12:22 Ýegejan hajy | |
ÝEGEJAN HAJY
Taryhy şahslar
Ýegejan hajy XIX asyryñ başlarynda Gyzyletrek etrabynda dünýä inip, ömrüni Etrek derýasynyñ akarboýunda, Gazanjyk etrabynyñ obalarynda geçirýär. Ýegejan hajyny görenleriñ aýtmagyna görä, ol kelte boýly, saryýagyz kişi bolupdyr. Onuñ egninde könelişip, sary giden don, şyrdagy çykan telpegi bar eken. Onuñ derwüş sypatyna girip, obadan-oba aýlanyp ýörmegine, esasan, bir waka sebäp bolupdyr. Bu gürrüñ günbatar türkmenleriniñ arasynda giñden ýaýrapdyr. Ol oglan wagty alty sany tilki çagasynyñ üstünden barýar. Olaryñ bäşisini öldürip, biriniñ gözüni oýup, diri galdyrýar. Soñ onuñ alty ogly bolýar. Bäşisi ýogalýar, biriniñ gözi kör bolýar. Şonda Ýegejan hajy hata iş edeni üçin içini tutup gynanýar. "Kasas kyýamata galmaz" diýenleri şu bol-dow" diýip, içini hümledýär. "Ýaradan Alla meniñ şol eden etmişim üçin şu dünýede näme jeza berseñ men razy, ahyrýetde günämi geçeweri" diýip, ýassy mahaly ýerine girende, säher çagy oýananda, Ýaradana her gün sygynýar. Şeýle ýagdaýdan soñ onuñ ýüregine dowul düşüp, derwüş sypatyna girip, il arasynda aýlanyp başlaýar. Il-gün ýuwaş-ýuwaşdan onuñ bihal däldigini añlaýar. Käbä zyýarata gidýänler hemme harajadyny çekip, maşgalasyna oñşuklyk harjy berip, ony ýanlary bilen Käbä alyp gidýärler. Şondan soñ Ýegejan hajy diýlip, ol has hem hormatlanyp başlanýar. Sözi ýerde ýatmaýanlardan bolýar. Çagyrylyp toýlara barsa, ulusyna giden atlaryñ baýragy möçberinde hudaýpaýy diýlip, müñ tümene golaý harjy berilýär. Ýegejan kaka berlen harjyny toý bolan obanyñ garyp-gasarlaryna, ýetim-ýesirlerine paýlaýar. Özüne bir şaýy-da almaýar. Ýetme-ýykylma gününe razy bolýar. Il arasynda oña Ýegejan kaka diýenler-de azlyk etmeýär. Ýegejan kaka töwekgel, jomart adam bolupdyr. Bir gezek ol ýola barýarka, öñünden bir kejebe çykypdyr. Gelnaljynyñ ýaşulysy onuñ ýanyna baryp: "Ýegejan kaka, biz pylanylar bilen guda bolduk. Duz dadyşdyk. Gelin almaga gelenimizde, getirilen mallarymyzy halaman, kejebäni boş gaýtardy" diýip, haraý isläpdir. Şonda Ýegejan kaka: "Heý-de ak kejebäni boş gaýtarmak bolarmy?" diýip käýinipdir. Kejebäniñ ýaşulusyna: "Siz şu ýerde bir azyrak tagalyl ediñ!" diýip, özi yzyna dolanypdyr. Öýüne baryp, ýagdaýy aýdyp, aýaly, gyzy bilen maslahatlaşypdyr. Olar razy bolupdyrlar. Ýegejan kaka öýüne alyp baryp, öz gyzyny kejebä mündürip goýberipdir. Keramatly Arazaly ahunyñ başdaş aýaly Töpegül aradan çykýar. Ýas düşegine uly il, ahundyr mollalar bilen Ýegejan hajy-da barýar. Belli günlerine gatnaşýar. Aradan esli wagt geçenden soñ, Ýegejan kaka ahunyñ halyndan habar almaga barýar. Görse ahun elleriniñ aýasyny iki dulugyna söýäp, kybla tarapa bakyp, gam-gussa batyp oturanyny görýär. Ýanyna barýar. Salam berip, ikelläp görüşýär. Saglyk-amanlyk alyşýarlar. Ahuna göwünlik berýär. Öýe girip çaýlaşýarlar. Ýegejan hajy: "Hezreti ylym atasy, mährem ahun, size kesearkalardan (urug ady -T.Ü.) Çopan mollanyñ (pire gol ýapan sopy -T.Ü.) heniz ýaşy dolmadyk gyzy Owadanyñ nikasy ýazyldy" diýip aýdýar. Arazguly ahun bu habaryñ ýöne ýere aýdylmaýandygyny añlaýar. Günlerde bir gün Ýegejan hajy Çopan sopynyñ öýüne sawçylyga barýar. Hoşlaşyp ugramakçy bolanda, ýakyn günlerde yzyna aýlanjakdygyny ýañzydýar. Hajy obasyna ugrandan soñ, öý bikesi ýaş gyzyny ahuna bermejekdigini aç-açan aýdýar. Çopan sopy: "Keýwany, aýak ýeter ýaly ýerlerde Ýegejan hajynyñ sözüni ýykýan adamynyñ ýokdugyny sen-de bilýäñ, men-de. Allatagalanyñ emri bilen ol arkaly adam hasaplanýar. Düýşünde Burkut babanyñ (ýagyş ýagdyrýan, suwuñ pygamberi -T.Ü.) patasyny alan kişi. Onuñ sözüni almasak, Hudaý halamaz. Ýegejan hajynyñ göwnüni tapyp, yzyna boş öwrüler ýaly ederis. Köpräk galyñdyr mal salsak, boş gitmäge mejbur bolar. Ahundyr hajyda üýşüp duran mal ýok ahyry" diýip, maşgalasyny köşeşdirýär. Maslahat birikýär. Ýegejan hajy öwrülip gelýär. Gudaçylyk gürrüñi başlaýar. - Ýegejan hajy, häzir-ä ýetişip duran gyzymyz ýok. Seniñ-de sözüñi ýykmak uslyp däl. Sözüñi alaýarys. Ýöne ahunyñ telpegi agany üçin ýüz düýe getirseñ, gyz siziñki bolar. - Ýüz düýe ownukly-irili bolsa-da bolarmy? - Hawa, hajy, şeýle bolsa-da bolar. Ýegejan kaka Kesarkaçdaky, Küren dagynyñ jülgelerindäki, gum ýakasyndaky baýlara çapar iberýär. Sanlyja günüñ içinde ownukly-irili ýüz düýe ýygnanýar. Düýe sürüsini Çopan sopynyñ gapysyna eltýärler. Çopan sopy ýigrimi düýäni yzyna öwürýär. Arazaly ahundyr Ýegejan hajynyñ at-abraýlarynyñ, mertebeleriniñ belentdigine il-gün öñküden-de beter göz ýetirýär. Ene-ata, gyz "Didar gaýyp, nika gaýypdygyna" kaýyl bolýarlar. "Ýazylan-bozulmaz" diýen nakyla uýýarlar. Gyzy ahuna çatýarlar. Nika gündiz gyýylýar. Ahun gyzy şol gün yzyna, atasy öýüne gaýtardýar. Alty ýyldan soñ ýassykdaş bolýar. Ýegejan hajy diri wagtynda-da, soñ-da suwsuzlykdan gyssanyp çagyrylanda, ýetişýän keramatly kişi bolýar. Munuñ şeýledigine nähak töhmediñ pidasy bolup, zyndanda wepat bolan Taýly şahyryñ iki setir goşgusyny tymsal alsak ýerlikli bolar: Gurbanyñ gideýin Ýegejan hajy, Gyssanyp çagyrsañ, kändir oñ güýji. Uzak ýola argyşa giden kerwenler suwa mätäç bolsa, Burkut baba sygynyp, Ýegejan hajyny çagyrsalar, Ýaradan ýagyş berýär diýerdiler. Ýegejan hajy barasynda birnäçe gürrüñleri il arasyndan toplamak maña miýesser etdi. Meret Çokrak oglunyñ gürrüñinden: - Käbir baýlar howalañ, öwünjeñ bolýar. Dazguýuda, Hojagaladan 20-30 kilometr günbatarda bir baýyñ obasyna Ýegejan kaka baranda, şol ýyl Ýaradan nowruzyny, ülkerini bermän, ýer gurak bolupdyr. Tersakanyñ jülgeleriniñ-de ýyly gelmändir. Şonda baý: "Ýegejan hajy, gaýratyñ bolsa, ýagyş ýagdyr" diýipdir. Ýegejan kaka öñki endigine görä, bir çoññanyñ başyna çykyp, donuny bürenip, Burkut pirini çagyrýar. Arassa asmana birden bulut abanýar-da, şeýle bir çabgaly ýagyş ýagýar welin, aýdyp-diýer ýaly bolmaýar. Jülgäni suw-sil edýär. Akym ugrundaky birnäçe mallar suwa gidip, heläk bolýar. Şyhy Teke oglunyñ gürrüñinden: - 1928-nji ýyl diýseñ gurak geldi. Mal-gara hor düşdi. Gurakçylykda ýa daga, ýa-da guma çekilmeli bolardy. Guma göçmäge Jüneýit handan çekinerdiler. Ol Ortaguýyda goş basyp ýatyrdy. Ulus-il Jüneýit han bilen ýaraşyk baglaşyp, guma göçmäge mümkinçilik döretmegini sorap, Gaýgysyz Atabaýewe arza ýolladylar. Gaýgysyz Gazanjyk raýispolkomynyñ başlygy Tekedurdy Özbek oglundan, Saglygy saklaýyş halk komissarynyñ orunbasary Baýramjan Ahun oglundan, ýene-de Merkezi Ispolnitel komitetinden bir adamdan komissiýa düzüp, Ortaguýa iberdi. Emma gepleşik ýola barmandyr. Jüneýit han Eýrana aşmak üçin göç etdi. Parawbibi obasynyñ gündogaryndan gelip, Musanyñ gädiginden aşyp, Gyradeñe geldi. Obanyñ uludan-kiçisi ýol ugruna çykdy. Hemmeleriñ Jüneýit hany göresleri gelýärdi. Adamlar onuñ çölsüräp gelýänini bilýärdi. Ýoluñ ýakasyndaky guýydan suw çekip, ahyrlary dolduryp goýupdyk. Suwa sowulaýyn-da diýmedi. Ýüzüniñ ugruna geçip gitdi. Adamlary, mallary suwlandyrmak üçin Çaldaga ýetmelidi. Aralyk 40 kilometr çemesi bardy. Ejegül çoññalyñ ilersinde uly takyr ýer bardy. Şoña baryp, ýük ýazdyrýar. Bir ýerden Ýegejan kaka ýetişýär. Han bilen salamlaşýar. Saglyk-amanlyk alyşýar. Suwsuzlygyñ nä ýagdaýa salýandygyna oñat düşünensoñ, ol dessine golaýdaky Çaldagyñ üstüne çykyp, donuny bürenip gözýaş edýär. Bir bölejik bulut gelip, takyryñ üstüne aý berýär-de, birdenem çabga öwrülip, takyry suw-sil edýär. Hanyñ nökerleri, mallary kemsiz suwlanýar. Şondan soñ Jüneýit hanyñ hem bihal adam däldigi, arkalydygy barasynda il arasyna gürrüñ giñden ýaýrady. Ol Ýegejan haja sataşjagyny öñünden bilipdir diýerdiler. Ýegejan hajynyñ nebereleri Gyzyletrek, Gazanjyk etraplarynda, Nebitdag, Gumdag sebitlerinde ýaşaýarlar. Eýranyñ Inçeburun obasynda Mämmetjan, Ýegejan diýen agtyklary ýaşaýarlar. Onuñ mazary Gyzyletrek etrabynyñ, bir wagtky "4-nji kolhoz" diýen obasynda bolmaly. 1950-nji ýyllarda Ýegejan hajynyñ hatyrasyna, Burkut babanyñ ýoluna diýlip, obalaryñ golaýyndaky depeleriñ üstünde, telim ýerde barjamly adamlar bir erkeji üç günläp dañyp goýardylar. Üç günüñ dowamynda ýagyş ýagsa, dañylan erkeç soýlup, sadaka berlerdi. Ýagmasa, erkeji sürä goşardylar. Galapyn ýagyş ýagardy. "Pylany Burkut dañdy. Ýagyş ýagdy" diýerdiler. "Mal - bakanyñky, ot - ýakanyñky" diýlip aýdylyşy ýaly, çopanlardan, öñ barjamly adamlardab baýanlar, Hudaýa şükür, indi azlyk edenok. Halk baýasa, döwlet-de baýaýar. Şu makalany okan, eşiden barjamly adamlar gurakçylyk bolsa, "Burkut" dañar diýen tamam bar. Ýegejan hajyny gören, keramatyny eşiden gojalarymyz aramyzda ýaşaşyp ýörler. Sag-aman ýaşap ýörsek, Ýegejan kaka baradaky gürrüñleri ýene-de toplap, il-güne ýetirmäge çalşaryn. Tatar ÜÝŞMEKOW. # "Türkmenbaşynyñ ýoly - Türkmeniñ ýoly", 1999 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |