21:01

Huzuryñda boýnum buruk...

HUZURYÑDA BOÝNUM BURUK...

Huzuryňda boýnum buruk, mähriban,
Eziz käbäm, ýeňletsene dertlerim!
Ýüregimi tüýdüm-tüýdüm tüýtdi-le
Durmuş
çekerimden agyr dert berip.

Bokurdagym dolup geldim ýanyňa,
Aýyplaşma didelemden ýaş aksa.
Men düşünýän, ýazygym kän sanardan,
Ýöne senem düşün, käbäm,
Ýaşlyk-da!..

Dünýäm apy-tupan bolup elenýär,
Ýol-ýodany saýgaramok, ümür kän.
Çynym, halys bezgek boldum,
Bu ömür
şeýdip näçe wagt ýaşaljak ömürkä?

Höweslerim dagap gitdi birmahal,
Birçak tapdan düşdi süýji arzuwlar.
Giç bolsa-da, ahyr menem düşündim,
Bildim, ýok ekeni güýji arzuwlaň.

Bimany günlerden geçip dur göwnüm,
Günälermi ötewersin ýaşlygym.
Eje, ine, şu zatlardan ötri men
Birwagt gülen gözlerimi ýaşladym.

Ýöne, şükür, umyt gülüm solanok,
Durmuş näçe örtese-de dert berip...
Ak başyňa gurban, kalbyňa gurban,
Käbäm, biraz saýpallady dertlerim...

Sapa HOMMADOW.

пт, 5 апр. 2019 г., 9:39 Sapa Hommadow sapahommat@gmail.com

Категория: Goşgular | Просмотров: 518 | Добавил: Нawеran | Теги: Sapa Hommadow | Рейтинг: 4.0/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

«В часы недавнего паденья…» / Goşgular - 16.01.2023
«Мой милый, будь смелым…» / Goşgular - 07.01.2023
Зеркало / Goşgular - 10.02.2023
Видение Иезекииля / Goşgular - 21.01.2023
1-nji sentýabr duýgulary / Goşgular - 06.01.2023
«Разгадал я, какие цветы…» / Goşgular - 09.02.2023
Осёл в уборе / басня / Goşgular - 14.02.2023
Первый шаг любви / Goşgular - 06.01.2023
«Потемнели, поблекли залы…» / Goşgular - 04.02.2023
Deprem Ve Tedbir / Goşgular - 13.02.2023

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 jumagylyjovao  
88
Gowy goşgy. Duýgularyny gowy beýan edýär.

Eger arzuwlaryň güýji ýok bolsa,bu eýýäm arzuw däl, öz-özüňi aldamagam däl,bu inkär edip bolmajak hakykata gözüň açyldygydyr. Kiçijik däne umyt,Mark Lewiniň aýdyşy ýaly,tutuş bir meýdana bagt ekmäge ýeterlikdir.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]