ÝAGŞY BILEN ÝAMAN
Biziň obamyzda bir goja ýaşaýar. Onuň ýaşynyň näçedigini, çyn adynyň nämedigini, haýsy sözüniň ýalan, haýsy sözüniň çyndygyny bilýän ýokdy. Bir görseň ol: «Men gar ýagan güni dogulypdyryn» diýip oturandyr. Bir görseňem: «Men çekirtgelik ýyly dogulandyryn. Şol haramlar men doglan badyma sakalymy iýip gidipdirler. Ine, şondan bärem eňegime sakal çykman gelýär» diýip durandyr.
Ol diýseň täsin goja. Diňe onuň gyzykly gürrüňine çagalar maýyl däl, onuň özi ýaly gojalar hem Köse aganyň ýanyna çaýlaşmaga gelerdiler. Emma käbir eneler welin, öz çagalaryny Köse aganyň ýanyna, onuň gyzykly gürrüňlerini diňlemäge goýbermeýärdiler.
Näme üçin diýseňiz: «Wah, balam, Köse aganyňam bir düzüwli gepi-gürrüňi bolarmy. Ol bir agzyna şeýtan tüýküren ahyryn. Onuň gepiniň haýsy ugurdan gopýandygyny bilip bolmaz. Ol gaýta, siziň bekemedik beýniňizi bulaşdyrar taşlar» diýerler.
Emma obamyzyň çagalary elleri işden sypyndygy, Köse aganyň daşyndadyrlar.
Öz agtygy Hemrajygyň Köse aganyň ýanyna gatnap, onuň bozularyndan gorkýanlaryň biri-de, Sähra mamady. Hemra nämüçindir, Köse aganyň ýanyndan aýrylanokdy. Mamasy sähel käýiniberse-de: «Ol meniň garry atam-a, men onuň ýanyna barmasam bolmaz-a. Ol indi gaty garryja-da, mama!» diýýärdi. Sähra mama agtygyna bir tabşyrdy, iki tabşyrdy, onsoň, halys bolmansoň dagy, nätsin. Indi sesini çykarmanam goýaýdy.
Bir sapar Hemra goşgy aýtmakdan bäşlik aldy. Hemra öňem bäşlikçidi, emma bu sapar onuň begenji üýtgeşiki boldy. Oglanjyk «Baryp atama buşlaryn! Baý, begener-ä.» diýip, öýlerine ýetmäge howlukdy. Şol gelşine okuw esbaply bukjasyny öýe taşlap Köse aganyň bagyna bakan eňdi. Bara-barmana-da:
– Ata, aý ata, Men bäşlik aldym! – diýip gygyrdy.
Köse aga sesini çykarmady. Ol Hemranyň pikir edişi ýaly begenmedem, öwmedem. Bir wagtdan soňam saplap oturan pilini bir gapdal gaharly taşlap goýberdi-de:
– Näme? – diýip sorady. Hemra Köse aganyň gyzyklanyp soramasyna begendi.
– Ata, men bäşlik aldym!
– Päh-eý-de welin ajabam bir iş bitiripsiň, bihepbe. Iliň çagasy nirä barsa birinjiligi alýar. Bu bihepbäniň baran ýeri ýa bäşinjilijkdir, ýa ondanam beterrägidir.
– Ondanam bir baha bolarmy? Bar, tur, ugra meniň ýanymdan...
Hemra Köse aga düşünýän däldir öýtdi.
– Ata jan, bäşlik biziň mekdebimizde iň gowy baha ahyryn. Ondan ýokary baha ýog-a. Ynanmasaň, bar mugallymymyzyň özünden sorap göräý.
– Goý, bihepbäniň biri. Etjegiňi edip, alypsyň bir ile gelmedik bahany. Alýanyň şol baha bolsa, bar, gözüme görünme...
Şol wagt onuň ýanyna Goşa aga oturmaga geldi. Ýaşulular salamlaşdylar, Goşa aga düşege geçdi. Soňra:
– Ýer-ow, Köse, soňky wagtlar ýaman zeýrenjeň bolupsyň-la! – diýdi-de, ap- ak sakalyny barmaklary bilen daraşdyrdy.
Köse aga elini Hemra uzatdy.
– Aý, şu çaga diýeniň bidöwlet bolmasyn. Ana, şol sömpüldäp geçen iliň yzynda süýrenip ýör. Men oňa hemişeler: «Hemişe iliň öňünde bol. Ilden kem galsaň ýüzüňi görmen» diýip tabşyrýan. Bu dogman geçen bolsa, hemişe tersine etmeli. – Ol Hemra tarap gaharly garady. – Näme, meniň ýüzüme seredýäň. Meniň ýüzümde Aý dogupmy!
Hemranyň öňem solgun ýüzi ýene-de gyzyp gitdi.
– Ata, sen düşün, ol ýaryş däl, ol baha, özem, bäşlik baha! – diýip, gara çyny bilen düşündirjek boldy.
Emma Köse aga per berer ýaly däldi.Ol:
– Goý-ýaýt! Sen... – diýdi. Maňa akyl öwrederçe, sen kim bolupsyň! – diýdi. – Bihepbe diýsäni – diýip, geleniň-gideniň ýanynda zeýrenen boldy oturdy.
Hemra şol günüň ertesi okuwdan gelýärkä, uly ýoluň gyrasynda täzeje ýüpüň ýatandygyny gördi. Ol Ogulgerek ejäniň sygyrynyň ýüpüni derrew tanady. Ol ýüpi külterledi-de, ýüpünden boşanyp, ekiniň içinde arkaýyn gezip ýören sygyry kowup ekinden çykardy. Ýüpi sygyryň şahyna berkje daňdy-da, ýüpi tekizje, otlurak ýerdäki töňňä baglap goýdy. Gelşine-de, öňki endigine görä, Köse babanyň ýanyna sowuldy.
– Näme gijä galýaň. Sen nirelerde entäp ýörüň? Iliň çagasy bir wagt geldi okuwdan. – diýip, ýaşuly uly talap bilen Hemradan sorady.
– Ata, Ogulgerek ejäniň sygry ýüpüni üzüp, ekine giren eken. Şony kowup, ekinden çykardym-da, ýüpüni şahyna daňyp, otly, tekiz ýerde daňyp goýdum. Şoňa azajyk eglendim-läý.
Hemranyň bu sözi Köse aganyň gaharyny ýetjek derejesine ýetirdi.
– Haý, bolgusyz, haý, bihepbe. – Ýaşuly başyny ahmyrly ýaýkady. – Sen adam bolmarsyň. Sen, sen...
– Ata, näme bolupdyr. Ýöne, meni görseň käýýäsiň gelip dur-laý.
– Aý, bihepbe, ýüp bilen näme işiň bar, sygyr bilen näme işiň bar. Ol Ogulgereg-ä, maýyp halyna gidip, azap edip, garny galsyn diýip, sygryny ekine kowup gelýä. Sen bolsa, garry bendäniň bar azabyny reýgan edip, onuň sygyryny ekinden çykaryp, üstesine-de bir ýerlerde daňyp gaýdýaň. Onsoňam, men saňa näçe tabşyrýan, meýdanda ýatan ýüp görseň, orak görseň, kätmen, pil görseň, getirip maňa ber diýip. Meniň öýümde gulaç ýüpüm ýok halyna, meýdanda ýatan tanapy bir sygyryň şahyna daňyp goýberýäň. Aýt, onsoň, men saňa nädip käýinmäýin.
– Onda eýesi kösener-ä, ata.
– Goý, kösensin. Goý, masgara bolsun, eýesi. Saňa näme. Ýöne sygyry daňan bolsaň, ol çolaşyp galar ýaly etmeli ekeniň.
– Ýok, men ony tekizje, otly meýdanda daňdym-a! Ata mugallymymyz «Ile-güne ýagşylyk etmelidir!» diýdä.
Bu söze Köse aga ýerinden turup, mugallymy urmaga ugraberjek ýaly göründi.
– Wah, şol mugallymyň bar bolsun. Sizi ters okadan mugallym boldy-da, şol. Şony bir göreýin, nähili ýagşylyk etmelidigini ojagazyň gözüne görkezerin. Ol diýdip, sizi ýoldan çykarýar, Sen-ä, eýýäm ýoldan çykypsyň! – Ol gahar bilen Hemrany silterledi. – Indiden beýläk, sen men näme aýtsam, näme öwretsem şonam edersiň! Mundan beýläk ýagşylyk diýen zadyň golaýyna baraýmagyn.
Indi Hemra Köse agadan soraman bir iş edäýse, ýalňyşaýjak ýalydy. Ol dynç güni Köse babanyň ýanyna boýnuny sallap geldi.
– Ata, aý ata, klasdaşym Berdi maňa erik çöplemäge gideli – diýdi. –Gidäýeýin-dä!
Köse aga gaharlandy.
– Şol Berdiniň atasy köýsün. Erig-ä däl. Olaryň bary harapdyr, golaýlaryna baraýmagyn. Olardan dostam bolmaz, doganam. Olary gören ýeriňde gaçgyn, tutsalaram «Bar, aňyrda gez» diýgin. Men olara gatyja beletdirin. Seni işledip-işledip, «erigimizi ogurlapdyr» diýer, olar.
Hemra bir salym ikirjiňlenip durdy-da:
– Men olara geçen ýylam kömekleşdim-ä, olar gaýta, begenişip «berekella!» diýdiler. Bir bedre erigem berip goýberdiler, gaýdanymda. Berdiniň özem biz bugdaýymyzy oranymyzda, döwenimizde güni bilen kömekleşd-ä, ata.
Köse babanyň sesi gaharly çykdy.
– Bar, ugra maňa «jüýk-jüýk» öwreden bolma-da, diýleni et!
Şundan soňam, Hemra Köse babanyň ýanyna dynman gatnaýardy. Emma Köse babanyň şol bir bolşudy. Bir gün onuň ýanyna Hemranyň enesi Sähra mama geldi.
– Köse, sen beýnisi bekemedik neresse çagany özüň ýaly şeýtana öwürmäňi bes et. Seniň oýnuň bolsa-da, o çaganyň gara çyny. – diýip, Sähra mama ýüz görmän aýtdy. – Seniň çagalara bu boluşlaryň bolanok. Çagadyr, näme diýseň şolam olaryň gulagynda galýandyr. Seniň nähili niýet bilen beýle maslahatlary berýäniňi bilenoklar, olar. Ýöne, sen düşün, çaga olar, çyn bilýär. – diýdi.
Şonda Köse baba bir mylaýymja ýylgyrdy.
– Sähra, gorkma! – diýdi. Bu-da bir sapakdyr. – diýdi. – Ine, görýäň-ä, heý, çagalara mekdepde-de, öýde-de, «erbet bol» diýilýän ýeri barmy? Olar «Öýde-de, mekdepde-de, ýolda, beýlekide-de «gowy bol, akylly bol, edepli bol» diýen sözden halys bez-bez bolupdyrlar. Şonuň üçin seniň ol terbiýäňi çaga almaýar. Özüň görýäň-ä, gün-günden erbetçilik, zalymlyk, doňbagyrlyk, gara nebisjeňlik keseli artyp barýar. Hany, tersine-de aýdyp göreli. Şonda nädýärkä!
– Hemra jan entek kiçijik ahyryn. Ol seniň beýle-beýle akylyňa düşünerden ýaş, Köse!
– Goý, ýaşka, çagalykdan ýagşy näme, ýaman näme, özi ýagşy saldarlap görsün. Şonda agtyňyň bolar-bolgusyzyň täsirine gitmez. Hiç haçan ýalňyşmaz.
Meniň sapagymyň şeýleräk manysy bardyr, eý, Sära jan!
– Onyň-a dogry-la – diýip, Sähra mama Köse baba bilen razylaşsa-da, başyny manysyz ýaýkady.
26-njy maý, 2000ý.
Çagalar edebiýaty