MAGTYMGULY EÝÝAMY
(XVII – XX asyrlar)
1. Türkmenistanda XVII – XVIII
asyrlardaky harby ýagdaý
Türkmen ruhunyň dördünji eýýamy XVII – XX asyrlary öz içine alýar. Bu eýýam ruhun taryhy-işjeňlik taýdan iň gowşan döwri bolup çykdy. Dyzmaçlygyň ýerine peýwagtlylyk, aýgytlylygyň ýerine oýlanyşyksyzlyk geldi. Munuň özi türkmeniň birwagtdaky çykyp giden ojagyna dolanan döwri boldy. Indi türkmen geçen taryhyna nazar aýlap, onuň üstünliklerine guwanmak, kemterine arman çekmek ýagdaýynda boluberdi. Milletiň ruhy sypatynda taryhy döredijilik alamatlary ýiteňkirleri. Taryhy ýadawlykdan egbarlanan türkmen özüniň millet hökmündäki aýratynlyklaryny saklap galmagyň gamyny iýdi. Sansyz hem çylşyrymly taryhy gaýtgynlar – daşgynlar şbäpli synasy bölek-bölek bölünen – tire-taýpalara baş bolan halkyň iň wepaly ogullary milletiň ruhunda bitewülik sypatynyň ýitip gitmezliginiň aladasyny etdiler. Türkmene taryhy tejribäni paýhas eleginden geçirmek üçin, indiki galkynyşyň gözýetimlerini kesgitlemek üçin pursat hem asuda durmuş gerekdi. Sonuň üçin, bu eýýamda türkmen kän öýünden çykman, daşaryk seretmän, öz güni bilen boluberdi. Bu döwrüň ruhy ýolbaşçysy Magtymguly Pyragydyr... Ruhuň bu döwürdäki tebigatyny «içeriniň aladalary kesgitledi».
XVI asyryň 90-njy ýyllarynda Türkmenistanyň Hazar kenarýakasyndan başga ähli ýerleri, gadymy döwürlerde hem bolşy ýaly, duşmanlar tarapyndan basylyp alnypdy. Şol ýerlerde Buhara hanlygy öz hökmürowanlygyny ýöredýärdi. 1595-nji ýylda türkmenleriň tekelerden, ýomutlardan we ärsarylardan bolan esgerlerden düzülen bilelikdäki goşuny Hywada buharalylary derbi-dagyn etdiler (şol döwürde Demirgazyk Türkmenistanyň ýerleri Hywa hanlygynyň düzümine girýärdi).
XVII asyryň birinji ýarymynyň bütin dowamynda türkmen taýpalary Buharanyň emeldarlaryna garşy aldym-berdimli söweşleri dowam etdirýärdi. Hut şol döwürde türkmenler Hywanyň harby taryhynda örän uly orun tutup başlady. Olaryň kömegi bilen Hywanyň hanlary buharalylaryň hökmürowanlygyndan azat boldular. Isfendiýar han (1623-1642-nji ýyllarda dolandyran) Muhammet Hüseýin begiň baştutanlygyndaky tekelerden, ýomutlardan, salyrlardan we saryklardan bolan esgerleriň kömegi bilen özbekleri derbi-dagyn etdi. Onuň iň ýakyn geňeşçisi Taňryberdi Türkmendi. Isfendiýar han öz janpenalary bolan türkmen jigitleriniň ýüzüsinden ybarat topary hiç haçan ýanyndan aýyrmaýardy.
Emma Isfendiýaryň kiçi dogany Abdylgazy balkan türkmenleriniň arasynda ýaşamak bilen, agasy aradan çykandan soň türkmenler babatda duşmançylykly syýasat ýöredip başlady. Türkmen esgerleriniň güýjüne, gujur-gaýratyna belet bolan Abdylgazy mekirlik bilen hereket etmegi ýüregine düwdi. Ol iň uly harby serkerdeler bolan Gulam batyry, Dinmuhammet onbegini, Urus onbegini Hywa çagyrdy. Olar ýanlarynda bary-ýogy 2 müň esger bilen şol ýere geldiler. Bu bahana bilen guralan meýlis wagtynda olaryň hemmesini haýynlyk bilen öldürdiler. Şondan soň Abylgazy duýdansyz ýagdaýda türkmen obalarynyň üstüne öz leşgerlerini sürdi. Şonda ähtiýalanlyk bilen öldürilen adamlaryň sany 20 müňden geçdi.
1653-nji ýylda türkmenler muňa jogap hökmünde güýçli zarba urdular hem-de Hywanyň goşun toparlaryny derbi-dagyn etdiler.
Abylgazynyň ogly Anuş han uzaga çeken urşuň netije bermeýändine gözi ýetip, maňgyşlak türkmenleri bilen ýaraşyk baglaşdy.
Şol bir wagtda Günorta Türkmenistanyň ýerleri üstünde Sefewileriň we Buharanyň arasynda uruş dowam edýärdi, şol söweşlere Hywa hem gatnaşýardy. Türkmenleriň watanyndaky örän agyr şertler ýurduň ykdysadyýetine hem örän ýaramaz täsir edýärdi. Şol şertlerde leşgerleriň pyýada goşun ýaly görnüşiniň ulanylmagy asla bes edilýär, türkmenler diňe öz wepaly bedewlerine bil baglaýardy. Obadyr kentler ilatsyz galýar. Türkmenler sähralyklaryň jümmüşine çekilýärdi, şol ýerde jeň guramakda olara taý gelip biljek ýokdy, sebäbi açyk söweşde türkmenleriň atly goşunyna garşy çykyp biljek güýç döremändi.
Şol bir wagtyň özünde oturymly türkmenler kiçiräk galalary, töwerege gözegçilik etmek üçin ulanylýan garawulhana desgalary bolan diňleri gurup başlady. Amyderýanyň sebitinde ärsarylar köp sanly galalary gurdular, obalaryň daşyna bolsa diwar aýlap başladylar.
XVIII asyrda türkmenleriň arasynda iki sany zehinli serkerde saýlanyp çykýar. Olaryň biri tekeleriň serdary Keýmirkör we beýlekisi afşarlardan bolan Nedirgulydy. Keýmirkör hakyndaky maglumatlaryň köpüsi rowaýat häsiýetli bolup, Nedirguly hakynda bize mälim bolan taryhy maglumatlar köp. Munuň sebäbi hem ine, şunda.
Ol 1683-nji ýylda gadymy Abywerdiň (Kakanyň) golaýynda Dastejert obasynda dogulýar. Şonda kyrkly urugyndan bolan awşarlar taýpasyndan türkmenler Ymamguly hanyň maşgalasynda doglan we Nedirguly diýlip atlandyrylan oglanjygyň olary tutuş gündogara şöhratlandyrjakdygy hakynda pikir hem etmeýärdiler. Taryhçylar oňa «Gündogaryň Napoleony» diýip at berdiler.
Şol wagt Günorta Türkmenistanyň ýerlerine duşmanlar öz çozuşlaryny bes etmeýärdi. Şeýle alamançylykly çozuşlaryň birinde Nedirguly hywalylara ýesir düşýär. Onuň ejesi ýesirlikde wepat bolanyndan soň ýaş Nedirguly ýesirlikden gaçmagy başarýar.
Bir aýagyna agsap, Nusaý galasynyň golaýyndan ylgap barýarka diwaryň üstünden tekeleriň edermen serdary Keýmirkör oňa ýüzlenip, şeýle diýipdir: «Aý, ýigit, eger şol uzakdan görünýän goşun bölegi seni kowup gelýän bolsa, onda seniň uzak gitmejegiň belli». Nedirguly ylgawyny bes edip, Keýmirköre tarap seredipdir. Onuň ýüzünde gorkynyň birjik-de alamaty ýokdy. Onuň nazary ynamly hem-de aýgytlydy. Ol: «Eger sen maňa kömek isleýän bolsaň, onda maňa bir at ber, men bolsa seniň bu kömegiňi hiç haçan unutmaryn» diýipdir. Keýmirkör atlaryň gowusyny oňa çykaryp bermegi buýrupdyr.
Nedirguly eýýäm şalyk derejesine ýetenden soň boýun egmezek tekeleriň üstüne goşun sürüp gelende onuň ägirt uly leşgeri Keýmirkörüň baştutanlygyndaky edermen esgerleriň az sanly toparyny gabanynda we esgerler olary gylyçdan geçirmäge buýruk berilmegine garaşyp durka şanyň gabaw halkasyny açmagy buýrandygy hem-de Keýmirköre gitmäge mümkinçilik berendigi barada gürrüň edilýär.
Nedirguly Horasana baranyndan soň kiçiräk goşun toparyny toplaýar hem-de 1710-njy ýylda Abywerdiň häkimi Baba Aly begiň gullugynda durýar. Şol hökümdar hem afşar türkmenlerindendi. Nedirguly goşun toparlaryna baş bolup, Hywanyň üstüne erjellik bilen çozuşlary amala aşyrýardy hem-de köp ýesirleri boşatdy. Türkmenleriň arasynda onuň at-owazasy barha has meşhur bolýardy.
Tiz wagtdan Nedirguly ähli afşarlary we ýemrelileri özüne tabyn edip, eýýäm özbaşdak hereket edip başlaýar.
1726-njy ýylda Nedirguly Eýranda hökümdarlyk edýän sefewiler şasy Tahmaspa öz hyzmatlaryny teklip edýär. 1729 – 1730-njy ýyllarda Nedirguly owganlary Eýrandan kowup çykarýar. Soňra Owganystana, Yraga we Kawkazyň sebitindäki ýurtlara ençeme şowly ýörişleri amala aşyrýar. 1730-njy ýylda Nedirguly Gürjüstany, Ermenistany, Azerbaýjany, Dagystanyň bir bölegini basyp aldy. Soňra ol osmanly türkmenleriň imperiýasyna garşy çykyş etdi. Owganystan ýene-de Eýrana garşy çozandan soň ol öz goşuny bilen Horasana gaýdyp geldi. Emma öz serkerdesiniň at-abraýynyň artmagyndan howatyr eden Tahmasp goşuna özi baştutanlyk edýär hem-de şowsuz geçen birnäçe söweşlerden soň 1732-nji ýylda öň basylyp alnan ýerleri osmanly türkmenlere gaýtaryp berýär. Muňa dergazap bolan Nedirguly özüne wepaly türkmen esgerlerine daýanyp, özi türkmen bolsa-da, töweregini eýranly emeldarlardan dolduran Tahmasp şany tagtdan düşürýär. Onuň ornuna bolsa ogly Apbas hökümdar diýlip yglan edilýär. Soňra Nedirguly Kawkaz sebitindäki ýerleriň bir bölegini gazaply söweşler netijesinde ýene-de osmanlaryň elinden alýar. Şol söweşler we ýörişler mahaly oňa ýomutlar we gökleňler uly kömek berýär. 1736-njy ýylda Stambulda osmanly türkmenler bilen sefewi türkmenleriň arasynda ýaraşyk şertnamasyna gol çekildi. Şol bir wagtda Nedirguly Eýranyň şasy diýlip yglan edildi. Ol osmanly soltan Mahmyt I sefewiler döwletini esaslandyryjy Ysmaýyl şanyň oturan tagtyny, soňra osmanly döwletinde tagta çykan Abdylhemide bolsa dünýäde iň uly göwher daşyny (86 karat) sowgat berdi.
Baryp 1735-nji ýylda Hywa hany Ilbars Horasana çozdy. Öz döwletini gündogardan çozuşlardan goramagy karar eden Nedirguly şa goşununy jemläp we üpjünläp, oňa öz ogly Ryzaguly Mürzäni serkerde edip belleýär. 1737-nji ýylda Ryzaguly Balhy basyp aldy, ýöne Buhara çenli ýörişini dowam edip bilmedi, sebäbi Ilbars han buharalylara kömege geldi. 1739-njy ýylda Ilbars han ýene-de öz leşgeri bilen Horasanda peýda boldy, ýöne Ryzaguly Mürzäniň ýolbaşçylygyndaky goşunyň hereketlerine döz gelip bilmän yza çekildi. Nedirguly şa şol döwürde Hindistana öz ýörişini amala aşyrýardy. Onuň goşunlarynyň düzüminde afşarlardan, tekelerden, ýomutlardan, gajarlardan, gökleňlerden we beýleki taýpalardan gaýduwsyz türkmen esgerlerinden düzülen goşun toparlary bardy. 1738-nji ýylda örän ussatlyk bilen geçirilen tutumly harby hereketler netijesinde Nedirguly şa Hindistanyň we Owganystanyň köp şäherlerini, şol sanda Kandagary, Kabuly, Balhy, Peşewary, Lahory basyp aldy. Eýýäm 1739-njy ýylyň fewral aýynyň 24-inde ol Deli sebitinde Hindistanyň şasynyň goşunlaryny derbi-dagyn etdi we mart aýynyň 20-sinde Deli şäherine girdi. Hindistanda Muhammet hany tagta çykaryp, Nedirguly şa Eýrana gaýdyp geldi. Nedirguly şanyň biziň günlerimize çenli saklanyp galan, bahasyna ýetip bolmajak maglumat çeşmesi bolan permany Hindistanyň tagtyna çykan täze hökümdar bolan Muhammet hanyň hem türkmenlerdendigi hakynda şaýatlyk edýär.
Nedirguly şanyň Muhammet hanyň adyna permanynda şeýle ýazylýar: «Häzir Beýik Ýaradanyň eradasy bilen Şahyjahanabadyň paýtagtyny we Hindistan döwletiniň beýleki ýerlerini tabyn etmek we basyp almak miýesser boldy. Biziň Alyhezretlerimiziň türkmen taýpasyndan ady belli adam bolandygy, ýokarda ady görkezilen patyşanyň hem türkmen taýpalaryna degişlidigi hem-de beýik karkynlar şejeresiniň neberelerinden bolandygy sebäpli Hindistanda soltanlyk häkimiýetiniň tagty we möhürli ýüzügi ady ýokarda görkezilen patyşa gaýtarylyp berildi we ol patyşalyk tagtyna ýene-de eýe edildi».
1740-njy ýylda Nedirguly şa öz duşmanlarynyň tükeniksiz çozuşlarynyň soňuna çykmak isläp, Buhara we Hywa garşy goşun sürdi. Awgust aýynyň ortasynda ol Türkmenabat (Çärjew) şäherini eýeledi hem-de Buharany söweşsiz aldy. Ýöne Nedirguly şa Hywa tarap goşunlaryny öwrende bolsa, ol hywaly türkmenleriň erjellik bilen garşylyk görkezmegine duçar boldy. Pitnek diýen ýerdäki söweş aýratyn-da gandöküşikli boldy. Bu söweşiň netijesi hut Nedirguly şanyň özi tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän, Merwden, Etekden we Horasandan bolan, atlaryna sowutlar geýdirilen goşunlara bagly boldy.
Nedirguly şanyň goşuny hemişelik harby gullukda duran esger toparlaryndan ybaratdy we örän oňat ýarag bilen üpjün edilipdi, şeýle hem olarda agyr toplar, ýerasty partlaýjylar bardy, jeň meýdanynda harby sungatynyň iň soňky gazanan üstünlikleriniň ähli kada-kanunlaryna görä hereket edýärdi. Şanyň harby serkerdeleriniň we esgerleriniň uly harby tejribesi bardy we olar Kawkaz sebitinde, Hindistana garşy ýörişde we Ýakyn Gündogara guralan ýörişde oňat taplanypdy. Mundan başga-da, Nedirguly şanyň özi-de örän ussat serkerdedi hem-de aňtawçylaryň toplap getirýän maglumatlaryny başarnykly peýdalanyp, hywa goşunlaryna garşy hereketleri ähli jikme-jiklikleri bilen işläp taýýarlapdy.
Bularyň ählisi oňa gysga döwrüň dowamynda Hywa patyşalygyny basyp almaga mümkinçilik berdi. 1740-njy ýylda şanyň goşunlary Hywa şäheriniň galasyna girdiler. Nedirguly şa hywa türkmenleriniň ählisini öz goşunlaryna goşulmaga çagyrdy. Söweşleriň dowamynda ýesir alnan ähli türkmenlere we özbeklere azatlyk berildi. Köp türkmen taýpalary goşun bölümlerini düzüp, Nedirguly şanyň leşgerine goşdular we olar eýýäm tiz wagtda Ýakyn Gündogardaky söweşlerde özlerini edermenlikde, harby sungata ezberlikde tanatdy. Nedirguly şanyň tekelere özüne beren kömek üçin 500 sany arassa tohum atlary sowgat berendigi mälimdir.
1744-nji ýylda Nedirguly şa Hytaýa garşy ýörişe gitmegi ýüregine düwüpdir. Goşunlar Mary (Merw) şäheriniň sebitinde toplanylmaly edilipdir, şol ýerde imperiýanyň iň ussat harby hünärmenleri jemlendi. Gije-gündiz işleýän ussalar täze toplary ýasaýardylar, topçular we partladyjylar tälim okuwlaryny geçýärdiler; köp möçberde däri, top oklary we gülle ýasalýardy. Ýöne beýik türkmen serkerdesiniň bellän ýörişi amala aşyrylman galdy. 1747-nji ýylyň tomsunda ol aradan çykdy, Nedirguly şanyň beýik imperiýasy bolsa dargady. Eýranda häkimiýet gajar türkmenleriniň eline geçdi.
Hywa bilen Buhara ýene-de Türkmenistanyň şäherdir obalaryna garşy çozup başlady, birleşip bilmeýän türkmen taýpalary bolsa duşmanlara garşy ýekelikde söweşmeli boldy. Hut şol döwürde biziň beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragy türkmenleriň hökman birleşmelidigi hakynda çagyryş bilen ýüzlendi, başga bir belli şahyr bolan Seýdi bolsa öz il-ýurdunyň garaşsyzlygy ugrunda eline gylyç alyp söweşýärdi. Şol wagt türkmen halkynyň taryhynda öwrülişik döwrüdi, olar ýa-ha ýok edilmelidi, ýa-da üstlerine inen hupbatlara döz gelmegi başarmalydy. Biziň şöhratly ata-babalarymyz ähli kynçylyklara döz gelmegi başardylar, öz güýç-kuwwatyny kem-kemden artdyrdylar.
Taryhy makalalar