ÝAGŞYLYGA ÝORULAN DÜÝŞLER
/ kyssa
■ Anadoly türkmenleriniň arasynda «Düýş dessany» atly rowaýat bar. Halk arasynda dörän şol rowaýat «agyz agyzdan ýel alyp», uly dessana öwrülipdir
Türkmenleriň gaýa taýpasynyň ýaşulusy Ärtogrul Gazynyň beýleki ogullary dünýä inende-hä şunuň deý begenmedik, indi gel-gel, Osman eneden bolanda munça çäksiz begençliginiň-bagtyýarlygynyň aslynda sebäbi nämedekä?! Hany, onda diňläliň! Ol-a şeýle!
Ärtogrul babamyz heniz Osman eneden dogulmazyndan kän wagt öň daňdanlar töweregi bir oraşan düýş görýär. Düýşünde ol ojagyndaky gazanyň bygyr-bygyr gaýnap başlandygyny, gaýnadygyça çogup köpelýändigini we ahyrynda onuň derýalara, deňze öwrlip, ýer ýüzüni örtenini görýär. Ärtogrul Gazy bu gören düýşüni Seljuk türkmen soltany Alaeddin Keýkubadyň kätibi Abdyleziz Mustapa gürrüň berýär.
Aý, näme, olam alymlaryň biri. Düýşi şeýle ýorýar: «Eý, türkmen babasy! Buşluk! Ogluň bolýar. Onuň nesli ýer ýüzüne hökmürowan bolýar». Hawa, halkymyzyň arasynda: «Düýş göreniňki däl ýoranyňky» diýlişi ýaly bu şeýle-de bolýar.
Ärtogrul Gazy ogly Osmanyň gowy adam bolup ýetişijegi üçin elinden gelenini gaýgyrmaýar. Düşbüje Osman çagalygyndan başlap, ylym-bilim ajaýyp harby tälim alýar. Ol Akja Goja, Abdyrahman Gazy, Gündiz Alp, Goňur Alp ýaly gazylardan harby tälim alan bolsa, beýik alym Şyh Edebalydan iň asylly gylyk-häsiýetleri, edep kadalaryny, öwrenýär. Osman on alty ýaşyna ýeten wagty, ýagşy gylygy,, gözsüz batyrlygy we edermenlikleri bilen töweregindäkileriň ýüreginde ýer alýar. Ol bir tarapdan gazawatlara goşulyp, ýeňişler gazansa, beýleki tarapdan-da wagt tapdygyndan dana Şyh Edebalynyň durmuş baradaky gyzykly söhbetlerini diňlemäge ýumlugýardy.
* * *
Bir gezek Osman özüniň gowy görüşýän dostunyň öýüne myhmançylyga barýär. Iki dost gijäniň bir wagtyna çenli gürrüňleşip oturýarlar. Dosty Osmana düşek salyp berýär-de, gijesiniň haýyrly bolmagyny diläp, çykyp gidýär.
Osman Gazy ýaňy bir ýataýyn diýip durka, otagyň içindäki Gurhana gözi düşýär. Allanyň kelamynyň bar ýerinde arkaýyn aýak uzadyp ýatmaga ejap edýärmi, ýa-da ýat ýerde ýatybilmeýärmi, garaz, Osman şol gije mukaddes kitaba baka garap, dyzyna çöküp, tä daň atýança pespällik bilen gymyldaman oturýar.
Daň atyberede Osman «Öý eýeleri bu bolup oturşymy göýmesinler» diýip, aýaklaryny uzatman ýassygä kellesini goýan wagty irkilýär. Ine ol ýumak,ýaly düýrlenip ýatyrka-da, Hakdan bir seda eşidýär: «Eý, Osman, sen meniň kelamyma hormat-tagžym edip, yzzaty-kerem eýlediň. Men hem seni, seniň öwladyňy, gol astýňdakylary we kömekçileriňi belende göterip, eziz hem hormatlanýan bende kyldym».
Şol oraşan görlen düýşüden sоň Osman Gazy Sögüt etrabynyň danasy Şyh Edebalynyň ýanyna gatnawyny ýygjamlaşdyryberdi. Özafa söhbet galapyn gije çenli dowam edýärdi. Ol bir gezek halypasynyň öýünde ýatyrka, ýene düýş, görýär. Düýşünde birdenkä, halypasy Şyh Edebalynyň gujagynda Aý peýda bolýar. Aý barha ulalyp barşyna öz goýnuna gjrýär. Şondan soň ýanlaryndan bir agaç gögerip, bu-da ulalyp ugraýar. O1 agaç göm-gök öwsüp, pür-pudak bolup gol, ýaýradyp başlaýar. Onuň şaralarynyň kölegesi üç yklymyň gözýetmez çäklerini örtýär, gury ýerleri we deňizleri gurşap alýar. Kawkaz, Atlas, Toros, Balkan daglary pür-pudak gol ýaýradan şahaly agajyň dört sarsmaz süttünine meňzeýärdi. Äpet agajyň köklerinden Diljc, Ýefrat, Nil, Tuna ýaly derýalar gözbaş alyp gaýdýardy. Bu derýalaryň goýnunda gämiler ýüzüp ýördi. Daş-töwerek giň ekin meýdanly obalardan doludy. Daglar gür tokaýlara bürenip otyrdy. Daglardan akyp gaýdýan çeşmeler bag-bakjalaryň lälezarlygyň arasyndan towlanjyrap akýardy. Topar topar adamlar çeşmelere tarap eňip barýardylar. Ol ýerde kim bossanlary suwarýardy, kimsi aby-zemzem deý bu suwdan ganyp-ganyp, içýärdi. Kimsi bag-bakjasynda ekin ýetişdirip ýörse, kimsi sahawatly işler bilen meşguldy. Uzaklardan metjitleriň gümmezleri, ajaýyp minaralar we diňlere baý şäherler seleňläp görünýärdi. Bu läheň binalaryň barynyň çür depesinde ýarym Aý şugla saçýardy. Minaralardan ýaýrap gidýän azan sesleri, san-sajaksyz bibilleriň nagmalaryna goşulyşyp gidýärdi. Вirdenkä güýçli ýel öwsüp agaçlaryň täze we hoşboý ysly ýapraklarýy dünýäniň ähli şähelerine ylaýta-da iki deňiz bilen gury ýeriň şepleşýän ýerinde orun tutan iki zümerret arasynda oturdylan göwher gaşy kimin lowurdaýan Ystambyla tarap ýaýrap gidyärdi. Osman şol göwher gaşly halkany barmagyna ötürjek bolup durka ukudan oýanýar.
Ertesi irden Osman agşamky gören düýşüni halypasyna gürrüň berýär. Şyh Edebaly oňa «Oglum, Osman pygamberler ýorgudy bolsun! Buşluk! Haktagala saňa we seniň zürýatlaryňa soltanlyk berýär. Bütin dünýä seniň perzentleriň hemaýatynda boljak. Gyzym Bala Hatyn hem saňa ýanýoldaş bolýar» diýip, düýşüniň ýorgudyny aýdyp berýär. Öz gyzyny hem Osmana gelinlige berýär.
* * *
Düýşler dünýäsi halk epiki döredijiliginde möhüm orun eýeleýär. Gadymy türkmen-oguz, ýazgylarynda eseriň gahrymanlary her bir möhüm wakanyň öňünden oraşan düýşleri görýär. Muňa aşakda alynjak mysallara ser salanymyzda, doly göz ýetirip bolar. «Oguznama», (Ulug Türk), «Gorkut ata» eposlarynyň gahrymanlary (Salyr Gazan we onuň egindeşleri), Görogly we beýlekiler şonuň kysmy düýşleri görýärle. XV asyr taryhçysy Ýazyjyogly Alynyň «Oguznama» atly işinde Oguzyň epiki ulalyşy çeper suratlandyrylýar. Üç gije-gündiz Oguz ejesiniň göwsüni almaýar. Ejesi aglap emmegini haýyş edýär. Onsoň bäbek ejesiniň düýşüne girip, öňki ynançlaryny ret edip, ýeke-täk Taňra uýmagyny talap edýär, bolmasa onuň göwsünden süýt sormajagyny aýdýar. Ýa-da, beýleki «Oguznamalarda» ýazylyşyna görä, Oguz hanyň Ulug Türk atly ak saçly, ak sakgally, pähimli bir weziri gije, ýatyrka düýşünde Günüň dogýan tarapyndan batýan ýeri-ne çenli ýeri tutup duran altyn ýaýy, gije tarapa bakyp duran üç sany kümüş oky görýär. Weziriň düýşünde gören altyn ýaýy gündogardan günbätara çenli uzalyp gidýärdi. Üç kümüş ok bolsa ýeliň ugruna uçup, süýnüp barýardy. Ulug Türk düýşünde gören, zatlarynу Oguz hana birin-birin beýan edýär:
– Eý, hökümdarym, saňa durmuş haýyrly bolsun! Mukaddes Gök Taňry düýşümde gören zatlarymy hakykatda saňa bagyş etsin! Goý, Gök Taňry bütin dünýäni saňa bagyş etsin – diýýär.
Köp taryhçylar bu äheňiň şöhratly oguzlaryň gahrymançlykly eposlarynyň, köpüsindeörän ykjam görnüşde saklanyp galandygyny öz işlerinde belleýärler.
Yokarda aýdyp geçişimiz ýaly, düýşler we olaryň çeper ýorgutlary halkymyzyň medeniýetiniň bir bölegi hökmünde çuň many mazmuna eýe bolup, köp dowamynda ýaşap gelýär. Gadymyýetde düýş ýorgutçylary, gurrandazlar, müneçjimler, palçylar il içinde uly ynama eýe bolup, biräçe mili dünýägaraýyşlaryň döremegine sebäp bolupdyrlar. Hat-da Merkezi Aziýada ösen gurandazlyk, ýorgutçylyk, müneçjimlik (astronomiýa) ylmynyň bolandygy mälimdir. Abu Reýhan Biruni (983-1448), Ibn Sina (980-1037), Faraby. (879-950) ýaly ady äleme belli alymlaryň eserlerinde müneçjimlik ylmynýň ösmegihe mynasyp goşant goşan birnäçe maglumatlar bar.
Gündogaryň meşhur şahyry Nyzamy Genjewiniň «Ýedi peýker» diýen eseri şeýle täsiriň esasyndä dörän poemadyr. Bu eserinde şahyr asman älem giňişligi, ondaky planetalaryň ýerleşişi baräda çeper hem gyzykly maglumatlary berýär.
Gadymy oguzlarda hytaýlarda, hindilerde, müsürlilerde, gurrandazlara, düýş ýorgutçylaryna, müneçjimlere aýratyn ähmiýet berlipdir. Ata-babalarymyzyň gadymy durmuşynda bolsa, düýş we düýş ýorutlary has rowaç bolupdyr. Sözümizi tassyklamak üçin, oguz-hun serkerdesi Atyllanyň söwşe girmezden öň, gören düyşlerini ýordurandygyny ýatlasa bolar.
Türkmen dessanlarynda, halk ertekilerinde, nusgawy şahyrlarymyzyň eserlerinde hem düýşlere we onuň ýorgutlaryna аýratyn orun berilyär. Türkmeniň akyl hazynasy hasaplanýan Magtymguly hem meşhur «Turgul» diýdiler» atly şygrynda gören düýşüni çeper beýan edýär.
Baýramgeldi ÇARYÝEW.
«Türkmen dünýäsi» gazeti. 12.2008 ý.
№24 (296)
Hekaýalar