ÝALMAN ÇAGASY
Siz Ýagmyr atly oglanjygy tanaýan-a dälsiňiz? Eger, tanamaýan bolsaňyz, onda men ol barada gürrüň bereýin.
Ýagmyr Ýalman aganyň körpe ogly. Şonuň üçin obadaşlary oňa degişen bolup, «Ýalman çagasy» diýýärler. Ýagmyr ony gaty görübem, özi baradaky gep-gürrüňlere üns beribem duran oglan däl. Ol öz oý-pikiri, öz dünýäsi bilen gümra. Özem, juda täsin gylykly oglan.
...Bir gün mekdepde mugallym ülkämiziň geçmiş taryhy, Keýmir kör, onuň bilen Eýran şasy Nedir şanyň gatnaşyklary, olaryň arasynda bolup geçen wakalar barada gyzykly rowaýatlar aýdyp berdi. Sapagyň soňy sowal-jogaba ýazyp gitdi.
Ýagmyr başda mugallymynyň berýän gyzykly gürrüňini diňläbem otyrdy. Edil şol wagtam ünsüni başga bir zada sowdy. Diňe mugallymynyň: «Indi kim aýdyp berjek?» diýen sözi gulagyna ilip galdy. Ol ilki bar zady bilýämem ýalydy. Şonuň üçim ol bada - bat elini galdyrdy.
– Mugallym, men şony gaty gowy edip aýdyp bereýin! Men, men aýdaýyn mugallym. Men aýdaýaýyn-la!
Gapdaldaky partalarda otran oglan-gyzlar hem ýerli-ýerden ellerini galdyrdylar.
– Göreňok-mow, men ilki elimi galdyrdym-a!
Mugallym ol şeýle yhlas edip duransoň, Ýagmyra söz berdi.
Ýagmyr tagta çykdy-da, klasa seretdi. Edil şol wagt bar zat onuň kellesinden uçup giden ýaly boldy. Ol birsalym, edil, dilini ýuwudan ýaly bolup durdy-da, başyny ýaýkady.
– Hany, aýdyber – diýip, mugallym sagadyna seredip, ony gyssady.
– Neme-de, ýoldaş mugallym. Ýaňy gürrüň beren şol kör adamyňyz bar-a, ol körem bolsa gaty zor bolupdyr-ow. Ol bar-a, körem bolsa Eýranyň patyşasy bar-a,–Ol tutuş klasa ýüzlendi. – Kimdir şonuň ady?
– Nedir şa! – diýip, mugallym oňa ýatlatdy.
– Ine, sen gaty dogry aýtdyň, ýoldaş mugallym. Nedir şa bar-a, şol kör adamdan hemişe basylýan eken-dä. Ol kör adam şeýle zor bolupdyr-how.
Ýagmyryň bu gepine tutuş klas hezil edip gülüşdi.
Mugallym: «Indiki sapar gowja diňle-de, eliňi galdyr!» diýip, ony ýerinde oturtdy.
Bu hemmesi däl. Bir gün Ýagmyr howluda oýnap ýördi. Ony ejesi ýanyna çagyrdy.
– Ýagmyr jan, bar, oglum, Sona daýzaňlardan oklawymyzy alyp gel.
Ýagmyr bu gepi eşiden badyna «Bolýar» diýdi-de, aldygyna ylgap gitdi. Ol şol ylgap barşyna Sona daýzalarynyň sekisiniň üstünde birnäçe adamyň çaý içip oturanyny gördi-de, bu ýere näme üçin gelendigini, şol bada unutdy. Ýöne ol şol öňki bady bilen bardy-da, birden kürtdürip duruberdi.
Soňam:
– Sona daýza, aý, Sona daýza, ejem, ejem, sizden bir zat – diýdi-de, ýene yzyna düňküldäp eňip gitdi.
Sona daýza Ýagmyryň ýöne ýere gelmejegini bilip:
– Ýagmyr jan, Ýagmyr jan, näme gerekdi? – diýip, aldygyna ylgap barýan oglanjygyň yzyndan gygyryp galdy.
Ol ikinji sapar gidende, oklaw däl-de, saplaw alyp geldi. Ahyr soňunda oklawyň yzyndan ejesiniň özi gitmeli boldy.
Giç öýlänler Ýalman aga mellegini depip, dersläp ýörşüne:
– Oglum, Aşyr agaňlara bar. Ol maňa käşir tohumyny bereýin diýipdi. Bar, şony al-da gaýt! – diýip, Ýagmyry Aşyr agalara ugratdy.
Ýagmyr Aşyr agany melleklerinde işläp ýören ýerinden tapdy. Ol bara-barmana:
– Käşir aga, kakam Aşyr tohumyny bersin – diýdi – diýip, çiliň gyrasynda duran ýerinden gygyrdy.
Öňem işläp sütüni süýnen ýaşulynyň bu söze gahary gaty gelen borly. Ol pelden çykdy-da:
– Aý, ýalman çagasy diýsäni, men saňa häzir Aşyr tohumyn görkezeýin-le – diýip, oňa bakan gazap atyna atlanyp gaýtdy.
Käşir tohumyndan elli bizar geçen, Ýagmyr gaçyp, zordanjyk Aşyr aganyň deminden sypdy. Ol şondan soň welin, pugta diňlemän, pugta oýlanman iliň içinde ýekeje sözem aýtmady.
29-njy maý, 2000 ý.
Öwezdurdy NEPESOW.
Çagalar edebiýaty