22:15 Ýetmiş dört ýyllap Enwer paşanyñ jesedini gorap saklan maşgala | |
ÝETMIŞ DÖRT ÝYLLAP ENWER PAŞANYÑ JESEDINI GORAP SAKLAN MAŞGALA
Taryhy makalalar
Ýakynda kitapcy saýtynda belli ýazyjy Tirkiş Jumageldiýewiñ "Enwer paşa XX asyryñ birinji fýurerimi?" atly gyzykly makalasy goýuldy. Makalada ýakyn taryhyñ iñ meşhur şahsyýetleriniñ biri Enwer paşa barada jedelli pikirler orta atylýar. Türkmenistanda, Özbegistanda, Täjigistanda bolşewik zulmuna garşy halk aýaklanmasyny, ruslaryñ dili bilen aýdanda, "basmaçylyk hereketini" döreden Enwer paşa (1881-1922) hakynda sowet döwrüniñ taryh okuw kitaplarynda oñly maglumat berilmedi, berlen az-uçuk maglumatlarda-da onuñ ady "halk duşmanlary" bolan basmaçylaryñ serdary, baý-kulaklaryñ penakäri, daşary ýurtly interwent hökmünde ýatlandy. Ýogsam bolmasa Jüneýit han, Abdylhekim Gulmuhammedow, Orazmämmet Wepaýew ýaly türkmeniñ gerçek ogullary bilen ýakyndan gatnaşyk saklan bu gahryman hakynda halkymyzyñ hakydasynda türkmenler bilen galtaşykly näçe diýseñ ýatlama bar. Abdylhekim Gulmuhammedowyñ Täjigistanyñ Jyllyköl raýonyndaky öýünde düşläp, dosty bilen duşuşyk geçiren, Türkmensährada bir türkmen ahunynyñ düýşüne girip, şol ýerde metjit gurulmagyna ýardam eden Enwer paşa hakynda bu günki gün türkmen okyjylary has köp zatlary bilmäge borçly. Bu gün taryh ähli aýdyñlygy bilen ortada. "Suw akdy, daş galdy". Kim duşman, kim dost - bularyñ barsyny wagt görkezdi. Şowsuzlyk bilen tamamlanan gahrymançylykly göreşleri bilen taryh sahypalaryna adyny hemişelik ýazdyran asly gagauz (gök oguz) türkmenlerinden bolan legendar gahryman Enwer paşa hakynda gyzyklanyp, saýtymyzy yzygiderli okaýan birnäçe okyjylarymyz maglumat bermekligi haýyş edip, hat ýazdylar. Okyjylaryñ haýyşyny göz öñünde tutup, häzirlikçe şu aşakdaky maglumatlary dykgatyñyza ýetirýäris. "Taýak gelýänçä ýumruk". Enwer paşa hakyndaky gyzykly makalalary paýlaşmagy ýene-de dowam etdireris. * * * "Şol gün ölümi gözledim. Emma ony tapmak üçin nirä barsam, ýyldyrym deý menden ara açdy. Wah, Allanyñ meni başga gün üçin gorap saklandygyny nirden bileýin..." 1922-nji ýylyñ 4-nji awgusty. Pamir daglarynyñ etegindäki Belçiwan obasy. Täjigistan... Kyrk dört adam baýram namazyny okamak üçin bir ýere jem bolupdy. Öñlerinde-de orta boýly, ümsüm görünişli, oý-pikire gark bolan biri bar. Kyrk dört adam bir günüñ içinde başlaryna nämeleriñ injeginden bihabar boýunsunujylyk bilen Allanyñ huzurynda seždä egildiler. Namaz okap bolanlaryndan soñam biri-birlerini gujakladylar. Hamala, olar iñ soñky gezek hoşlaşýan ýalydy... Kän wagt geçmänkä zenzele turýar. Gyzyl Goşun obanyñ daşyny gabapdy. Ilkinji atylan okuñ yzyndan ikitaraplaýyn atyşyk başlandy. Kyrk dört adamyñ kyrk dördü-de duran ýerlerinde wepat bolýar. Üç kişi diro galypdyr. Üç kişiniñ biri bolan ýañky ümsümi görünişli adam atyna atlanýar we gylyjyny bulaýlap, özüne ok ýagdyrýan pulomýotçynyñ üstüne okdurylýar. Ilki ýanyndaky diri galan iki kişi wepat bolýar, yzyndanam özi. Pulomýotçynyñ üstüne atly okdurylan kişi - Damady Şehriýar (Soltanyñ körekeni), halyf hezretleriniñ wekili, Osmanly türkmen imperiýasynyñ iñ ýaş goranmak ministri, Najiýe soltanyñ ýeke-täk başdaşy - Enwer paşady... Paşanyñ meýdini onuñ ýykylan ýerinden täjik watançylarynyñ biri alyp, bir şarlawugyñ añyrsynda gizläpdir. Maşgalasyna-da ony gorap saklamagy wesýet edipdir. Şol maşgala hem arkama-arka Enwer paşanyñ meýdini saklap gelipdir... Žurnalist Fatih Baýhanyñ Enwer paşanyñ agtygy Osman Maýatepek (1950-2016) bilen geçiren gürrüñdeşliklerinden düzülen täze "Babam - Enwer paşa" kitabynda bu taryhy wakanyñ detallary we häzire çenli bilinmän gelen taraplary gürrüñ berilýär. Enwer paşanyñ agtygy Osman Maýatepek general atasynyñ meýdini ençeme ýyllap saklan täjik maşgala barada kitapda şeýle diýýär: "Gurbanlyk güni Enwer paşa esgerleri bilen Obi Dara obasyna gelip Baýram namazyny okady. Namazda Enwer paşa bilen bile 44 adam bardy. Obada bolşewikleriñ iki sany içalysy bolup, olar namaz gidip durka, Enwer paşanyñ obadadygy baradaky habary Gyzyl Goşuna ýetirýärler. Gyzyl Goşun Enwer paşanyñ wzwodyny ýok etmekçi bolýar we iki goşunyñ arasynda atyşyk başlaýar. Çaknyşygyñ dowamynda Enwer paşa, paşanyñ kömekçisi Ferruh beý, wzwodyñ ähli esgerleri şehit bolýar. Üç adamyñ jesedini şol ýerdäki esgerler gizläpdir, Argunak diýen ýerde şaglawugyñ añyrsynda gizläpdirler. Gyzyl Goşun bu jesetleri näçe gözlese-de tapmandyr. Şol gije jesetleri Enwer paşanyñ harby lagerine äkidipdirler. Muzaffaryñ kakasy Tolibşo mazarlaryñ daşyna haýat aýlap, 1969-njy ýyla çenli gorap saklapdyr. 1969-njy ýylda ol bolup geçen wakalary ogluna gürrüñ beripdir. Muzaffar hem özüne ynanylan mazarlary gözüniñ göreji dek gorap saklapdyr. Muzaffar aganyn berýän maglumatlaryna esaslanyp, guburlary açyk. Olar hakykatdanam şol ýerde ekenler. Alla olardan razy bolsun!" F.Baýhanyñ kitabynda Enwer paşanyñ ölümi hakyndaky delilnama, mazar ýeriniñ suratlary, dürli şahsy resminamalar görkezilýär. ● Enwer paşanyñ meýdiniñ Türkiýä getirilmegi Enwer paşanyñ meýdi Stambulyñ Şişli raýonynyñ "Abydeýi Hürriýet" gonamçylygyna getirilip jaýlanmagy baradaky mesele şol wagtyñ Prezidenti Süleýman Demireliñ 1995-nji ýylyñ sentýabr aýynda Täjigistana eden resmi saparynda orta atyldy. Degişli ýolbaşçylaryñ geçiren gepleşiginden soñ Duşenbe şäheriniñ 200 km gündogaryndaky Belçiwan posýologyna degişli Obtar obasyndaky Enwer paşanyñ mazary Prezidentiñ baş geñeşçisi Münif Yslamoglynyñ ýolbaşçylygynda sekiz adamdan düzülen alymlar topary tarapyndan 1996-njy ýylyñ 30-njy iýulynda açyldy. Daşky görnüşinden Enwer paşañky hasap edilen jeset şol wagt Täjigistanda syýasy gapma-garşylyklaryñ möwjän wagtyna gabat gelendigi üçin gaty kyn ýagdaýda Duşenbä getirildi. Şol ýerde türk baýdagy oralan tabyda salnyp, 1996-njy ýylyñ 3-nji awgustynda Stambula getirilen paşanyñ jesedi şol gije Gümüşsuýy harby gospitalynda saklandy. Paşanyñ wepat bolan 4-nji awgust güni Şişli metjidinde sekiz sany ymamyñ kyldyran jynaza namazyndan soñ Şişliniñ "Abideýi Hürriýet" depesinde, Stambul häkimliginiñ we Medeniýet ministrliginiñ bilelikde taýýarlan guburyna - Talat paşanyñ guburynyñ gapdalyna depin edildi. Depin işlerine şol döwrüñ Prezidenti Süleýman Demirel, Goranmak ministri Turhan Taýan, döwlet ministri Abdylla Gül, Saglyk ministri Ýyldyrym Aktuna, Medeniýet ministri Ysmaýyl Kahraman, ANAP partiýasynyñ deputaty Ilhan Kesiji, Stambulyñ meri Ridwan Ýenişen, şeýle-de Enwer paşanyñ agtygydyr beýleki ýakynlary gatnaşdy. # Habererk.com ● Enwer paşa barada saýtda öñ berilen makalalar Mustafa Çokaýew "Orta Aziýada we SSSR-de Enwer paşa": http://www.kitapcy.ga/news/orta_aziyada_we_sssr_de_enwer_pasa/2019-10-24-8760 Saadetdin Gömeç "Enwer paşa": http://www.kitapcy.ga/news/enwer_pasa/2019-10-24-8756 Aly Bademji "1917-1934-nji ýyllardaky Türküstan milli garaşsyzlyk hereketi we Enwer paşa": http://www.kitapcy.ga/news/1917_1934_nji_yyllardaky_turkustan_milli_garassyzlyk_hereketi_we_enwer_pasa/2019-02-14-5260 Türkmensähradaky Osmanly metjidi: http://www.kitapcy.ga/news/turkmensahradaky_osmany_mesjidi/2019-10-16-8543 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |