WAGTYŇ ÖZ RUHY BAR, GIŇIŞLIGIŇ ÖZ RUHY / edebi-filosofik söhbet
Wagtyň, şol sanda taryhy wagtyň dialektikasy hemme zadyň ösüp-özgerip durandygyny aňladýar. Beýik atamyz Oguz han: «Bir ýerde durmaly däl» diýip wesýet edipdir. Emma bu dialektiki deňagramlylygyň bir tarapydyr. Ruhuňy özgermek bilen bir wagtda asylbaşky sypatlaryňy-da saklap galýandygyňy hem unutmaly däl. Dialektika ýeke-täk hakykatyň köpöwüşginliligine düşünmäge kömek edýär. Hakykat hiç mahal birtaraplaýyn, gönümel bolmaýar. Şeýle dialektiki ýörelgäni türkmen taryhynyň aýtymyna geçirip aýdanymyzda, türkmen Oguz han döwründen bäri türkmenligine gelýär, şol bir wagtda-da biz türkmeniň dürli döwürlerde dürli ruhy özboluşlylykda ýüze çykandygyny tekrarlamalydyrys. Içki özgerişleriň hökmürowanlygy bilen hem-de daşky täsirleriň güýji bilen türkmen ösüp-özgerip durupdyr, emma özüniň asyl ruhy tebigatyny, sada aýdanyňda, türkmenligini ýitirmändir.
Milletiň içinde potensial mümkinçilikler hökmünde dürli-dürli ruhy ölçegler ýatýar. Wagtyň geçmegi, döwrüň gidişi bilen her zaman şol mümkinçilikleriň içinden bir ölçegi özüne saýlap alýar we özge ölçegleri ikinji orna geçirip, saýlap alanyny tutuş milletiň ählumumy ruhy sypaty hökmünde ykrar edýär.
Aýdaly, Gorkut ata döwründe türkmen bu beýik weliniň şahsyýetiniň tipindäki türkmen boldy, seljuklylar döwründe özüniň milli keşbini olaryň sypatlary arkaly aýan etdi. Magtymgulynyň döwründe onuň şahsyýeti bilen türkmeniň milli şahsyýeti tapyşdy we bular biri-birini aňlatmaga ukyply boldular.
Şeýlelikde, ähli döwürleriň synmaz hem ölmez-ýitmez türkmen ruhy bilen bir hatarda her döwrüň özüne mahsus türkmen ruhy bardyr. Ine, üçünji müňýyllygyň başynda türkmen halky, türkmen jemgyýeti hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda dünýä özüni tanadýar. Milletimiziň taryhy-ruhy ösüşiniň şu ajaýyp dialektikasy meni bir pikire getirdi: diňe adamyň, milletiň däl, eýsem wagtyň we giňişligiň hem ruhy bar. Her döwrüň öz ruhy bar, her ýeriň öz ruhy bar. Meniň, birhili, ýarym hyýaly bir pikiri aýdýan bolmagymam mümkin, ýöne, meniňçe, ruh diňe adamlardan gaýdanok. Ruhlulyk adama daşyndan täsir edýän zatlara-da mahsus hadysamyka diýýärin.
Adamzadyň ýeke Hudaýlylyk dinleri döwrüne gadam basmagy bilen düýpli ruhy öwrülişik bolup geçipdir. Bir Hudaýlylyk adamda antroposentrik (adam – ýaşaýşyň merkezi) dünýägaraýşynyň kemala gelmegine getirdi. Ýadyňyza salyň, ähli ýekeHudaýlylyk dini kitaplaryň içinden «Hudaý älemi adam üçin ýaradypdyr, adam mahluklarbaşy» diýen pelsepe eriş-argaç bolup geçýändir. Munuň özi adamyň tebigatdan gutarnykly suratda arasyny açmagyna we älemiň özge jansyz-u-janly zatlarynyň ikinji ähmiýete geçmegine getiripdir. KöpHudaýlylyk dünýägaraýşynda bolsa adam beýleki jandarlar bilen deň hatardaky gymmatlyk bolupdy. Totemçiligi alyp göreliň. Munda adam bile özge jandarlaryň arasynda ajaýyp sazlaşyk hem deňgymmatlylyk doly ykrar edilýär.
Göwnüme, uzak geçmişdäki ata-babalarymyzyň ähli zatda ruh bar diýen ynanjynda ylmy bolmasa-da, ruhy-ahlaky hakykat bar ýaly bolup dur.
Gadymy oňonlylarda her ugruň öz Hudaýy bolupdyr. Bizde häzirem şo hili dünýägaraýşyň galyndylary bar, ýöne indi biz «Hudaý» diýemzok-da, her zadyň öz piri bar diýen ynanja gol ýapýarys.
Dogrymy aýtsam, «Mustapa» diýmek bilen, men meseläniň çygryny giňeldip we çuňaldyp, her zadyň öz ruhy bar diýmekçi bolýaryn. Daşky dünýäniň zatlaryna adam aňynyň bu syrly hem täsin gatnaşygyny türkmeniň «jyns» diýen sözi gaty gowy berýär. Jyns – zatlaryň we hadysalaryň ruhy tebigaty diýen manyny berýär. ÝekeHudaýlylyk, siwilizasiýa döwrüniň adamy hökmünde biz adam bilen zat galtaşanda, janly täsir diňe adamdan zada tarap gidýär diýip inçelik bilen ýalňyşýarys. Aslynda, megerem, täsir ikitaraplaýyndyr, zatlar hem, has dogrusy, olaryň ruhy-da adama göze görünmez, aňylmaz derejede täsir edýän bolmaly. Bu inkär edilen halatda dünýäde diňe adam ýaşaýan bolup çykýar, şeýdip, ýaşaýşyň ruhy hem filosofiki mazmuny juda garyplaşýar. Munuň özi ahyrky netijede adamyň men-menligine we daşky dünýä äsgermezçilikli garamagyna getirýär.
Hudaýa şükür, biz indi ata-babalarymyzyň ruhy dünýägaraýşyna hem ruhy dünýäni duýuşyna gaýdyp gelýäris. Bu biziň ruhy taýdan baýlaşýandygymyzy aňladýar. «Gorkut atadaky» gahrymanlaryň suwa, möjege, agaja edil janly adam ýaly ýüzlenişlerini ýada salalyň. Bu ýerde adam bilen dünýäniň arasynda deň gymmatly, dialogik gatnaşyk bar. Adam olara zat hökmünde däl-de, ruh hökmünde garaýar. Bu biziňkiden başga bir dünýädir. Zatlaryň janlandyrylmagy biziň üçin çeperçilik serişdesi, edebi gymmatlyk, ata-babalarymyz üçin bolsa olar ruhy gymmatlyklardyr.
Edebi gymmatlygyň serişdelik, ruhy gymmatlygyň maksatlyk manysy bar. Bizden tapawutlylykda olaryň ömür giňişligi we ömür manysy diňe özleri tarapyndan däl-de, beýleki jansyz-u-janly zatlar tarapyndan hem hasyl edilýär. Maddy baýlyk bilen ruhy gymmatlyk hakda biz bu gün köp oýlanýarys.
Maddy baýlyk – ruha hyzmat edýän zat, ruhy gymmatlyk – öz ruhy bolan, ruhy manysy we ähmiýeti bolan närselerdir.
Tebigat – biziň baýlygymyz däl, tebigat biziň ömrümiziň çeşmesi, ömrümiziň şerti we ömürlerimiziň mekany. Serişdelik manysy bolmadyk zatlaryň hemmesi ruhludyrlar, puluň, zadyň diline geçirip bolmaýan närseleriň bary ruhy gymmatlyklardyr. Hawa, puluň, zadyň diline geçirip bolmaýan närseleriň bary ruhy gymmatlyklardyr.
Adam öz ýaşaýyş dilini ykrar etmek bilen özge ruhlaryň dilini ýok etjek bolupdyr. Munuň özi adamyň özüni hakyt öli dünýä bilen gurşap goýandygyny aňladýar. Çünki ruhuň esasy manysy dirilikdir:
Daglar meniň üçin bary-ýogy beýik-beýik ýalaňaç, gara daşlar bolsa;
Çöller meniň üçin bary-ýogy nemsiz çägelik bolsa;
Çaýlar meniň üçin bary-ýogy suwuklyk bolsa;
Haýwanlar meniň üçin bary-ýogy etiň, süňküň hem
Gyzyl suwuklygyň jemi bolsa,
Onda bu öli giňişlik ahyryn.
Onda bu öli giňişlikde ýaşaýanyň diriligine
Kim kepil geçip biler?!
Şonuň üçinem aýry-aýry anyk närseleriň we hadysalaryň üstünden ýokary galyp, filosofiki umumylaşdyryp aýdanyňda, wagtyň we giňişligiň ruhy bardyr.
Zeminiň öz ruhy bar. Şonuň için-de meniň watanymyňam hiç kimiň watanyna meňzemeýän ruhy bar.
Köpetdagyň, Köýtendagyň, Balkanyň beýik ruhlary bar. Men olar bilen didarlaşanymda, özümi gara daşlaryň öňünde duran garantga hökmünde duýamok. Ýok, men Watanymyň ruhunyň öňünde durun, edil sowukda balasyny gujagyna gysýan enäniň demi kimin, onuň demi süňňüme ýaýrap gidýär, olaryň üstünden gelýän şemallar edil enäniň mährem sesi kimin, gulagyma ornaýar, olaryň hossarçyl garaýşy enäniň mähirli nazary kimin, meniň gözlerimiň öňünde dur. Watan meniň üçin dirilik, meniň üçin beýik ruh.
Beýik Mäne babanyň ruhy tejribeleri biziň üçin uly sapakdyr. Ýedi ýyllap ýekelikde ýaşan bu şahsyýet müňlerçe ýyllara ýeterlik ruhy gymmatlyklary edinip bilipdir. Ol «Haweran düzlüginde meniň ömrüme dahylly bolmadyk ýekeje daş, ýekeje ot-çöp hem ýokdur» diýipdir, pahyr. Watanyňdaky her bir ot-çöpüň, janly-jandaryň ruhy bar, öz ruhlary arkaly olar bize mährini hem söýgüsini gönükdirýär.
Garagumuň, Jeýhunyň, Hazaryň ruhlary bar.
Her döwrüň, ata-babalarymyzyň taryhy ruhlary bar.
Bu zatlaryň bary biziň üçin iň uly ruhy gymmatlyklardyr.
Ruh bize söýgini hem mähri öwredýär, zat mähirden, söýgüden mahrumdyr. Emma söýgini we mähri bilmek üçin, olaryň ruhuna düşünmek, olaryň diline düşünmäni başarmak gerek.
Aslynda-da, «ruh» diýmek «dil» diýmek ahyryn. Ýöne olaryň ruhy biziňki ýaly sözde däl-de, başga hili dilde aňladylýar. Biziňçe, dilsiz-agyzsyz jandarlaryň ruhuna garaýyşlar, yşaratlar hem owazlar arkaly düşünilýär.
Wagtyň mana gelmeginiň üç hili usulyny aňladýan üç sany söz bar. Şol üç usula wagtyň barlyk tebigatynyň kemala gelmesi diýip aýdyp bolar. Olar – ýaşaýyş, durmuş hem-de ömürdir.
Durmuş – munuň özi wagtyň sosiallaşmagydyr. Adamzat jemgyýeti, adam şahsyýetiniň şol jemgyýetçilik bilen baglanyşykly mazmuny durmuş barlygyndaky hadysalardyr. Jemgyýet – jemagat. Durmuş filosofiki mazmuny boýunça köptaraply däl, ýönekeý hem-de ählumumy wagt barlygyndan ep-esli üzňeleşen sferadyr. Durmuş şahsyýetiň özgeler bilen jemgyýetçilik gatnaşyklaryndan kemala gelýän jähetlerini amal edýär.
Durmuş – obýektiwlikdir. Şonuň üçinem ol subýekt bolup duran şahsyýete ýowuz daraýar. Elbetde, ol şahsyýete köp zat berýär, emma ony öz hasabyna geçirmekden ötri berýär, durmuş almak üçin berýär, «özüni» «özgä» öwürmek üçin işleýär.
Ikinji wagt barlygy – ýaşaýyş. Ýaşaýyş sap ontologik barlykdyr. Munuň çäkleri örän giň, gözýetimiň nirede tamamlanýany-da belli däl. Ýaşaýyş — älem. Ol ählumumy tebigatyň barlygydyr. Bu ýerde adam filosofiki heserlenmelere hem hyýallara ýolugýar. Ýaşaýyş – älemdir, heňňamdyr.
Ömür bolsa üçünji barlykdyr. Bu adam ruhunyň, emma şahsyýet ruhunyň barlygydyr. Ömür wagt taýdan iň çäkli barlyk, ýöne mazmun taýdan iň dykyz barlykdyr. Çünki munda ruh, özem şahsyýet şekilindäki ruh höküm sürýär. Ömür – iň manyly, gymmatly barlykdyr, sebäbi şahsyýet bolup kemala gelen ruh bütin barlyga gapdaldan seretmäge hem-de tutuş barlygyň manysyny kesgitlemäge ukyplydyr.
Bu üç barlyk bir-birinden aýry hem üzňe ýaşaýan zatlar däl. Ömür – adam şahsyýeti durmuşda hem ýaşaýyşda kemala gelýär.
Ýaşamak – özüňde bar bolan ähli güýç-gaýratyňy, gujuryňy sarp etmek. Çünki adam şahsyýeti amal edilmeli birnäçe mümkinçilikleriň gorudyr, jemlenmesidir. Ömür belli bir günde başlaýar, haýsydyr bir belli günde hem tamam bolýar. Şol iki aralygyň boş bolmagy ýa-da doly bolmagy adamyň özüne, onuň kämilligine bagly. Ömrüň mümkinçilikdigini aňlaýany üçinem adam ähli durky, düýrmegi bilen, hyjuw bilen ýaşaýşa berilýär. Bir menzilde dursaň, wagt seniň garşyňa işleýär. Sen wagtyň daşyndan aýlanyp däl-de, içinden geçip gidip, öz hereketleriň bilen ony mana – barlyga öwürmeseň, wagt seniň üstüňden geçip gidýär hem seni ýokluga öwrüp taşlaýar. Şonuň üçinem adam ömrüniň manysy – hereketlilikdedir. Hereket – bir nokatdan ikinji bir nokada geçmek. Emma wagtyň hereketi bilen adam ömrüniň hereketiniň tebigaty düýpgöter tapawutlanýar. Wagtyň hereketi entek öz-özünden adam üçin manyly hem peýdaly bolup bilmez. Adam öz ruhy manyly hereketleri bilen wagty öz eline almaly hem ony öz gymmatyny tassyklamagyň, özüňi ykrar etmegiň serişdesine öwürmeli.
Munuň üçin bolsa kämil şahsyýet bolmaly. Emma kämillik taýýar hem birbada berilýän zat däl. Ömrüň özi kämilligiň kem-kemden kemala gelmesidir.
Kämillik ýoly – öz-özüň bilen göreşmek ýoludyr. Biz öz-özüň bile göreş hakynda, onuň ahlak manysy hakynda köp gürrüň edýäris. Emma öz-özüň bilen göreş – öz durkuňda ömrüňi boş geçirmäge bolan meýilleriň, endikleriň hem höwesleriň garşysyna göreşdir. Käşgä adam özüniň iň ganym duşmanynyň öz içinde oturanyny bilsedi! Käşgä adam özüne eden ýamanlyklarynyň hetdiniň-hasabynyň ýokdugyny bir bilsedi! Doly manyly adam ömri çiglikden kämillige tarap uzap gidýär. Wagtyň beýleki janly-jemendä – ösümliklerdir haýwanlara garaýşy adama garaýşy bilen deň däl, eýsem, tersine, olary wagtyň özi kämillige ýetirip-bişirip berýär. Hawa, hawa, wagt atly hökmürowan ösümlikleri, haýwanlary özi kämillige ýetirip-bişirip berýär, ýöne adam babatda welin beýdenok, «Han ogul, sen kämillige özüň ýet, ýetip bilmeseň, günäni menden gözleme» diýýär. Sebäbi bar onuň: haýwanlaram, tebigatam wagtyň özüniňkidir, onuň elindäki serişdelerdir. Adam ruhunyň bolsa özi bişmeli, öz kämilligini aňy hem ýürek güzaplary bilen gazanmaly. Şony gazanyp bilse, ol özakymlaýyn we erksiz ýaşaýan barlygyň üstünde özüniň beýik ruhy barlygyny ykrar edip bilýär.
Şeýlelikde, her bir milletiň döreýän, kemala gelýän we aýaklanýan sallançagy – oýkumeni bolýar. Şonuň üçinem milli ruhy gymmatlyklaryň tebigaty-da milletiň oýkumenine bagly bolýar. Dürli tebigy şertlerde ýaşaýan halklaryň ruhy sypatlary şol şertlerden gelip çykýar. Şu nukdaýnazardan seredeniňde, türkmen ruhy gymmatlyklarynyň, türkmen häsiýetiniň taryhy üýtgeşmeleriniň aňyrsynda tebigy şertleriň üýtgemegi ýatýar. Topragyň hili, Günüň ýakynlygy-daşlygy, suwuň hili gönüden-göni bedene, bedeniň üsti bilenem ruha täsir edýär. Bizde «Gawun gawundan reňk alar» diýen pähim bar. Emma ilkinji gawun nämeden reňk alypdyr? Elbetde, biten topragyndan, içen suwundan reňk alypdyr. Biziň ýüzümiziň reňki ene topragymyzyň reňkindendir. Biziň eşiklerimiziň reňki – depämizdäki çogly Günüň reňkindendir.
Şonuň üçinem, biziň ruhumyz – ata Watanymyzyň ruhundandyr. Bu beýik hakykatdyr. Bu hakykatyň iki manysy bar: meniň aýdýanlaryma asyl manysynda-da, göçme, şahyrana manysynda-da düşünmek bolar.
Diýmek, türkmen milleti taryhy-tebigy-ruhy hadysa hökmünde diňe türkmen topragynda mümkindir.
Osman ÖDÄÝEW.
Filosofiýa