12:12 Aş /dokumental nowella | |
AŞ
Hekaýalar
Meniñ bir gowy goňşym bar, ýaşuly adam. Tüýs aga diýip ýörmeli, sylagly-sarpaly eziz goja. Menem ýetmişden geçen goja, emma ol maňa-da kä inim, kä inijigim diýýär. Aslynda, biz medeniýet şäherçesiniň on bäş gatly jaýynda ýaşamyzsoň, gowy goňşymyz ummasyz kän. Göçüp gelenimize sekiz-dokuz ýyl bolsa-da, men olaryň hemmesini tanabam baramok. Ol gowy goňşym diýýän ýaşulymy bolsa, tanamaýan ýok diýsem-de, öte geçmerin, sebäbi günde-günaşa telewizorda çykyş edensoň, ony tamam ýurt tanaýar. Ol: «Türkmenistanda telewideniýe işläp başlamazyndan iki ýyl öň men oňa işe girdim» diýip, bälçiräp ýeser ýylgyrýar. «Telemerkeziň gurluşygynda zähmet çekdim, ilkinjileriň biri bolubam aýdym-saz redaksiýasynda işe başladym...» diýip, sözüniň üstüne goşýar. Tanalýan, ile zahyr adam hakda dokumental eser ýazmak kyn, şonuň üçinem men ol goňşymyň adyny üýtgedip, Kadyr aga diýip alaýaýyn. Kadyr aga bütin ömrüni bagşy-sazandalar, aýdymçylar, umuman, dörediji adamlar bilen işleşensoň, ol ýaşap ýören aýdym-saz ensiklopediýasyna öwrülip gidipdi. Islendik bagşy-sazanda barada bir gije-gündizlik gürrüňi bardy. Sahy Jepbaryň öýlenen toýunda haýsy bagşylar aýtdy diý, takyk aýdar otyr. Magtymguly Garly haçan Kakadan Mara, Marydan Daşogza göçdi diý, senesine, sagadyna, sekundyna çenli aýdar otyr. Ödenyýaz Nobat näme, Nobat bagşydan sora, gür berer otyr. Aram-aram ömrüni aýdym-saz sungatyny öwrenmäge bagyş eden, bagşy-sazandalar hakynda ençeme kitap ýazan Amanöwez Saparam oňa halypam diýýär. Bir gün men oňa: — Kadyr aga, işe başlanyňa näçe ýyl dagy boldy?— diýip sowal berdim. Ol: — On dokuz ýyldan ýüz ýyl, tutuş bir asyr bolýar!.. Nälet siňmiş uruş başlandyr, ýedi ýaşym dolup-dolmanka, menem işe başlandyryn. Irden okuwa gidýän, öýlän pagta ýygmaga... Biz ýaşulular bolup, her gün diýen ýaly, agşamara gapymyzdaky bagzarlykdaky sekilerde oturyp, dürli döwürleri, dürli ýurtlary çaňydyp, mesawy gürrüň edýäris. Söhbetdeşlik gyzanda, söz nobatyny alaýmagam hyllalla, sebäbi gürrüňçilige üýşenleriň her biri öz ugrundan halypa çykan adamlar. Agzy gürrüňe gyzan şahyr Atamyrat Atabaý, heý, ile gezek berjekmi? Ýazyjy Täçmämmet Jürdek, heý, ile gezek berermi? Ýa dramaturg söz nobatyny sypdyrarmy? Bir gün kinoçy Baýram Ata: — Ýaşulular, maňa-da gezek berjekmi ýa söz nobatyny urşup almalymy sizden? — diýipdi. Biziň ählimiz Kadyr agany gowy görýäris, onuň bilen gepimiz alyşýar, jynymyz jyňkyryşýar, hüý-häsiýetlerimiz golaý. Kadyr aga tebigat berdaşly göwre, berk jan saglyk, arzuw edip ýörmeli uzak ýaş beripdir. Diňe türkmen edebiýatyny däl, dünýäniň nusgawy ýazyjylarynyň kitaplarynyň müňlerçesini okan Kadyr aga dilewar, suhangöý, degişgen. Ol özüne tankydy nazar salyp, ýeri gelende, kemçiliginiň üstünden gülübem bilýän adam. Ol bir gün sen-men ýok: — Ýigitler, sypaýylyk bilen aýdanyňda, men özümi tygşytly, ýygjamja adam hasaplaýan, ýöne maňa gysyk, husyt, syrnyh diýäýseňizem, türkmen Gobsegi hasaplaýsaňyzam bolar — diýip, öz sözüne heziller edip güldi. Men: — Kadyr aga, bu ýere gysyklyk nireden geldi? — diýdim. — Aý, Öwez jan, Agamyrat jan ýaly ýaş oglanlar ýalňyşyp, birden karz pul soraýmasyn diýip öňünden gaçýan... Üç-dört ýyl mundan ozal bir tomus agşamy daşarda söhbet edip otyrkak, biziň jaýymyzda ýaşaýan birini gözläp kinorežissýor Kerim Annanow geldi. Salamlaşdyk. Kadyr aga: «Kerim jan» diýip gara gadyr bolup, onuň hal-ahwalyny soraşdyrdy. Kerim: — Ýaşuly, men sizi tanamadym-la? — diýdi. — Elbetde, tanamarsyň! Hany, ol algydaryny tanaýan perişde ýaly ýagşy adamlar?! Kerim jan, sende meniň algym bar ahyry. Ellinji ýylyň pulundan iki ýüz ýigrimi bäş manat. Tanamaýan adamyna bergidar bolan Kerim syrly, gyzykly gürrüňiň bardygyny bilip, ýanymyzda çökdi. Kadyr aga gürrüňe başlady: — Seniň kakaň Baba Annan bilen Daşkendiň teatral institutynda bileje okadyk. Babam, men, Orazdurdy Hoja, Artyk Jally dagymyz Horram aga atly bir goja özbegiň howlusyndaky wagtlaýyn jaýda kireýne ýaşaýardyk. Ählimizem boýy iki, ini bir metr daýaw adam bolamyzsoň, Horram aga bize «Türkmen döwleri» diýerdi, gowy görerdi. Bir aňzakly gyş gijesi kömür pejimizi ýakyp, jaýymyzy hammam ýaly gyzdyryp, ähli kömrüň ýananyna ynanyp, pejiň tüsseçykaryny ýapyp, urduk döw ukusyny. Gijäniň bir wagty toýdan öýüne gelen Horram aga: «Türkmen döwleriniň harryldysy-horruldysy çykanok-la» diýip, gapymyzy açýar, şolam biziň ýaňadan ýaşaýşa gelmegimize açylan gapy bolýar. Kömrüň ysy haplap burnuna uran Horram aga dessine aýnalary döwüp, gygyryp-bagyryp, bizi süýräp, jaýdan çykaryp, halas eýledi. Bizi kömür tutupdyr, bir hepde hassahanada ýatyp, o beladan saplandyk... Ol başyny ýaýkap köp oturdy. — Şol ýylam seniň kakaň öýlendi. Kerim jan, sen dünýä geleniňde, tutuş instituta göz edip, Daşkent restoranynda toý tutduk. Men okuwyň daşyndan işleýärdim, elim giňdi, iki talyp aýlygymy Babama berip: «Biri perzent toýuňa goşant, birinem Kerim jan ulalansoň, özünden alaryn!» diýipdim — diýip, ýaşuly öz henegine şady-horram güldi. Aýlar aýlanýar, günler geçýär. Bir ýaz gijesi Kadyr aga dagymyz jaýymyzyň alkymyndaky futbol meýdançasynda gezelenç edip ýördük, töwerekde adam-gara ýokdy. Dälije ýaz ýeline keýpi göterilen Kadyr aga: — Ýigitler, ylgaşaýsak näder meýdançanyň aňry başyna çenli? — diýdi. — Ylgaşaýsak, her synamyz bir ýere dargaýmasa... — Goja, «Garry oýnasa gaý turar» etjek bolma! Kadyr aga birden sen-men ýok ylgap başlady, boýy tas iki metr bolan agajet kişi atan-satan gitdi atanaklap, gitdi patanaklap. Ýüz-ýüz elli metr çemesi ylgap, zordan badyny saklap, dessine ýere çökdi. Biz baranymyzda, demi-demine ýetmän, sojap, iki egni bilen dem alyp oturan eken. — Ýaşyň togsanyň onunda, heý, munça ýere-de ylgamak bormy?! Kadyr aga birhaýukdan özüni dürsäp: — Ýigitler, gulagymyň düýbüne bir çekseňizläň, gaýdyp, ylgamak beýlede dursun, ylgana-da seretmez ýaly — diýip, edähedinä görä «loh-loh» güldi. — Bat alan badyma ýalňyşanymy bildim, ýöne tormozymtutmady, agyr göwrämi saklap bilmedim. Ýigitler, segsen bäş ýaşda ylgap ýörenimi özümden uly agam Täçmuhammede bir eşitdiräýmäň. Ol maňa gaty käýär. Golaýda Kadyr aga ir zaman başyndan geçen gyzykly wakasyny gürrüň berdi. Menem muny dessine nowella etdim. Bu waka şeýle bolupdyr. Ýaş ýigit Kadyr geçen asyryň ellinji ýyllarynda göwni söýen söwer gyzyna — halyçy gyza öýlenýär. Onuň durmuş guran gyzy asyllydy, akyllydy, üstesine, barly maşgalada kemala gelendigine garamazdan, örän jepakeşdi, «Azaballa» diýipdünýä inenlerdendi. Ol haly fabriginde işleýärdi, gazanjy gaty gowudy. Kadyryňam aýlygy gowudy, üstesine, her aýda ep-esli galam hakam alýardy. Garasaý, ýaş çatynjalar aga-ýana döwran sürüp, süýjüje ýaşaşyp başlaýar. Ýöne ata-babalarymyz: «Birkemsiz gözel bolmaz» diýip, ýönelige aýdanmydyr?! Ýaş gelin puluň nämedigini bilmeýärdi. Bazara gidende, käte öz aýlygynam, adamsynyň aýlygynam sowrup, bazary göterip gaýdýardy. Ýetimligi, açlygy, gallaçlygy gözi bilen görüp, egni bilen çeken Kadyr puluň nämedigini gaty gowy bilýärdi, ol gara günden gorkup, gor toplamak pikirindedi. Garasaý, ol aýlygynyň bir bölegini, galam hakynyň iki bölegini gelnine duýdurman ýygnap başlaýar, emma ýeke otagly öýde puluňy nirede bukarsyň? Dilini uzadyp, Aýyň topragynyň şordugyny, elini uzadyp, Günüň ergin altyndandygyny bilip oturan zenan maşgalalardan puluňy kanda bukarsyň?! Işde-de özbaşyňa seýfiň barmy, süýşürenjäňi atyp ýörer ýaly?! Kellesi zirek işleýän ýaş ýigit Kadyr ir zaman satyn alan «Raduga» atly ullakan radiosynyň arkasyny açýar, görse, onuň içinde süýşürintgiň näme, tamam Karunyň genji-hazynasyny bukmaga-da boş ýer kän eken. Şeýlelikde, ol süýşürenje puluny radioda bukup başlaýar. Her aýda garnyna lomaý pul düşüp duran radio gijesi-gündiz aýdym aýdyp, ýaş maşgala hezil berýär. Ýyllar geçýär, ýöne ýaş çatynjalaryň bäbege ýüzi düşmeýär. Olaryň öýünde gam-gussa, hasrat düşläp, birneme sowuklyk aralaşyp başlaýar. Kadyr gelnini önelgesizdir, gelin söwer ýigidini önelgesizdir öýdüp güman edýär, emma halaşyp durmuş guransoňlar, birek-birege syr bildirmän, süýjüje ýaşaşyp ýörler. Günleriň bir güni halyçy gelniň ejesi, daýzasy, daýysy görme-görşe gelýär. Kadyr bolsa iş saparynda. Bol-telki ýaşamagy başarýan gelin palaw, manty bişirýär, olar günortanky konserti diňläp nahar iýýärler. Birden radio bazzyk-buzzuklap, aýdym aýtmasyny kesýär. Gelniň ussa daýysy dessine bejerermen bolup, radionyň yzky gapagyny açýar. Ynha, saňa tomaşa! Radionyň arkasyndan petde-petde pul dökülýär. Kadyryň pynhan syry açylýar. Daýysy: — Puluňyzy bukmaga ýer-ä tapan ekeniňiz — diýip gülýär. Ýüzi üýtgäp, boz-ýaz bolan ýaş gelin syr bermän: — Körekeniňiziň gazanjy gaty gowy, talap etmäge ökde, howlymyzyň içinde pul bukmaýan ýerimiz ýok — diýip, jak-jaklap gülýär. Myhmanlar gidýär, ýaş gelin işine-de gitmän, gama batyp aglaýar. Agladygyça, agysy möwç urýar. Uzyn gijänem aglap geçirýär. Ertesi irden iş saparyndan gelen Kadyr öýüne girenden, bolmasy bir belanyň bolanyny aňýar. Hemişe özüni güler ýüz bilen garşylaýan ýaş gelniň ýüzünde-gözünde Arktikanyň aldajy aýazy köwsarlaýar. Bir görse, törde «Raduga» radiosynyň arkasy açyk, gapdalynda-da petde-petde pul. Gelin iki goluny bykynyna urýar. Ol näme diýip dergazap bolmasyn, söwer ýigidi, bir ýassykda baş goýýan ýigidi eziz gelninden gazanjyny gizleýän bolsa, hökman bir sebäbibolmaly. Çykgynsyz ýagdaýa düşen Kadyr petde-petde pula bakyp doňup galýar. Üçünji jahan urşuny turuzmaga taýýar gelin: «Bu näme?» diýýär. «Asyl seniň diňe göwnüň däl, baýlygyňam bölek ýaly-la?! Men-ä seniň oduň bilen girip, külüň bilen çykýan, sen bolsa, puluňam, baýlygyňam menden bukup ýören ýaly-la?!». Okumyş Kadyr zenan diýen milletiň syrnyhlary, kümsükleri bitinden beter ýigrenýändigini bilýär. Ol içinden Gaýtarmyş ata ýalbarýar, emma Gaýtarmyş ata gollaryny bykynyna uran arly gelniň golaýyndan gelip biljekmi?! Köp-köp çarşenbäni başyndan geçiren Kadyr ýedinji duýgusy bilen duýýar: häzir üçünji jahan urşy başlanýar, onuň umytly ojagy ýumrulýar! Hanha, gapydanYsrapyl perişde geldi, häzir ol suruny çalar, Kadyryň külbesi üstüne ýumrulýar! Bäş ýyl Daşkentde okap, teatral instituty bäşlik bahalar bilen tamamlan Kadyryň dadyna artistlik käri ýetişýär. Ol dessine keşbe girip, gam-gussa batyp, ýüzüni-gözüni egşidip, yzyny üzmän başyny ýaýkap başlaýar. Ýaş gelin soraglaryny gaýtalaýar, Kadyr başga hörpden gopýar: — Päheý, işigaýdan Ýalkap aga diýse! Ýeri, munuň puluny bukýan ýerine serediň-ä! Ýeri, munça puly bukup, görüňe äkitjekmi! Gelin gahar-gazabyny owsarlap: — Ýalkap aga nireden geldi bu iki ara?! — diýýär. — Durmuş toýuny gurmazymyzyň öňýany men bu radiony Ýalkap agadan satyn alypdym... Haý, syrnyh diýse! Gör-ä, ömrüne toplan baýlygyny ýygşyrýan ýerini! Ýaş gelin agyr dem alýar. Ol biderek ýere gazaplananyna, adamsyna müňkür bolanyna gynanýar. Gelin adamsynyň obadaşy Ýalkap agany tanaýardy, ol ömrüne aýna kombinatynda işlän, ogulsyz-gyzsyz, aýalsyz, ýeke-ýalňyz ýaşap ýören pakyr adamdy. Kadyr petde-petde puly jübüsine, ardy açyk radiony sanaja salyp, gapa ýönelýär. Ýaş gelin: «Menem oň halyny sorap gaýdaýyn» diýip, adamsynyň yzyna düşýär. Uly beladan aman sypan Kadyr gelnine: «Sen galaý» diýip ýalbarsa-da galmaýar, sebäbi ol entek bu radionyň Ýalkap aganyňkydygyna ynanyp barmaýardy. Ýalkap aga Aýna kombinatynyň umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşaýardy. Kyýamat kimiň başynda? Kadyryň başynda! Ol ölüme höküm edilen bendi ýaly, oý-pikirlerine büdräp barýar. Häzir ol Ýalkap agalara barar, gapyny kakar, öýden gara gadyr bolup obadaşy çykar, salam-helikden soň Kadyr radiony Ýalkap aga uzadyp: «Bir zaman maňa satan radioňy yzyna al, munda bar baýlygyňy bukan ekeniň-ä» diýip, gözi bilen, sözi bilen düşündirjek bolar, emma obadaşyna radio satmadyk türkana pakyr ör-gökden geler. Kadyryň guran pyrryldagynyň üsti açylar. Ýaňadan üçünji jahan urşy turar. Stanislawskiniň sapagyny alyp, tragik Tommazo Sallini çykan ýigit gapyny kakýar. Aýal adam gapyny açyp: «Geleweriň, geçeweriň» diýip mürähet edýär. Kadyr: — Bagyşlaň, biz Ýalkap agany gözläp geldik. — Sizi Alla bagyşlasyn! Gijä galypsyňyz. Ýalkap aga öten ýyl dünýäden gaýtdy. Bendäniň ýylam bir aý mundan öň ötdi. Ýüregi ýuka Kadyr aga bu gezek keşbe girmegiň geregi bolmady, göwresine ahy-efgan, gözlerine ajy ýaş doldy. Aram-aram garyp obadaşyndan habar alyp durmanyna puşeýman edip, içinden aglady. Ýaş ýigit bilen gelin tirkeşip ýola çykyp, taksi tutdy. Kadyr sürüjä: «Daşoguz köçesine!» diýip-diýmänkä, gelin: «Jygyllyk bazaryna sür» diýýär. Jygyllyga, malsaraýa baryp puly sanaýarlar. Pul kändi, ýalňyz Ýalkap aganyň dünýäden gaýdanyna ýüregi gyýym-gyýym bolan gelin adamsyna iki semiz goýun satyn alaly diýýar. Maşgalasynyň gam-gussa batyp gelýänini görse-de, Kadyr: «Goýny näme etjek?» diýip, gorka soraýar. Gelin: «Ýyly öten bolsa, pakyryň halal puluna iki dowar kesip, aşyny bereli, goý, görgüliniň ruhy bizden razy bolsun!» diýýär. Kadyr goltuk jübüsinden esli pul çykaryp: «Gapdaly bilen ýene bir malam sadaka bereli. Düýn gije elhenç düýş gördüm. Düýşümde külbämizi ýyldyrym urup, üstümize ýykylýamyş. Gorkymdan ýaňa düýşümdediginem bilemok, huşumdadygynam bilemok, başymyzdan bir mal sadaka aýdypdyryn... Şeýdip, özüni türkmen Gobsegi hasaplaýan Kadyr uly sadaka berýär. Tomaşaly gürrüňi tamamlan Kadyr aga töweregini gallap oturan ýaşululara, ýaşkiçilere garap: — Ýigitler, menden pendi-nesihat bolsun, aýalyňyzdan nämäni buksaňyz bukuň, emma puluňyzy bukujy bolaýmaň! Meniň günüme düşersiňiz! — diýip, keýp edip güldi. Nobatguly REJEBOW, Türkmenistanyň halk ýazyjysy. | |
|
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |