TÜRKMENIŇ YNANJY WE RUHUBELENTLIGI
/ edebi-filosofik söhbet
Däli Domrul taryhy ruh diýilýän hadysanyň düýp manysyna düşünmek üçin oňat mysal. Munuň özi, umuman alanyňda, bir ýeňlişiň taryhy.
Eýsem bu kimiň kimden ýa-da nämäniň nämeden ýeňlişi we näme sebäpli ýeňlişi?
Men bu sowaly söz owadanlamak üçin däl-de, meseläniň içki tebigatyna aralaşmaga kömek edip biljekdigi üçin gepbaşy edinýärin.
Ýeňiş hem, ýeňliş hem göreşiň netijesi, dünýädäki ähli göreşler bolsa dürli erkleriň arasyndaky gapma-garşylygy aňladýar. Men Domrul bilen baglanyşykly göreşi ynam bilen ynanjyň arasyndaky göreş diýip atlandyrmak isleýärin. Domrulyň özüne – däliligine, çalasynlygyna, batyrlygyna ynamy bar. Edil şu epizodda – şu hakykat pursadynda ynam hem ynamlylyk gara güýjüň hajaty hökmünde öňe çykýar. Bu ruhy manyly güýç däl, şonuň üçinem ol ahyrsoňy synmak, ýan bermek bilen gutarýar.
Meniň aňlaýyşyma görä, bütinleý başga zat bolan ynanç ruhy hadysadyr.
Ynanç – erkiň hajaty, emma bu ruhyň erkiň hajatydyr.
Domrul Ezraýyldan ýeňilýär. Bu wakany filosofiýanyň diline geçirip aýdanyňda, has ejiz gara güýç has rüstem gara güýçden ýeňilýär diýmekdir. Adam bilen perişdeleriň düýp ontologik tapawudyny kesgitlemeli bolsa, şeýle diýerdim: adam – erk, perişde – erksizlikdir. Allatagalanyň Adam atany ýaradyp, ähli perişdeleri oňa sežde etdirmeginiň aňyrsynda şol uly hakykat ýatýar. Dini filosofiýa bu tapawudy: adam – emel, perişde – amal diýen pähim görnüşinde aňladýar.
Özüniň ýaradylyşy boýunça adam erkli jandar. Perişdeler bolsa öz hususyýetinde erkden mahrum bolup, diňe Allanyň erkini aňladyjylardyr. Ine,
Ezraýyl – Hudaýyň gara güýç hökmündäki erkini amal ediji:
Jebraýyl – onuň ruhy güýç hökmündäki erkini;
Mykaýyl – durmuş-jemgyýetçilik güýji hökmündäki erkini;
Ysrafyl – Allanyň taryhy güýç hökmündäki erkini – amal edijilerdir.
Domrully wakada Alla gara güýjüň garşysyna has uly gara güýji goýýar. Bokurdagyndan gysylyp ugralan Domrulyň erki synmak bilen bolýar. Domrul amana gelip, oňa ýalbaryp ugranda, Ezraýyl: «Maňa näme ýalbarýarsyň, men bir hyzmatçy» diýip, jogap berýär. Şu sözlerem onuň erk meselesinde nähili mümkinçiliginiň hem tebigatynyň bardygyny açyk görkezýär.
Türkmen aňynyň ýaşaýşynda erk çuňňur manyly zat. Bir söz bilen aýdylanda, erk – adamyň hem milletiň ýaşaýyş ukybydyr. Erk arkaly adam hem millet öz «menini» amal etmegi, ykrar etmegi başarýar.
Milletiň hem şahsyýetiň «menini» amal edişi, meniňçe, edil biologik organizmleriň ýaşaýşyny dowam edişiniň prinsipindedir.
Organizm – açyk ulgam diýip biologlar tassyklaýarlar. Munuň özi şeýle diýmekdir: jandaryň agzy daşardan alynýan iýmiti aşgazana geçirýär, ol iýmit aşgazanda işlenilýär, soňra-da üýtgedilen energiýa görnüşinde damarlar arkaly tutuş organizme siňdirilýär. Ýaşaýşa ukyply adam ýa-da millet edil ýokarky ýaly prinsipde fiziki erki ruhy erke öwrüp, özüne siňdirip bilýän zatlardyr. Domrulyň dramasy – onda özüniň gara güýjüni ruhy güýje öwrüp bilýän şeýle içki ukybyň ýoklugyndadyr.
Geliň, anyk gürrüňe geçeliň: Domrulyň «menini» emele getirýän zatlar onuň edil öz dilinde aýdylanda: «ärlik, bahadyrlyk, batyrlyk, çalasynlyk, ýigitlik». Seredip otursaň, bularyň bary gara güýjüň, tebigy erkiň görkezijileridir, tebigy güýç bolsa ruhuň – ýaşaýyş energiýasynyň hilini üýtgedýän, täze şertlere we zerurlyklara laýyklykda, oňa täzeden jan berýän bu täsin ukybyň ýok ýerinde, ahyrsoňy tebigy ejizlige, tebigy mejalsyzlyga öwrülýär. Şu nukdaýnazardan, ýokarky sypatlary – görkezijileri gözden geçirip göreliň.
Ärlik – Domrul muny güýç bilen baglanyşdyrýar. «Menden güýçli är barmydyr?» Güýjüň gapma-garşylygy bolsa ragwatsyzlykdyr.
Bahadyrlyk – häzirki türkmen dilinde batyrlyk görnüşine geçipdir. Elbetde, bu ikisiniň arasynda hut bizi gyzyklandyrýan meselede düýpli tapawut bar. Asyl, şol tapawudam türkmen ruhunyň Domruldan bärki taryhynyň logiki üýtgeşmesini özünde saklaýan anyk hadysadyr.
Batyrlyk – hökmany suratda gara güýjüň zorlugy däl, ol asla-da gara güýjüň häsiýeti däl, tersine, batyrlyk indi hut ruhuň sypaty, ýüregiň ukyby hökmünde aňlanylýar. Emma Domrul munuň däl, «bahadyrlygyň» gürrüňini edýär. Bahadyrlyk bolsa şol döwürde biziň häzir ulanýan «pälwan» sözümiziň manysyny beripdir.
Pälwanlyk – tebigy ölçeg, gabara, daýawlyk. Onuň gapma-garşylygy – mejalsyzlyk, hor, çepiksi.
Soňra Domrulyň men-menliginiň sanawynda çalasynlyk gelýär, çalasynlygyň gapma-garşylygy – errelik.
Domrulyň «menini» emele getirýän düşünjeleriň hataryndaky iň soňky düşünje bolan ýigitligiň soňy garrylykdyr.
Şeýlelikde, bularyň bary sap gara güýjüň alamatlary bolup, olar öz gapma-garşylygyna öwrülýärler: ärlik – ejizlige, bahadyrlyk – mejalsyzlyga, çalasynlyk – errelige, ýigitlik – garrylyga. Domrulyň kemçiligi-de şundadyr – ol öz gapma-garşylygyna geçip bilýän zatlara arka direýär, şeýdibem, ýeňilýär. Gapma-garşylyga geçmek – munuň özi sözüň ontologik manysynda ýok bolýan, ölýän zatlar diýmekdir. Islendik gara güýç, fiziki erk özünden has rüstem gara güýje, erke sataşanda ýok bolýar, synýar.
Ýigitlik – wagta duçar bolanda, gurpdan gaçýar, garrylyga öwrülýär. Beýleki Domrulçylyk sypatlary hakynda-da şeýleräk pikir ýöretmek mümkin. Filosofiki umumylaşdyrma geçeniňde – gabyklary, ikinji derejeleri hakykatlary aýryp, hakykatyň özenine geçip aýdylanda, tebigy erk – mukdar hadysasydyr, ol öz ýaşaýşynda intensiwligiň dürli derejesine ýetip, şol derejeleriň birinde-de gapma-garşylyga öwrülýär, synýar, ýok bolýar. Edil suw küýzesiniň suwda synyşy ýaly. Intensiwliginiň derejesine görä-de, uly ýumruk bolýar, kiçi ýumruk bolýar, ejiz ýumruk, güýçli ýumruk bolýar. Emma Magtymgulynyň aýdyşy ýaly, bularyň bary iň uly pälwan pelegiň ýumrugynyň urgusy bilen ahyrsoňy çym-pytrak bolýarlar.
Hakyky erk – ruhdur. Çünki ruh – öz gapma-garşylygyna öwrülmeýän erkdir, sebäbi onuň gapma-garşylygy ýokdur. Şu ýerde türkmen ruhunyň, taglymatynyň tejribesine we gazananlaryna esaslanyp, möhüm filosofiki meseläni – ruh bilen maddanyň arasyndaky mynasybet hakda käbir zatlary nygtamak isleýärin.
Madda ruhuň gapma-garşylygy däldir. Eger şeýle bolsa, onda bularyň biri-birine öwrülmek mümkinçiligi ýüze çykardy. Ruh bilen maddanyň arasynda şeýle öwrülmegiň ýoklugynyň sebäbi – bular ontologik taýdan baglanyşykly däl närselerdir, ontologik bitewülik bu ikisiniň aýry-aýry dünýälerdigi üçin, mümkin zat däldir. Magtymguly ruhy hemişelik, absolýut närse, maddany üýtgeýän, pany barlyk diýip görkezýär. Diýmek, ruh maddanyň ösüşiniň netijesi hem däl, onuň hasyly, şuglasy hem däldir. Diýmek, madda ýaşaýşynyň dürli taraplaryna, şol sanda wagta-da dahylly däldigi üçin, ruh bakydyr.
Bu ikisiniň arasyndaky gatnaşygy nähili göz öňüne getirmeli?
Birinjiden, ruh ruhuň barlygyna mätäç maddanyň öwezini doldurmasydyr. Hudaý dünýäniň ýetmezçiliginiň, ruh teniň ýetmezçiliginiň öwezini doldurýar. Entek madda özüniň ýaşaýşynda ruha mätäçkä, ruh hem onuň ýetmezleriniň öwezini dolýarka, dünýäniň ýaşaýşy sazlaşykly gidýär, «ýaşaýyş» diýilýän fenomen mümkin bolýar, hakykylygynda galýar. Adamzadyň «din» diýip atlandyrýan ruhy hadysasyna-da maddanyň ruha mätäçligi nukdaýnazaryndan seretmek gerek.
Din – adamyň biologik ýetmezçiliginiň ruh bilen öweziniň doldurylmagydyr. Biologik ýetmezçilik, has dogrusy, petik, çykgynsyzlyk diýip men ölüme ynanýaryn. Adam ölümi adalatsyzlyk, ýetmezçilik, kemçilik diýip bilipdir. Onsoň ol özüniň ýaşaýşynyň sazlaşygyny, paýhasalaýyklygyny üpjün etmek üçin bu kemçiligiň üstüni ruh, dini garaýyşlar bilen ýetirýär. Teniň öldümi – ruhuň galar! Bu tebigy ölümiň ruhy öwez dolmasydyr. Şu ýerde adama ynanç kömege gelýär.
Ynanç – ruhuň delilidir. Bütinleý başga erk, başga energiýa bolansoň, ruhy ynanç tebigy erkden juda rüstem bolupdyr we rüstem bolmagynda galýar. Adamyň özboluşly jandar hökmündäki iň güýçli sypaty, elbetde, ruhubelentlikdir.
Ruhubelentlik – ýaşaýyş ukybynyň iň ýokary derejesi, energiýanyň iň ýokary görnüşidir.
Ruhubelentlik bir daragt bolsa, onuň kökleri Ynançdan suw içýändir.
Ynanç – ruhy erkinlikdir.
Ynanç – öz «meniňi», öz ruhuňy aňlamakdyr.
Islendik erkinlik – öz «meniňe» howp salýan daşky erkleri erksizleşdirmekdir. Ruhy erkinlik bolsa çuňňur ruhy gymmatlyklara esaslanýan erkinlikdir. Erkinligiň üç hili görnüşi bolýar.
1. Tebigy (fiziki) erkinlik.
2. Syýasy erkinlik.
3. Ruhy erkinlik.
Bularyň birinji ikisi üçünjiniň ýoklugynda syndyryp bolýan erkinliklerdir.
Tebigy erkinlik – öz barlygyňa erk etmek. Erkinligiň bu görnüşi diňe bir adamlarda däl, hatda haýwanlarda-da bolýar. Munuň özi hereketiň erkinligidir.
Syýasy erkinlik – öz hukuklaryňa erk etmek.
Ruhy erkinlik – ruhuňa-akylyňa, kalbyňa, pikirleriňe, ar-namysyňa, ruh bilen baglanyşykly ähli gymmatlyklaryňa erk etmekdir.
Ruhy erkinligiň, ynanjyň özi milleti millet edýän, şahsyýeti şahsyýet edýän gymmatlyklaryň ulgamydyr. Şolaryň ýok ýerinde boşluk emele gelýär.
Erkiň aýratyn bir görnüşi hökmündäki ruhy erkinlik adamyň hem milletiň gürrüňsiz ykrar edýän, ynanýan ruhy hakykatlarynyň barlygynda kemala gelýär. Türkmen üçin bu müňlerçe ýyllaryň dowamynda goldanylyp gelnen milli ruhy gymmatlyklaryň ulgamydyr. Şol ruhy gymmatlyklar her bir täze dünýä inen türkmen perzendiniň aňyna hem süňňüne ene süýdi, ene-ata terbiýesi, däp-dessurlaryň, ylym-bilimiň üsti bilen siňdirilipdir. Ruh, şeýdip, adamyň göwresine, süňňüne siňýär we onda türkmen ruhy kemala gelýär. Şonuň üçinem türkmen ruhuny adamyň ýüz-gözünden, hereketlerinden bilip oturmalydyr. Ruh göwräni özboluşly bir ruhy keşbe, görnüşe salýar. Türkmen dilindäki «ýüz-gözünde ruh («nur») galmandyr» diýen ýaly sözler ruhuň keşpde aýan bolýandygynyň tassyklanmasydyr. Adamyň içki ruhy energiýasy onuň ýüzüni üýtgeşik manyly, nurana hem nazarkerde edýär. Ruh, erk ýaly içki çuňňur hadysalar türkmen dilinde dürlüçe aňladylypdyr. Meselem, biziň dilimizde «döwi pes, döwi rüstem» diýen aňlatmalar bar. Bular hem ruhuň ýaşaýşda, ruhuň adam indiwidinde ýüze çykyşyna degişlidir.
Umuman, ruh bilen baglanyşykly meselede mifologik pikirlenmäniň täsirini görýäris. Munuňam sebäbi ruhuň edil el bile tutup, «ine» diýip görkezäýerden, ýa bolmasa, akylyň, pikiriň anyklygyna salaýardan has inçe, has çylşyrymly hadysalygyndandyr.
Döw – türkmenleriň yslamdan öňki dini garaýyşlaryndaky perişdeler bolmaly.
Köneler ruh bile göwräniň arabaglanyşygyny juda gödek göz öňüne getiripdirler. Ruh, hamana, adamyň içine tebigy suratda diýen ýaly girýän bir şahs, adamyň içki ekiztaýy ýaly bir zat hasaplanypdyr. Yslam kabul edilensoň, döwleriň şu babatdaky ornuny belli bir derejede jyn diýilýänleri tutupdyr. «Ruh» sözüniň ýönekeý grammatiki köplügi bolan arwah sözüniň türkmen aňynda bütinleý başga bir zady aňlatmagy-da ata-babalarymyzyň mehaniki häsiýetli dünýägaraýşyna şaýatdyr.
Näme bolanda-da, bize indi geň görünýän bu aňlatmalaryň aňyrsynda ruh bilen baglanyşykly inçe hakykatlar ýatandyr. Şol hakykat hem ruhuň göwrede ýüze çykýanlygyndan ybaratdyr. Göwre, ten, umuman, madda öz-özlüginde obrazlylykdan mahrumdyr. Obrazlylyk, ýagny suratdaky many diňe ruh arkaly mümkin bolýandyr. Arassa madda, ten bolsa şu manyda boşlukdyr.
Meniňçe, mundan birnäçe asyr ozal ýaşan adamlaryň tüýsi-de biziň döwürdeşlerimizden güýçli tapawutlanan bolsun gerek. Çünki şol döwrüň ruhuny emele getirýän tebigy, durmuşy, taryhy, ahlaky giňişlikler häzir ýok ahyryn. Biziň türkmen şahyrlarymyzyň galabasynda şeýle pikir bar: «Çagaka aýak ýalaň meýdanda gezip, aýagyna tiken çümdürip görmedik, meýdandan kömelek çöpläp görmedik adam şahyr bolup bilmez».
Şygryýet – ruhuň sazlaşan duýgy arkaly ýüze çykmagy. Ruh bolsa hemişe bolupdyr, hemişe-de bolar. Ýöne her döwrüň öz şahyry bolar. Elbetde, çagaka kömelek çöplän şahyryň ruhy uçarda ýa otluda doglan şahyryň ruhundan düýpgöter tapawutlanar.
Ruhuň tüýsi, terzi üýtgeýär, ýöne ol hemişe ruhlugyna galýar. Ruhy gymmatlyklaryň görnüşi, delili, beýleki taraplary üýtgäp biler, emma ruhy gymmatlyklaryň ähmiýeti, rüstemligi hiç mahalam üýtgemez. Muňa aýdyň mysal – beýik türkmen şahyry Seýit Nesiminiň ruhy gahrymançylygy. Onuň ölümi ruhy erk güýçli bolanda, diňe bärki-bärki zatlary-ha däl, hatda ölümi-de ýeňip bolýandygyna mysaldyr.
Elbetde, bu ýerde «ýeňmek» sözüne ruhy manyda düşünmeli. Ol ölümi hakykat hökmünde aradan aýyrmagy däl-de, ruhy taýdan ondan ýokary galmagy, ölümden rüstem gelmegi aňladýar. Şeýle ruhy erk Nesimide ynançdan, ruhy «menini» tapyp bilenligi üçin döräpdir. Nesimi: «Anal Hak – men – Hak («Men – Hudaý!») ýagny: «Hudaý meniň içimde, özmde!» diýmek bilen tendenem, maddadanam, ölümdenem has ýokary göterilipdir. Özüni soýmakçy bolýan jellatlaryň ejizligini, gorkaklygyny görüp, onuň olara haýpy gelipdir. Munuň özi ruhy gymmatlyklaryň adamda ruhubelentligi terbiýelemekde nähili ähmiýetiniň bardygyny görkezýär.
Osman ÖDÄÝEW.
Filosofiýa