5. Türkmenleriň harby birleşmeleri
Birinji jahan urşy ýyllarynda
(1914 – 1918-nji ýyllar)
Türkmenistan Russiýa imperiýasynyň düzümine goşulandan soň namysjaň türkmenleriň söweşjeň ukyplary ýörite nazara alynýardy. Türkmenlerden meýletinçi atly bölüm döredildi. XIX asyryň ahyrynda XX asyryň başlarynda şol bölüm özüne tabşyrylan dürli söweş wezipelerini örän üstünlik bilen ýerine ýetirýärdi.
Şol bölümde jigitler meýletin bildiren islegi boýunça gulluga alynýardy. Olara atly goşunyň bäşatary berilýärdi, aýda 25 rubl hak tölenilýärdi, şeýle hem olar «T» harpy (türkmenler) şekillendirilen gerdenlikleri dakynýardy. Esgerleriň ähli beýleki zatlary – aty, gylyjy, geýimi, eýeri we beýleki zatlary olaryň özüniňkidi.
1909-njy ýylda rus serkerdesi D.N.Logofet türkmen jigitleri hakynda şeýle sözleri ýazdy: «Olar ajaýyp bedewleri bolan oňat harby bölümdir. Esgerleriň gulluk usuly edil biziň kazak bölümlerimizdäki ýaly. Serkerdeleriň bolsa bir bölegi hut şol meýletinçilerden bellenilýär. Aslynda, türkmenler biziň atly goşunymyzyň sanyny artdyrmak üçin örän oňat mümkinçilikdir. Öz häsiýeti hem-de asyrlaryň dowamynda aňynda ornan düşünjeler boýunça bu halk biziň goşunymyzyň düzüminde bolmagy örän arzyly milletdir».
1914-nji ýylda Birinji jahan urşy başlandy. Türkmenleriň atly goşunlarynyň esgerlik sypatlary özlerine örän oňat mälim bolan rus serkerdeleri Köşi obasynda meýletinçiler bölüminiň binýadynda ýörite polky howlukmaçlyk bilen döredip başlady. 1914-nji ýylyň noýabr aýynda imperator Nikolaý II Gündogar Hazar sebitiniň türkmenlerine polkun döredilendigi üçin öz eli bilen: «Türkmenlere tüýs ýürekden minnetdardyryn!» diýen sözleri ýazdy.
Polkuň Merw, Ashabat we Tejen sebitlerinden bolan adamlardan düzülendigini, şonuň üçin imperatoryň permany bilen onuň Tekeleriň atly polky diýlip resmi at göterendigini bellemek gerek.
Türkmen esgerleri Günorta-Günbatar frontdaky söweşlere gatnaşmaly boldy, şol ýerde olara awstriýa-wengriýa goşunlary garşy durýardy.
Eýýäm 1914-nji ýylyň noýabr aýynyň 15-inde türkmen polky duşmanyň pyýada goşunyna garşy hüjüme gatnaşdy. Olar awstriýalylary derbi-dagyn edip, birnäçe pulemýoty we atlary olja alyp geldiler.
Şol söweş rus habarçylarynyň ünsüni özüne çekdi. Mysal üçin, habarçy F.Kupçinskiý «Petrogradskiý kurýer» gazetinde 1914-nji ýylyň noýabr aýynda şeýle ýazdy: «German topragynda, Soldaunyň etegindäki söweşde biziň goşunymyzyň türkmenlerden düzülen täze atly bölümlerini ilkinji gezek gördüm. Gaba telpekli we donlaryndaky gerdenlikleri we gadymy egri gylyçlary geň galdyrýan şol esgerler gadymyýtiň mongol söweşijilerini ýadyňa salýardy, olaryň daş sypaty timar-terbiýe görmedik ýaly bolsa-da, özleri syratly, garaýagyzdy, damarlary kiriş ýaly dartylyp duran, kesekini golaýyna getirmeýän we seýislenen atlaryndaky tegelek ýaýly eýerleri ýörite ýüpek nagyşlary bilen bezelendi. Olaryň peýda bolmagy ähli ýerde hemmeleri heýjana getirýär we hemmeleriň ünsüni özüne çekýär. Olar hatarlaryny gyradeň saklajak bolup hem durmaýar, bir-birine dostlarça, gurby-kuwwaty deň egindeşler ýaly garaýar, biri-birini deňhukukly, deň mertebeli saýýarlar, diňe özleriniň gadymdan galan atly söweşde gylyç ulanmak tärlerini, özleriniň söweş tilsimlerini, özleriniň hüjüme atylmak, aňtaw işlerini geçirmek usullaryny ykrar edýärler.
Güzerde olaryň atlarynyň sürüsini gördüm we olar ýabany sugunlaryň sürüsine meňzeýär, emma olar güýçli, kuwwatly we ýyndam bedewlerdir, düşelgelerde agyzdyryk dakylman, gazyga daňylman gezişip ýör. Olaryň (türkmenleriň – awtor) özlerini hem aýbogdaş gurap, oduň başynda oturanlaryny gördüm. Olar az iýýärler we diňe «öz» diýen owkadyny ulanýarlar, esger aşyny halamaýarlar, çöregi hem halamaýarlar. Atlaryna münenlerinde enaýy bir hereket bilen donlarynyň syýyny aşagyna salýarlar we öňdäkiniň çasly sesini eşidip, herekete başlaýarlar. Olar aty gorgunyna goýbermegi halamaýarlar. Diňe okkesdirme öňürdikletmäni halaýarlar ýa-da atyny haýal sürmegi gowy görýärler, atlarynyň üstünde oturanda, olar bilen bir göwre ýaly, gözüňi dokundyrýar, her bir adamyny guwanç bilen synlamaga mejbur edýär. Olar öz ýanlary bilen ätiýaçlyk atlary, halylardan dokalan çadyrlary getiripdir, urşa bolsa baýrama gelen ýaly şadyýan, begençli gelipdir we eýýäm birnäçe söweşe gönüden gatnaşdylar, bedewlerine örän köp tälim bermegi halaýarlar, munuň üçin aňtaw çärelerini peýdalanýarlar, özi-de muny düzgün-nyzamly hemişelik atly goşundan pes ýerine ýetirmeýärler, käte atlarynyň başyny goýberip, özleri pyýadalap gidýärler, köp halatlarda hemmelerden köp ileri süýşýärler we örän gymmatly maglumatlary getirýärler».
Tutuş Awstro-Wengriýa döwletinde ruslaryň goşunyna Aziýanyň jümmüşlerinden elhenç atly esgerleriň getirilendigi hakynda gürrüň ýaýrady. Şol atly goşun hamala adamhorlardan ybaratmyş. Ýerli ilat dowla düşüp, öý-ojaklaryny, mal-garasyny taşlap tokaýlara gaçypdyr. Awstriýa esgerleri hem şol merdana jigitleriň at-owazasyndan ýaňa eýmenç duýgu bilen gurşalypdyr.
Saparmyrat Türkmenbaşy özüniň Mukaddes Ruhnamasynda şeýle ýazýar:
«Söweş güni türkmen ýigitleri mele çäkmenli, mele silkmeli. Türkmen kazylyk atlary hem mele bolýar. Ol reňkdäki geýim-gejimler bolsa, tebigatyň reňki bilen dessine garyşyp gidýär. Jahankedeleriň türkmen ýigitleriniň söweş usuly barada: «Olar hamana ýerden çykan ýaly birden peýda bolýarlar, gerek wagty hem ýere giren ýaly zym-zyýat bolýarlar» diýip ýazmasynyň syry nirede eken.
Ýurdumyza sapar eden jahankeşdeler türkmenleriň gapysyndaky atyny ýylboýy seýisde saklaýandygyny ýazypdyrlar, haýran galmaly ýeri, türkmen ýigitleriniň özlerem ýylboýy seýisde. Orta Aziýanyň halklaryndan tapawutlylykda, halkymyzyň daýhanam, çarwasam etçil däl. Etem gowurdak-gowurma edýär. Gowurdakdan nahar taýynlamak gaty aňsat, üstesine-de zaýa boljak gumany ýok! ...
Türkmen golaýda söweş boljagy ýa üç-dört günden söweşe ugraljagy mälim bolan gününden ozalky iýýäninem iýmeýär. Özüni eredilen ak ýaga tutýar. Türkmen üç-dört günde artykmaç etini taşlaýar, çuslanýar. Onuň aty üçin mydama duza ýatyrylan logalasy bar. Goýnuň guýruk ýagy duza ýatyrylyp, logala edilýär. Söweşe çykjak türkmen atyna şonuň bir-iki bölegini iýdirýär. Söweş uzaga çekse, gaçma-kowma bolsa, söweşiji egläge-de logalany atynyň agzyna tutýar, at jylawdalygyna garamaşdan, ony iýip bilýär. Soň ol iki gün, üç gün suw bolmasa-da, söweş tabyny ýitirmeýär. Häzirem çopanlarymyz tomsuň yssysynda guşluk wagty ýarty şa käse ergin ýagy içer, bolany, tä agşan howa özüni goýberýänçe ajykmazam, suwsamazam!
Türkmen tebigaty – türkmen halkynyň gönezligidir!
Türkmen tebigaty – türkmeniň ruhy dünýäsine düşünmegiň iň ilkinji hem esasy açarydyr». (180-182-nji sahypalar).
Awstriýa we german serkerdeleri türkmenleriň edermenlikleriniň «bular bir akyl-huşuny ýitiren adamlar ahyryn!» diýdirjek derejede haýran galdyryjydygy hakynda şaýatlyk edýär. Olar elinde diňe gylyçlary bolan jigitleriň Duplisiň eteginde 1914-nji ýylda nemes goşunlaryna garşy tüweleý ýaly çozuşyny görüpdir. Toplar, pulemýotlar, tüpeňler bilen ýaraglanan nemes esgerleri 600 sany atly esgere garşy durmagy başarmandyr, sebäbi olar tüpeňdir sapançalaryny bir ýana aýryp, diňe gylyçlaryny ýalaňaçlap, duşmanyň jümmüşine kürsäp giripdir, olaryň köp sanlysyny paýhynlap, hatarlarynda aljyraňňylyk we dowul döredipdir. Nemesler atly esgerleriň şeýle zarba urmagy başarýandygyny henize-bu güne çenli görmändir.
Elbetde, söweşler ýitgisiz bolmaýar. Ýaraly türkmen jigitlerini gadyr edip, Peterburgyň iň oňat hassahanalarynda ussat lukmanlar bejeripdir.
Türkmen jigitleriniň arasynda Seýitmyrat Öwezbaýew diýen biri özüniň zehini, islendik ýagdaýda çalt we dogry netiije çykarmagy başarmagy, edermenligi bilen aýratyn hem tapawutlanýan eken. 1915-nji ýylyň maý aýynda poruçik Öwezbaýewi söweşlerde görkezen batyrlygy, esgerleriň hereketlerini dogry guramaga ussatlygy, köp dürli täsin harby tilsimleri bilip, rus goşunynyň rowaçlanmagyna goşan goşantlary üçin III derejeli Keramatly Stanislaw ordeni bilen, 1916-njy ýylyň fewral aýynda bolsa III derejeli Keramatly Anna ordeni bilen sylaglapdyrlar. Şondan soň üç aý geçende S.Öwezbaýewi eýýäm poruçiklikden ştabs-rotmistr derejesine geçirýärler, tiz wagtdan bolsa ony Georgiý haçy bilen sylagladylar.
1915-nji ýylyň ýanwar aýyndaky ýagdaýa görä, Tekeleriň atly polkunda şeýle sylag bilen sylaglananlaryň 67-siniň bolandygyny bellemek gerek. Georgiý haçy diýen sylagyň nähili zatdygyna düşünmek üçin onuň gahrymanyň ýyldyzyna barabar görlendigini hem-de aýratyn uly ähmiýetli, beýlekilerden juda tapawutlanýan gahrymançylykly hereketler, esger gaýduwsyzlygy üçin berlendigini aýtmak gerek. Şol döwürdäki söweşlerde türkmen jigitleriniň 30-dan gowragy «Edermenligi üçin» diýen medal bilen sylaglanyldy.
Keramatly Geogiý diýen tapawutlandyryş derejeleriniň dördüsine-de mynasyp bolan türkmen jigitleriniň bolandygyny hem aýtmak gerek. mysal üçin, Ahalyň Gypjak obasyndan Daňatar Artykow şeýle merdana esger bolupdyr.
1916-njy ýylyň maý aýynyň 30-ynda Ashabada Russiýa imperiýasynyň Ýokary Baş Serkerdebaşysynyň habary iberildi, şol habarda Tekeleriň atly polkunyň jigitleriniň görnükli edermenlikleri hakynda habar berilýärdi.
Şol söweş hakynda «Weçerneýe wremýa» diýen Russiýa gazetinde 1916-njy ýylyň iýun aýynda örän mahabatly sözler bilen şeýle ýazyldy: «Bu waka maý aýynyň 28-inde boldy we harby taryhda görlüp-ýeşidilmedik hadysa diýlip hasaplanylýar, ýogsa şu urşuň dowamynda biziň goşunlarymyz harby taryha düýbünden täze sahypalary ýazdylar.
Ýaňy daň saz beripdi. Biri-birine garşy duran goşunlaryň ýokarysynda asmanda toplaryň gümmürdisi, partlaýan oklaryň şuwwuldysy we pulemýotlaryň sesi ýaňlanýardy. Pyýada goşun eýýäm söweş ýalnynyň içindedi. Örän gazaply jeň dowam edýärdi. Brigadanyň serkerdesinden başlap iň soňky esgere çenli ähli söweşijiler adaty däl bir wakanyň başlanýandygyna düşünýärdiler.
Tekeler bireýýäm ýer peşäp duran dyzmaç bedewleriniň eýerinde. Esgerler hem, atlar hem jeň meýdanyna atylyp girmäge häzir. Esgerler öz birkemsiz taplanan egri gylyçlaryny ýuwaşlyk bilen çykardylar we olaryň ýitiligini seresaplyk bilen barladylar. Ähli zadyň talaba laýykdygyna göz ýetirip, söweşe uly höwes bilen garaşýardylar. Ine birden: «Hüjüme!» diýen buýruk ýaňlandy. Sähelçe salymyň içinde eýýäm gulaklar diňe şemalyň şuwwuldysyny eşidýär we nirededir bir ýerde, hamala, örän uzakda, pulemýotlaryň tak-taky eşidilýär, partlaýan top oklarynyň sesi howany böwüsýär we tüpeň sesleri ýaňlanýar. Ýüzin salyp barýan atlaryň üstündäki esgerler-de, olaryň bedewleri-de edil tüweleý ýaly gazaply we güýçli. Söweşijiler ýapyrylyp öňe omzaýar we monjuk ýaly lowurdaýan gara gözleri öňe, arzyly aldym-berdimli söweşiň garaşýan jeň meýdanyna hüşgärlik bilen seredýärdi.
Öňde bolsa diňe tüpeňleriň nillerinden çykýan ýalyn bilen şäheklenen ýaly garymlaryň sudury görünýär.
Sähraýy bedewler sähelçe salymyň içinde esgerleri duşmanyň hatarlaryna ýetirdi.
Garymlaryň üstünde garaňky kölege ýaly atlar we egri gylyçlaryny saga-sola galgadýan esgerler peýda boldy. Üç hatar garym... Pyýada goşunyň sany müňlerçe... Pulemýotlar, dürli tüpeňler ýüzlerçe ýalynly gülläni çar ýana sowurýar... Gaba telpekli merdana sähraýy esgerleriň polky ähli şu elhenç güýjüň üstünden ajal tupany ýaly bolup indi. Duşmanyň üstüne dökülen esgerleriň bölümi garşydaky goşunyň hatarlarynyň arasyna naýza ýaly girýär, saga-sola gylyçlar inýär. Atlarynyň aýak astynda ýüzlerçe jesidi tozana garyp, duşmanyň garymlarynyň üç hataryndan böwsüp geçen gerçekler, iki topara bölünýär we olaryň her biri duşmanyň bir ganatynyň daşyndan aýlanýar we bu elhenç ajal tüweleýiniň bu tupany, ölüm we aljyraňňylyk getirýän bu sil akymyny saklajak güýç ýokdy. Rus serkerdeleriniň başarnykly we edermenlikli ýolbaşçylygyndaky teke jigitleriniň ýyldyrym çaltlygyndaky şu haýran galdyryjy hüjümini gören goşunlar uly şowhun bilen «Ura!» diýip gygyrýar we şu guwandyryjy, ähli ünsüňi özüne çekiji harby hereketleri gözüni aýryp bilmän synlaýardy.
Şol wagt bolsa garymlaryň arasynda tekeler awstriýalylara garşy söweşmek bilen, olaryň aralaryna barha we barha ilerleýärdi. Eýýäm olaryň jeňiň şowhunyna gany lasyrdaýan bedewleri-de duşmany depip we gapyp başlapdy. Tekeler indi göze görünmeýärdi we diňe hanjardyr gylyçlaryň lowurdysy olaryň merdanalyk bilen ýerine ýetirýän esgerlik işini synlamaga mümkinçilik berýärdi. Şol wagt pyýada goşun hem öňe sürüldi. Ýene-de toplaryň sesi ýaňlandy. Ynha birden hem duşman ýan berip başlady. Ilki onlarça, soň ýüzlerçe we müňlerçe adam ýarag-esbaplaryny taşlap, it masgarasy bolup başly-baratly gaçýardy. Adamlaryň iňňildisi, jany ýangynly zarynlamalar we dady-perýatlar, gümmürdi, goh, müňlerçe adamlaryň aýak sesleri garym-gatym bolup, bir äpet tüweleýiň sesine meňzeýärdi. Tekeler tüweleýden gorkup dagan goýun sürüsine meňzeýän duşman leşgerlerini kowýardylar, dyr-pytrak edip, gylyçdan geçirýärdiler. Olaryň biri duşmanlaryň onlarçasyna garşy arslan ýaly topulýardy, kerçeýärdi we derbi-dagyn edýärdi.
Awstriýalylaryň kelleleriniň bir ýana zyňlyp gidýändigi we ýerden togalanýandygy görünýärdi, jigit bolsa eýýäm ýene-de bir duşmanyň janyny jähenneme ibermek üçin ykjamlanýardy. Egni bilen we ýaýjykdan çapylan eller hem-de iki bölünen jesetler çar ýanda serlip ýatyrdy.
Tekeler awstriýalylaryň goşunlarynyň uly toparyny onlarça wersta aralyga derbi-dagyn etdiler, 2 müň adamyny öldürdiler we 3 müňden gowrak adamy ýesir aldylar. Ähli ýollaryň ýakalarynda taşlanan toplar, pulemýotlar, ok-däriler salynýan çelekler, tüpeňler, ýaraly we öldürilen atlar, millionlarça ok ýaýrap ýatyrdy.
Pflanseriň goşuny doly derbi-dagyn edilipdi – muňa hiç hili şüphe ýokdy. Şu möhüm işe örän uly goşant goşan tekelere hemmeler minnetdarlyk sözlerini aýdýardy. Jigitler bolsa hemişe bolşy ýaly, pesgöwünlilik bilen dymýar, diňe gözlerinde käte ýene-de bir şunuň ýaly şöhrat getiriji söweşe gatnaşmaga gandyryp bolmaýan hyjuw, uly isleg görünýärdi. Agşamlaryna olar öz aralarynda biri-birine käbir pursatlary, gylyçlaryny nähili ussatlyk bilen indirendigi hakynda sesine asla bat bermän gürrüň berýärler, wepaly dostlary bolan bedewleriniň nähili ýyldyrym çaltlygynda duşmana garşy gidendigi hakynda aýdýardylar. Jigitler öz watanyna gaýdyp baranda, şol ýerde beýik söweş hakynda gürrüň berjekdiklerine hem-de öz ata-babalarynyň şu çapgyr gylyçlar ýaly gadymy taryhyna täze şöhratly sahypalary goşjakdygyna begenýärdiler».
Eýsem, uzak bir ýurtda şöhratly türkmen jigitleri hakynda yhlas bilen ýazylan şu ajaýyp setirler biziň üçin, gör, nähili ýakymly. Bary-ýogy 600 jigit köp menzile uzaýan tutuş jeň meýdanynda ýatdan çykmajak darkaşy gurap, özlerini hemişelik şan-şöhrata beslediler ahyryn.
Türkmenlerden düzülen goşun bölüminiň rus-türk urşuna gatnaşandygyny hem aýtmak gerek. Kawkazda özüni görkezen serkerde türkmenleriň atlary mälimdir, olar Çary Geldiýew, Kakajan Berdiýew, Hajymyrat Hajymyradow, podpolkownik Nikolaý Han Ýomudskiý. Oňa general-maýor Çikowaniniň baştutanlygyndaky goşunlaryň bir bölegine başarnykly serkerdelik edendigi üçin 1916-njy ýylyň ýanwar aýynda Georgiý ýaragy sylag berildi.
1917-nji ýylyň fewral aýynda Russiýada Fewral ynkylaby amala aşdy, Nikolaý II tagtdan el çekdi, häkimiýeti bolsa Wagtlaýyn hökümet basyp aldy. Iýul aýynyň 19-ynda general L.G.Kornilow Ýokary Baş Serkerdebaşy wezipesine bellenildi, ol şol wagt frontda bolan Tekeleriň atly goşunynyň dessine ýanyna getirilmegi hakynda buýruk berdi. Kornilow baryp ýaş wagtynda Türkmenistanda gulluk edipdi hem-de türkmenleriň gylyk-häsiýetlerine, sözüne wepadarlygyna, halallygyna, esasan hem esgerlik edermenliklerine beletdi.
L.G.Kornilow patyşanyň täzeden tagta çykmagyna ýardam bermek üçin elinden gelen tagallalary edýärdi hem-de ynkylaba garşy hereketlere işjeň gatnaşýardy, türkmenler bolsa öz watanyndan alys ýurtda şol wakalara biýerk gatnaşmaly boldy.
Bolşewikleriň ynkylaby bolup geçenden soň (1917-nji ýylyň oktýabr aýy) general Kornilow ak gwardiýaçylaryň hereketini güýçlendirmek isleýär we Don derýasynyň sebitine süýşýär, türkmen jigitlerini hem öz ýany bilen alyp gidýär. Ol Türkmenistandan Tekeleriň atly polkuny haýal etmän öýüne ibermek hakynda Türkmen komitetinden (1917-nji ýylyň noýabr aýy) çözgüdiň gelendigine pitiwa-da etmeýär.
1917-nji ýylyň noýabr aýynyň 26-synda tekeleriň atly goşuny Suraž şäheriniň golaýynda bukuda oturan duşmanyň duýdansyz çoşuşyna sezewar bolýar. Ýolbeledi hökmünde öz hyzmatlaryny teklip eden bolşewikleriň aňtawçysy türkmenleri golaý aradan ok atýan pulemýotlaryň üstünden eltdi. Köp ýitgi çeken türkmenler Uneça demir ýol duralgasyna tarap çekildiler, emma şol ýerde olara bronepoýezd garaşýardy we bu ýerde polk eýýäm güýçli toplardan oka tutuldy we ýene pidalar çekdi.
Kornilowyň ýanynda öňki 600 adamdan bary-ýogy 125 esger galdy. Beýlekiler gurban boldy ýa-da ýesir düşdi. Noýabr aýynyň 27-sinde haýyn general türkmenleri habardar etmezden, olary gizlin terk etdi. Teke jigitleri indi öz başyny özleri çaramalydy. Türkmenleriň bary-ýogy 30-sy Kornilow bilen Don derýasynyň sebitine gitdi, onuň şahsy janpenalary boldy, 1918-nji ýylyň mart aýynyň 31-inde Krasnodaryň eteginde general wepat bolandan soň bolsa türkmenler ak gwardiýaçylar goşunynyň täze serkerdebaşysy general Denikiniň janpenalarynyň hataryna goşuldy.
Ýesirlige düşen türkmenler Brýanskiniň we Minskiniň türmelerinde bendilikde saklandy. Bolşewikler olary watanyna, öýüne iberdi. Jigitleriň biri bir gyzykly waka hakynda gürrüň berýär. Türkmenler Minskide bolan mahaly olaryň ýanyna ady rowaýata öwrülen W.I.Çapaýew baryp, Meredaly Ýusubaly diýen adamyň baştutanlygynda olaryň 30-syny öz diwiziýasyna goşulmaga göwnedipdir. Ýöne birnäçe aý geçenden soň türkmenleriň öz watanyna gaýdyp barmalydygy barada buýruk geldi, birnäçe adam bu buýruga tabyn bolman, şol ýerde galdy. Olaryň ykbaly belli däl. Ine, şeýlelikde öz ata Watanyndan alys ýerlerde türkmeniň adyna şöhrat getiren 600 jigit rus ynkylaplarynyň pajygaly wakalaryna gatnaşmaly boldy.
Ine, şeýdip gylyçlar zamanasy sowuldy, indi ok atýan ýarag has gadyrly we netijelidi, ol birinji orna çykdy. Şeýle ýaraglaryň Merkezi Aziýada baryp XVI – XVII asyrlarda peýda bolandygyna garamazdan, türkmenleriň goşunlarynda olary ulanmaga wagty bilen şert bolmady. Birinji jahan urşy başlaýança türkmenlerde bedewiň üstünde oturyp, duşmana garşy gylyç bilen söweşmek usuly agdyklyk etdi.
Taryhy makalalar