21:16 Ýandyrdyñ, Leýli! / ýarym degişme | |
ÝANDYRDYÑ, LEÝLI!
Goşgular
Serim sämäp durka, garap gaşyña, Güjeñläp görünýän ýumry döşüñe, Gurçuk köwläp, zer çaýylan dişiñe, Aldatdym özümi, ýandyrdyñ, Leýli! Nireden ýolukdyñ, menziller aşyp, Gomlar gelýän ýaly üstüme süýşüp, Aýagym sandyrap, ýüregim çaşyp, Başyma baýguşy gondurdyñ, Leýli! Ejem pahyr: - Alma! - diýip, ýalbardy, Señ geýeniñ tamman däl-de, jalbardy, Gör, nirede, haýsy melgun gol berdi, Ýüregimi buza dönderdiñ, Leýli! Bagy-bossanymy weýran eýlediñ, Sergezdan depede haýran eýlediñ, Mensiz seýilgähde seýran eýlediñ, Ýanan çyragymy söndürdiñ, Leýli! Allanäme günüm bardy dargatdyñ, Ak süýt beren, ak käbäme gargatdyñ, Alynmadyk aýlygymy bergi etdiñ, Başyma kyýamat inderdiñ, Leýli! Nurgeldi Çakany ýakdyñ-ýandyrdyñ, Gök eşege ters bakdyryp mündürdiñ, Diliñ bilen dişlerimi syndyrdyñ, Geplesem gomuma gondurdyñ, Leýli! Nurgeldi ÇAKANOW. | |
|
√ «Ýene seni ýada salyp erikler...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Ýene-de Stalin hakynda / Goşgular - 12.10.2024 |
√ Kalbymyň tümünde galan sargyt / Goşgular - 29.06.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Baýram handan gazallar / Goşgular - 14.08.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Gözeller şasy / Goşgular - 25.08.2024 |
√ Ynan, Läläm / Goşgular - 18.09.2024 |
√ Döwür oýlanmasy / Goşgular - 22.06.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |