarynda durmuşyň tebigy suratda tapan çykalgasydyr, bu çykalganyň taryhy maksady we manysy türkmeni şol şertlerde-de millet hökmünde dargatmazlykdan ybarat bolupdyr. Şonuň üçinem öz häsiýeti, tebigaty boýunça tas tebigatyň kanunlary ýaly hereket eden adaty häzirki döwlet şertlerinde dikeltmek ýa-da oňa esaslanmak asla mümkin däldir. Şol sebäpden adaty gowy görsegem ýa-da pisint etmesegem, ol türkmen geçmişiniň hadysasydyr. Türkmen jemgyýetçilik durmuşynyň häzirki aýratynlyklary adatyň içine sygmaýar, onuň bilen asla düzgünleşdirip bolmajak ýaşaýyşdyr. Men bu pikirimi göze görnerlikli etmek üçin adatyň diňe iki jähetini – hukuk hem syýasy tarapyny mysal getireýin.
Adata laýyklykda, etmişli adamy obasyndan kowmak arkaly jezalandyrypdyrlar. Häzirki Türkmenistanda bütinleý başga hukuk-jeza beriş ulgamy hereket edýär. Ýa bolmasa, adat döwründe sözüň hakyky manysynda syýasy häkimlik bolmandyr. Köne türkmen jemgyýetini syýasy däl-de, ýöne at-abraýyň häkimligine daýanýan aksakallar, töreler dolandyrypdyrlar, has dogrusy, jemgyýete gözegçilik edipdirler. Häzirki wagtda bolsa bizde Prezident tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Prezident döwleti bar.
Biziň şu günümiz üçin möhüm zat – adatyň özi geçmişe gitse-de, onuň türkmen aňynda, ruhunda, endiklerinde, psihologiýasynda goýan yzlary ýaşaýar. Biz häzirki türkmen jemgyýetiniň we döwletiniň ýörelgelerinde şu hadysany nazara alman bilmeris. Jemgyýetçilik-hukuk kadalaryndan tapawutlylykda, ruhuň kanunlary has uzak ýaşaýar. Şonuň üçinem biz adatdan parhlylykda: «Türkmençilik häzir hem dowam edýär we türkmen diýilýän millet entek barka, hökman dowam eder» diýip aýdyp bileris. Çünki
adat türkmençiligiň – türkmen milli ruhy gymmatlyklarynyň we aň endikleriniň milli ýaşaýşyň jähetinde kemala gelip, dowam etmegidir.
Şu ýerde maňa şeýle sowal berseler gerek: «Onda siziň «Türkmen ruhyýeti» kitabyňyz – türkmen ruhy gymmatlyklary baradaky elimizdäki kitabyňyz türkmençilik baradaky kitap bolýar-da?!» Elbetde, ýok. Türkmen ruhy, milli ruhy gymmatlyklar ulgamy has giň hem düýpli düşünjedir, ol türkmençilikden başga-da, adata, şerigata, biziň entek açmadyk, häzir, megerem, küýümize-de gelmeýän başga durmuş-jemgyýetçilik faktorlaryna esaslanýar we türkmeniň edebiýatynda, sungatynda, folklorynda hem-de milli ruhy işiň beýleki görnüşlerinde ýaşaýar.
Adatyň şerigatdan tapawudy – şerigatyň kada-kanunlary rugsat edýän we gadagan edýän amallary yslamyň dini gymmatlyklary tarapyndan esaslandyrylandyr we olar ahyrky netijede iman gazanmaklyga – jennete düşmeklige gönükdirilendir. Başgaça aýdanyňda, şerigat şu dünýäde nähili ýaşanyňda o dünýäde imanly bolup bolýandygynyň ýoluny öwredýär. Ol ýene adamyň ömrüni-de, jemgyýetçilik ýaşaýşyny-da şu maksada boýun egdirýär. Adat bolsa yslamdan hem öňki ýaşaýyşdan galan jemgyýetçilik endikleri hökmünde, dini talaplara garşy gelmese-de, özüniň gelip çykyşy boýunça din bilen, onuň ideologiýasy bilen hiç hili baglanyşygy ýok. Ýagny, adat we türkmençilik öz düýp manylary boýunça bütinleý dünýewidir. Olar ideologik taýdan o dünýäni göz öňüne tutmaýarlar. Hut şunda-da geçmiş türkmen jemgyýetiniň dünýewiligi ýüze çykýar. Adat hem türkmençilik diňe şu dünýäde nähili ýaşamalydygyny öwredýär, häzirki düşünjämiz boýunça aýdanymyzda, olar bu dünýäde nähili ýaşamalydygynyň metodik gollanmalary.
Islendik başga bir dindäki ýaly, yslamda esasy orun Hudaýa degişli. Adatda bolsa esasy orun halka, köpçülige degişlidir.
Adat we türkmençilik – köpçüligiň erk-isleginiň aňladylmasydyr.
Dinde esasy hereket ediji toplum ymmat bolsa, adatda il-gündür. Türkmençilik, ilçilik, töreçilik – ine, adatyň awtory we hereket ediji şahsy.
Adat – il-gün, millet bolup ýaşamagyň kada-kanunlarydyr.
«Gorkut ata» eserinde köp gaýtalanýan «Oguz zamanlary» diýen düşünjä hem türkmençilik bilen baglylykda seretmeli. Oguz zamanlary – türkmençiligiň höküm süren zamanlary. Diýmek, türkmençilik – diňe bir giňişlik – jemgyýetçilik-ruhy giňişligi bolman, eýsem ruhuň kesgitli bir döwrüni, zamanyny, wagtyny hem aňladýar. Türkmençilik adam arasyndaky gatnaşyklaryň il-gün bilen daşky dünýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň täsin sazlaşygy bilen tapawutlanýar.
Yslamyň esasy daýanjy – Allatagala.
Adatyň esasy daýanjy – il-gün.
Türkmençiligiň esasy daýanjy – il-gün.
«Il näme diýer?», «Il nähili sereder?», şeýle ölçegiň, şeýle prinsipiň häzirki türkmen durmuşynda-da we psihologiýasynda-da örän uly orny eýeleýändigini durmuşda görüp-bilip ýörüs. Adatyň esasy ideýasynyň il-gündügini men jedelsiz hasaplaýaryn. Bi, näme üçindir, hakykat akyl derejesinde ýaşaýar diýip hasaplaýarys. Emma akyl bilen diňe hakykata ýetip bolýar, hakykatyň özi bolsa duýgy derejesindäki barlyk ahyryn! Iň beýik adamlar – hakykaty akylyň çylşyrymly kömegine ýüz urmazdan, öz tebigy derejesinde tutup bilýän adamlar. Adatyň nämedigine akyl ýetirjek bolup, çylşyrymlydan kyn pikirlenmelere çolaşyp ýörüs weli, bilýän adam ony ýekeje söz, ýekeje deňeşdirme arkaly düşündiren bolsa nätjek. Geçen asyryň belli türkmen ulamasy Molla Töre ahunyň şu getiriljek sözlemlerine üns bereliň: «Öleniň üçünde, ýedisinde ýa kyrky güni, ýa-da ýyly dolanda, halka tagam çekip, Gurhan okatmagy käbir ulamalar kitaplara salgylanyp, mekru diýýärler. Başga bir ulamalar adat (il edýä-le) diýip etmän, Hudaý ýoluna sadaka berýän bolsalar we isrip etmeseler, ol dogrudyr, onuň haýry-zyýany bolmaz diýipdirler. Ýöne ol zatlar il gözi, at-abraý üçin edilýän bolsa, onda ol mekrudyr».
Adat – «il edýä-le» diýmekdir. Gürrüňiň jemgyýetçilik hem aň-psihologik endigi barada gidýänligine şek-şübhe galmaýar.
Adatyň il-gün düşünjesine esaslanýandygy onuň baş gymmatlygyny kesgitleýär.
Yslamda adamyň Allatagalanyň öňündäki mertebesi – imany.
Adatda adamyň il-gün öňündäki mertebesi – onuň ar-namysy.
Türkmençilikde adamyň il-gün öňündäki mertebesi – onuň ar-namysy.
Islendik endik, onda-da jemgyýetçilik endikleri başga zatlardan has uzak ýaşaýar we örän haýal hem seýrek özgerýär. Şonuň üçinem «Endik – adamyň ikinji zandy» diýlip aýdylýar. Endigiň hökmürowanlygy adata onuň yslam bilen kä ýumşak, kä gazaply darkaşlarynda öz şertlerini höküm etmäge, yslamyň ýörelgelerini özüne uýgunlaşdyrmaga mümkinçilik beripdir. Şol hökmürowanlyk hem yslamyň uly mezhebiniň – hanyfa mezhebiniň özboluşlylygyna getiripdir. Türkmenler hem şu mezhebe degişlidirler. Hanyfa mezhebinde adatyň orny barada «Yslam» sözlüginde şeýle ýazylypdyr: «Al-Hanafiýa mezhebi hukugyň garaşsyz, ýöne kömekçi çeşmesi hökmünde adat hukugyny (urpy) ulanmaga giň ýol açýar, bu bolsa işjeňlik gatnaşyklary ýönekeýleşdirmäge, özge dinliler bilen iş hem durmuş gatnaşyklaryny saklamaga, durmuşda ep-esli erkinligi almaga mümkinçilik berýär». Üns edeliň: işjeňligi ýönekeýleşdirmek, gaýry dinliler bilen gatnaşyk, gündelik gün-günemadaky ýazylganlyk – bularyň bary adamyň şu dünýä bilen baglanyşykly aladalary ahyryn. Diýmek, adat yslamdan şu dünýäniň adamçylyk aladalary bilen bolmaga idin alýar.
Meniňçe, türkmen adatynyň özboluşly durmuş obrazy hökmünde, milli ýaşaýyş usuly hökmünde türkmen ruhunyň hadysasy bolan toba, toba gelmeklik bilen taryhy-ruhy baglanyşygy bar. Elbetde, tobanyň nämedigi baradaky sowala jogaby her bir adamyň bada-bat berjegi düşnükli.
Toba – ökünç, eden nädogry işleriňe we ýalňyşlyklaryňa puşman etmek. Bu «toba» diýilýän zada umumy düşüniliş ahyryn. Meniň bolsa bu ruhy-durmuş hadysasyna adaty ara salyp, taryhy tarapdan seredesim gelýär. Şu tarapdan bolsa, megerem, şeýle diýmelidiris:
Toba – bu adatyň kadalaryna laýyklykda şu, dünýä gyzygyp ýaşan adamyň belli bir ömür menziline ýetende, öňki durmuş obrazyndan el çekip, Hudaýyň ýoluna bütinleý berilmegidir.
Toba etmek üçin hökmany suratda haýsydyr bir agyr günäni, uly ýa kiçi jenaýaty etmek gerek däl. Toba etmek – ahlak işi däl-de, ruhy-filosofik manyly işdir. Şeýle göz öňüne getireliň: adam bu dünýä gelýär, dünýäde bolsa ýaşaýyş gaýnap-joşýar. Onsoň ol durmuşyň jümmüşine urup, özüne ýaşamak üçin berlen güýç-kuwwaty döwran sürmäge, işlemäge, söýmäge, ýigrenmäge sarp edýär. Emma ömrüň belli bir mütdetine baranda, ol toplan akyl-paýhas baýlygy arkaly, kämillige ýetýär we adam diýlen zadyň diňe bir şu dünýä üçin ýaradylmandygyna akyl ýetirýär. Onsoň ol bu işlerden, ýaşaýşyň gyzykly hem gyzgyn oýnundan biraz çekilip, o dünýäsi barada alada edip ugraýar.
Köne akydarlarymyz we şahyrlarymyz adam ömrüni iki sany uly döwre bölüpdirler: jahyllyk we kämillik.
Jahyllyk – şu durmuş üçin ýaşalýan döwür, dünýäň tomaşasy görülýän döwür.
Kämillik – imanyň aladasy edilýän döwür. Jahyllygyň kämillige geçmegine nähili içki sebäp, ruhy sebäp bar?
Adam jahyllykdan kämillige bir öwrüm – toba diýilýän öwrüm arkaly geçýär.
Jahyllyk – adata, dessura laýyklykda ýaşalýan döwürdir. Bu döwürde adam, ilki bilen, dünýäň hezilini görmek üçin, soňam nesli üçin, il-güni, dogan-garyndaşy üçin ýaşaýar.
Kämillikde adam özi, imany üçin ýaşaýar.
Jahyllyk we kämillik – ömrüň dürli-dürli ruhy döwürleridir.
Eger biz türkmen şahyrlarynyň adam ömri hakyndaky goşgularyna üns etsek, onda olaryň ömürde şu hili düýpli tapawutlanýan iki bölegi göz öňünde tutandyklaryny göreris.
Biziň ähli meselelerde maňlaý direýän akyldarymyz – Magtymguly. Edil Magtymguluda-da biz hut ýokarky kartinany görýäris. Onuň goşgularynda beýan edilişi ýaly, jahyllyk – adamyň kyrka çenli ömri, kyrkda bolsa kämillik başlanýar.
Kyrk – tobanyň ýaşydyr.
Kyrk bilen elli aralygyndaky on ýyl – adam ömrüniň bir döwürden başga döwre geçýän aralygydyr. Bu döwürde adam jäht edip, toba berilýär.
Sürdüň, dünýäni sürdüň,
Ahyr wepasyn gördüň.
Kyrkyňa gadam urduň,
Kämil sen, huşa ýetdiň.
Kyrkda akyl jem bolar
Adamzadyň başynda.
Jahyllykda eden işler geň görner
Kyrkdan aşyp, aýyl bolsa adamzat.
Kyrkyňda toba eýläp, bir mürşide gol biýr sen.
Şeýle pelsepäni islendik türkmen şahyrynda görüp bilersiňiz. Magtymgulynyň atasy Döwletmämmet Azady tobanyň adam ömrüniň jähetinden seredilendäki manysy hakynda şeýle ýazýar:
Dünýä söýmekdir hatalarnyň başy,
Ony söýmek ähli-dünýälerniň işi.
Bu hatadan özüňi toba bile.
Eýle päk, çeken demiň berme ýele.
Meniň düşünişimçe, adama öz ömrüni rowan etmek üçin iki hili güýç-kuwwat (energiýa) berilýär. Ömrüniň birinji ýarymynda – jahyllyk döwründe ol ähli güýç-kuwwatyny dünýä bilen gatnaşyk etmäge – maşgala gurmaga, rozugärini, günemasyny üpjün etmek üçin tälim öwrenmäge, il-güne hyzmat etmäge sarp edýär. Şeýdip, ol şu durmuşda özüni ykrar edýär. Emma onuň paýhasy artyp, ömür hakyndaky pikirlere ulaşdygyça, adamyň diňe bir şu wagt hem giňişlik bile çäklendirilen dünýä üçin ýaradylmandygyna göz ýetirip başlaýar. Oňa pynhan hakykatlar açylýar. Onda üýtgeşik duýgular peýda bolýar. Durmuş üçin berlen güýç-kuwwat, sarp bolup ugransoň, adam, birhili, başaşak ýaly bolýar. Dünýä barha düýşe meňzeýän ýaly. Wagt ýatyp-turanyňdaky ýaly, boşluk hem bimanylyk duýgusyny döredýär. Adam paýhasy diňe wagtlaýyn zatlaryň, diňe durmuşyň hem rozugäriň aladalary bilen kanagat tapanok. Adam köňli diňe wagt hem onuň içindäki zatlary – bala-çagany, dogan-garyndaşy söýmek bilen kanagat, karar tapanok. Onsoň onda edil kyrk ýaşlary töwereginde täze ruhy ahwalat döreýär. Akyl öňki güýç-kuwwat sarp bolansoň, kemala gelýär. Adamyň bakylygy küýseýän döwri başlanýar. Bu fiziologik, psihologik hem ruhy taýdan çylşyrymly döwürdir. Muny bir deňeşdirme bilen göz öňüne getirerlikli etjek bolaýyn. Kämahal alada, işe berlip, uzak gün selpäp, aşgazanyň boşanynam duýman galýarsyň. Birdenem, ýüregiň syrylyp, ysgynyň gaçan ýaly bolýar. Jahyllykdan kämillige geçilýän döwür şuňa meňzeşräkdir. Bu döwür – güýç-kuwwat çalşygy döwrüdir. Adama täze güýç-kuwwat döremegi üçin çeşme gerek. Şol çeşme – tobadyr.
Geçiş döwrüniň çylşyrymlylygyndan kyrkdan ötüp gören adamlar habarlydyrlar. Akyl adamyň bütin ruhuny, köňlüni, duýgularyny, täsirlerini öz eleginden geçirýär. Ol elekden geçensoň, duýgular inçelýär, göwnüň hamraklaşýar. Adamda ruhy pursatlara ähmiýet bermek endigi ýüze çykýar. Şu pursatlary, meniň pikirimçe, G.Ezizowyň aşakdaky bendi gaty oňat berýär:
Göwnüm, göwnüm, eziz göwnüm,
Diýme, muňa öwündigim.
Otuza ser uran günüm
Ahyr bildim göwündigiň.
Elbetde, siziň bada-bat bu bentdäki ýaşyň kyrk däl-de, otuzdygyna ünsi çekjekdigiňizi bilýärin. Emma Ezizow ýaly şahsyýetler adatdan çykma – bular kämillige ir ýetişýärler we adaty kişiniň kyrkda ýetmeli menziline otuzda-da, hatda ondan irrägem aýak basýarlar. Onsoň ýokarky bentdäki duýgular, adatça, kyrk ýaşda üstüňi basýan duýgulardyr. Bu duýgynyň adam ruhunyň düýpli özgermegi nukdaýnazaryndan näme manysy bar?! Adam takmynan 10 – 15 ýaşlaryndan ýuwaş-ýuwaşdan özi bilmezden, göwün diýilýän «meni» edinip, gazanyp başlaýar. Kyrk ýaşa çenli göwün doly kemala gelýär. Durmuş tejribesinden dörän akyl kyrkda adamy öz göwni bilen duşurýar. Göwün bolsa adamy bakylyk hakyndaky oýlara itekläsi gelip dur. Akyl goýalýar, ýürek ýukalýar. Türkmen men diýeniň ruhunda bolup geçýän şeýle üýtgeşikligi bir mysal bilen aňlatmakçy bolýaryn. Kyrkdan soň türkmen halk sazlary ýüregiňe üýtgeşik täsir edýän ekeni. Olaryň indi batyny – içki manysy açylýar. Gyza söýgüden söz açýar hasaplan sazlaryň indi ylahylyk barada habar berýän ýaly bolup barýar. Kyrka çenli adam şahsyýeti dürli ugurlara pytramaly bolýar – çaga, dogan-garyndaş, aýal, il-gün. Kyrkdan soň bolsa ol Perwerdigärimiz bilen ýüzbe-ýüzleşmäge ugraýar. Emma öz hususyýetinde gizlenip ýatan täze güýç-kuwwat görnüşini açmak üçin oňa Allatagala tarap ýöremek gerek.
Maňa dogry we doly düşünilmegini isleýärin: toba edip, kämillige ýetip, Hakyň dergähine dolanmak durmuşdan gaçmagy aňlatmaýar. «Toba» uly hem düýpli ruhy täzeleniş hökmünde, adamyň içki dünýäsiniň üýtgedip gurulýandygyny aňladýar. Kämillige ýeten adam durmuşa şondan ozal özüne hem hereketlerine mahsus bolmadyk düýpli ruhy pozisiýadan çemeleşýän adamdyr. Ol durmuşdan el üzenok, emma indi onuň durmuş bile arasynda Hudaý atly çuňňur hem berk ruhy baglanyşyk bar. Meseläniň aşa çylşyrymly ruhy-psihologik tebigatynyň bardygy üçin men gaýta-gaýta takyklamaly, tekrarlamaly bolýaryn: Kämillik adaty, durmuşda bolup geçýän zatlary asla-da inkär etmek däldir. Toba arkaly kämillige baran, indi jahyl däl adam bulara özge bir ruhy nukdaýnazardan seredýän adamdyr. Ol indi diňe bir ýaşy boýunça däl, eýsem durmuş tejribesi we ruhy derejesi boýunça ýaşululyk mertebesine ýetdi. Indi oňa jahyla mahsus oýlanyşyksyzlyk, garadangaýtmazlyk, kakabaşlyk, maddy hajatlar bilen şertlendirilen hereketler, dünýäni gyzgyn tutmak, dünýä bilen yssy-yssy atylyşmak, bir söz bilen aýdylanda, dünýäniň soňy boş güýç-kuwwatynyň gyzgyny we dyzmaçlygy bilen ýaşamak mahsus däldir. Ol indi berçikdirmeýän energiýanyň hasabyna ýaşaýar. Ol ýaşaýşyň düýşünden aňyny hem köňlüni saplan şahsyýet.
Şonuň üçinem ol durmuşdan daşlaşmak bile oňa öňküdenem ýakyn gelýär. Durmuşa bakylyk nukdaýnazaryndan garaýar we baha berýär. Şeýle adam bolsa diňe özüniň ýa maşgalasynyň däl, eýsem tutuş iliň, milletiň aladasy bilen ýaşamaga ukyplydyr. Türkmende ýaşululyk mertebesi diýilýän zadyň düýp manysy-da şunda ýüze çykýar. Ýaşululyk diňe bir durmuş tejribesinden önýän akyl-paýhas däldir. Ol ruhy sepgit, ruhy derejedir. Bu derejäniň esasynda bolsa toba etmek diýilýän uly ruhy öwrülişik ýatýar…
Meniň ýene köne şahyrlarymyzyň dilinde adatyň, däp-dessuryň ruhy-psihologik röwüş alşyna gaýdyp gelesim gelýär. «Türkmende Magtymguly ara salynsa, mesele çöp döwlen ýaly edilýär» diýen gürrüň bar. Şonuň üçin bu şahyrdan käbir aýry-aýry setirleri getirmek bilen çäkleneýin.
Söýüşmeklik – bu dessury-zamandyr…
Her il destur etse şerap içmäge,
Ol ýurda tagun durmana gelgeý…
Bu dessurdyr – aýralyga aglarlar…
Özgeleri bilemok, ýöne meniň üçin bu setirler eýýamyň geçegçiligini gözümize basýan ýaly. Munda wagtyň ötegçi sorkuldysy bar. Wagtyň içindäki hadysanyň diňe şol çäkde manysy bar. Many diňe çäkleriň içinde ýaşaýar, «Umuman many» diýilýän zat bolmaýar. Her bir manynyň çäginden çykanyňdan soň, ol bimanylyga öwrülýär. Dessuryň manysy-da şeýledir. Söýüşmeklik ýaşlykdan, jahyllykdan geçeniňden soň, bimanylyk bolup görünýär. Ýas güni edilen agy birnäçe ýyldan soň, şeýle bolup görünýär. Bu hakykat – duýgy hakykatydyr.
Duýgy sowlup, köňül sowandan soň, geçen günler düýş hem bimanylyk bolup görünýär.
Jan sowlup, beden sowandan soň, ömür bimanylyk bolup görünýär.
Bu gyzgyn duýgyny, bu many çäkliligini şerap içilişige meňzetmek bolar. Şerabyň humary başa uran wagty hemme zat manynyň aňrybaşy bolup duýulýar. Çünki şerabyň täsiri bedeni mümkinçilikleriň iň ýokary derejesinde işlemäge mejbur edýär.
Emma ertesi gün durmuşyň öňki akymyna gaýdyp gelen göwne düýnki gan hem duýgy dartgynlygy bimanylyk bolup görünýär.
Şu manyda jahyllyk hem özboluşly keýpdir.
Jahyllyk – dessury-zamandyr.
Şonuň üçinem jahyllyk humary başdan öçüberende, ömrüň toba bilen dowam etmegi bütinleý tebigy ýagdaýdyr.
Toba diýp Haka dönäli
Indiden soň ýaş bolmar sen.
Adamyň ýeten ýaşyna görä, öňki endikleri dowam etdirmek mümkin däl. Ýaşuly bolanyňdan soň, durmuşa başgaça garamaly bolýar. Mundan soň, ömrüň ýolaýyrdyna ýeteniňden soň, adamyň öňünde iki hili ýol galýar: ýa-ha nebsiň yzyna düşüp, baýlyk-pul üçin ýaşap, öňki akyl jahyllygyny dowam etdirmeli, ýa-da: «Durmuş beýle eken-ow!» diýip göwnüçökgünlige ýüz urmaly. Bu ýollaryň ikisi-de adam üçin howpludyr. Şonuň üçinem öňki güýç-kuwwat boşansoň, adamyň ugry toba tarap bolmaly. Toba arkaly kämilleşmeli, ýüregiňi giňeltmeli, paýhasyňy artdyrmaly. Şeýdip adam öz şahsyýet kämilligini ykrar etmeli. Bu adamyň beden hem akyl mümkinçiliginiň täze ugrunyň açylmagy, ömrüň ikinji many barlygynyň açylmagydyr.
Tobanyň manysy ökünmek, puşman etmek diýýäris. Emma muňa çuňňur ruhy manyda düşünmeli. Muňa giden güýç-kuwwatyň täze prinsipler, täze gymmatlyklar bilen öwezini dolmaly diýen manyda düşünmeli. Muňa bedeniň bipaýhas hereketi bilen şertlendirilen özakymlaýyn endikleriň ornuna paýhas ýörelgeleri gelýär diýen manyda düşünmeli. Beýle öwrülişigiň esasynda bolsa toba ýatýar.
Eger siz türkmeniň köne edebiýatyny gözden geçirseňiz, dessanlarymyzda we şygryýetimizde mynajat diýilýäniň bimöçber uly orun tutýandygyny görersiňiz. Mynajat türkmen şygrynyň özbaşdak žanry, türkmen söz sungatynyň aýratyn bir görnüşi derejesine ýetipdir. Bu ruhy-estetiki hadysany, mümkingadar, hertaraplaýyn we bitewülikde göz öňüne getirmek üçin onuň aslyndan başlalyň. Özüniň aslynda bolsa mynajat doga bolmaly. «Doga» sözüniň, düşünjesiniň köp manylarynyň biri bolsa Hudaý bilen gürrüň, Hudaýa ýüzlenmekdir. Adam Hudaýa ruhy güýç-kuwwat diläp ýüzlenýär. Diýmek, doga diýilýän zada ruhy güýjüň çeşmesi hökmünde seretmek bolar.
Mynajatyň manysyna we onuň üç aýratynlygyna üns çekesim gelýär. Mynajat:
– Ýekelikde okalýan doga.
– Gije okalýan doga.
– Gizlin gürrüň.
Şu hili taraplaryna garanyňda, mynajat ruhuň pynhan hadysasy diýdirýär. Ýekelik, gijelik, gizlinlik – aň bilen aňasty sferalaryň tapyşýan, kesişýän ugrundan habar berýär. Adam Allatagalanyň dergähine barman, Onuň bilen gaýybana ýüzbe-ýüz bolmak üçin özboluşly ruhy-psihologik ahwalaty döretmeli we onuň içine girmeli, belli bir wagt içinde şol ahwalatda ýaşamaly bolýar. Ol özüni gurşap alýan daşky dünýäden, adatylykdan wagtlaýynça daşlaşmaly. Ol dünýä bilen baglanyşykly aladalardan, ynjadan, öz ykbalyny adatylygyň yzyna düşüp, ymsyndyran hem irikgä eden isleglerden arany açmaly. Çünki şeýtmeseň, mynajat üçin zerur içki psihologik atmosferany döretmek mümkin däl.
Şeýlelikde, mynajata duran adamyň aňy wagtlaýyn hem bolsa içki gurluşy taýdan düýpli we düýpgöter üýtgän aňdyr. Elbetde, adamlaryň hemmesi, hatda köpüsi muňa ukyply däl. Sebäbi olar ýeke özüň galmak, öz-özüň bile galmak diýilýän zady bilmeýärler. Munuň üçin adamyň ruhy gurluşy taýdan iki düzümli bolmaly – onuň içinde bir däl-de, iki sany «men» bolmaly. Adamyň içki dünýäsi çylşyrymlylygy we ýekeligi taýdan daşky dünýä – tebigat we jemgyýet bilen barabar bolmaly. Özi bilen ikiçäk galyp bilmeýän adam mynajatyň nämedigini bilmez. Adam öz-özüni içki taýdan gurnap hem döredip bilýän şahsyýet bolmaly.
Toba bilen baglanyşykly mynajatyň, öz tebigaty boýunça, estetiki hadysa bolmagy köp zatdan habar berýär. Men poeziýany edebiýatyň hususy bir hadysasy bolan žanr hasap edemok. Şygryýet ruhuň ylym, sungat, din ýaly düýpli ugurlarynyň biridir. Şahyrlyk ruhuň ählumumy ýüze çykmasydyr we ählumumy ahwalatydyr. Islendik ruhy döredijilik şahyrana ylham we şahyrlyk bilen baglanyşyklydyr. Şu manyda islendik pygamber hem, her bir hakyky alym, aýdaly, fizik ýa matematik, filosof hem şahyrdyr. Diýmek, mynajat hem dar manydaky žanr, şahyrlyk hem ýöne bir edebi hadysa däldir. Şonuň üçinem türkmen ruhunyň esasy ýüze çykmalarynyň biri bolan tobany, toba etmegi mynajata baglamak bilen men uly meseläniň gabarasyny kiçeldýändirin, ruhuň giň akymyny dar hana salýandyryn, bary-ýogy bir edebi žanryň gürrüňini edýändirin öýdemok. Gürrüň ruhuň tutuş gerimindäki täsinlik hakynda barýar.
Mynajata duran adam özüni Hudaý dergähinde duran diýip göz öňüne getirýär. Aňyň bu hili içki üýtgedip gurulmasy adamyň aňasty hakykatlarynyň aňa gitmegine, şol bir wagtda-da hakydanyň unudylan pursatlarynyň oýanmagyna sebäp bolýar. Mynajata durmuk – öz-özüňi derňemäge, geçen ömrüňi elekden geçirmäge durmakdyr. Adam öz hatalary, ýalňyşlyklary, eden ýaramaz işleri we etmedik haýyr işleri bilen ýüzbe-ýüz durýar. Emma bu ýerde Müňkir – Nekiriň etmeli işini adamyň özi ýerine ýetirýär. Adam ölenden soň, olaryň ýanyna ýüzli bolup barmak üçin, öz hatalaryny derňeýär we olardan ahlak netijeleri çykarýar. Mynajatyň düýp ahlak manysy şundadyr.
Mynajatçynyň aňynda iki şahs aýratyn orun tutýar. Olaryň birinjisi – Allatagalanyň özi, Allatagalanyň özüne ýüz tutmak, Onuň öňünde ýüregiňi açmak adamyň ýüregini suwly edýär. Aňynda hem aňastynda toplanan, baslygan, onsoň indi janyňa hem imanyňa dawa edýän agyr psihologik hem fiziologik ýükden boşamak seni ýeňledýär, täze gujur-gaýratyň toplanmagyna ýol açýar. Adamyň diňe Allatagala gul bolasy gelýär, çünki Hudaýa gul bolmak beýleki ähli gulçulykdan halas edýär. Bu adama has ygtybarly çykalga bolup görünýär.
Mynajat diňe bir geçeni aňlamaga däl, eýsem geljegi göz öňüne getirmäge-de mümkinçilik berýär. Türkmeniň toba bilen baglanyşykly ruhy tejribesinde hatalaryndan psihologik taýdan saplanan adam üçin ruhy nusga hem görkezilipdir. Mynajatçynyň aňyndaky şahsyň ikinji diýýänim şol nusgalyk şahsyýetdir. Ol – pir, mürşit, rehber. Şeýle şahsy nusga eýerip, adam şondan beýläkki ýaşaýşynyň ahlak ýörelgelerini we prinsiplerini ykrar edýär. Türkmen ruhunyň, türkmen sungatynyň şeýle şahsyýeti, şeýle oňyn idealy döredip bilenligi uly hadysadyr. Biziň geçen ýetmiş ýyllyk edebiýatymyz näçe çytraşsa-da, şeýle idealy döredip bilmedi.
Mynajatyň esasy aýratynlygy – ruhy-psihologik ýekelik meselesine gaýdyp geleli. Bir zada üns berdiňizmi: kimdir biri bilen özüň üçin, megerem, täzelik, hatda täsinlik bolup durýan zat hakynda gürrüň edýärsiň. Sen turuwbaşdan onuň aýdýan pikirlerine aňk bolup başlaýarsyň. Onuň pikirleri seniň üçin garaşylmadyk açyş, seniň öz öňki pikiriňe şeýle bir güýçli urgy bolýar weli, sen «bäý-bä!» diýeniňem duýman galýarsyň. Hatda «Ah-ow, meniňki dagy nämejik eken!» diýýärsiň.
Ýöne, ine, bu pikirleri aňyňda apalap, agşam stoluň başyna geçeniňde, hälki söhbetdeşiň pikirleri bilen ikiçäk galanyňda, olar şeýle bir adaty, şeýle bir tanyş, hatda ownujak hem täsirsiz zatlar bolup galýar. Onsoň diňe şonda sen häli gürrüňdeşiň pikiriniň däl-de, şahsyýetiniň täsiri astynda bolandygyňa düşünip galýarsyň. Onuň endikleri, hereketleri, gürleýşi, äheňi, mimikasy saňa şeýle bir güýçli täsir edipdir. Indi, bu zatlaryň bary aradan aýrylyp, sen diňe pikir bile ýüzbe-ýüz bolanyňda, özge pikire seniň duýgularyň däl-de, akylyň baha kesip ugranda, bütinleý başga täsire hem netijä gelýärsiň. Muňa näme mümkinçilik berýär? Muňa seni özge pikir bilen ikiçäk goýan ýekelik hem ümsümlik mümkinçilik berýär.
Dirikä özgelere, daşyndakylara güýçli täsiri bolan dörediji adamlara ýogalansoňlar köplenç başgaça baha kesilýär. Edil şonuň ýaly-da, şahsyýetiniň lellimligi, pesligi pikiriniň güýçlüligini basmarlaýan, öçügsileşdirýän adamlaryň ady hem täsiri ölenden soň ulalyp gidýär. Çünki iki halatda-da kim bolanda-da indi şahsyýetiň özi ýok, onuň diňe eden işleri galdy.
Iň güýçli pikirlere, adatça, gijigip ýetilýär.
Güýçsüz halyna güýçli täsir edýän pikirler bolsa başda göz gamaşdyryjy görünse-de, ümür sowlan ýaly çalt sowlup gidýärler. Ýeriň ýyly demi uran gyraw ýaly gözden uçup gidýärler. Onsoň oturyp özüň haýran galýarsyň: «Nädip şular dagy hem maňa şeýle täsirli göründikä?» diýip.
Men näme diýjek bolýaryn?
Men ruhy açyşda, ruhuň kämilleşiş işinde, mynajatyň ýekelik şertiniň ählumumy ähmiýeti bar diýjek bolýaryn.
Hakykata köpçülik bolup barlanok.
Dünýä-de ýekelikde dolandyrylýar.
Ýekelikde gelnen pikir, karar, netije esasynda dünýä dolandyrylýar. Köpçüligiň howuny basyjy hereketi bolsa şol ýekelikdäki pikiriň ýerine ýetirilmesidir.
Hawa, türkmen ruhunyň içki tälim meselesindäki terbiýesi şeýle diýýär.
Osman ÖDÄÝEW.
Filosofiýa