23:59 Wulkan atylanda diri galan pompeýliler nirä gitdiler? | |
WULKAN ATYLANDA DIRI GALAN POMPEÝLILER NIRÄ GITDILER?
Taryhy makalalar
B.e.öñki 79-njy ýylda Wezuwiý wulkany atylanda müñlerçe adam heläk bolupdy. Emma hemmesi däl. Eýsem heläkçilikden halas bolanlar nirä gitdilerkä? Wulkan atylanda daş-töwerege ýagan gyzgyn daşlar, ýakyp-ýandyryp barýan howurly epgekdir zäherli gazlar Pompeý we Gerkulanum şäherleriniñ iki müñe golaý ýaşaýjysynyñ heläk bolmagyna getirdi. Emma bu tebigy heläkçilik şäheriñ ähli ýaşaýjylaryny öldürmändi. Ýogsa-da, heläkçilikden janlaryny halas edenem bolsalar, küllere gömlen öýlerinden jyda düşenler nirä gitdilerkä? Hadysanyñ antiki dünýäde bolup geçendigini göz öñüne tutsak, onda olaryñ gaty bir uzaga gitmändiklerini çak etse bolar. Geçirilen soñky barlaglar diri galanlaryñ Günorta Italiýanyñ kenarýaka sebitlerindäki Kuma, Napoli, Ostiýa ve Possuoli ýaly şäherlere ýerleşendigini görkezdi. Miami uniwersitetiniñ professory Stiwen Tak taryhy maglumatlaryñ pytraññylygy sebäpli diri galanlaryñ nirä gidendiklerini doly kesgitlemegiñ kyn düşýändigini aýtdy. Heläkçiligikden soñ adamlaryñ ümzüginiñ nirä gönügendigini kesgitlemek üçin taryhy resminamalary, ýazuw ýadygärliklerini, taryhy eserleri we antiki ýadygärlikleri-de öz içine alýan taryhy maglumatlary gözden geçirip birnäçe kriteriýalary döretmeli bolýar. Şonuñ üçinem S.Tak Pompeýdäki we Gerkulanumdaky tanalýan maşgala atlaryny bir ýere jemläp, olaryñ b.e.öñki 79-njy ýyldan soñ nirelerde duş gelip-gelmändigine üns berdi. Alym aýratynam ot hudaýy Wulkan ýa-da heläkçilikden soñ golaý-goltumdaky şäherlerde ýüze çykan Pompeýiñ penakär hudaýy Wenera Pompeýana ybadathanasy ýaly Gerkulanum medeniýetine mahsus yzlary-da içgin öwrendi. S.Takyñ aýtmagyna görä Pompeýde we Gerkulanumda 15-20 müñ töweregi adam ýaşapdyr, olaryñ köpüsi Wezuwiý wulkanynyñ döreden heläkçiliginden halas bolmagy başarypdyrlar. Diri galanlardan Korneliý Fusk atly biri soñ-soñlar rimlileriñ Aziýa diýip atlandyran ýurduna (häzirki Rumyniýa) geçirlen ýörişde wepat bolupdyr. S.Tak bu barada eden çykyşynda: "Onuñ wepat bolan ýerinde ýörite ýazgy edilipdir, ýazgyda onuñ aslynyñ pompeýlidigi, soñra Napolide ýaşandygy we goşuna girendigi barada aýdylýar" diýdi. Olaryñ ýolagçylygy we beýleki maglumatlar boýunça jikme-jik wakalary habar berýän başga bir taryhy maglumatda pompeýli Sulpisiý maşgalasynyñ hem Kumada ýerleşendigi mälim boldy. S.Tak "Arheologlar Pompeý diwarlarynyñ daşynda bu maşgalanyñ maliýe hasap-hesipleriniñ ýöredilen seýfiniñ üstünden bardy. Seýf ýoluñ ugrundan üsti kül bilen gömülen ýagdaýda tapyldy. Şundan hem görnüşi ýaly kimdir biri bu uly seýfi gaçyp barýarka ýany bilen alyp gitmäge synanşypdyr. Emma bir kilometr çemesi ýol geçensoñ, ony taşlap gidipdir" diýdi. Seýfde on ýyl möhletli kreditler, karz-kowallar we emläk bilen baglanyşykly meseleler hakynda gyzykly maglumatlar bar. Maglumatlardan hem mälim bolşy ýaly Sulpisiý maşgalasy Kuma şäherine ol ýerde iş bilen baglanyşykly gatnaşyklary we ýakyn dostlary bar bolandygy ýerleşen bolmaly. Şeýle-de Pompeýdäki Faun öýüniñ daşyndaky "Have" ýazgysyna Napolidäki bir maşgala mazarynda-da duş gelindi. Mazaryñ Wezuwiý heläkçiginden halas bolup Napolä ýerleşen maşgala degişlidigi çak edilýär. Barlaglaryñ dowamynda S.Tak birnäçe aýallaryñ we azat edilen gullaryñ gelip ýerleşendigi baradaky maglumatlara-da duş gelipdir. Heläkçilikden soñ diri galanlaryñ birnäçesi täze şäherlere göçüp barandan soñra biri-birleri bilen nikalaşypdyrlar. Şol aýallaryñ biri bolan Wettiýa Sabina Napolide mazaryna "Have" ýazgyly mazar daşy dikilip jaýlanypdyr. "Have" sözi rimlilerin b.e.öñki 80-nji ýylda şäheri basyp almagyndan öñ we soñ Pompeýde gepleşilen dialekt bolan oskan diline degişli söz. "Hoş geldiñiz" diýmegi añladýan bu söze biziñ günlerimizde jaýlaryñ daşky gapysynyñ agzyna düşelýän palasçalarda gabat gelmek mümkin. Şol sanda belli-belli maşgala atlaryna seredibem barlaglary belli bir derejede dowam etdirmek mümkin. S.Tak "Birnäçe kese ýerlileriñ, göçegçilerdir gullarñ resmi maşgala atlarynyñ bolmandygyny, munuñ bolsa olaryñ yzyny çalmagy kynlaşdyrýandygy üçin şäheriñ daşynda ýerleşenleriñ çak edişinden has köpdügini" aýtdy. Taryhy maglumatlaryñ arasynda imperator Tit Wespasianyñ Napolide heläkçilikden halas bolanlary jaý bilen üpjün etmek üçin gurluşyk işlerine başlamak baradaky buýrugy-da bar. S.Tak Rim imperatory Tit Wespasianyñ heläkçilikden halas bolamlaryñ ýerleşen şäherlerime pul kömegini edendigini ýüze çykardy. Berlen pullar aslynda Pompeýden we Gerkulanumdan gelen pullardy. Aslynda döwlet heläkçilikde wepat bolanlaryñ we hiç hili mirasdüşeri bolmadyk adamlaryñ puluny özüne alypdy. Soñra ol pullary diri galanlaryñ ýerleşen şäherlerine iberipdi. Professor S.Tak muña garamazdan Tit Wespasianyñ hamala halka öz jübüsinden çykaryp kömek eden ýaly görünmek isländigine ünsi çekýär. Imperator her näçe mugthorlyk edip özüni şöhratlandyrmak islänem bolsa, paýlanan pullar bilen bosgunlaryñ täze jaýlar gurup ýerleşmesini añsatlaşdyrypdy. S.Takyñ aýtmagyna görä, Pompeý we Gerkulanum şäherleri düýbünden ýok bolup gidenem bolsa, döwlet diri galanlaryñ gelip ýerleşen ýerinde täze oturymlu raýonlary, suw geçirijilerini we jemgyýetçilik binalaryny gurmaga başlapdy. Perrin MARGARÝAN. Egeý uniwersitetiniñ terjimeçilik bölüminiñ uçurymy. # "Live Science", 26.02.2019. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |