10:40 Abdallaryñ gelip çykyşy | |
ABDALLAR
Taryhy makalalar
Abdallar iňňän gadymy taýpalaryň biridir. “Türkmen sowet ensiklopediýasynyň” (TES) 1-nji tomunda ýazylyşyna görä, XIX asyra çenli olar özbaşdak taýpa bolup, soňra türkmenleriň çowdur taýpalar birleşmesiniň düzümine goşulyp gidipdirler. Häzirki döwürde Daşhowuz welaýatynyň Kalinin, Telman, Daşhowuz raýonlaryndaky abdallar çowdur taýpasyny hasyl edýän bäş urugyň biri hasaplanýar. Çärjew oblastynyň Hojambaz raýonynyň Mekan, Kerki raýonynyň Gowak obalaryndaky abdallar bolsa ärsarylaryň abdal urugyny emele getirýärler. Emma Astrahan oblastynyň Funtowo-1 we Funtowo-2 obalarynda, şeýle-de Stawropol ülkesiniň Ipatowo, Türkmen, Blagodarnenskoýe, Arzgir, Neftekumsk raýonlarynda ýaşaýan abdallar özbaşdak taýpalygyny saklaýarlar, ýöne olar hem çowdur we igdirler bilen goňşulykda ýa-da gatyşyp ýaşaýarlar. Abdallar diýen taýpa we urug atlary gazaklaryň, başgyrtlaryň, özbekleriň (lakaýlaryň) düzüminde-de duş gelýär. Gazak alymy M.S. Mukanowyň pikirine görä, gazak we türkmen abdallarynyň aslynda bir kökden emele gelip, olar gazaklara türkmenlerden geçipdirler. Owganystanda-da abdallar bar, hatda dürräniler dinastiýasyny emele getiren hökümdarlaryň hem asly abdal eken. ■ Abdallar munça giň territoriýa nädip ýaýradylarka? Olar asyl köki nireden? Bu sowallara jogap bermek üçin, gadymy taryhyň jümmüşine aralaşmagymyz zerur. Taryhçy alymlaryň aglabasy abdallary geçmişde güýçli döwletiň düýbüni tutan eftalitleriň galyndylary hasap edýärler. Gadymy taryhy çeşmeler, şeýle-de görnükli taryhçylar (meselem, W.W. Bartold) eftalitlere ak hunlar hem diýilýändigini ýazýarlar, hatda hindi diline eftalit diýen etnonim huna görnüşinde ulanylypdyr. Mälim bolşy ýaly, hunlar ýa-da gunlar bolsa ençeme türki halklaryň, şol sanda türkmenleriň gadymy ata-babalarydyr (ýeri gelende aýtsak, gün sözi köne türki dillerinde “halk” diýen manyda bolup, ol türkmeniň il-gün söz düzüminiň gün böleginde saklanyp galypdyr). Eftalitler geçmişde Mongoliýa sähralarynda ýaşapdyrlar, ýöne žuan-žuan (žužan) diýen türki taýpa bilen oňuşman, V asyryň ortalarynda olar häzirki Gazagystanyň territoriýasyna gelýärler, soňra ikä bölünip, bir bölegi 350-nji ýyllar çemesinde Wolga, ikinjisi hem Amyderýa boýuna gidýärler. Amyderýa boýuna gelen abdallar Badahşany paýtagt tutunýarlar. V asyryň ortalarynda olar tutuş Owganystany, Orta Aziýany, Horasany, Gündogar Türkistany, Hindistanyň esli bölegini basyp alyp, uly döwlet gurýarlar. VI asyrda bu etraplara aralaşan gök türkleriň zarbasy astynda eftalitler döwleti synýar (Hindistanda 530, Orta Aziýa we Owganystanda 560-njy ýyllarda). Olaryň giň imperiýasy hem gök türkler we eýranlylar arasynda bölüşilýär. Netijede, aman galan eftalitleriň bölek-büçekleri ençeme türki halklaryň we eýran dilli taýpalaryň arasyna siňip gidýär. Olara abdallar diýip at berýärler. Eftalit diýen adyň abdal görnüşine geçmegini dil nukdaýnazardan kanunalaýyk zat hasaplamak bolar. Bu adyň yzyndaky -it bölegi halk we taýpa-tire atlarynda köplük sany aňladýan gadymy türki goşulmadyr. Eftal sözi bolsa ýeňillik bilen abdala öwrülip biler. Ýeri gelende aýtsak, Çärjew oblastynda abdallar özlerine apda:l, beýleki ýerlerde hem aftal, aftal diýýärler. Irki orta asyrlarda bu at grek ýazuw çeşmelerinde abdel, eptalit, hytaýlarda ýada, araplarda haýtal, ýaftal, ermeni çeşmelerinde hepdal, idal, tetal, parslarda hetal, haýtal görnüşlerinde duş gelýär. ■ Eýse, abdal etnoniminiň manysy näme? Ilkinji gezek ýazuw çeşmelerinde heftal görnüşinde 457-nji ýylda duş gelýän bu adyň manysy barada dürli çaklamalar bar: 1. VII asyrda ýaşap geçen wizantiýaly taryhçy Feofanyň ýazmagyna görä, bu at sasani imperiýasynyň patyşasy Piruzy (459—484 ýyllar) ýeňen eftalit hökümdary Eftalanyň ady bilen baglanyşyklydyr. 2. Türkolog alym N.A.Baskakowyň pikiriçe, gadymy bulgar taýpasy bolan abdallaryň ady çuwaş dilindäki awat (“gazmak”, “ýer agdarmak” manysynda) sözünden we al goşulmasyndan ybarat bolup, ol ‘ýer sürýänler”, “ekerançy” (daýhan) manysyndadyr. 3. X asyr Buhara alymy Balamynyň ýazyşyça, heftal diýen at haýta:l diýen ýerli sözden bolup, ol “güýçli” ,”zor adamlar”, “pälwan” diýen manylary aňladýar. Balamynyň pikiri hakykata ýakyndyr, çünki gadymy uýgur dilinde-de aptal sözi “gahryman”, “güýçli adam” diýen manydadyr. Galyberse-de, halk we taýpa-tire atlarynda özlerini “zor”, “güýçli” manylardaky sözler bilen atlandyrmak däbi bar. Eftalitlere ak hunlar diýilýändiginden we käbir çeşmelerde olaryň saryýagyz adamlar hökmünde ýatlanylýandygyndan ugur alyp, käbir taryhçylar (meselem, akademik B.G.Gafurow) eftalitleri eýran dillerinde geplän ýewropeid jynsly adamlar hasap edýärler. Bu pikir bilen ylalaşmak kyndyr, çünki, öň ýatlaýşymyz ýaly, gunlar—türki halklaryň ata-babalary bolany üçin, olar türki dilde-de geplän bolsalar gerek. Muňa gun diýen etnik adyň türküçedigi, olaryň hanlaryna (edil gadymy türki dillerde bolşy ýaly hakan, şazadalaryna-da tegin diýilýändigi hem tassyklaýar. Ak hun etnoniminiň ak sözi hem bu ýerde reňki däl-de taýpanyň ýerleşen tarapyny, gündogary aňladýar. Şu ýerde Eftalitleriň ulanan käbir däp-dessurlarynyň abdallar arasynda şu güne çenli saklanandygyny-da bellemek gerek. Meselem, Eftalit şazadalary dört we altyburçly tahýalary geýipdirler. Abdal çagalarynda häzir hem “Burç emjek“ diýilýän şeýle tahýalara duş gelinýär. Diýmek, abdallar iňňän gadymy türkmen (türki) etnonimleriniň biri bolup, ol öz döwründe giň we güýçli imperiýany döeden eftalitleriň adyndan emele gelipdir. # sejere | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||