TÜRKMEN RUHUNYŇ KÄMILLIK EÝÝAMY
(1991-nji ýylyň oktýabr aýynyň 27-sine başlanýar)
1. Türkmenistanyň Milli Goşunynyň
döredilmegi
Biziň taryhymyzyň bäşinji eýýamy – munuň özi türkmen halkynyň häzirki zaman tapgyrda ösüp kämilleşmeginiň eýýamydyr. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy bu döwri ynha, şeýle häsiýetlendirýär:
«Milli türkmen ruhunyň bäşinji Altyn eýýamy 1991-nji ýylyň oktýabr aýynyň 27-sinden başlanýar.
Aslynda Allatagalanyň biziň milletimiziň maňlaýyna ýazan bir täsinligi bar: türkmeniň ruhy her täze müňýyllygyň başynda ýene belende galýar. Üçünji müňýyllygyň başynda hem şeýle boldy. Hudaý türkmene taryhy döredijilik ylhamyny berdi – bu eýýam türkmen ruhunyň kämillik eýýamydyr.
Bu gün ol ruh bedewe öwrüldi. Bu eýýamyň ruhy diňe bir deprek, gopuz, dutar, gyjak däl, eýsem, ähli 72 saz gurallarynyň birleşmeginde, bitewilikde çalynmagynda beýan edilýär. At – Türkmen döwletiniň gerbinde öz ornuny tutup, türkmen topragyna altyn durmuş, altyn ruh, bagtyýarlyk getirdi. At türkmeniň döwletiniň, rysgal-bereketiniň, altyn ruhunyň, altyn durmuşynyň nusgasyna, nyşanyna öwrüldi.
Ata-babalarymyz türkmen ruhuna täsir edýän parasatly pikirleri gursaklarynda eşrepi deýin saklap, nesilden-nesle geçiripdirler. Her kim öz bilýänini ogullaryna, agtyklaryna gürrüň beripdir. Şeýdip, ata-baba pähim-parasatlary biziň günlerimize gelip ýetipdir». (297-nji sahypa).
Eger Ikinji jahan urşundan soň harby işde, söweşjeň tälim almakda we bermekde, söweş hereketlerini guramakda ata-baba miras galan ukyplaryna eýe bolan türkmen gerçekleri SSSR-iň hökümetiniň umumy ýörelgesine laýyklykda saýlama goşunlaryň düzümine alynmadyk bolsa, onda Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanandan soň dessine Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy milli goşuny döretmäge tarap ugur aldy. Türkmenistanyň Goranmak ministrligi, Türkmenistanyň Ýaragly goşunlary (harby-howa güýçleri, guryýer goşunlary, harby-deňiz goşunlary), Türkmenistanyň içerki goşunlary, Türkmenistanyň serhet goşunlary döredildi. Saparmyrat Türkmenbaşy ýurduň taryhynda ilkinji Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşy boldy. Oňa goşun generaly diýen belent at dakyldy.
Saparmyrat Türkmenbaşy her bir adamyň öz ata Watanyny goramak wezipesi barada şeýle ýazýar:
«Türkmenistany goramak her bir raýatyň mukaddes borjudyr. Türkmenitanyň raýaty bolan her bir erkek kişi hemişe umumy harby borjuny ýerine ýetirmelidir». (265-nji sahypa).
Biziň mähriban ýurdumyzyň goranmak ukyby döwletimiz ykdysadyýetiniň berkemegine, Beýik Türkmenbaşynyň aladalary netijesinde halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň ýokary depginler bilen durnukly ösmegine esaslanyp, ýyl-ýyldan barha güýçlenýär. Türkmenistanyň häzirki goşuny öz üpjünçiligi boýunça dünýäniň beýleki goşunlaryndan pes durmaýar. 1993-nji ýylda harby lybasyň täze nyşanlar ulanylan täze görnüşi kabul edildi, olaryň ählisi türkmenleriň ruhuna, däp-dessurlaryna, Türkmenistanyň howa şertlerine laýyk gelýärdi. Şeýle hem «Edermenlik» medaly diýen harby sylag döredildi, 2001-nji ýylyň oktýabr aýynda bolsa «Garaşsyz Türkmenistanyň 10 ýyllygynyň baýram edilip bellenilmegi mynasybetli harby ýörişe gatnaşyjy» diýen ýubileý medaly döredildi.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şeýle ýazýar:
«Pursadyň we mümkinçiligiň bolandygyna garamazdan, türkmenler söweşlerde yza gaçmandyrlar, başa-baş söweşde ýa ýeňipdirler ýa-da jan beripdirler. Şu gün hem diýara howp abansa, Görogly bolup gara başyny orta goýup söweşjek ärdemli ýigitlerimiz bar biziň» (26-njy sahypa).
Tarp ýerden diýen ýaly döredilen türkmen goşuny harby türgenleşmede, ýaragdyr harby enjamlaryny öwrenmekde, düzgün-nyzamy berkitmekde, Garaşsyzlygyň Beýik Mugallymynyň öwütlerine eýerämekde, onuň çuňňur many-mazmunly Maksatnamalaryny, aýratan-da älemde taýy bolmadyk we Türkmeniň jebisliginiň, ruhubelentliginiň, watanparazlygynyň Şymçyragy bolan Mukaddes Ruhnamany okap öwrenmekde, onuň altyna gaplaýmaly her bir setirini aňyna çuňňur ornaşdyrmakda özüniň gazanýan üstünlikleri bilen ýurdumyzyň ýaşaýjylaryny begendirýär we guwandyrýar. Türkmenistanyň Prezidenti Prezident Köşgüniň öňündäki baş meýdanda her ýyl harby ýörişleri kabul edýär. Dabara ýörüşiniň başlanmagyndan öň Prezidentiň saýlama goşunlaryndan bolan esgerler Türkmenistanyň Mukaddes Döwlet baýdagyny dabaraly ýagdaýda alyp çykarýarlar. Döwlet baýdagynyň baýramy biziň ýurdumyzda 1995-nji ýylyň fewral aýynyň 19-yndan bäri her ýyl ähli halk tarapyndan giňden we dabaraly bellenilýär.
2003-nji ýylyň fewral aýynyň 19-nda Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli dabaraly harby ýörişiň öň ýanynda Saparmyrat Türkmenbaşy täze däbiň – goşunlaryň dürli kysymlaryndan bolan harby bölümlere söweşjeň baýdaklary gowşurmak däbiniň düýbüni tutdy. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň bölümlerine gowşurylýan, özüne degişli nyşanlar bolan şol tuglar dabara günlerinde we şanly seneler bellenilende Türkmenistanyň Döwlet baýdagy bilen bilelikde nyzama duran esgerleriň öň hataryna çykarylar.
Ol her bir harby bölümiň, her bir serkerdäniň we esgeriň ata Watana, eziz halkyna, öz halkynyň penakäri we howandary bolan Beýik Türkmenbaşa hemişelik wepadarlygynyň, harby hünärleri, söweş tilsimlerini, goranyş ukyplaryny, umumyman, esgerlik sungatyny öwrenmek üçin jan etmeginiň, halkynyň asuda we parahat durmuşyny goramaga islendik pursatda taýýar bolmagynyň, Togrul beg Türkmen, Alp Arslan Türkmen, Görögly beg Türkmen ýaly we köp beýleki şöhratly ata-babalarymyzyň harby däp-dessurlaryny dowam etmeginiň alamatydyr.
Baky Bitarap Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşy, Goşun generaly Saparmyrat Türkmenbaşy ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli harby birikmelere söweşjeň baýdaklary gowşurmaga bagyşlanan dabarada öz çykyşynda 2003-nji ýylyň fewral aýynyň 19-nda şeýle belledi:
«Eziz Watandaşlar!
Ata Watanymyz baky Bitarap Türkmenistanyň merdana goragçylary!
Gadyrly esgerler we serkerdeler!
Şu gün merdana türkmen halkymyzyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylan gündür. Bu gün milli buýsanjymyz bolan Ýaşyl Tugumyzyň döredilen günüdir. Beýik Garaşsyzlygymyz, Baky Bitaraplygymyz, Milli Tugumyz, Milli Gerbimiz, Milli Kasamymyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň baş sütünleridir.
Bu mukaddeslikler biri-birleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýaşyl Tugumyzyň al-asmanda mydama pasyrdap durmagy baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň berkararlygynyň, rowaçlygynyň, asudalygynyň nyşanydyr. Ýaşyl Tugumyz biziň üçin ata Watanymyz, Beýik Garaşsyzlygymyz, baky Bitaraplygymyzdyr, ol mukaddesdir, keramatdyr.
MILLI TUGUMYZ bilen ATA WATANYMYZYŇ ARASYNDA HIÇ HILI TAPAWUT ÝOKDUR. Biz Ýaşyl Tugumyza janymyzdan eziz görýän ata Watanymyza guwanyşymyz ýaly guwanmalydyrys, ata Watanymyzy goraýşymyz ýaly goramalydyrys, baky Bitarap Türkmenistan Döwletimize buýsanyşymyz ýaly buýsanmalydyrys. Dünýäniň iň owadan baýdaklarynyň biri bolan Ýaşyl Tugumyz älem-jahanda pasyrdap, ata Watanymyzyň berkararlygyny, kuwwatyny dünýä ýaýýar.
Biziň milli Baýdagymyzda türkmeniň, türkmenleriň ruhy güýji bardyr. Sebäbi oňa gahryman ata-babalarymyzyň katra-katra ganlary siňendir. Şonuň üçin gahryman ata-babalarymyzyň ruhy biziň hem ganymyza we janymyza siňmelidir. Türkmen halkynyň nesilbaşysy Oguz han Türkmeniň baýdagynyň ýaşyl bolandygyna görä biz öz Baýdagymyz üçin ýaşyl reňki saýlap aldyk.
Biziň baýdagymyzdaky bäş ýyldyzly Aý abadançylygyň alamatydyr, gözüňi gamaşdyrýan nepis haly gölleri agzybirligiň alamatydyr, altynsow zeýtun baldajygy bolsa biziň baky Bitaraplygymyzy aňladýan nyşandyr.
Döwlet Baýdagymyz biziň milli mertebämiz. Mertebe bolsa ar-namysa deňelýändir. Watanymyzyň birligi ýaly Baýdagymyz hem ýeke-täkdir we bakydyr.
Türkmen baýdagy türkmen halkyny galkyndyrýan, onuň ruhuny göterýän Tugudyr.
Türkmeniň öz kalby ýaly päkize, zandy ýaly halal, bereketli sähralary ýaly giň, ýazlary ýaly ýaşyl, daglary ýaly owadan milli Baýdagy bu gün dünýäniň ähli künjeginde parlaýar. Birleşen Milletler Guramasynyň jaýynyň öňünde türkmen ruhubelentligini, parahatçylyk söýüjiligini äleme ýaýyp, milli buýsanjymyzy goşalandyrýar.
Döwlet Baýdagymyzyň indi her bir öýüň depesinde parlap durmagy – bu halkymyzyň ertirki günlere bolan ynamlarynyň, hyjuwlarynyň barha artýandygyny subut edýär.
Hormatly harby serkerdeler!
Men şu mukaddes günde size öz ýolbaşçylyk edýän harby birikmeleriňiziň söweşjeň baýdagyny gowşurýaryn hem-de size ýüzlenýärin, eziz gerçekler! Harby birikmäniň baýdagy baky Bitarap Türkmenistany aňladýandyr. Agzybir türkmen halkymyz size ata Watany goramagy doly ynanýar.
Mähriban halkymyz we döwletimiz size dünýäde iň eziz zadyny, janyndan hem eziz görýän zadyny – ata Watanyny ynanýandyr. Şonuň üçin siz bu keramatly Ýaşyl Tugy gözüňiziň göreji deý goramalysyňyz, eger gerek bolsa şirin janyňyzy hem gurban etmäge taýýar bolmalysyňyz.
Siz gahryman ata-babalarymyz, dünýäde serkerdelik mekdebini döreden, gahrymançylykda we mertlikde dünýäde deňi-taýy bolmadyk Oguz han Türkmeniň, Togrul beg Türkmeniň, Çagry beg Türkmeniň, Alp Arslan Türkmeniň, Mälik şa Türkmeniň, Soltan Sanjar Türkmeniň, Baýram han Türkmeniň nesillerisiňiz. Nesilbaşymyz Oguz han Türkmen: «Baýdak ýykylsa, döwlet synýandyr» diýipdir. Muny siz hergiz unutmaň.
Taryha nazar salyň. Geçmişde türkmen beýgelende-de, kiçelende-de dönük bolmandyr, Watanyny, milletini satmandyr, ata-babalarymyzyň mertligi, Watana wepalylygy, ar-namysy size siňsin.
Ýaşyl Tugumyzy göreniňizde buýsanyň, guwanyň, siziň oňa buýsanmaga, guwanmaga doly hakyňyz bardyr. Sebäbi bu Baýdak merdana türkmen halkymyzyň Şöhratynyň, Kuwwatynyň, Rowaçlygynyň, Altyn Asyrynyň kepilnamasydyr.
Siziň göterip duran Ýaşyl Tuguňyz şu günümiziň hem geljegimiziň aýdyň ertirleriniň kepilnamasydyr. Söweş Baýdagy diňe bir harby bölümiňiz üçin däl, eýsem siziň her biriňiz üçin-de kalbyňyzy joşdurmaly, ruhuňyzy Tug deýin bilende götermeli, siziň belent Ruhuňyz, Watana bolan wepalylygyňyz öz nesliňize geçmeli buýsançdyr!
Siziň mukaddes Ýaşyl Tugumyza, öz Söweş Baýdagyňyza bolan hormatyňyz, buýsanjyňyz ata Watanymyza, mähriban halkymyza, ýüzläp-ýüzläp keramaty güýçli är-pirler, ýurdumyz üçin baş goýan gerçekler, şehitler ýatan, atan bir dänäňi müň edip gaýtaryp berýän, Hydyr gören topragymyza bolan söýgüňizden, mähir-muhabbetiňizden gözbaş alýan halal akaba bolmalydyr.
2003-nji ýylyň fewral aýynyň 19-ý.».
Türkmenistanly esgerleriň ilkinji Prezidentimiziň sargydyny hemişelik ýadynda saklajakdyklaryna we eger gerek bolsa, onda öz bölümleriniň baýdaklary we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy astynda ata Watanyny döşüni gerip gorajakdygyna hiç hili şüphe bolup bilmez.
Taryhy makalalar