7. Türkmenistanda raýatlyk urşy
Saparmyrat Türkmenbaşy Ruhnamada şeýle belleýär:
«Ynsanyň beýikligi nämeden başlanýar?
Adamyň beýikligi özüni açmakdan, özüne akyl ýetirmekden, öz dünýäsini açyp bilmekden başlanýar! Özgä akyl ýetirmek, özgä baha bermek aňsat, iş özüňi tanamakda! Şonuň üçinem,dana ata-babalarymyz : «Özüni tanan weli» diýendirler!
Eziz türkmen, özüňe hökümdar bol, özüňe erk edip bilseň, islendik işiň hötdesinden gelip bilersiň.
Watandaşlarym, şu günki, ertirki türkmen halky özüni tanamaly! Öz beýikliginem, pesliginem, öz üstünliginem, ejizliginem, öz danalygynam, nadanlygynam bilmeli! Derdiň nämedigini bilen lukman, dessine derdiň eminem tapyp bilýär! Özüne akyl ýetirip bilen halk, öz kemçiliklerinden sonça tiz saplanyp bilýär! Ruhnama türkmeniň özi hakyndaky Kitapdyr!» (25-nji sahypa).
Hakykatdan-da, biz özümiziň ýagdaýdan doly habarymyz bolman, wakalary bolmalysy ýaly seljerip netije çykarmagy başarman, bilmezden eden işlerimiz hakynda habarly bolmalydyrys. Gynansak-da, raýatlar urşy hiç bir halka hem abraý getirmeýär, hiç bir millet üçin peýdaly bolmaýar. Sebäbi onuň özüniň asylky we jana-jan bähbitlerinden gelip çykmaýar, olary çözmäge gönükdirilmeýär. Bolşewikleriň matlap-arzuwlary, öz ýurdunyň ilatyna we tutuş äleme ündeýän taglymyýeti bilen daş gulakdan, ýüzleý tanyş bolan hem-de 1917-nji ýylyň fewral aýyndaky hem-de oktýabr aýyndaky ynkylap wakalaryna hiç hili dahyly bolmadyk türkmenler inisiniň agasyna, oglunyň bolsa atasyna ganym duşmana öwrülmegine, bir-biriniň şirin janyna dözmäge sebäp bolan şu gandöküşikli urşa biýerk gatnaşmaly boldy.
Patyşa goşunynyň polkownigi Han Ýomudskiý türkmenleriň hiç hili ynkylaba gatnaşmaga taýýar däldigi, ak gwardiýaçylar we gyzyl goşunyň tarapdarlary dürli türkmen taýpalaryny öz aralaryndaky göreşde, öz matlaplaryny amala aşyrmak üçin peýdalanjakdygy barada ýörite duýdurypdy.
Düşünjesi giň bolan bilimli-sowatly, köpi gören türkmenler, aýratyn-da, ozalky Tekeleriň atly polkunyň Seýitmyrat Öwezbaýew, Oraz Serdar, Çary Geldiýew, Hajymyrat Hajymyradow, Daňatar Artykow ýaly we beýleki serkerdeleri pursatdan peýdalanmagy hem-de garaşsyz Türkmenistan Respublikasyny jar etmegi karar edipdiler. Ilkibaşda olar ynkylaby makullaýjy garşyladylar, sebäbi bolşewikleriň halk köpçüligini öz tarapyna çekmek niýeti bilen öňe süren şygarlary milletleriň öz ykbalyny özi kesgitlemäge hukugyny hamala kepillendirýärdi. Emma soňraky pajygaly wakalaryň görkezişi ýaly, iş ýüzünde ähli zat düýbünden başgaça boldy.
Ine, munuň mysallarynyň biri. 1918-nji ýylyň ýazynda abraýly han, bolşewikleri goldamaga ýykgyn edýän Eziz Çapygyň ýanyna Guşgudan (häzirki Serhetabat) çepçi es-ýer Stepanow gelýär hem-de Aktýubinsk frontuna ýany bilen gitmegi üçin esger bermegi ondan haýyş edýär. Eziz han tarapyndan berlen 300 atlyny ýanyna alyp, ýaňky komissar Daşkende gelýär, şol ýerde bolsa ondan Türküstanyň halk komissarlar geňeşiniň binasyny goramak üçin 25-30 adamyny sorap aldylar. Ahyr soňy Stepanow Aktýubinskä gelýär. Şu ýerde hem türkmenler öň Tekeleriň atly polkunyň esgerleri bilen duşuşan hem-de olaryň aklaryň hereketine degişlidigi hakynda habarly bolan Žlobin polkunyň kazaklary bilen duşuşýar.
Eziz hanyň jigitlerini gören žlobinçiler serkerdeleriniň emrlerine boýun egmän başlaýar. Stepanow olara bu jigitleriň Kornilow bilen bilelikde bolan adamlar däldigini düşündirjek bolup jan edýär. Emma komissaryň özüni hut şol ýeriň özünde atyp öldürdiler, onuň ýany bilen baran türkmen jigitlerini bolsa gabadylar we pulemýotlardan oka tutup gyrdylar.
Žlobinçileriň türkmenlere bolan ýigrenji hakynda habarly bolanlary üçin, hut şol žlobin polkunyň esgerlerini Gündogar Hazar welaýatyna iberipdiler. Özi-de olarda garşylyk görkezýänleri ýesir almazlyk barada ýörite buýruk bardy.
Şol jigitleriň haýynlyk bilen öldürilmegi Eziz hanyň Gyzyl Goşuna gahar-gazap bilen garşylyk görkezmeginiň esasy sebäpleriniň biridir. Türkmenler indi bolşewikleriň agzynda aş gatyklama gürrüňlerini diňlemeýärdiler hem-de gyzyl gwardiýaçylaryň hemişelik bölümlerine garşy gazaply söweşýärdiler.
S.T.Filippow Baýramalynyň etegindäki söweşleri 1928-nji ýylda, ine, şeýle beýan etdi: «Tiz wagtdan türkmenleriň uly bir topary garymlardan çykyp, öňündäki zatlary saýgarman, hiç zady görmän we ähtimal, hiç zada düşünmän öňe tarap süýşüp başlady. Olara garşy tüpeňlerden köpçülikleýin ok atyldy. Emma türkmenler ýan bermediler. Olaryň ýüzlerçesi şol ýerde ömürlik galdy, beýleki ýüzlerçesi bolsa öňe hereket etmegini dowam edýärdi. Duşman heniz hem yza çekilmeýär we gaýduwsyzlyk bilen söweşýär. Goşunlaryň esasan türkmenlerden ybarat bolan uly toparlary özüniňkilere kömek etmek üçin äpet tolkun ýaly bolup süýşüp gelmegini dowam edýärdi. Olar pulemýotlaryň üstüne özüni atýardy hem-de olary ýaragsyz elleri bilen basyp almaga synanyşyp, onlarçasy we onlarçasy gurban bolýardy».
Gyzyl Goşun Gündogar Hazar welaýatynda ine, hut şeýle hereket edýärdi. Şol döwürde Hywa hanlygynyň düzümine girýän Demirgazyk Türkmenistanda häkimiýet türkmen hany Jüneýidiň elindedi. Ol ähli Hywanyň hakyky hojaýynydy. Baryp 1916-njy ýylda Jüneýit han türkmen we özbek ilatyny Hywa hanynyň eden-ýetdiliklerinden goramak üçin tagalla etdi. Ol hany tagtdan agdardy hem-de onuň ýerine öz dikmesini goýdy. Tagta goýlan şol dikme diňe göz üçin hökümdardy, hakykatda bolsa hanlykda ähli işleri Jüneýit han dolandyrýardy.
1917-nji ýylyň oktýabr aýyndaky ynkylap amala aşandan soň Jüneýit han bitaraplyk syýasatyny berjaý edýärdi, wakalara hiç bir babatda gatyşmaýardy.
Eziz hanyň jigitlerini Aktýubinskde, soňra bolsa Daşkentde hem bigünä oka tutup öldürenlerinden soň Eziz han gozgalaň turuzdy we ak gwardiýaçylaryň tarapyna geçdi. Türkmenler öz ýoluny seçdiler. 1918-nji ýylyň iýul aýynda türkmenlerden bolan goşun bölümleriniň goldamagynda sowetler häkimiýeti Ashabat (Aşgabat şol döwürde şeýle atlandyrylýardy) saklanyp bilmedi we nobat es-ýerleriň we menşewikleriň ellerine geçdi. Soňra bölşewiklere garşy güýçler gündogara tarap süýşüp başlady. Polkownik Oraz Serdaryň üç müň adamdan ybarat goşun bölümi we Eziz hanyň nökerleri Kakada, Duşakda, Tejende, Merwde sowet häkimiýetini agdardylar. Eziz han wakalar şeýle garyşyk bolan şertde bilelikde garşylyk guramak maksady bilen Jüneýit hanyň ýanyna bardy.
Emma ak gwardiýaçylar ýörite ylalaşyga gol çekdiler we oňa laýyklykda general Mallesonyň baştutanlygynda iňlisleriň harby topary olara Gyzyl Goşuna garşy göreşmekde pul, ýarag, howa ulaglaryny berip kömek etmegi wada etdi. 1918-nji ýylyň tomsunyň ahyrynda ilkinji iňlis goşunlary türkmen topragyna gadam urdy. Türkmenler ilkibaşda daşardan gelen şu güýje bil baglamakçydy, ony peýdalanmakçydy. Olar Gyzyl Goşuna garşy tälim gören goşun bölümleriniň birnäçesini: Maşat bölümini, Ýomutlaryň atly bölümini, Tejeniň atly bölümini, Merwiň atly polkuny, Ahalteke atly polkuny söweşlere sürdüler. 1919-njy ýylyň birinji ýarymyna çenli Gyzyl Goşunyň düzüminde türkmenlerden bolan bölümleriň asla bolmandygy özüne üns çekýär.
Ahalteke atly polky iň söweşe ukyply harby bölümdi, ol Köşüde Tekeleriň atly diwizionynyň esasynda döredilipdi. Oňa podpolkownik Seýitmyrat Öwezbaýew baştutanlyk edýärdi, ýöne ol 1919-njy ýylyň başynda gullukdan gidýär. Serkerdelik wezipesi Birinji jahan urşuna gatnaşanlaryň başga biri bolan Çary Geldiýewe geçýär.
Emma türkmenler iňlis goşunlarynyň ak gwardiýaçylar bilen bilelikde bütin Günbatar we Günorta Türkmenistany basyp alandygyny, ähli ýerde eýemsireýändigini, ýerli ilatyň ýagdaýyna baş gadyrmaýandygyny, onuň gadymyýetden gelýän mukaddes däp-dessurlaryny bolsa asla hormatlamaýandygyny gördüler hem-de olarda öz respublikasyny döretmäge umyt galmady. Çary Geldiýew 1919-njy ýylyň iýun aýynyň 7-sinde öz polkunyň esgerlerini boşadyp goýberdi. Oraz Serdar halkyna nähili hupbatlary getirendigini görüp, iňlislere kömek bermekden boýun gaçyrandygy üçin olar tarapyndan atylyp öldürildi. Şonuň üçin söweşjeň ukyby ýokary bolan türkmen bölümleri ýa-ha Gyzyl Goşunyň tarapyna geçdi, ýa-da söweşmekden asla el çekip, öýlerine dargady.
Bu döwür türkmen halkynyň ykbalynda örän çylşyrymly döwür boldy. Doganlar ýa-da ýakyn tanyş adamlar garşylyklaýyn söweşýän toparlaryň düzümlerinde bir-birine garşy söweşmeli, ýagny, külli günä etmeli bolýardy. «Poha görä tezegräk» diýen düşünjeden ugur alyp, sowet häkimiýetiniň türkmenlere özbaşdak respublikasyny döretmegi wada edendigini nazara alyp, olaryň gulaga ýakymly, adalatly we eşretli durmuşyň guruljakdygy hakyndaky sözlerine ynanan türkmenler bolşewikleriň tarapyna geçdi. Emma biz çyn özbaşdaklygyň türkmenlere asla berilmändigini bilýäris. Şeýle-de bolsa, türkmenler, esasan-da garyp-gasarlar, kimdir birinden öç-ar almagy ýüregine düwen garamaýaklar, ýa-da täze häkimiýetiň öz milletiniň dünýäniň şol döwürdäki dürli ugurlardaky üstünliklerinden peýdalanmagyna, ylym-bilimde ösen halklar bilen deňleşmegine ýardam etjekdigine ynanan sowatly türkmenler bolşewikleriň tarapyna geçip başlady.
Hywada bolsa Jüneýit han häkimiýeti ozalkysy ýaly pugta elinde saklaýardy. 1919-njy ýylyň aprel aýynyň 9-ynda Hywa bilen sowet hökümetiniň arasynda Tagtada ýaraşyk şertnamasy baglaşyldy.
Emma munuň özi sowet häkimiýetiniň wagtlaýyn pirimidi, amatly pursat eline geçýänçä möjekdigini bildirmejek bolup, goýun derisine girmegidi. Sebäbi olara tutuş Orta Aziýa gerekdi. Olar Gündogar Hazar sebitiniň beýleki ýerlerinde sowet häkimiýetini dikeltdiler we soňra «şertim şahyma» diýlenini edip, howaýy we toşlama wakalary bahanalap, ähli güýçlerini Jüneýit hanyň üstünden inderdiler. 1920-nji ýylyň fewral aýynda Jüneýit han Hywadan gitmäge mejbur boldy, ýöne serkerde hökmünde hem, il kethudasy hökmünde hem ýiti zehini we örän uly tejribesi bolan bu gaýduwsyz ynsan öz ene topragy, ata-Watany ugrundaky merdana göreşini ömrüniň ahyryna çenli dowam etdi.
Türkmen sowet respublikasynyň ilkinji ýolbaşçysy Gaýgysyz Atabaýewiň Jüneýit han bilen gizlin ýagdaýda duşuşandygy, oňat harby taýýarlyk gören, bilimli we düşünjeli türkmen serkerdelerini töwereginde jemländigi mälimdir. Ol garaşsyz döwlet döretmek isleýärdi, emma haýynlar oňa şyltak atdylar we Gaýgysyz Atabaýewden, şeýle hem sowet häkimiýetiniň tarapyna geçen Tekeleriň atly polkunyň köp sanly ozalky jigitlerinden öç alyndy. Ähtiýalan gyzyl komissarlar olary ilkibaşda öz maksatlary üçin peýdalandylar, soňra bolsa Staliniň ýöredýän milletiň iň zehinli we düşünjeli wekillerini ýok etmek syýasatynyň ýalnyna atdylar.
Şeýlelikde, sowet häkimiýetiniň eýýamy başlandy, Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasalary Soýuzy diýen döwletiň düzümine geçdi.
Taryhy makalalar