4. Rus goşunlarynyň türkmenlere
garşy ahalteke ýörişleri
XIX asyryň 60-njy ýyllarynda patyşalyk Russiýasy dünýädäki umumy halkara ýagdaýy, hususan-da, iňlisleriň tutuş Hindistany basyp alandygy bilen kanagatlanman, Merkezi Aziýada özüne bakna ülkeleriň sanyny köpeltmek ugrunda gurýan pirimlerini nazara alyp, Hazar deňziniň gündogar kenaryny özleşdirmek ugrundaky tagallalaryny güýçlendirip başlady. 1869-njy ýylda polkownik Stoletowyň baştutanlygyndaky goşun topary türkmenleriň ýerlerine gelip, Gyzylarbada (häzirki Serdar şäheri) çenli ýol-ýodalary aňtamak boýunça çäreleri geçirdi, 1871-72-nji ýyllarda bolsa polkownik Morkozowyň goşun bölümi Sarygamyş çöketligine çenli ýollary hem-de Gyzylarbada çenli we Bamydan Etrege çenli we has uzak ýerlere tarap ýollary aňtap anyklamak boýunça çäreleri geçirdi.
1876 – 1877-nji ýyllarda general Lomakiniň baştutanlygyndaky goşun bölümi Gyzylarbada tarap ilerlemäge synanyşdy, ýöne Ahalyň türkmenleri Nurberdi hanyň, Sopy hanyň, Dykma Serdaryň, Berdimyrat hanyň, Magtymguly hanyň, Gurbanmyrat işanyň, Kerimberdi işanyň, Orazmämmet hanyň baştutanlygynda basybalyjylara garşy aýgytly hereketleri guramagy başardylar hem-de olaryň öňe süýşmegine päsgel berdiler.
Harby hereketleriň täzeden başlanmagy türkmenleri öz hatarlaryny ýene-de jebisleşdirmäge mejbur etdi we olar patyşalyk Russiýasyna garşy birleşme döredip başlady.
Hywa türkmenleriniň oba-kentleriniň ençemesiniň ýok edilmegi, Çendiriň eteginde (1873-nji ýyl) alilileriň, ýemrelileriň, garadaşlylaryň, çowdurlaryň, gökleňleriň, ýomutlaryň we tekeleriň bilelikdäki goşunlarynyň şowsuzlyga uçramagy hem-de ganojak general Kaufmanyň aýallary-da, çagalary-da aýaman öldürmek hakyndaky buýrugy, şeýle hem ruslaryň goşun toparlarynyň iň döwrebap toplar bilen üpjün edilendigi garşylyk görkezmek hereketlerini ulanmagy netijesinde türkmenleriň ýüzlerçesiniň heläk bolmagynyň howpunyň döremegine eltip biljekdigini görkezdi. Şonuň üçin öz garşysyna harby ýöriş guralýan Ahalyň tekeleri Gökdepede geçirilen adatdan daşary ýygnagyň çykaran karary bilen 1875-nji ýylyň iýun aýynyň 20-sinde Gündogar Hazar bölüminiň başlygy diýen wezipä bellenilen general Lomakine ýörite hat iberdiler. Şol namada türkmenler belli bir özbaşdaklygyň saklanmagynda Russiýanyň raýatlygyny kabul etmäge razydygyny mälim edýärdi.
Emma Lomakin merkeze iberýän özüniň hatlarynda Ahalda ruslaryň gönüden-göni we doly dolandyryşyny haýal etmän girizmegiň zerurdygy hakynda ýazmagy dowam edýärdi. Ol uruşmakdan başga zat hakynda pikir etmeýän bir ganojakdy hem-de şeýle ýazýardy: «Diňe bir çäre galýar, ol hem garakçylaryň bu mesgenini, biziň döwrümiziň ysnat getirijileri bolan bozgaklary doly ýok etmeli. Bütin Merkezi Aziýa, Horasan, Owganystan, Buhara, Hywa bize seredýär we biziň şu boýunegmezek wagşylaryň, şu ýabany talaňçylaryň haçan soňuna çykjakdygymyza garaşýar».
«Türkmenistan SSR-niň taryhynda» (1955-nji ýyl) hamala, şol döwürde diňe öz şahsy bähbitlerini araýan, ruslara tabyn bolmagyň ülkede parahatlygyň we eşretli asuda durmuşyň ýola goýulmagynyň ýoludygyna düşünmeýän ters pikirli hanlaryň we kethudalaryň bolandygy, olaryň «kapyrlara garşy ýigrenç duýgularyny öjükdirendigi» hakynda gürrüň berilýär. Emma bolan wakalar baradaky dogruçyl maglumatlar ýagdaýyň düýbünden başgaça bolandygy, ýagny Lomakiniň hereketleriniň türkmenlerde erjellik bilen garşylyk görkezmek duýgusynyň döremegine ähli zatdan beter sebäp bolýandygy hakynda şaýatlyk edýär. Paýtagtdan kesgitli buýruk alan patyşa goşunlary ýumuş oglanlary diýilýänlerdi. Olar Ahaly almaga çalyşýardy, munuň üçin zerur harby enjamlary, üpjünçilik serişdelerini toplamak üçin menzil gerekdi. Sany boýunça az, ýarag üpjünçiligi babatda bolsa asla deňeşdirer ýaly däl tekeleriň ýagdaýyň şeýledigine garamazdan, boýun egmezligi, tersine, şert goýmagy bolsa ruslary halys dergazap edýärdi. Knýaz Swýatopolk-Mirskiý 1879-njy ýylyň fewral aýynda şeýle ýazýar: «Tekeleriň biz baradaky hereketleri we belli bir häkimiýeti bolmadyk bu halk bilen gepleşikleri geçirmek we ylalaşyklary baglaşmak üçin hiç hili mümkinçiligiň ýokdugy olara garşy ýaragyň güýjüni ulanmagy doly delillendirýär».
1879-njy ýylyň başynda Gündogar Hazar harby bölüminiň goşunlarynyň serkerdebaşysy edilip general-adýutant Lazarew bellenildi. Şeýlelikde, 1-nji ahalteke ýörişi başlandy. Rus goşunlary Ahala tarap hereket etmek bilen boldy. Goşunlara ýolbaşçylyk etmekde ikinji orna geçirilen Lomakin özüni döwletiň jana-jan bähbitlerini amal etmäge jan edýän adam hökmünde görkezjek bolup, hiç zatdan çekinmeýärdi. Türkmenler bilen bolan islendik çaknyşyklar hakyndaky özüniň habarnamalarynda ol türkmenleriň güýjüni has köp edip görkezýärdi, şeýlelikde, öz goşun toparynyň hereketleriniň ähmiýetini hem-de özüniň hamala başarnykly ýolbaşçylygyndaky ýörişiň has gazaply usullar bilen amala aşyrylmagynyň wajyplygyny görkezmäge çalyşýardy.
1879-njy ýylyň awgust aýynda ahalteke ýörişiniň iň gyzgalaňly wagtydy. Patyşa goşunlarynyň öňdäki bölümleri eýýäm Ahalyň eteklerine ýetipdi, şonda general-adýutant Lazarew ölýär we general-maýor Lomakin goşunlara baştutanlyk etmegi öz üstüne kabul edýär. Ol paýtagtdaky ýolbaşçylaryň öňünde täzeden abraý gazanmak üçin hiç zatdan çekinjek däldi we esgerleriň üpjünçilik ýagdaýyny-da, ýerli ilatyň aýratynlyklaryny-da nazara alman, barlyşmaga ýol-ýoda gözlemän ähli güýçleri haýal etmän Gökdepä tarap sürdi. Ahalyň ilaty uludan-käçä mal-garasy bilen şol ýere jemlenipdi. Galany goraýjylaryň köpüsi çagaly aýallar we gojalardy.
Dürli çeşmelere görä, ruslaryň goşunlary şulardan ybaratdy: pyýada goşun – Şirwan batalýony we Gruzin, Leýb-Grenader, Ýerewan, Apşeron, Dagystan, Kura, Kabarda, Kawkaz, Taman polklarynyň we Kawkaz grenader birikmesiniň batalýonlary: atly goşun – Pereýaslaw Dragun polkunyň diwiziony, kazaklaryň Labin polkunyň ýüz esgeri, Wolga polkunyň ýüz atlysy, diňe uruş döwründe toplanylýan atly dagystan polky, Nižegorod Dragun polkunyň ýüz atlysy: topçulardan – kazaklaryň atly topçularynyň batareýasy, raketaçylardan ýüz esger, topçular brigadasy, dag toplarynyň batareýasy, Gündogar Hazar meýdan topçulary.
Eýýäm aýdyşymyz ýaly, Ahalyň türkmenleriniň ählisi diýen ýaly, Gökdepe galasynda jemlendi. Ol dürs inedördül görnüşdedi, onuň merkezinde Diňlidepe diýen gala bardy. Obanyň daşynda iki sany belent seňňer we çuň garymlar bardy. Içerki garym suw bilen doldurylgydy. Birinji seňňerden we garymdan geçenden soň duşman ikinji seňňere we ikinji garyma duşýardy. Ikinji seňňeriň üstünde içi çägeden doldurylan öýleriň 6 sany hatary goýlupdy. Deň aralyklardan içi azykly we suwly öýler dikilipdi. Öýleriň ençemesiniň öňünde garymlar we gizlenmek üçin ýerzeminler gazylypdy.
1879-njy ýylyň awgust aýynyň 28-inde ownuk parçalara bölünýän top oklarynyň, karteçleriň, raketalaryň köp sanlysyny Gökdepäniň üstünden inderip we ýarysyndan gowragy aýallar we çagalar bolan galanyň goraýjylaryna uly ýitgi ýetirip, Lomakin ähli goşuny hüjüme sürdi. Grenaderler we atyjylar berkitmeleriň birinji hataryndan geçmegi başarandan soň türkmenleriň gaýduwsyz garşylygyna sezewar boldy. Gökdepäniň goraýjylarynda diňe bir topuň bolandygyny, onuň hem partlaýjy oklary däl-de, eýsem daşdan ýasalan oklary atýandygyny, galany goraýjylaryň ýaraglarynyň çakmak daşly tüpeňlerden, gylyçlardan, pyçaklardan, gyrkylyklardan, ujy ýiteldilen taýaklardan, ýöne kesewilerden ybarat bolandygyny aýtman geçmek bolmaz. Emma şuňa garamazdan, öz erkinligini we ýurduny goraýan, asly merdana we gaýduwsyz halkyň ýürek joşguny, duşmana bolan ýigrenç duýgusy bilen eden hereketleri rowaçlyga eltdi. Patyşa goşunlary yza çekildi. Ertesi ir bilen bolsa olar howlukmaç ýagdaýda yza çekilip başlady. Şeýlelikde, rus goşuny şol Gökdepe söweşinde ýeňildi. 1-nji ahalteke ýörişiniň şowsuz tamamlanandygy äşgärdi. Türkmenler müňlerçe adam ýitgi çekdi, olaryň hem köp bölegi esasan toplardan oka tutulmagy netijesinde wepat bolupdy. Türkmenlerde bolsa toplar asla ýokdy. Gylyçdyr naýza ulanyp darkaş gurmaga gezek gelende türkmenler rüstem çykýardy. Patyşa goşunyndan 176 adam öldürildi, 268 adam ýaraly boldy we 8 adam dereksiz ýitdi. Rus goşunlary Orta Aziýadaky harby hereketleriniň ähli döwründe heniz munuň ýaly ýitgi çekmändi.
General Lomakiniň kime niýetlenendigi mälim bolmadyk, 1879-njy ýylyň sentýabr aýynyň 30-ynda, ähtimal, ýörişiň şowsuz bolmagyny dürli ýerliksiz bahanalar bilen delillendirmek üçin ýazylan haty saklanyp galdy. Şol hatda general merhum Lazarewiň düzen meýilnamasy boýunça hereket etmegi dowam edendigini ençeme gezek gaýtalaýar. Ol ýörite guralan şu uly harby ýörişi diňe ýerli şertleri öwrenmek üçin amala aşyrylan aňtaýyş çäresi diýip atlandyrýardy, goşunyň yza çekilmegini bolsa azygyň ýetmezçiligi we şuňa meňzeş bahanalar bilen esaslandyrýardy. Emma aňtaýyş işleriniň tutuş goşunyň güýçleri bilen geçirilmeýändigi hemmelere aýdyň ahyryn, galyberse-de, Gökdepäniň etegine gelnen pursatda rus goşunlarynyň azyk gorlarynyň üsti ýetirilipdi. Onsoňam, söweş bary-ýogy bir gün dowam etdi ahyryn. Lomakin öz ygtyýarynda pyýada goşundan bary-ýogy 1804 adamyň we 12 topuň bolandygy barada ýazýar, emma alym N.N.Knorring onuň baştutanlygynda 11 müň adam goşunyň we 34 sany örän kämil toplaryň bolandygy hakynda ýazýar.
1880-nji ýylyň ýanwar aýynda 2-nji ahalteke ýörişine ýolbaşçy edilip general M.D.Skobelýew bellenilýär. Ol özüni 1873-nji ýylda general Kaufmanyň Hywa garşy ýörişinde, soňra bolsa 1875-76-njy ýyllarda Kokantdaky söweşlerde tanadypdy. Onuň özüni batyrgaýlygy bilen tanadandygyna garamazdan, serkerdeleriň köp sanlysy ýaragsyz ilata gereksiz çozuşlary gurap, olary gyrmagyna garşy çykyş edýärdi. Skobelýew 1877-78-nji ýyllarda rus-türk urşunda söweşlere gatnaşdy we özüni başarnykly serkerde hökmünde tanatdy. Emma serkerdebaşy hökmünde ukyplary bilen tapawutlanýandygyna garamazdan, Skobelýew rehimsiz, gödek adamdy, hatta ofiserler we generallar bilen gatnaşyklarda bil baglar ýaly adam däldi. Harby serkerde hökmünde gulluk eden ähli ýyllarynyň dowamynda K.Lewisskiý, Gerştensweýg, polkownik Kuropatkin, Plewnada goşunlara baştutanlyk eden general Zotow, general Stoletow, general Dmitriýewskiý we hatda ganhorçulygy bilen tapawutlanan general Kaufmanyň özi ony özüni juda edepsiz alyp barýandygy hem-de serhoşlygy gowy görýändigi üçin aýyplaýardylar.
Skobelýew Ahalteke ýörişinde özüniň ilkinji hereketlerini üpjünçilik ýollarynyň guralmagyny barlamakdan başlady hem-de Gökdepeden 100 kilometr uzaklykda Bamy obasynda hüjüme taýýarlanmak üçin üpjünçilik menzilini gurady. Esgerler üçin azyk we atlar üçin ot-iým şol ýere getirilip başlandy. 1880-nji ýylyň iýul aýynyň 1-inde Skobelýew 10 sany topy, 800 adamdan ybarat goşun bölümini ýanyna alyp, ýagdaýy aňtamak maksady bilen Gökdepäniň töweregine ýöriş geçirdi. Şol bir wagtda ol merkeze özüne garşy hereketlere diňe tekeleriň däl, eýsem ahallylara kömek berýän gökleňleriň, nohurlaryň, ýomutlaryň hem gatnaşýandygy hakynda habarlary iberýärdi.
1880-nji ýylyň ahyrynda Skobelýew öz baştutanlygyndaky goşunlary Gökdepä tarap sürdi. Olar gala bilen aralykda ýoldaky dürli bökdençlikleri kynlyk bilen geçip, haýal hereket edýärdiler. Dekabr aýynyň 28-inde türkmenler galadan gysga wagtlyk çozuş amala aşyrdylar. Dört müňe golaý aýagy ýalaňaç türkmen ýeňlerini çermäp we ellerindäki hylyçdyr hanjarlaryny mäkäm gysymlap, duşmanyň üstüne şirler kimin gazaply topuldy. Duşmanlaryň baýdaklaryndan birini, toplaryň birnäçesini olja alyp, pyýada goşunlaryň bir ýüzden gowragyny öldürip, türkmenler ýene-de galalaryna gaýdyp bardylar. Şonuň ýaly duýdansyz guralýan we örän çalt geçýän aldym-berdimli çaknyşyklar kätä söweşlere öwrülip, her gün bolup geçýärdi.
Kuropatkiniň maglumatlaryna görä, galany goraýjylaryň ählisinden (40 müňe golaý adam) takmynan 20 müňüsi erkeklerdi, olaryň 5 müňüsiniň tüpeňleri (500 sany bäşatar, beýlekileri pelteli tüpeňler we myltyklar) bardy; ilatyň galan böleginde diňe gylyçlar, pyçakdyr hanjarlar, gürzi hökmünde ulanylýan taýaklar bardy.
Türkmenlere garşy bolsa oňat türgenleşik gören, köp tejribe toplan hemişelik goşun durýardy, ol 38 rotadan, 11 sany ýüzlükden we eskadronlardan ybaratdy. Olaryň elinde 4880 sany ujuna pyçak dakylan tüpeň, 1175 sany gylyç bardy. Şeýle hem goşunyň düzüminde 965 sany topçy bardy. Serkerdeler bilen bilelikde sany 7100 adamdan ybarat bolan, tüpeňlerden, granatlardan we partladyjylardan başga 59 topy, 5 sany karteç atyjysy, 4 sany mortirasy we 11 sany raketa abzaly bolan goşun hüjüme taýýar bolup durýardy. Türkmenleriň ähli top-tophanasy bolsa 6 gadaklyk oklary atýan mis topdan we 2 sany zemberekden ybaratdy, olar hem saz däldi we diňe duşmana haýbat atmak üçin goýlupdy.
1881-nji ýylyň ýanwar aýynyň 2-sinde skobelçiler galanyň diwarynyň aşagyny köwüp we partladyjylary goýup başladylar. Galanyň özi bolsa her gün toplardan we tüpeňlerden aldygyna oka tutulýardy.
1881-nji ýylyň ýanwar aýyyň 12-sinde gala zabt edilip başlandy. Şol gün gala tarap 224 raketa, 5864 top oky, 286314 gülle atyldy.
Galanyň içi adamlardan we mallardan doludy. Her bir top oky, her bir raketa türkmenlere örän köp ýitgi ýetirýärdi. Sebäbi şol günüň dowamynda öň ýanyndaky 12 gündäkä garanyňda has köp top oklary atylypdy. Munuň özi Skobelýewiň düşünjesine görä, harby sungatdy, söweşi guramagy başarmakdy, esger gahrymançylygydy.
Galanyň diwarynyň aşagyna goýlan partladyjynyň zarbasyna diwar böwsüldi. Atly türkmenleriň bir bölegi töwerekdäki rus goşunlarynyň arasyndan kürsäp özüni çöle atmagy başardy. Beýlekiler bolsa ahyryna çenli söweşmegi dowam etdi. Partlaýjynyň güýji bilen diwarda emele gelen uly gädikden galanyň içine Kuropatkiniň baştutanlygyndaky goşun bölümi girdi. Basybalyjylar her bir öýi, her bir ýerzemini, her bir garymy agyr söweş netijesinde eýelemeli bolýardy. Çaknyşyklar bütin gije dowam etdi.
General Skobelýew serkerdäniň mertebesi diýen düşünjäni unudyp, öz baştutanlygyndaky goşuna şeýle merdanalyk we gaýduwsyzlyk bilen garşylyk görkezilen Gökdepe galasynyň goraýjylaryndan öç almak üçin ony üç günüň dowamynda talamaga, aýal-ebtatlara garşy wagşyýana hereketleri etmäge kazaklara we esgerlere rugsat berdi. Skobelýewiň ýanynda bolan doktor Geýfelder we Kuropatkin munuň wagşyçylykdygyny generala aýtdylar, rus goşunlarynyň serkerdebaşysy bolsa munuň özi türkmenlere rus goşunlarynyň hakykatdan hem ýeňendigini görkezer, olaryň gözüniň oduny alar we geljekde hiç haçan ruslara garşy el galdyrmaz ýaly eder diýip jogap berdi. Ol şeýle hem galany doly weýran etmek we onuň duran ýerini sürmek hakynda buýruk berdi.
Öňdebaryjy pikirli rus harby adamlary Skobelýewiň uruş alyp barmakda ulanan wagşyçylykly usullary hakynda eşidip, gahar-gazap bildirdiler. Ol Türkmenistandan yzyna çagyryldy. Hatda patyşa Aleksandr III Skobelýewi köşkde kabul eden mahaly onuň hereketlerinden nägiledigini bildrimek üçin: «General, eýsem siziň goşun bölümiňizde düzgün-nyzam nähili berjaý edilýärdi?» diýip sorady.
Gökdepe wakalaryna baha bermek bilen, kapitan Weýl şeýle ýazýar: «Ruslar Orta Aziýada adam sany köp, ýöne erbet ýaraglaran, düzgün-nyzam hakynda düşünjesi bolmadyk, tertibi berjaý etmeýän, bir topar erkeklerden, aýallardan, çagalardan, düýelerden, beýleki mallardan ybarat orda bilen duşuşmaga öwrenişdiler. Söweşýänleriň her biriniň aýratynlykda alnanda örän batyr bolmagy mümkindi, ýöne baştutanlary harby sungat babatda ýeterlik ussat bolmadyk şol adamlar başly-baratly garşylyk görkezýärdi hem-de söweşi dürs alyp barmak hakynda däl-de, kerwenleri we obalary talamak hakynda has köp arzuw edýärdi. Teke türkmenleri barada aýdylanda bolsa, ruslar bu gezek oňat ýaraglanan, harby sungat we söweş alyp barmagyň kadalary hakynda dogabitdi düşünjeleri bolan duşman bilen ýüzbe-ýüz boldular. Şol duşman ruslara aýgytly zarba urdy – özi-de olaryň hiç haçan garaşmaýan zarbasyny urdy».
1900-nji ýylda Türkmenistana gelen ýazyjy Ýewgeniý Markow bolsa Gökdepe galasyny «gadymy Sparta» diýip atlandyrdy. 1880 – 1881-nji ýyllaryň wakasyna gatnaşan rus kazaklarynyň biri ýazyja şeýle sözleri aýdypdyr: «Tekeleri zor gördüm! Biziň kazaklarymyzyň olaryň duran ýerinde durjak gümany ýok, ýogsa biziňkiler hem hiç neneň däl! Mundan ilerde öwgi bolup bilmez – bir özi biziňkileriň bäşisine garşy söweşýär we hiç haçan aman dilemeýär. Biz tutuş bir bölüm bolup barýarys, olar bolsa bäş adam bolup bir diňiň içine girýär we ählisi şol ýerde gurban bolar welin, hiç haçan aman dilemeýär».
General N.I.Grodekow 1883-nji ýylda şuny aýratyn belleýär: «Özüňkilere dönüklik etmekden erbet jenaýat bolup bilmez we hiç kim olaryň arasyndan kimdir biri dönük bolup çykar diýip şüphelenmeýärdi. Hakykatdan-da, tekelere garşy uruş wagtynda bizde olaryň arasyndan ýeke bir içaly hem ýokdy, netijede 1879-81-nji ýylyň söweşleri Orta Aziýada alnyp barlan uruşlaryň dowamyndaky söweşlere garanyňda düýbünden tapawutlanýar».
Türkmenler hakynda şeýle taryply sözler örän köp aýdyldy. Patyşa serkerdeleri biziň ata-babalarymyzyň merdanalygyna gözügidijilik bilen baha berýärdiler. Rus ýazyjylarynyň 1879 – 1881-nji ýyllaryň urşuna bagyşlanan onlarça kitabyny akyl eleginden geçiren ähli türkmenleriň Beýik Serdary Saparmyrat Türkmenbaşy özüniň Mukaddes Ruhnamasynda uly buýsanç bilen şeýle belleýär:
«Türkmen dönügi ähli zatdan nejis görýär, iň soňky peslik hasaplaýar. Dönüge lagnat daşyny atýar.
Türkmen halky müň ýyl bäri dönüge lagnat daşyny atyp geyýär!
Gökdepe urşuna gatnaşan daşary ýurtlular, gyrgynçylygyň onlarça harby serkerdeleri bu söweşiň taryhy, umuman, türkmen topragy barada ýazan senenamalarynda, ählisi dil birikdiren ýaly, türmende ýeke dönügiň hem bolmandygyny, dönük beýlede dursun, ýol salgy alar ýaly, on ýedinji derejeli maglumat alar ýaly adamy hem tapyp bilmändiklerini, watana, ýurda gezek gelende türkmenlerde pul, altyn diýilýän zatlaryň gymmatynyň ýokdugyny dogruçyllyk bilen beýan edipdirler. Arassa türkmen ganly adamlaryň dönüklik etmeýändigine halkymyz asyrlarboýy ynanyp, göz ýetirip gelýär. Ýöne ilçilik, nebis, ejizlik sebäpli watan satan adamlar bolmandyr diýmek bolmaz. Gökdepe urşunda-da birlän-ikilän dönük tapylypdyr. Ors patyşasyna satylyp, dönükligi, satlyklygy üçin halat-serpaý geýip, ata-Watanyňa, türkmen halkyna dönüklik edenleri biz ýaşyramyzok. Olary hem kysmat aýylganç tutdy. Men hakykaty sizden ýaşyrmak islämok, eziz milletim. Durmuşymyzdaky, taryhymyzdaky her bir hakykaty takyklygy bilen bilmegiňizi isleýärin.
Ata Watanyna dönüklik eden kişä biziň aramyzda orun-ojak bolmasyn!» (187-188-nji sahypalar).
Gökdepedäki pajygaly wakalardan soň 130 ýyla golaý wagt geçdi. Şol elhenç söweşler taryha öwrüldi. Türkmenler hiç bir halka kine saklamaýar, sebäbi halklaryň biri-de hiç haçan uruşlary başlamaýar, olaryň başlanmagynda hemişe aýry-aýry hökümdarlar we döwleti ýöretmek usullary günäkärdir.
Taryhy makalalar