11:53 Abbasylar döwrüniñ döwletleri | |
APBASLYLARYÑ DÖWRÜNDÄKI BEÝIK ŞALAR BARADA ROWAÝAT
Taryhy makalalar
Olar 9 taýpadyr. Atlary bulardyr: Saffarlylar, Samanlylar, Gaznalylar, Deýlemliler, Seljuklar, Malahdeler, Salgurlar, Horezmliler, Mongollar. Salgurlar ýurt bölüşikde deň paýly däldiler. Ýöne Pars ilinde olar beglerdi. Çünki Pars ýurdy olaryň paýtagtydy. Olaryň ady bu kitapda galsyn diýip ýazyldy. Birinji taýpa Saffarylar Olaryň soltanlyk döwri 50 ýyl bolupdy. Olaryň sany üç adamdyr. Ýakup ibn Leýs, Omar ibn Leýs, Tahyr ibn Muhammet ibn Omardy. Ýakup ibn Leýs soltan bolanda, onuň dogany Emir Nasr hyzmatynda bolardy. Mydama emir Nasyryň işi kapyr, dinden çykan dönüklerdir, pinteçiler bilen jeň etmekdi. Ol sebäpden hemmeler oňa tabyndylar. Soň Emir Nasr esger jem edip, Ýakup Leýse berdi, ony Hyratyň begi Ommar ibn Ämri öldürmäge iberdi. Ýakup ony ýeňip, ýesir aldy. Tä Horasan ýurtlaryny özüne tabyn edinçä Ýakup Ommar ibn Ämriň eýeleýän wezipesi ýagny Hyrat begliginde boldy. Horosan welaýatyny bütinleý alandan soňra Sijistany basyp aldy. Ol zamanda Mugtamyt Alalla emir Muhammet Tahyr Yragyň häkimidi. Ýakup onuň üstüne baryp, söweşende Muhammedi ýesir aldy, Ýakubyň ady mertebesi belent boldy. Ondan soňra Pars iline gitmegi we Huzystan ýurduna barmagy niýet edip, ählisini basyp aldy. Nyşapury mekan tutundy we tagt etdi. Birnäçe wagtdan soň wepat boldy. Omar Leýs dogany Ýakubyň ýerine patyşa boldy. Tamam ýurdy eýeledi. Onuň at-abraýy şan-şöhraty artdy. Bagdatda onuň adyna hutba okaldy. Öň hutba halypalardan başga hiç kimiň adyna okalmazdy. Ol zamandan soňra halypalardan soň patyşalary ýatlamak sünnet bolmandyr. Bu ýagdaý hijriniň 287-nji ýylynda, dört tirkeşikleriniň ikinji jumasynda boldy. Bu ýörelge birnäçe wagt dowam etdi. Emir Ysmaýyl Samanly baş göterip, Omar Leýs bilen söweşip, ony tussag edip, Bagdat halypasy Mugtazedbilla iberdi. Omar Leýs Bagdadyň tussaghanasynda açlykdan wepat boldy. Onuň aşhanasy her gezek sapara gidende 300 düýä ýüklenerdi. Şirazyň metjidini ol bina edipdi. Soň Tahyr ibn Muhammediň dogany ýesir boldy. Tahyr gaçyp, Sijistana bardy. Onda wepat boldy. Ahyr Saffarylar döwleti onda tamam boldy. Ikinji taýpa Samanlylardyr Apbaslylaryň nesli halypalyk zamanynda patyşalyk edipdirler. Ýurt dowamlygy 102 ýyl 6 aý boldy. Olaryň sany 10 adamdyr. Olaryň golastyndaky ýurtlar türk diýaryndan tä Hindistana barynçady. Yrak, Horasan, Buhara olaryňkydy. Olaryň köpüsi Buharadady. Atlary: Ysmaýyl ibn Ahmet Samanly, Abu Nasr ibn Ysmaýyl, Abu Hasan Nasr ibn Ahmet, Nuh ibn Nasr, Abdylmälik ibn Nuh, Ysmaýyl ibn Nuh, Mansur ibn Nuh, Nuh ibn Mansur, Abylharys ibn Nuh, emir Abdylmälik ibn Nuh. Ysmaýyl ibn Ahmet Samanly ilkinji Samanylar patyşasydyr. Mert, adyl, adamdy. Mydama Apbasly halypalarynyň tabynlygyndady, olaryň buýruklaryny ýerine ýetirmegi özüne wajyp bilýärdi. Onuň döwleti 8 ýyl boldy. Abu Nasr Ahmet ibn Ysmaýyl kakasynyň ýerine patyşa boldy. Ol hem 6 aý patyşalyk edenden soňra ahyr öz gullarynyň elinde heläk boldy. Abulhasan Nasyr ibn Ahmet patyşa boldy. 30 ýyl soltanlyk tagtynda hökmirowanlyk etdi. Onuň hemişe adaty pukarany hoş tutup, ulamalary sylap, halypalara boýun egmek bolup, raýatlaryny gowy ýaşatdy. Netijede, bagtly, abraýly şehit bolup, wepat boldy. Ondan soňra emir Nuh ibn Nasr 2 ýyl ýerine geçip, şa bolup, wepat boldy. Ondan emir Abdylmälik ibn Nuh 7 ýyl 6 aý myrat atyny meýdanda sürdi. Ahyr atdan düşüp heläk boldy. Ondan soňra emir Mansur ibn Nuh 15 ýyl patyşa boldy. Ol hökmürowan bolup, Allanyň rahmetine gowuşdy. Ondan emir Nuh ibn Mansur patyşa boldy. Emma Horasan emirleri oňa garşy boldular. Ilki Nasreddin Söbüktegine namalar iberdi, ýagny ol Gaznanyň şasydy we Horasanyň serhet goragçysynyň başlyk wezipesini oňa berdi. Parahatlykda 20 ýyl 7 aý soltanlyk sürdi. Bu hadysalar hijri ýyl hasaby bilen 384-nji ýylda boldy. Soň Abulharys Mansur ibn Nuh patyşa boldy. 1 ýyl 9 aýdan soňra wepat boldy. Ondan emir Abdylmälik ibn Nuh patyşa boldy. Ol soň Horasany basyp almak üçin soltan Mahmyt bilen söweşdi. Ýeňilip Buhara gaçyp gitdi. Ol ýere baranda Ilek han ony tutup, tussag etdi. Mawerennahry öz gol astyna aldy. Abdylmälik ýesir bolandan soňra Emir Ysmaýyl ibn Nuh Horasany alyp bilmän Horezme gaçdy. Hiç kim oňa kömek etmedi. Ahyr soltan Mahmyt bir topar gullary tussag etdi. Bir gije gorkunç bir arap şol ýerde düşläp, emir Ysmaýyly tanap, tutup öldürdi. Ondan soňra Samanlylar döwleti dargady, ahyryna ýetdi. Üçünji taýpa Gaznawyilardyr Olaryň sany 12 adamdyr. Ýurt dowamlygy 161 ýyldyr. Gaznalylar kitabyň başynda Deýlemi döwletleri bilen bile ýazylypdy. Çünki olar Samanlylardan soňra döwlet başyna gelýärler. Şonuň üçinem olaryň döwletini dolandyran adamlarynyň sanawyny şu ýerde ýazmagy makul bildik. Samanylardan soňra bularyň patyşalyk döwri başlaýar. Atlary: Mahmyt ibn Söbüktegin, Masut ibn Mahmyt, Muhammet ibn Mahmyt, Möwdut ibn Masut, Masut ibn Möwdut, Aly ibn Mahmyd, Abdylreşid ibn Mahmyd, Ybraýym ibn Masut ibn Mahmyt ibn Ybraýym, Arslan şa ibn Mäsut, Bahram şa ibn Masut, Hysrowşa ibn Bahram. Ýemineddöwle Abulkasym soltan Mahmyd Söbüktegin hijriniň 380-nji ýylynda patyşalyk tagtynda oturdy. Patyşalyk nobatyna eýe boldy. Nasreddin Söbüktegin wepat boldy. Soň Abdylmälik ýeňildi. Soltan Mahmydyň ady äşgär boldy, şan-şöhraty artdy. Horasan, Sijistan yklymyny aldy. Halypalaryň paýtagtyndan gutlag hatlary geldi. Öz başyna bagt guşunyň gonandygyny bilip, Jürjany we Yragy basyp almagy niýet etdi. Fahraldöwläniň zulum bilen deýlemlilerden alan ýerlerini-de öz adyna geçirdi. Soň niýetini Hind tarapa gönükdirdi. Ol etrapdan näçe şäherdir, gala basylyp alyndy. Bulary öldürüp, urup, musulman etdi. Soňra Mawerennahr emiri Süleýman ibn Seljugy özüne tabyn bolmaklyga çagyrdy. Ol garşylyk görkezdi. Ony tutup, Hindistandaky Kanjan galasyna tussag edip iberdi. Süleýman ibn Seljuk ol galada wepat boldy. Soltanlyk tagtynda 40 ýyl ömür sürdi. Hijriniň 420-nji ýylynda wepat boldy. Soltan Mahmyt ölmezden öň şeýle wesýet etdi: Horasan, Yrak Masudyňky, Gazna ýurdy Muhammediňki bolsyn. Onuň wesýetini ýerine ýetirdiler. Masut batyrgaýrakdy. Muhammetden haýyş edip, Gaznada öz adyna hutba okamagy sorady. Muhammet kabul etmedi. Ol sebäpden Gazna meýil edip, dogany Muhammedi tutup ýesir etdi. Ahyr kakasynyň ýurduny, tagtyny eýeledi. Ol eýýam içinde Seljuk nesli Amyderýadan geçip, Horasana geldiler. Masut ol taýpa bilen birnäçe gezek uly söweşler etdi. Ahyry ylalaşyk edip, şertnama ýazyşdylar. Ilkinji gezek 432-nji ýylynda Masut ýeňilip gaçdy. Gaçyp Gazna bardy. Onuň gaçandygyny görüp, Muhammedi galadan çykaryp, patyşa etdiler. Soň Muhammet ol kynçylykda Masudy tutup tussag etdi. Masudyň ogly Ahmet kakasynyň yzyndan Gazna bardy. Ony hem tutup heläk etdi. Ol zamandan patyşalara öz neslinden kimdir birini tutup, galada saklamak gadagan edildi. Ondan soňra Muhammet 14 ýyl patyşalyk etdi. Ondan soňra Masudyň ogly Mowdut ýüze çykyp, kakasynyň aryny almak üçin doganoglany Muhammet tarapa gidip, çagalary bilen öldürildi. Ähli tohum-tijini, ýurduny basyp aldy. 9 ýyl, hökmirowanlyk edip, wepat boldy. Onuň ýerine Masud atly bir ogly galdy. Kakasy aradan çykan wagty ol çagady. Näçe wagt soltanlyk boş galdy. Netijede, döwlet ýaşulusy dogan oglanyna patyşalygy teklip etdi, geçip tagtda oturdy. Oňa beýik şalyk tagtyna çykandan soňra Abdylreşit ibn Mahmyt diýip at goýdular. Soltan Mahmydyň neslinden bir adam deýlemliler zamanyndan bäri tussagdady. Ol halas bolup Horasana gitdi. Horosan halky ony gowy garşy alyp, Alyny tagtdan düşürip, Muny patyşa etdiler. Ol 7 ýyl, gowrak ýurdy parahatlykda ýaşadyp, soň wepat boldy. Onuň yzynda Ybraýym ibn Masut tagta oturdy. Ömründe özi üçin hiç bir öý bina etdirmedi. Ýöne metjitdir-medreseler, ymaratlar bina etdi. Alymlar onuň berýän halat-serpaýlaryna gark boldular. Adyllyk bilen 42 ýyl ömür sürüp, hijriniň 492-nji ýylynda wepat boldy. Soňra Masut ibn Ybraýym kakasynyň ýerini almak üçin 16 ýyl urşup, söweşde wepat boldy. Onuň yzyndan Arslan ibn Masut mirasdüşerlik hökmi bilen ýurdy eline aldy. Dogany Bahram şa ondan gaçyp, soltan Sanjar Seljuga baryp, “Sen maňa esger berip, Arslan şadan tagty alyp ber” diýip ýalbardy. Arslan şa soltan Sanjaryň leşgerinden ýeňilip Horasana bardy. Arslan şa ýene yza gaýdyp gelip, Bahramy tagtdan düşürip, özi tagta çykdy. Bahram ikinji gezek ýene soltan Sanjaryň ýanyna bardy. Bu gezek soltan Sanjar Arslan şany öldürüp, ýerine Bahramy geçirip, patyşa etdi. Ondan Hüseýin ibn Hüseýin atly Gur welaýatynyň şasy Bahramyň üstüne çozdy. Bahram ýerine dogany Seýfeddini goýup, özi soltan Alaeddiniň ýanyna gaçdy. Soň Hüseýin şa Gazna geldi. Bahramyň dogany Seýfeddini tutup, bir sygyra mündürip, şäheri gezdirdi. Soltan Alaeddin ony eşidip, gussalanyp, uly esger bilen Gazna geldi. Emma Alaeddin gelinçä Hüseýin şanyň ýerine Husrow şa geçipdi. Ol Hindistana gitdi. Alaeddin Gaznany talady. Köp adam öldürildi. Gyýasseddin Abulfatyh, Şehabeddin Abulmuzaffar, Hosruwşanyň doganoglanlarydy. Soltan Alaeddin olary Gaznada tapyp alyp, Hysrow şanyň ornuna olary goýdy. Wagtyň geçmegi bilen olar Hysrowşany Hindistandan hile bilen getirip, şäheri oňa tabşyrdylar. Soň Hysrowşa wepat boldy. Onuň yzyndan az wagt içinde Gyýasseddin hem wepat boldy. Soňra ýurt Şehabeddin eline düşdi. Emma Gaznalylar patyşasynyň urugyndan umytlary üzülip, Gazna Şehabeddiniň eline düşüpdi. Şahabeddini tä soltan Muhammet Tekeş zamanyna çenli boldy. Dinden çykanlar Hyrat şäherinde pyçaklap öldürdiler. Soltan Şemseddin Italmaz onuň halypalaryndandy, ony soltan Muhammediň ýerine oturdyp, Hind soltanlygyny oňa berdiler. Olaryň gelip çykyşy we nesilleri gurlylardan. Bu 3 adamdan başga kişi galmandyr. Alaeddin, Gyýaseddin, Şehabeddin ýene tä bu zamana çenli Hind ýurduna olaryň öwlady eýediler. Dördünji taýpa Deýlemilerdir Olar 18 adamdyr. Bularyň hökümdarlyk zamany 127 ýyla ýetdi. Atlary bulardyr. Ymadeddöwle Abulhasan Alybue, Rukneddöwle Abu Aly ibn Hasan, Mugazeddöwle Abulhasan, Abu Şeja Hysrow ibn Rukneddöwle, Abu Mansur ibn Rukneddöwle, Fahraddöwle Abulhasan ibn Ruknaddöwle, Sereweddöwle Abulhowas ibn Uzdeddöwle, Semsameddöwle serhetçi Yzzeddöwle, Bahadeddöwle ibn Yzzeddöwle, Soltaneddöwle, Behaeddöwle Serefededdöwle, Abu Aly ibn Baheddöwle, emir Ymadeddin Uzalmälik Abdylrahym, Abu Nasr ibn Ymadeddöwle elmälik Abu Nasr ibn Polat, Sagd Hysrow şah Abu Sagd ibn Yzzeddöwle emir Aly Hysrow ibn Elmälik çykdy. Deýlemlileriň başy Ymadeddöwledir. Kakasy şehit bolan gününde özi Nasr Yshak hyzmatyna meşguldy. Kakasynyň ölenligi baradaky habary eşidip, gaçyp, Horasan şasynyň hyzmatyna bardy. Birnäçe günden soňra Horasan şasy Ymadeddöwläniň at-abraýyndan gorkup, ony tussag etjek boldy. Ol şanyň pikirini aňlap, Yspyhana gaçdy. Häkimiň Muzaffar ibn Ýakup atly bir begi bardy. Oňa habar iberdi. Ol hem gelip, Ymadeldöwläniň ýoluny baglap, uruşdylar. Ymadeddöwle Muzaffar bilen jeň etdi. Netijede, Allanyň emri bilen Muzaffar ýesir boldy. Ymadeddöwle ýeňiji boldy. Yspyhany aldy. Bu habary Muzaffaryň atasy Ýakut eşidip, Şirazda leşger jem edip, Ymadeddöwlä ýörüş etdi. Ol Ýakut bilen uly söweş etdi. Netijede, Ýakut gaçmaga ýüz urdy, gaçdy. Ymadeldöwläniň yzy bilen Parsa meýil edip, ýetişip, Ýakuty heläk etdi. Ondan Huzystana niýet etdi. Ony basyp aldy, uly patyşa boldy. Mal-oljasy bilen Bagdady eýeledi. Bagdatda öz adyna hutba okatdy. Mugazeddöwle ol ýere häkim boldy. Rukneddöwleni Yspyhan tarapa iberdi. Özi Şirazy paýtagt edindi. Netijede, wepaty onda boldy. Onuň eýýäm döwleti 16 ýyla ýetdi. Wesafi tajy atly bir kitapda Ymadeddöwle Bahramgur neslinden diýipdirler. Rowaýat: Emma kakasy Mezhebini terk edip, yslamy kabul edipdi. Soň Ymadeddöwle wepat boldy. Rukneddöwle Abu Aly ibn Hasan Şiraza geldi. Deýlem zamanynda onda düşledi. Ýurdy ogullaryna bölüp, Diýarfarsy Yzzeddöwlä berdi. Yspyhany, Kumy, Kazwini, Abher, Azerbaýjany, Mugazeddöwle, Hemedany, Dinury we oňa degişli ýerleri Fahraddöwlä berdi. Abul Apbas atly kiçi ogly bardy ony Yzzeddöwlä tabşyrdy. Öz huzurynda 27 ýyl şeýle ýörelge bilen ömür sürüp, wepat boldy. Mugazaldöwle Abu Hasan Ahmet ibn Buýe batyrgaý bolup, doganlar serhetden geçip, Bagdada baryp oňa häkim boldy. Ondan soňra Şama, Müsüre niýet etdi. Emma ömür wepa etmän eýýäm Rukneddöwle zamanynda wepat etdi. Emir Yzzeddöwle Abuşjag ibn Husrow ibn Rukneddöwle şular Buýe nesiliniň göz görejidiler. Jahanşa patyşalygynyň hiç birisiniň döwri ylym-bilimi ösdürmeklikde olara deň bolmady. Olaryň özlerinden galdyran eserleri jahana şöhrat gazanan Şirazyň, Bagdadyň şypahanasy onuň eserindendir. Soň Mugazaddöwle wepat boldy. Onuň edermenligi we başarjaňlygy jahana meşhurdyr. Şirazyň, Bagdadyň şypahanasy onuň başda durmagy bilen esaslandyrlandyr. Soň Mugazeddöwle wepat boldy. Yzzeddöwle Bagdat tarapa gitdi. Bardy, onuň ýerlerini aldy. Soňra Müsür, Sam welaýatlarynyň häkimi Amydeddöwle we Abutahyry basyp aldy. Netijede, özüniň wepaty Bagdat şäherinde boldy. Ony Hezreti Aly musulmanlar emiriniň guburynyň ýanynda topraga tabşyrdylar. Onuň soltanlygy zamanynda äşgär bolan ulama kazy Abubekr Baklany, Şyhlaryň-şyhy Abu Abdylla Hanafy. Kazy Abubekr Baýzawy, Ussat Allama Abu Aly elkaşri onuň bilen döwürdeşdiler. Onuň zaman soltanlygy 34 ýyla ýetip, wepat boldy. Allatagala rehim etsin. Emir Muaideddöwle kakasy zamanynda Yspyhandady. Soň kakasy wepat boldy. Özi kakasynyň ýerine geçip, 7 ýyl ömür sürdi. Emma onuň zamanynda Fahreddöwle Tabarystanyq häkimidi. Olaryň arasynda köp uruş boldy. Her zamanda Muaiddöwle ýeňlişe sezewar boldy. Netijede, gaýgy-gamdan heläk boldy. Fahraldöwle Abu Hasan ibn Rukneddöwle ol zamanda Hemedan begidi. Soň kakasy Muaideddöwle wepat boldy. Özi kakasynyň ýerine oturdy. Ýurdy eýeledi. 13 ýyl, 11 aý hökmürowanlyk etdi. Onuň 3 ogly bardy. Muhammeteddöwle, Şemseddöwle, Yzzeddöwle. Uly ogly kakasynyň ýerine geçip oturdy. Soltan Mahmyt Söbüktegin olar bilen söweşip, ýurdy olardan boşatdy. Ondan patyşalyk nobaty Emir Şeraf Abu Elfarsa geçdi. Emma 6 aý, emirlikden soňra täji terk etdi. Ondan emir Semsameddöwle. Ol zamanda Yzzeddöwle bilen Bagdatdady. Samsam Yzzeddöwläni Bagdat emiri edip, özi Şiraza geldi. Serafaldöwleden soňra patyşa bolup, soň 9 aýdan wepat boldy. Emir Behaeddöwle ibn Yzzeddöwle, Serafeddöwläniň mirasdüşeri Semsam zamanynda Bagdadyň emiridi. Semsam wepat bolandan soňra Pars welaýatyna geldi. Şol wagt Elkaderbilla Bagdat halypasydy. Ol Şerafeddöwlä Şahynşa diýip lakam berdi. Ol 24 ýyl 3 aý patyşalyk edip, wepat boldy. Soltaneddöwle kakasynyň mirasdüşeri boldy. 12 ýyl 4 aý höküm edip, wepat boldy. Soň soltaneddöwle wepat boldy. Halypa soltanlygy emir Şerefe berdi. 5 ýyl 2 aýdan soňra ol wepat boldy. Ondan soňra mirasdüşerlik emir Ymadeddöwlä geçdi. Emma doganoglany Jelaleddöwle bilen jedelleşip 4 ýyllap söweş etdi. Ahyr soňy ýaraşyp, halypalar merkezinden Ymadeddöwlä halat iberildi. Hijriniň 434-nji ýylyň Sapar aýynyň 10-da wepat boldy. Onuň zamanynda Ysmaýyl Yspyhan häkimi Subatik taýpasyndan bolan Menuçehrden gaçyp, çölde mesgen tutdy. Häzir ol şäher onuň öwladynyň elindedir. Ondan soňra ýurt Abdyrahym Abu Nasyra geçdi. Soltan Togrul onuň bilen mähriban bolup, öz ýanyna getirdip, hile bilen heläk etdirdi. Ondan soňra Togrul neslinden Mansur atly, Hysrow atly begler peýda bolup, Bagdat üstünde bir-biri bilen söweş etdi. Ahyr Hysrowy tutup, heläk edip, mälik Mansur şa boldy. Ondan soňra Fazluýa Şebangan leşgerbaşy bir gün biwagt Mansuryň üstüne esger çekip duýdansyz ony tutup, tussag etdi. Ahyr Mansuryň wepaty bendilikde boldy. Pars şäheriniň bir tarapyny Abu Seýit Muhammede we bir çetini Masuda berdi. Parahatlykda otyrkalar Yrak şasy esger alyp, Pars üstüne geldi. Fazluýa ondan gaçyp, Alp-Arslan soltanyň ýanyna gitdi. Baryp ondan kömek sorady. Ol ýene Parsy oňa alyp berdi. Bir sebäp bilen aralaryna gorky düşdi. Soltan Nyzamylmülki onuň üstüne iberip, baryp ony galada gabady. Ahyr tutup ýesir etdi. Soltana habar iberdi. Soltan oňa şa permanyny iberdi. Soňra öldürdiler. Ondan soňra patyşalyk Abu Aly Keýhysrow ibn Azmälige geçdi. Deýlemli nesliniň ulularyndandy. Baryp soltan nazarynda baş urup, nobatda boldy. Soltan oňa wezipe berdi. Hernäçe soltan nazaryna baranda soltan öz garşysynda oňa bir kürsi goýdurdy. Oňa uly hormat ederdi. Ol köp ýaşaman wepat etdi. Allatagala aýdyşlaýyn: Täki ybrat – görelde bolsun diýip we Alla hakyky iman getiren kişileri bilmek hem-de araňyzdan şehitleri saýlap, almak üçin bu günleri (ýagny ýeňiş we ýeňliş günlerini) adamlar arasynda aýlap durýarys. Bäşinji taýpa seljuklardyr Soltanlyk döwri 160 ýyldyr. Olar 14 adamdyr. Atlary: Soltan Yzzeddin Abu Şujag Aly Arslan Muhammet ibn Mikaýyl soltan Rukneddin Togrul beg, Muhammet Mikaýyl ibn Seljuk soltan Mugazeddin Abu Fatyh Mälik ibn Aly Arslan soltan Magineddin Abul kasym Mahmyt ibn Muhammet ibn Mälikşa soltan Rukneddin ibn Keýkubat ibn Mälikşa soltan Gyýaseddin Muhammet ibn Mälikşa soltan Mugazeddin Sanjar ibn mälik şah soltan Rukneddin Abu Talyp Togrul ibn Mahmyt soltan Abu Fatyh Mälikşa ibn Muhammet soltan Maineddin Abu Fatyh Mälikşa ibn Muhammet ibn Mahmyt soltan Gyýaseddin Abu Şujag ibn Muhammet ibn Mahmyt soltan Mugazeddin Abulharys Süleýman şah ibn Muhammet ibn Mahmyt soltan Ruknyslam ibn Togrul ibn Mahmyt soltan Mugaseddin Togrul ibn Arslan soltan Rukneddin. Togrul beg ibn Muhammet ibn Mikaýyl ibn Seljuk şu nesliň ilkinji soltanydyr. Onuň mekany Hemedan şäheridi. Hijriniň 455-nji ýylynyň Remezan aýynda wepat boldy. Mäliklik wagty 26 ýyla ýetdi. Soltan Yzzeddin Abu Şujag Alp Arslan Muhammet ibn Mikaýyl örän haýbatly adamdy. Onuň şan-şöhraty dünýä ýaýrady. Şol sebäpden 2 müň esger bilen Parsa niýet etdi. Diýarfarsy eýeledi. Ondan Ruma niýet etdi. Ol zamanda Rumuň mäliginiň adyna Manýusy diýerlerdi. Onuň 30 müň äri bardy. Soltan Yzzeddin bilen söweşe girdi. Allatagalanyň hikmeti bilen ýeňilip gaçdy. Soltan Yzzeddin hor, garyp gulunyň elinde tussag edildi. Ol barada aýtmak hökman däl. Ol zamanda Sagdeddöwle Bagdad şyhydy. Alp Arslan ony ele saldy. Emma sylag-hormat üçin günde 1000 dinar bermäge borçly boldy. Ol sebäpden goýberdi. Ondan ol Mawerennahrdaky Kutwal galasyna geldi. Kutwalyň bir begi bardy. Adyna Soltan diýerdiler. Onuň garawullary Sägdeddöwläni tutup, Soltanyň huzuryna getirdiler. Soltan onyň bilen söhbet etdi, emma ol ýalan sözledi. Soltanyň muňa gahary gelip, onuň üstüne gygyrdy. Ol hem janhowlundan pyçak çekip, Soltanyň oturan tagtyna tarap ylgady. Soltanyň ýaranlary ony tutmak islände, Soltan ony tutmaň diýdi. Soltanyň özüniň mergendigine ynamy bardy. Ýagny ol göni kalpdan urup bilýärdi. Ýöne atan oky degmän geçdi. Ol Soltany pyçak bilen urup heläk etdi. Soltanyň ýaranlary patyşany heläk edeni derrew öldürdiler. Şu wakadan 12 ýyldan soňra Alp Arslan wepat boldy. Ondan soňra ogly Mugazeddin Abulfatyh Mälikşa ibn Arslan soltanlyk tagtyny almak üçin gozgalaň turuzdy. Wagtyň gelmegi bilen ýurdyň uly bölegini eýeledi. Soň Jeýhun derýasynda gaýykçylaryň berýän salgydyny öziniň aljakdygyny Nyzamylmülke bildirdi. Ol oňa kanagat edip, Antakyýa baryp, durdy. Ondan soňra Mugazeddiniň ýurt dowamlygy 20 ýyla ýetip, wepat boldy. Onuň döwründe Senadid ymamlaryndan ymam Elherremeýin Abdylmälik Huny ýaşaýardy. Ondan soňra Soltan Mälikşa kakasynyň ýerine oturdy. Emma doganlary Mahmyt, Muhammet arasynda jedelli waka boldy. Olaryň patyşalyk wagty Mahmyt bilen Muhammet söweşip geçdi. Soňra dinsizler taýpasy pitne turuzyp kuwwatlandylar. Hasan Sebbah, Abdylmälik ibn Ataş äşgär boldy. Döwlet uly işgärleriň ygtybaryna girip, olary gümra etdiler. Ýagny ýoldan çykardylar. Yspyhan halkyny özlerine boýun etdiler. Munuň ýaly biynjalykda Mälikşa 12 ýyl ömür sürüp, wepat boldy. Ýerine ogly soltan Gyýaseddin Muhammet ibn Mälikşa bellendi. Soňra Bagdada sapar etdi. Onda kakasynyň gullaryndan Ias we Sädke atly iki kişi bardy. Olar patyşa buýrugyndan boýun gaçyrdylar. Olar bilen ýüzbe-ýüz meýdanda söweş etdiler. Ahyrsoňy Ias kowmynyň arkasyndan şeýle azdarha ýaly gorkunç zat tapyldy. Ähli kişi ondan gaçdy. Iasy ýesir etdiler. Sädkany jeň içinde heläk etdiler. Abdylmälik bir galadady. Öz ýanyna getirdiler ony Yspyhana häkim etdiler. Ondan soňra heläk boldy. Özi 13 ýyl hökmirowanlyk edip, wepat boldy. Ondan Soltan Mugazeddin Sanjar ibn Mälikşa häkim boldy. Emma doganlary wagtynda ol 20 ýyl öň Horasan begidi. Muhammet ölenden soňra 40 ýyl patyşalyk etdi. Onuň döwleti zamanynda Muhammet ibn Mahmyt üstünde gozgalaň etdi. Duýdansyz bir dinsiz aýalyň elinde heläk boldy. Emma ol zamanda soltan Togrul beg ata-begler elinden örän horlananlygy üçin olary dep etmek isläp, Horezmşa yzygider hatlar iberip, ondan kömek sorady. Bu aralykda Reý şäherinden duýdansyz uly leşger göründi. Soltan Togrul birnäçe mert adamlar bilen meýdana özüni salyp, ata-babalaryny ýat edip, söweşe başlady. Etrapyndan ony güýç bilen heläk etdiler. Seljugyň nesli köpdir. Emma hakyky rowaýat budur, ki, Rum soltanlary-da seljugyň neslindendi. Altynjy taýpa Kuhustan patyşalarydyr. Olar dinsizdir. Olar 8 adamdyr. 171 ýyl olar hökmirowanlyk etdiler. Ilkinji äşgär bolmalary hijriniň 483-nji ýylyň Rejep aýyndady. Iň soňky patyşalary 651-nji ýylynda Baýram aýyndady. Ilkinjileri Hasan ibn Aly ibn Muhammet Sabbah el Humeýrydy. Göräýmäne şerigat kada-kanunlaryny ýerine ýetirýän adam ýaly, emma bir gün bir metjitde şerap içenini görüp, heläk etdiler. Şyga Ysmaýyl ibn Sadyk neslindendi. Onuň öwladyny öz ýanyna çagyrdy. Özüne tabyn etmek üçin onuň sözüne ynanyp, özlerine häkim etdiler. Ondan başga şäherleri, galalary almak üçin ugradylar. Kähystanyň köp ýerlerini basyp aldylar. Mustenser Ysmaýyl oňa Müsürden ähtnama iberip, welaýat ygtyýaryny oňa tabşyrdy. 35 ýyl ömür sürüp, hijriniň 520-nji ýylyň dört tirkeşikleriň I aýynyň 8-ne wepat boldy. Hasan Sabbahyň ogly Bozorg Umydyň döwründe Hasan Deýlemi leşger emiridi. Onuň arkasyndan hökmi hemme ýerde ýöreýärdi. Hasan Sabbah patyşa bolandan soňra Bozorg Umydy özüne mirasdüşer belledi. Ol hemme şerigat kada-kanuny ýerine ýetirip, ondan öte geçmedi. Adat-sünneti berjaý etdi. 14 ýyl ol jahandarlyk edip, hijriniň 544-nji ýylyň dört tirkeşikleriň IV aýynda wepat boldy. Muhammet ibn Bozorg Umyt kakasynyň wesýeti bilen patyşa boldy. Atasynyň ýerine geçip, gadamyny berk etdi. Emma onuň Hasan atly bir ogly aýaga galdy. Ol ynanmazçylyk etdi. Erbet işlere meşgul boldy. Halka rugsat berdi. Gurhany azymy okamagy gadagan etdi. Soň atasy mundan ägä boldy. Atasy diýdi: “Bu meniň oglum däldir. Meniň aslym deýlemli. Kim ygtykat etse, kapyrdyr” diýdi. Tutup Hasany tussag etdi. Hiç kim bilen duşuşmaga ýol bermedi. Özi hijriniň 555-nji ýylynyň dört tirkeşikleriniň I aýynda wepat boldy. Soň kakasy aýryldy. Özi tussaglykdan çykyp, mirasdüşer patyşa boldy. Dinden çykmaklyk başlandy. Remezen aýydy, soň Baýram aýy boldy, çykyp hutba okady. Bir nama iberip musulmanlardan garaşmagy teklip etdi. Hijriniň 620-nji ýylynda dört tirkeşikleriň I aýynda aradan çykdy. Ondan soňra ýerine ogly Muhammet ibn Hasan boldy. Kakasynyň dinsizlik ýörelgesini terk etdi. Ol sebäpden adyna musulman diýdiler. Şerigat ýolundan çykmady, budüzgünçilik görkezmedi. Halkyna ynam bildirip, alymlar we ýolbaşçylar onuň musulmandygyna ynam etdiler. Söweşde soltan Jelaleddine dost bolup, maslahat berdi. Hijriniň 618-nji ýylyň Remezanynda wepat boldy. Ondan soňra Alaeddin ibn Muhammet çykdy. Soltanlygy goldamady. Köp wagtlap alymlar bilen söhbet gurap, metjitlerde oturýardy. Kä wagtlar aýakýalaň çykyp, goýunlar bilen gezerdi. Deýlemli halkynyň köprägi ony öldürmek üçin yzarlaýardy. Bir gije Baýram aýynyň ahyrynda pursat bolup, hijriniň 653-nji ýylynda öldürildi. Bir ýyldan soňra ogly Rukneddin ibn Muhammet şa kakasynyň ýerine oturdy. Emma öz islegi bilen galadyr-şäherleri Hulagu hana berdi. Ol ony Mengu hana berdi. Jeýhun derýasyndan geçenden soňra ajaly ýedip, wepat boldy. Kahystanly patyşalaryň döwri onda tamamlandy. Olaryň yzyýany Salyrlar geldi. Ýedinji taýpa Salgurlardyr Olar 11 adamdyr. Ýurt dowamlylygy olaryň tä bu kitabyň taryhyna (ýazylmagy) gelinçä 131 ýyl geçdi. Atlary bulardyr: Atabeg Mozaffereddin Sengur ibn Mowdud atabeg Muzaffarldin Tuňla ibn Zengi atabeg, Muzaffareddin Abubekr ibn Sädi, Ibn Zengi Atabeg Muzaffareddin Sagt ibn Zengi Atabeg, Muzaffareddin Togrul ibn Sengur Atabeg, Muzzafar Sagt ibn Abubekr Atabeg, Muzaffareddin Muhammet ibn Sagt Atabeg, Muzaffareddin Muhammet şah ibn Salyr şah ibn Sagt Atabeg, Muzaffareddin Ilek han Abubekr ibn Abdylla Atabeg, Muzaffareddin Salyr şah atabeg, Muzaffareddin Üns ibn Sagt. Soň atabeg Muzaffareddin Sengur ibn Mowdut tagta geçdi. Mälikşa Salyryň üstüne leşger çekip, gozgalaň etdi. Mälikşa oňa güýç sarp etmän, gaçmaga ýüz urup, gaçdy. Pars ýurdyna Sengur bellendi. Ondan 3 ýyl patyşalyk etdi. Şiraz şäherinde kerwensaraý, metjit, medrese, ymarat saldyrdy. Onuň weziri Täjeddin Seraby soltan Masuda öň wezirlik edipdi. Soň Sengur wepat boldy. Dogany Zengi ibn Möwdut ýokdy. Şirsiň aýaga galyp, mülki almakçy boldy. Zengi bilen arasynda söweş boldy. Ahyr Zengi ýeňiji bolup, ony heläkledi. Özi 14 ýyl patyşalyk etdi. Kakasynyň gurduran ymaratlaryny beýik, uludan-uly, owadandan-owadan etdi. Atabeg Muzaffareddin Tekle ibn Zengi ýerine mirasdüşer bolup ýurdy eýeledi. Adyllyk bilen älemi abatlady. Ol 20 ýyl patyşalyk edip geçdi. Onuň weziri Emineddin metjitdir-medreseler, kerwensaraýlar bina etdi. Atabeg Muzaffareddin Togrul ibn Sengur patyşa boldy. Ol ýurdy dolandyryp bilmedi. Birnäçe gezek atabeg Takle üstüne Yrakdan esger iberdi. Ahyrsoňy özüni ýesir etdi. Takle döwletinde düşlemän wepat boldy. Takleden soňra Atabeg Muzaffareddin Abuşyjag Sagt ibn Zengi patyşa boldy. Batyrgaýlyk bilen Kermany alyp, doganoglansyna berdi. Yragyň howasynyny halaýardy, soňra Yspyhany aldy. Onuň ulularyny Şiraza getirdi. Hijriniň 614-nji ýylynda Muhammet ibn Tekeş Yraga esger çekip, onuň üstüne geldi. Ol 2000 sany atly leşger bilen olary garşy aldy. Özü-de 1000 sany leşger bilen soltanyň öňünden çykdy. Netijede, ony tutdular, ýesir etdiler. Soltan onuň batyrlygyny, ulumsylygyny görüp, ony öldürmäge dözmedi. Birnäçe wagt tussaglykda ýatdy. Soltan onuň gyz doganyny özüne aýal edip alyp, sowgat-serpaý berip, Pars yklymyna iberdi. Şirazda Atygy atly metjidi bina edip, Yrak ýolunda kerwensaraý saldyrdy. Ondan soňra 20 ýyl ömür sürüp, wepat boldy. Ondan atabeg Mufreddin Ilak han Abubekr ibn Abdylla Sagt ibn Zeňňi onuň ýerine geçdi. Jahany bezeýän patyşa şerigat ýoluny tutup, dindarlyk bilen raýdaşlyk bilen Allatagalanyň buýrugyny berjaý edip, öz adyllylygy, Alla tarapyndan berlen zehini bilen älemi ýagtylandyrdy. 200 ýyldan bäri weýran bolup ýatan Pars yklymyny öz adalaty bilen täze durmuş guran geline meňzetdi. Ajam diýaryndan başga-da Hindistanda onuň adyna hutba okaldy. Onuň goýup giden metjitdir-medrese ýadygärlikleri birnäçe ýerlerde galypdyr. 30 ýyl Haktagalanyň razylygy bilen hökmirowanlyk edip, wepat boldy. Özüniň wepatyndan soňra ogly atabeg Muzaffareddin Sägd ibn Abubekr şa boldy. Onuň adyna hutba okalyp, zikge zikgelenip 12 gün patyşa boldy we wepat boldy. Atabeg Muzaffareddin Muhammet ibn Sagt ibn Zeňňi kakasy wepat bolanda kiçijekdi. Enesi ony ulaltdy. 2 ýyldan soňra enesi hem öldi. Atabeg Muhammet ibn Selgurşah hökümet garşysyna gozgalaň etdi. 6 aý patyşalyk edenden soňra türkler topary Muhammediň kakasyna tabyn boldular. Selgurşah gaçyp onuň öýüne bardy, ýesir düşdi. Ondan Seljukşah ibn Selgurşah patyşa boldy. Muhammetden ulydy. Kakasy wepat bolan wagty ol bir galadady. Çykyp leşgergähe geldi. Hanyň ýanyndaky adamlar we gullukçylar onuň töweregine jem boldular. 5 aý patyşalyk edenden soňra Mongol leşgeri onuň üstüne hüjüm etdi. Özi leşgerine ynam etmändigi sebäpli gaçyp, emir Sagt Mugazeddiniň ýanyna bardy. Ol hem hemaýat edip, oňa kömek berdi. Oňa zyýan ýetmezligini isledi. Mongol esgerleri onuň yz tarapyndan Gazuruna baryp, ýetişdiler. Ol naçar bolup, gaçyp birnäçe atlylara duş geldi. Köp söweşden soňra ýesir boldy. Soňra ogly Atabeg Muzaffareddin Olbaş ibn Sagt ibn Abubekre hijriniň 663-nji ýylynda şalyk nobaty ýetdi. Allatagalanyň goragynda döwlete baştutanlyk edip, ýurdy abadanlaşdyrdy. Watany parahat saklady. Sekizinji taýpa Horezmlilerdir Olar 8 adamdyr. Döwlet dowamlylygy 120 ýyla ýetdi. Horezmşah Muhammet ibn Atsyz ibn Horezmşah Arslan ibn Abyster Horezmşah Süleýman ibn Arslan Horezmşah Alaeddin ibn Tekeş ibn Arslan Horezmşah, soltan Muhammet ibn Tekeş, soltan Jelaleddin ibn Muhammet, soltan Gyýaseddin ibn Muhammet. Horezmşah ibn Anuştegin Mikaýyl Seljugyň gulydy. Soň soltan Börkiýaryk Horasan begliginiň emiri Hüseýni hijriniň 690-njy ýylynda çalyşdy. Adyllygy, dogruçyllygy, rehim-şepagatlygy üçin ähli raýatlar ony artyk görýärdi. Ulama-begzadalary hormatlaýardy. Birnäçe ýyl rehimdarlyk, adyllylyk bilen ömür sürdi. Onuň yzyndan Horezmşah Atsyz Muhammet Atsyzyň ýerine patyşa boldy. Ýoluny adyl şerigatdan hiç üýtgetmedi. Atasynyň ýoly bilen gidip, tiz wagtda wepat boldy. Horezmşa ibn Arslan ibn Atsyz kakasynyň ýerine patyşa boldy. Mirasdüşerligi bilen eline aldy. Horasany tassyklap, Mawerennahry özüne tabyn etdi. Onuň zamanynda seljuklar nesli ejizlenip, oňa yurt almak üçin pursat tapyldy. Adyllyk sürüp, şerigat ýoluny turup wepat etdi. Soň Horezmşah soltan şah ibn Arslan kakasy ölende kiçidi. Emma emirler bir pikire gelip, ony tagta geçirdiler. Emma Alaeddin oňa esger çekip gozgalaň etdi. Soltan şah ondan gaçdy. Gazna bardy. Gazna begi gurlylar taýpasyndan soltan Gyýaseddindi. Ondan medet isledi. Oňa üns bermedi. Soňra ol näumyt bolup, Hytaýa bardy. Hytaý patyşasyndan leşger alyp, ýene yzyna Horezme geldi. Şäheriň golaýynda esgerleri bir ýere goýberdi. Alaeddin Jeýhun derýany bir gijede olaryň üstüne akdyryp, gark etmek isledi. Ondan habary bolanlar gaçdylar. Ol ýerden yzyna ýene Alaeddiniň üstüne ýörüş edip, ony gaçyrdylar. Patyşalyk Muhammede Remezan aýynyň soňky güni berildi. Horezmşah Alaeddin Arslanyň ogly Tekeş doganynyň ölüminden soňra şalyk olara ýetdi. Seljuk nesliniň döwleti soňlandy. Horezmşahyň at-abraýy beýgeldi. Horasan oňa berildi. Onuň zamanyndan soňra soltan Tekeşiň ogly Muhammet peýda boldy. Bu taýpanyň döwleti-abraýy beýge galyp, belent derejä ýetdi. Mawerennahry basyp alyp, Azerbaýjan, Yrak, Bagdat oňa berildi. Onuň döwleti şeýle gülläp ösdi. Allatagalanyň ýaradan hiç bir zady oňa garşy durup bilmedi. Eýýäm birnäçe wagt bu ýagdaýy geçiren ykbaldan soň, bir gün tekepbirlik edip, mongol esgerleri Gündogar tarapdan üstüne çozuş etdiler. Birnäçe gezek ortalarynda söweş boldy. Ahyr soltan Muhammet gaçmaga ýüz urdy we gaçdy. Azerbaýjana bardy. Onda gam-gussadan heläk boldy. Onuň yzyndan soltan Jelaleddin ibn Muhammet äşgär boldy. Ol wagtyň soltany Muhammet ibn Tekeşiň esgerleri gaçmaga ýüz urdy. Jelaleddin Hind tarapa gitdi. Mongollar yzyna gaýdandan soňra ol Parsa geldi. Onda Atabeg Sagda duşdy. Soň Bagdada bardy. Onda kazy Ymadeddöwle Kazruine, Bahaeddin bu ezizlere duşuşyp, olaryň ortasyna düşüp, aralarynda parahatçylyk etdiler.Olara yhlas bildirip, 4 aý olaryň huzurynda bile boldy. Ondan Frat we Azerbaýjana niýet etdi. Onuň begi Atabeg ibn Muhammetdi. Jelaleddin barýarka ol başga gala gaçdy. Soltan Jelaleddin onda ýaşap, ol töwerekdäki birnäçe galadyr-şäherleri basyp aldy. Ondan keýpi-sapalyga meşgul boldy. Mongol esgerleri ikinji gezek üstüne çozdy. Onuň ýaranlary eşidip, ählisi dargadylar. Özi gaçyp, Mosula gidenligi barada şeýle rowaýat bardyr. Bir taýpa bilen duşuşyp onuň gymmatbaha lybasyna tamakin bolup Jelaleddini öldürdiler. Jelaleddin wepat bolanda hatyny Şamda galypdy. Atabeg Sagt Abubekr adam iberip, Jelaleddiniň aýalyny Şiraza getirtdi. Soň soltan Gyýaseddin Şiraza meýil etdi. Ondan Kermana sapar etdi. Kerman tarapda Mawerennahr patyşalaryndan biri ony tutup, heläk etdiler. Ondan Horezmlileriň döwri tamamlandy. Mülk Mongollara we Çingizhan nesline geçdi. Dokuzynjy taýpa Mongollardyr Ilkinjileri Çingiz handyr. Hijriniň 617-nji ýylynda Çingiz hanyň nesli ýüze çykdy. Çingiz hanyň öwlatlary Hytaý, Türk, Eýran zemini basyp aldylar. Ol Eýran ýurdunyň ähli ýerlerini eýeledi. Ol zamanda Eýran häkimi Hulagu handy. Mert, batyr, akylly pikirlidi. Onuň bir ogly Buga han Eýran zemininiň patyşasydy. Rum şäheri onuň adyl, mähirliligine tabyn boldular. Musulmanlar onuň kömegine, şepagatyna bil bagladylar. Bir ogly bardy. Adyna Sunjak diýerdiler. Ol Bagdat we Pars häkimidi. Ähli dindäki kişiler onuň adyllygyny eşidip, öwgi dogalar ederlerdi. Ol zamanyň ululary Şemseddin Muhammet ibn Sahyp Sagtdy. Bahaedddin diwan eýesidi. Ýokarda agzalanyň ata-babalary Horasanyň ýaşulylaryndandy. Ol hökmürowanlyk we üstünlikler hiç bir Hudaýyň bendesine nesip etmändi. Eýran zeminine şeýle bir at-abraýlylyk, şan-şöhratlylyk nesip etdi. Olar ýaly hiç bir patyşa alymlary talyplary hormatlamady. Yslam dininiň buýruklaryny ýerine ýetirmekde metjitleri salmakda bular ýaly uly işler etmändi. Hezret Resul alaýhyssalam zamanyndan bir waka bolan. Halypa ulamanyň nesihatyndan sapak almypdyr. Tä şu güne çenli ähli musulman patyşalar, alymlar ol taýpanyň dergähine ýalbarýardy. Häzir ol welaýat olaryň öwlady elinde tassyklandy. Onuň adyna Ubeýdhan diýerler. Surhserh serhedinden geçip Amyderýa çenli olaryň elindedir. Başga garamaýak adamlar oňa ýylbaşy diýýärler. Sebäbi şolar ýaly şerigaty yzarlap parz sünneti berjaý eden Allatagalanyň buýruklaryny ýerine ýetiren arap däl patyşalaryň içinde olar ýaly patyşa ýokdy. Olaryň ýoly ýaly dogry, hakyky ýol ýokdy. Kyýamata çenli şeýle bolsun. Biziň dogalarymyzy kabul eden Seljugyň kakasy batyrgaý türk(men)di. Ilki yslama gelen oldy Dukakdy. Ol zamanda begleriniň ady Ýangunidi. Söweş we başga ýagdaýlarda ýokarda agzalan Dukak bilen maslahat edip, onuň sözi bilen ýörärdi. Wagty gelende Dukak aradan çykdy. Ogly Seljuk ýerine tagtda oturdy. Bir sebäp bilen Mälik türk ýanynda ýakyn, görüp ähli işleri oňa tabşyrdy. Ahyr Mälik Seljugyň mertebesinden gorkup, öldürmäge niýet etdi. Seljuk muny duýup, Harun ibn Eblliň ýanyna baryp, Kofra şäherinde Türk bilen söweş etmek üçin ondan kömek sorady. Gazada wagty 107 ýaşynda türküň elinde şehit boldy. Ogly Mikaýyl kakasynyň ýerine tagta geçdi. Gije-gündiz türkler bilen söweşerdi. Wagt gelende soltan Mahmyt Jeýhun derýany geçip, Mawerennahra baranda Mikaýyl soltan Mahmydyň ýanyna baryp, hyzmatynda boldy. Wagt geçdigiçe onuň mertebesi zyýada bolmagy bilen soltan Mahmyt Mikaýyldan howp edip, ýerine gaýtmagy yhlas etdi. Ol wagt soltan Mahmyt ahyrýete gowuşdy, ogly Masut ýerine han boldy. Ol ýene Mikaýyldan howp edip, Mikaýyl bilen jeň etdi. Bu wagtda Mikaýyl aradan çykdy. Ogly Togrul beg ýerine geçdi. Masudy gorkuzyp gaçyryp, Tus şäherine çenli kowdy. Tus şäherini alyp paýtagt edindi. Ondan Nyşapurda gozgalaň edip, Mälik bolup, Masut Hinde gaçyp, Horasana han bolup, ählisini tutup, patyşa boldy. Ähli hazyna mälik boldy. Ondan Tabarystany, Jürjany eýeläp, hijriniň 434-nji ýylynda köp sanly gündogar şäherlerini basyp aldylar. Horezm, Dehistan, Jebel, Kerman, Kazwin etraplarynda ähli ýerlerde hutba Togrul begiň adyna okaldy. Beýik Halyl patyşady. Yspyhany gabap zabt etdi. Hijriniň 441-nji ýylynda mälik Rumdan ilçi gelip, aňrysy-bärisi görünmeýän sowgat getirdi. Konstantinde metjit salmagy buýurdy. 5 wagt azan aýdylyp, 5 wagt nama we juma namazy-da okalýardy. Onuň adyna hutba okalýar. Rum ýurdy şu zatlaryň ählisini kabul edipdi. Başga patyşalar şu täsin işleri görüp, eşidip, Soltan Togrula tagzym edýärdiler. Hat-da Nasyrededöwlä çenli Alžirde soltanyň adyna hutba okadýardy. Osman beg ibn Ärtogrul öwladynyň elinde Konstantini basyp almazyndan öň hijriniň 453-nji ýylynyň Remezan aýynda Halypa Togrul bege öz haladyny we gylyjyny iberdi. Soltanam onuň sowgadynyň yzyna minnetdarlyk bilen köp sowgat iberdi. Halypa 20 müň dinar, baş wezire 5 müň dinar, salgyt gullugynyň başlygyna 2 müň dinar iberdi. Halypa ol dinarlary dabara bilen gowşurdy. Soltan Togrul emir boljak bolup, näçe öýleri, jaýlary harap edip, birnäçe adamlary öldürüp, hazynany ele alypdy. Ol sebäpden mertebesi artyp, hijriniň 446-njy ýylynda Togrul beg Azerbaýjany basyp alyp, ondan Ruma niýet edip, sag-salamat ol ýerden yzyna gaýdyp, gowy işlere başlap, bir ýyl Azerbaýjanda oturdy. Bu wagt hijriniň 447-nji ýylynda Bagdatda halypa Kaýym Biemralla üstüne Yrakdan Besasir atly duşman äşgär boldy. Halypanyň garşysyna çykyp, urşup, uruşda ýeňiljegini duýup, Togrul begiň Yraga gelmegini haýyş edip habar iberdi. Ol wagt Togrul Reýde oturardy. Togrulyň geljegini eşidip, Besasir gaçyp Wasd şäherine gitdi. Togrul gelip, Besasiriň malyny talap, ondan Bagdada geldi. Halypa bilen duşuşmaga maksat edindi. Ähli adamlar Bagdada tarap baryp, Muzaffar (ýeňiji) saraýynda düşlediler. Ertesi halypa Kaýym Biemrallanyň ýanyna bardy. Halypa ol wagt gizlin oturardy. Demir penjiräniň yzyndan halypany görüp, 7 ýerde durup, maňlaýyny ýere degirdi. Togap etdi. Ondan terjimeçi bilen näçe sözler ulanyp, yzyna gonagyna geldi. Bu wagt Besasir yzyndan baryp, Müsür halypasy Munteser Bialla adyna hutba okatdy. Togrul Bagdada gelende 18 sowgatlyk pil bilen geldi. Halypa peşgeş berdi. Şeýle bendelik edip gelendigi sebäpli Togrul beg Bagdady eýeledi. Hijriniň 448-nji ýylynda Togrul begiň gyz dogany Hatyja hatyn 100 müň dinar galyň alyp halypa durmuşa çykmakçy boldy. Halypanyň ogly adaglandy. Ogly ölenden soň halypa özüne aldy. Bu wagt Besasiriň aldawy bilen Reýde Togrulyň dogany Ybraýym Togrula dönüklik edip, hutbany öz adyna okatdy. Togrul bu wakany eşidip 8 günde Bagdatdan Hemadana bardy. Dogany bilen jeň edip, az esger gelmegi bilen ýeňilip, Hemedana girip, daşy gabaldy. Bu tarapdan Besasir onuň ýeňlenligi baradaky habary eşidip, köp esger bilen Bagdadyň üstüne gelip, Kaýym Biamrallany halypalykdan boşadyp, Müsür halypasy Munteser Biemrallanyň adyna hutba okatdy. Ondan halypany gabadylar. Halypanyň ýaranlary söweşden ejiz gelip, dargadylar. Besasir olaryň günäsini geçip, daşary çykardylar. Wezirleri dürli azaplar bilen dara çekdiler. Ondan Besasir bilen halk arasynda garşylyk ýüze çykdy. Besasir aýtdy: “Halypany öldüreli ýa-da Müsür halypasynyň ýanyna ibereli” diýdi. Halky galada tussag edeli diýýärdiler. Netijede, halypany galada tussag etdiler. Besasir Müsür halypasy tarapyndan Bagdatda weli bolup, Bagdady zabt edip, hutbany Munteser Biemerallanyň adyna okatdy. Togrul beg näçe günläp, Hemedanda gabaldy. Togrul begiň hatyny uly hazyna bilen Hemedan şäherine gelýär diýip, Ybraýym eşitdi. Bir mukdar esgerleri ýanyna alyp, gije topulmak üçin, bir mukdar esgerleri Bagdat boş galandyr diýip, olary talaňçylyga iberdi. Özi az adamlar bilen galdy. Togrul beg pursat geldi diýip bir gije garaňkydan peýdalanyp çykyp, Ybraýymy urup-ýaryp, Gaznin tarapa gaçyrdylar. Togrul begiň ýeňiji boldygyny gulak goýýan esgerleri eşidip, yzyna ýanyna jem boldular. Gardaşynyň yzyndan Gazna baryp, yzarlap kiriş bilen bogdy. Etrapda oňa boýun bolanlaryň ählisi ýygnanşyp, Bagdatda halypany halas edip, Besasiri öldürmegi makul bildiler. Besasir öz tabynlary bilen gaçyp gitdi. Bu tarapdan Togrul dogry halypanyň tussag edilen galasyna baryp, halypany çykaryp, bir gatyra mündürip öz ýanyna getirdi. Halypa aýtdy: “Eý soltan Togrul, sen ulaga mün, meniň ýanymda beýle aýak ýalaň bolup ýörşüň, gowy däl” diýdi. Ýöne Togrul beg tä Bagdada getirip, özi tagta çykynça halypanyň ýanyndan aýrylmady. Soňra ähli yslam esgerleri Togrul begi patyşa belläp, ony mübäreklediler. Apbas nesli Togrul bege şu ýagşylyklary üçin halat geýdirip, adyna “soltan” lakamyny ýazyp birnäçe sowgatlar, mal-mülk onuň adyna bellediler. Ýylda 700 müň dinar şol mal-mülkden ele gelýärdi. Soňra halypalyk işi öňküden zyýada şöhrat gazandy. Ondan Togrul halypadan bir mukdar esger alyp, Şam ýolunda Besasir gabalyp, jeň içinde öldürildi. 70 ýaşly Halypanyň bir gyz dogany bardy. Togrul ony talap etdi. Halypa bermejek boldy. Ýöne gorkusyndan nika edip berdi. Bagdadyň ähli ýeri Togrulyň elinde boldy. Bu kitap hijriniň 1058-nji ýylynyň (1647 ý) dört tirkeşikleriniň birinji aýynyň 25-ne Beýik Allanyň ýardamy bilen tamam boldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |