20:47 Ylhamdarym - ene toprak... | |
YLHAMDARYM - ENE TOPRAK...
Edebi tankyt
Biziñ her birimizi edebiýata alyp gelýän ýol-ýodalar bar. Galama ýapyşmaga mejbur edýän güýçli itergi dürli-dürli ýagdaýlarda ýüze çykýan bolara çemeli. Döwrüñ aýgytly öwrümleri, şahsy ykbalyñ garaşylmadyk pursatlary - bular ýürek bilen aña täsir edýän ýagdaýlardyr. Bular adamyñ içki dünýäsine dura-bara aralaşyp, şol dünýäni heýjana salyp başlaýar. Ruh diýilýän bu täsin dünýäni diñe çeper kitaplar bilen şüwlümli konsertler däl-de, çekilen jepalar bilen ýowuz tejribelerem baýlaşdyrýar. Indi elli ýaşyñ bosagasynda, durmuş tejribesiniñ-de, edebi tejribäniñ-de birneme toplanan mahalynda meniñ neslimiñ başdan geçiren kontrastdan doly iki döwri barada oýlanmaly bolýar. Men çagalygymy Ýerbendiñ sonar sährasynda uruşdan öñki ýyllaryñ ýöntem, ýöne juda arassa adamlarynyñ arasynda geçirdim. Çagalyk ýyllaryñ agyr geçsin, ýeñil geçsin - barybir gözel bolup görünýär. Ýöne häzirki günleriñ belentliginden seredemde-de şol uzak geçmişiñ durmuşynyñ bir tarapyna gözümiñ gidýändigini gizläsim gelenok. Olam süññühalallyk bilen ruhupäklik. On üç-on dört ýaşa ätlänimizde uruş turdy. Urşuñ tragediýasy hemmä belli. Ýöne biz şu döwürde adamlaryñ beýik çydamy bilen misilsiz gahrymançylygynyñ-da şaýady bolduk. Meniñ neslimiñ graždanlyk kämilligi şol döwürde toplandy. Şol agyr ýyllaryñ-da durmuşynyñ bir tarapyna gözümiñ gidýändigini ýaşyrmaýyn. Olam ynam bilen ruhubelentlik. Häzir meniñ neslim täze, üçünji döwri başdan geçirýär. Bu täze urşa ýol bermezligiñ biçak tutanýerli göreşiniñ döwri, bolçulygyñ, abadançylygyñ döwri. Bu döwre şahyr hökmünde özüniñ garaýşyny-da aýtmakçy bolýaryn. Men häzirki döwürde edebiýat bilen sungatyñ durmuşyñ gidişine aýgytly täsir etmeginiñ juda möhümdigini nygtamak isleýärin. Gürrüñ adamlary maddy baýlygynyñ derejesi bilen olaryñ ruhy baýlygynyñ-da deñeçerräk derejede ösmeginiñ zeruryýeti barada barýar. Häzir zamanadaşlarymyzyñ içki dünýäsiniñ gözelligi ugrunda göreşmek aýratyn ähmiýete eýe bolýar diýip men pikir edýärin. Döredijilik pozisiýasynyñ ýok ýerinde hakyky döredijilik bolup bilmez. Men döwre, durmuşa öz garaýşymy aýtdym. Şol garaýşyñ ýok ýerinde bolsa öz edebi ýörelgäñ hem bolup bilmez. Aslynda meni galama ýapyşmaga iteklän zat durmuşyñ liriki öwüşginleri däl-de, onuñ dramatik sahypalary boldy diýsem, hakykata has ýakyn bolar. Ynsan ogluna duýgy diýen täsin bir zat berilipdir. Duýgular her hili bolýar: begenç duýgusy, gynanç duýgusy, söýmek hem-de ýigrenmek duýgusy, jogapkärçilik duýgusy we ş.m. Şahyrçylyk şu duýgulardan başlanýan bolarly. Biziñ obamyzyñ ýeñsesinde owadan goşa derek bardy. Urşuñ agyr ýyllarynda uzak çölden gelýän bir ýaşulynyñ seleñläp oturan şol goşa derek gözüne ilende, içinden bir zatlar diýip iki elini sakgalyna ýetirişi ýadyma düşýär. Ol meniñ sessiz soragyma düşünipdir. - Goşa derek parlap otyr. Biz ýeñjekdiris, Hudaýa şükür - diýip, ol ýaşuly dillendi. Duýguçyl ýüreklerde tebigatyñ adaty bir gözelligi şeýdip mukaddeslige öwrülýär. Il ýatandan soñ garañky gijede şol goşa ak deregi paltalap ony odun edinen adam meniñ gözüme obamyzyñ içinde gezip ýören faşist bolup göründi. Uzak geçmişden mysallar getirmegimiñ özüne ýetik sebäbi bar. Meniñ bütin taryhylygy çuññur duýmak esasynda kemala geldimikä diýýärin. Men şu gün çölüñ tebigy gözelligi barada goşgy ýazsam, çagalygymy hem-de Ýerbendi göz öñüne getirip ýazýaryn. Uruş döwrüne ýüzlensem, Lebabyñ buýanly meýdanlary, ak derekleri bilen ýetginjekligim nazarymda janlanýar. Şeýle pursatlardaky güýçli duýgyny nädip düşündirjegimi bilemok. Kerim Gurbannepesow birnäçe ýyl mundan öñ meniñ önüp-ösen ýerlerimde bir aý bolup geldi. Emma bu ajaýyp şahyr öz aýdyşyna görä, garaşyşy ýaly täsir toplap bilmändir. Emma meniñ özüm-ä ýeterlik täsir bolmadyk bolsa "Gumly gelin" atly röwşen goşgy ýazylmazdymyka diýýärin. Bu goşguda gör näçe mähir, näçe söýgi, nähili ýürek awusy bar! Ömrümiñ alabaharynyñ Ýerbendiñ ýaýlalarynda mydamalyk galandygyny duýmagyñ özi-de meniñ üçin tükeniksiz täsir. Häzir Gämi bilen Änewiñ ortarasyndaky gumluga gezelenç etmek maña baryp ýatan lezzet berýär. Gurtly kölüniñ ýakasynda men özümi geçmiş bilen şu günüñ sepgidinde duran ýaly duýýaryn. Gurtly köki mende tatyhylyk duýgysyny güýçlendirýär. Men kölde gaýykly gezip ýörkäm bir mahallar ata-babalarymyzyñ Ahala gatnan kerwen ýolunyñ şu mawy kölün astynda galandygy barada pikir edenimi duýman galýaryn. Gyrkylyk yzly gum gerişleri meniñ dünýä inip, göz açan alty ganat öýüm bolup görünýär. Men häzirem sähra elli ýaşa ýetip barýan adamyñ gözi bilen seredemok, häzir maña sazagyñ düýbünde boşan arak çüýşelerini ýa-da güllän gandyma gysdyrylan nebitli letdäni görmegiñ tutup urlan ýaly ýokuş degjegini duýýaryn. Sähra hakda elli ýaşda, altmyş ýaşda goşgy ýazsanam, men oña sekiz-dokuz ýaşly Berdinazaryñ gözi bilen seredip ýazaryn. Sähra meniñ üçin mydama el degmedik gyzyñ gözelligi ýaly täsin hem-de päkize bir dünýä bolmagynda galýar. Men Watan diýlen mukaddes zadyñ obrazyny guba depelerde görýärin. Şol depeler mana Sergeý Ýeseninin ak berýozalary ýaly eziz. Howañda ysy bar ene süýdüniñ. Atalaryñ penasy bar saýañda. Babalarymyñ basyp giden yzyny Gördüm seniñ gasyn-gasyn aýañda. Teşnelikden darka-darka ýarylan Takyrlarda taryhyñy okadym. Kerwen ýoly köne möhrüñ yzy dek Ýitip gitdi bir çetinde çökediñ. At dabyran alalaryñ gerşinde Eräp giden egri gylyç tapdym men. Howur gaplan gollarymda hopugyp, Daban derim ýagyrnyña sepdim men. Bu ýerde geçmuş bilen şu günüñ tebigy utgaşyklygy barmyka diýýärin. Ahyrsoñunda-da: Ejizlän çaglarym, ýadan pursadym, Guba çägelere oýkadym bagrym! Sebäbi, "Howurly gollarynda hopuksañam Watan Watandyr". Eneler perzendi janyndan eziz görýär, ýöne enäniñ şarpygyny datmadyk perzent hem ýokmuka diýýärin. Alabederräk durmuşda diñe onuñ nurana tarapyny, ýagny diñe gözelligi baş tema edinen şahyrlar bolupdy, henizem bar. Mysal üçin, Gruziýanyñ gowy şahyry Mihail Keliwidze diñe şol ugry dowam etdirdi. Estetik konsepsiýa juda mukaddes zat. Şonuñ üçin-de, men poeziýanyñ şeýle ugruna öz garaýşymy aýdyp oturmaýyn. Ýöne bu ugruñ türkmen poeziýasynyñ klassykasyna-da, häzirki döwrüne-de häsiýetli däldigini belläsim gelýär. Estetij konsepsiýa barada gürrüñ eder ýaly men teoretik däl. Onsoñam bu ýerde öz şahyrçylyk tejribäm barada gürrüñ berýärin. Emma hut şonuñ üçin-dr, estetik konsepsiýa ýaly möhüm meseläniñ duşundan geçmeli dälmikäm diýip pikir edýärin. Gapdalymyzdaky seýil bagynyñ oturgyjynda gündiziñ güni görene göz bolup, başlaryny bir-biriniñ egnine goýup oturan gyz bilen ýigidi belki biziñ hemmämiz kän gezek görendiris. Men bu hakda "Görnüş" diýen goşgymda: Bagyñ ortasynda gündiziñ güni, Bakyñ, bihaýalyk hüjüme geçýär - diýip ýazypdym. Emma ol görnüşi "azt söýginiñ miwesi" hökmünde wasp edýänlerem bar. Akylly adam diýen düşünjä-de her şahyr özüçe garap biler. Meniñ üçin bu salyhatly, sahawatly "Gülsem çyny bilen gülýär diýsinler, göze ýaş aýlasam diýsinler - çyny" diýip ýaşaýan adam. Emma "mekir bolmadyk akylly bolup bilmez" diýýänlerem bar. Ýöne mekirlik galplyk bilen baglanyşyklydyr. Ony bolsa men-ä gowy adam hökmünde taryplap bilmen. Çylşyrymly durmuşda bagt diýen köp agzalýan sözüñ manysy-da bir guta syganok. Men bu belent sözi ýöntemleşdirmegi halamok. Lotoreýiniñ maşyn utany üçin, diñe şonuñ üçin şol adam meniñ göz öñüme getirýän bagtymyñ eýesi bolup bilmez. Bagtlt bolmak üćun buýsançly bolmak zerur. Özem il ýüzüne däl-de, namysyñ, ynsabyñ öñünde buýsançly bolmak zerur. Poeziýa durmuşyñ ähli taraplaryny öz içine alyp bilýän žanrmyka diýip käte pikir edýärsiñ. Köpe ýetjek bolmak onuñ bitewiligine zeper ýetirýän bolaýmasyn diýip oýlanýarsyñ. Şonda Maýakowskiý ýada düşýär. Ol köçe hereketi barada-da ýazypdy ahyry. "Ownuk tema ýok, ownuk şahyrlar bar" diýilýäni çyn bolara çemeli. Uly meselä ýanaşyp biderek zat ýazmakdan erbedi ýok. Meniñ öz ukybyma şübhelenen, özüme igenen, hat-da özümden göwnüm geçen pursatlarym köp boldy. "Gyzgyn sährany" ýazýarkam uly şowsuzlyga uçrapdym. Üç-dört aýlap ýazylan üç-dört depderi ýyrtmaly boldum. Ellinji ýyllaryñ aýagynda, altmyşynjy ýyllaryñ başynda tutuş iki-üç ýyllap süwümli zat ýazyp bilmedim. Oña derek kän kitaplary agtaryp çykdym. Bu döwür Moskwada ýokary edebiýat kurslaryny gutaranymdan soñku ýyllara gabat gelýär. Mümkin, Twardowskiniñ döredijiligi bilen tanşanyñdan soñ, Mihail Swetlow bilen Smelýakowyñ leksiýalaryny diñläniñden soñ, Çingiz Aýtmatow, Kaýsyn Kulyýew, Dawid Kugultinow ýaly zehinler bilen bile okap, pikir alşanyñdan soñ tijenmek, özüñi dürsemek, özüñe sala salmak gerek bolandyr. Edebi döredijilige diñe şu ruhy krizisden soñ çynlakaý ýapyşdym hasap edýärin. Öýde bolsa oturyp yzygiderli ýazyp bilemok. Ýazmaga wagt bar, basalykly pikir etmäge mümkinçilik ýok. Sebäbi, goñşularyñ gapysy her gezek kakylanda ýa açylyp ýapylanda ziñkildäp durmaly. Ýazyjy baryp ýatan il adamy bolsa-da, eline galam, öñüne kagyz alandan soñ oña çolalyk, ümsümlik gerek. Işlemek üçin döredijilik öýleri amatly. Bir ýylyñ takmynan üç-dört aýyny men şol ýerlerde işläp geçirýärin. Bir günde diñe ýazuw bilen takmynan dört sagatdan artykmaç meşgul bolamok. Bahar hem-de güýz aýlary meniñ poeziýa "möwsümim". Prozanyñ tersine, goşgulary öñünden planlaşdyryp bolanok. Ýöne, mysal üçin, aprel bilen maýy poeziýa bagyşlamaly diýip, şoña-da özümi taýýarlaýaryn. Şol döwürde-de dört-bäş ýüz setirlik goşgy toplumy emele gelýär. Goşga bir başlanymdan soñ gorum gutarýança ýazýaryn. Onsoñ birbada açgöz aýallaryñ sagan sygryna dönýän. Kagyza bir geçiren zadymy kän bir gaýtadan işlemäm ýok. Dogry, meñzeş sözler bar bolsa, çalşyrmaly bolýar. Goşguda taýyn kapyýalaryñ alynmagy iñ ýigrenýän zadym. Her şahyryñ yhlas bilen işleýän kapyýalary, eý görýän sözleri bolmalydyr. Şeýle şireli, baý dilimiz barka, söze garyplyk goşgy ýazan adamyñ iñ düýpli kemçiligidir. Bogun ölçeginiñ hatyrasyna sözleriñ ýoýulmasyny, has dogrusy ýaralanmagyny geçilmesiz hata hasaplaýaryn. Meselem "atasynyñ" deregine "atasnyñ", "otuz ýedide" ýerine "otuzýetde" we ş.m. Şahyryñ wasp eden "ala meýdanlary" bilen gumuñ guba giñişlikleriniñ barha ýiti küýselýändigi duýulýar. Sazagyñ düýbünde ýaplanyp ojar oduna gaýnan tüñçeden tebigata seredip gök çaý içilen sagatlaryñ ýyllar boýy ýatdan çykanok. Lebabyñ ekinzarlyklarynda ýakylýan hyşanyñ tüssesi bilen içi öýjük-öýjük bolup duran bajaklaryñ usy ruhuñy tämizleýär. Gawun sakçysynyñ teläri, peliñ gyrasyndaky şahalary taraşlanman, başyna giden goja söwüt, adyrsowlukda biten ýüzärlik, çyryşly, çomuçly, keýikokaraly gollar - bularyñ hemmesi tebigatyñ poeziýasy. Şäheriñ bir galypdan çykan jaýlarynyñ ýokarky gatlarynda dem alýarkagam, şol gözelliklerden gaýybana lezzet alyp bilýän bolsak, onda biziñ ene topragymyz biçak gözel, juda mähirli bolmaly. Bu toprak beýik-beýik şahyrlaryñ ylhamdary bolupdy. Bu toprakda bize-de tolgunmaga, guwanmaga, gynanmaga zat kän. Çyn poeziýa bolsa diñe şu düýpli duýgularyñ barlygyndan döräp biler. Berdinazar HUDAÝNAZAROW. Surat: "Ene toprak" / Gunça GOÇMYRADOWA | |
|
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||