21:55 Tost toýundaky içgepletmeler | |
TOST TOÝUNDAKY IÇGEPLETMELER
Edebi tankyt
Soñky otuz ýyl tiz geçdi. Men Aşgabadyñ şindiki Lenin prospektiniñ (häzirki Türkmenbaşy şaýoly -t.b.) ugry bilen pyýadalap işe gatnaýardym. Sen şol prospektiñ ugrunda harby gullugyñy geçýärdiñ. Entek meniñ oñly ýazan zadym ýokdy, sen tanalyp barýan goşguçydyñ. Emma bize diñe goşguçy diýseler ýokuş görjekdik, biz özümizi şahyr hasaplaýardyk. Hakykatda bolsa ýañy waspçylyga ýetişip barýardyk. Biziñ halypalarymyz Mämmet Seýidowam ýaşdy, Gara Seýitliýew bilen Rehmet Seýidowam ýaşdy. Pomma-da ýaşdy. Tutuş Aşgabat ýaşdy, jümle-jahan ýaşdy. Sebäbi Aşgabat uruşdan soñky altynjy bahara beslenipdi. Paýtagt şäheri agyr tebigy zarbanyñ astyndan omzap-omzap dikelip barýardy. Ikimiz urşa gatnaşmandyk, ýöne özümizi frontçy hasap etmäge hakymyz bardy, täzeden dikeldilýän şäherimiziñ gurluşygynda işlämizokdyk, ýöne gurluşykçy diýmäge-de hakymyz bardy. Sebäbi, taryhy döwür, taryhy ykbal graždanlyk möhürini bize juda ir basypdy. Agyr ýyllar bize Adamyñ gadyryny bilmegi, ony söýmegi, Adama daýanmagy hem-de ynanmagy öwretdi. Uruş ýyllarynyñ juda gymmat düşen döwüm nany biziñ damarlarymyza diñe gan bolup däl-de, eýsem ar-namys bolubam ýaýrady. Ýeñiş getiren ýazda ak patrak bolup açylan erik güllerini biz ömrüñ beren toýpaýy hökmünde kabul etdik. Soñky otuz ýyl tiz geçdi. Sebäbi şol ýyllary biz dünýäniñ, durmuşyñ yşgynda geçirdik. 15 ýaşlarymyzda biz köpbilmişdik, indi elli ýaşda juda az zat bilýändigimize göz ýetirdik. Indi ähli zada "akyl ýetirip" duran ýaş kärdeşlerimize biziñ haýpymyz gelýär. Adamda ejizlik diýen zat bar, ýagny her adamyñ iñ bolmanda bir ejiz tarapy bolýar. Mysal üçin, öwgüniñ öñünde durmak kyn, emma öwgülere özüñi doly mynasup hasap etmek, özüñ hakynda aýdylýan ähli gowy zatlary tebigy peşgeş hökmünde kabul etmek, gepiñ küle ýeri, özüñe ikirjiñlenmezlik, özüñe şübhelenmezlik adamy oñaýsyz, hatda gözgyny ýagdaýa salyp biler. Özüñi gazaply analize goýmak ukybyna men mydama kämilleşmegiñ alamaty hasaplapdym, öz-özüñe gyjalat bermegi, özüñden hernä närazy bolmagy, özüñe igenmegi men öñe gitmegiñ alamaty hasaplapdym, şunuñ dürs ekendigine göz ýetirmek kyn däl ýaly. Emma dogrymdan gelsem, biziñ kärdeşlerimiziñ arasynda badyhowalyga kän gabat gelýärsiñ. Özüñe ýokar baha bermek entek il-günüñ hem saña şeýle baha berýändigini añlatmaýar ahyry. Muny men näme üçin aýdýaryn. Sebäbi, men häzir sen hakda ýazmak bilen tutuş öz neslimiz hem-de yzymyzdan gelýän nesiller hakda oýlanýaryn. Biz ikimiz nämeden kemsinsegem, graždanlyk gazanynda gaýnamamyzyñ ýetmeýänliginden welin kemsinip bilmeris. Bu ugurdaky tejribämiziñ öz yzymyzdan gelýän nesillere geçmegini men uly iş hasap edýärin. Ykbal gowy şahyrlary şöhratdan birysgal edenok. Her näçe sadasyran adam gem şöhraty ýigrenýän däldir. Ony ýigrenmek geregem däl. Emma şöhratyñ özüne duýdurman seni gabawa salmagyndan, ýesir almagyndan ätiýaçly bolmak gerek. Ikimiz poeziýanyñ missiýasyna düşünýärmikäk diýýärin. Iñ bolmanda goşgyny şöhrat üçin ýazmaýandygymyza il ynanýan bolsa gerek. Poeziýa adamzat durmuşynda mydama adalatyñ esgeri bolup geldi, asylly zatlaryñ harlanmagyna, şer işiñ rowaçlanmagyna garşy poeziýa aýratyn güýç bilen göreşýär. Durmuş öñe gitdigiçe, çylşyrymlaşdygyça, ýazmak kynalýar. Bir mahallar okyjylar näme ýazsañ ynanýan ekenler, indi olary ynandyrmak üçin diñe dogry söz gerek. Dogry sözi aýtmak agyr zat däl ýaly, aslynda welin bu hiç zat däl ýaly, aslynda welin bu hiç haçan ýeñil bolmandyr. Adamlar alada-hysyrdy bilen ýaşap ýörler, ýyllar olary taplaýar, ulaldýar, garradýar, nesilleri täzeleýär. Adamlar öz-özlerine düşünmäge dyrjaşýarlar, näme edýändiklerine, nämäniñ hatyrasyna ýaşaýandyklaryna, uludyklaryna ýa-da kiçidiklerine, bagtlydyklatyna ýa-da däldiklerine düşünmäge dyrjaşýarlar. Geñ bolsa-da özüne "men gowy adam däl" diýýän ýok, ýa-da juda seýrek... Poeziýa adamlara özlerini tanamaga kömek etmelidir. Diñe özüñi tananyñdan soñ, oñ bolmanda, özüñe gazaply daramaga endik edeniñden soñ ruhy medeniýet hakynda gürrüñ etmek bolar. Seniñ ýubileýiñe bagyşlap makala ýazýaryn, özümem ýekeje eseriñ hem adyny tutamok, çykan kitaplaryñy, edebi çiniñi, jemgyýetçilik işleriñi sanamok. Sebäbi men Seniñ mysalyñda umuman şahyr hakda söz açmagy makul bildim. Goşgy goşmak bilen şahyr boljak bolýanlar bar. Şolara şahyr däldiklerini düşündirmek ýeñil däl. Sebäbi goşguly kitaplary bar. Olar çörege çörek diýip, açyş eden kişi bolýarlar. Şeýdibem, atalarynyñ tapan sözlerini öz atlaryna geçirýärler. Şahyrlygyñ tötänlik däl-de, ykbal işi ekenligine düşünmegem bir gowy. Diñe özüñe däl-de, tutuş halkyña degişlidigiñi mydama duýup durmak juda zerur. "Mollanyñ edenini etme-de, diýenini et" diýlen gadymy söz bar. Şöhratparazlugy goşgyñda ýepbeklän kişi bolup, gündelik durmuşda özüñ şonuñ, ýagny şöhratparazlygyñ toruna düşmekden ykbal gorasyn. Sadasyran bolup, gedemligiñ hekemine çykanyñy duýman galmakdan daş etsin. Sen il arasyna çykyp, uzak raýonlara, alys obalara gidip ýöregen däl. Meniñki tersine, bu birinjiden halkyñ ruhy ýagdaýyny, çeperçilik derejesini añlamak üçin gerek. Ikinjiden, öz agramyñy duýmak üçin gerek. Şonda ýaş-ýeleñler käte nädip şahyr bolandygyñy soraýarlar. Egniñi gysýarsyñ. Dogrudan-da, beýle soraga jogap bermek kyn, üstesine-de juda oñaýsyz. Onsoñ il dargandan soñ öz-özüñ ýekelikde hälki soraga egniñi gysyp oñanlygyñdan näme üçindir hoşal bolýarsyñ. Biz özümizi okumyş hasap eden bolýarys welin, entek-entekler düşünip bilmeýän zatlarymyz kän ahyry. Eýsem bolsa, biz yhlas eden bolsak, belki ökde mehanizator ýa-da hatda bir edaranyñ başlygy hem bolup bilerdik. Emma, görýärmiñ, önümçilik bilen biziñ dahylymyz ýok. Belki, bize "Nädip şahyr bolduñyz?" diýmegiñ ýerine "Näme üçin şahyr bolduñyz?" diýip sorag bermek ýerliklidir. Her niçik-de bolsa, indi giç. Biz on alty ýaşda özümizi şahyr hasaplaýardyk. Emma häzir şol ýaşlarda ýazan goşgularymyzy kitabymyza girizemizok. Altmyş ýaşanyñda şu günlerde ýazan goşgyñ saña gowşagrak bolup görünmegini arzuw edýärin. 1979 ý. Berdinazar HUDAÝNAZAROW. | |
|
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |