16:40 Bagt guşy / satiriki hekaýa | |
BAGT GUŞY
Satiriki hekaýalar
Kolhoz emeldarlarynyñ hemmejesi häzir başlygyñ gelerine garaşyp otyrdylar. Olar bu ýylyñ ýagynly ýazy barada jedelleşýärdiler. Häliden bäri hiç zada goşulman, yzky hatarda gögüni garap oturan Ýagmyr gürrüñi başga ana sowdy. - Be, şu klub janawaryñ haçanky salnyşykan-aýt?! Muñ içinde ýürek edip oturar ýalam däl, walla. O jaýryklara daga bir seret-le. Amazonka derýasyny ýadyña salýar. Şeýle sowalyñ berlerine öñden garaşyp oturan ýaly, komsomol guramasynyñ sekretary Esen syçrap ýerinden turdy. Ol "Şu zatlaryñ ählisine sen günäkär" diýýän äheñde medeniýet baradaky orunbasaryñ ýüzüne çiñerilip seretdi. Soñra ol: - Biz-ä, dogrusy, şu kluba geçen asyrdan galan ýadygärlikmikä diýip ýörüs. Özümizi bilelimiz bäri-hä janawaryñ şol gözgyny ýagdaýy. Elbetde, remont zadam bolýan däldir-dä, ýogsam aýdyp-aýdyp biziñ-ä halys dilimoz syryldy - diýip, kinaýaly ýylgyrdy. Almagül özüni aklajak bolýan ýaly, otlukly gürledi. - Meñ derdimi gozgamasana, Esen. Şu klubyñ remonty üçin başlyk bilen ikini... Orunbasaryñ gapdalynda oturan ýaşult brigadir Halmyrat aga Almagülüñ sözüni böldi: - Siz, ogul, o döwürde bu ýagty jahana heniz inmändiñiz öýdýän. Ýalñyşmaýan bolsam, ellinji ýyllaryñ ortalary bolsa gerek, şu klubyñ salnany - diýip, ol hälki sorag bereniñ kimdigini anyklajak bolýan ýaly, gañrylyp yzyna seretdi. Ara düşen ümsümligi orunbasar bozdy. Ol öñki edip oturan gürrüñini dowam etdirdi. - Hawa, şu klubyñ remonty üçin başlyk bilen ikini iki kesişdik. Halys gulak etini guradamsoñ, o-da, näme, ýerinde dargady. - O materiallañ dargap giden ýeri ýok. Başlygyñ öz jaýyny gyssagly remont etmeli boldy, şo ýerik äkitdik. Onsoñam beterinden-beteri bar diýleni. Doñuz jaýyny gutarmaly diýibem raýondan etiñi iýip gelýärler. Aý, hawa-da, klubyñ, çagalar bagynyñ gaçyp gidýän ýeri barmy näme?! Klub baradaky orta atylan gürrüñ gitdigiçe gyzyşdy. Her kkm klub bilen baglanyşykly bilýän zady bolsa aýtmaga howlukdy. - Şu "Tarzan" kinosy" näçenji ýylda çykdykan-aý?! Şonda şo kinony görjek bolip, klubyñ gapysyny döwüp girenimiz şu günki ýaly ýadyma düşýär meniñ-ä - diýip, orta ýaşlaryndaky bir adam saçyny sypalady. Onuñ bu gürrüñine hiç kim jogap gaýtarjagam bolmady. Ownuk mallar fermasynyñ müdiri Kyýas aga jaýtaryp duran murtuna timar berdi-de: - Aý, näme diýseñizem, adamlar, şu klub janawar bize-hä hezil berendir, ho-ol, baýaky sowuk gyşda - diýip ardynjyrady. Soñra nämedir bir möhüm zady ýadyna saljak bolýan ýaly gözümi süzgeledip, sözüni dowam etdirdi. - Ýadyñyza düşýändirem-le, şol ýyl kolhoz klubynda goýun-guzularyñ ansambly döredilipdir diýip "Ýartygulakda" bizi mazaly ýepbekläpdirlerem. "Mä-de-mä" bolşup bir aýdymyñ heñinde teýeneli küpletlerem aýdypdyrlar welin, häzir kes-kelläm ýadyma düşenok-da. Bizde-de huşa-ha galmandyr-ow. Özüniñ ýatkeşligine buýsanýan ýaly, klub müdiri oturgyjyny deprek edinip hinlenjiredi. Annaguly başlygymyz Iýme derek gep berdi. Bular ýaly ýagty jaý Haçan gören zadyñyz Diýen bolup gompardy. Mä-mä-mä-ä, Mä-mä-mä-ä. Aýdymyñ gaýtalanmasyny zalda oturanlaryñ hemmejesi alyp göterdi. Aýdym gutaran badyna ýene biri öñürdäýmesin diýip howatyrlandymy, nämemi, ýüpekçilik brigadasynyñ brigadiri Ýazberdi bogazyna bat berip söze başlady. - Kyýas aga, senem bir ýyl şu ýerini mal ýatagy edinipdik diýip öwnüp otyrsyñ-aý. Biz bu ýerse her ýyl gurçugam tutýas weli, şonda-da sesimizi çykaramzok-la belli. Şu ýylyñ gurçugyndan galan birlän-ikilän pille-hä, han-ha, henizem sallanyşyp dur - diýip, ol barmagyny ýokary çommaltdy. Oturanlar işigiñ açylanynam duýmadylar. Ýazberdiniñ gözi birden gapyda duran başlyga kaklyşdy. Onuñ ýokary çommalan barmagy şo duran ýerinde doñup galdy. - Näme, diklamasiýa okaýan ýaly? - diýip, Bazar Ýazberdä seretdi. Soñra öñde goýlan stoluñ arkasyna geçip oturdy. Hiç kimden ses çykmady. Başlyk gulakjynyny gapdalynda goýup, pökgerip duran gözlerini owkalaşdyrdy, ardynjyrady. - Bizi şu gün raýona çagyrdylar, pagta ekişi barada. Kolhozyñyz ýylyñ-ýylyna yzda süýrenýä, tijenmek gerek - diýip, baý, iññirdediler-ä. Ynha, görşüñiz ýaly... Penjiräniñ döwük gözünden içeri giren gumry oturanlaryñ üstünden bir aýlaw etdi-de, zalyñ ortasynda asylyp duran çyranyñ üstüne gondy. Ol başlyga haýsydyr bir haýyş bilen ýüzlenýän ýaly, gözjagazlaryny oýnakladyp mygyr-mygyr seslendi. Zalda oturanlaryñ bar ünsi gumra gönükdi. O janawary ömründe birinji gezek görýän ýaly synladylar. Başlygyń muña hasam gahary geldi. Orta barmagy bilen stoly deşäýjek bolup tyrkyldatdy. Ol öñki aýdyp oturan sözleriniñ yzyna guşly gürrüñem goşup goýberdi. - Ynha, görşüñiz ýaly, ýoldaşlar, biziñ aramyzda bagt guşam gelip gondy. Işimiz şowuna bolsa gerek. Ol kimiñ üstüne gonsa, şol adamynyñ bagty çüwer... Başlygyñ aýdanlaryny iş ýüzünde subut etjek bolýan ýaly, gumry adamlaryñ depesinden ýene bir öwrüm edip aýlandy. Ol gitdigiçe pessaýlap, neden başlygyñ depesinde gonupdy. Ganatlaryny pel-pelledip, esli salym howada saklanan gumry başlygyñ ýokarsynda tezekledi. Soñra hil bir iş bitiren ýaly, ganatlaryny ýaýyp çykyp gitdi. Bazar ýüregi ýarylan ýaly bolup, zöwwe ýerinden galdy. Jübüsinden çykaran elýaglygy bilen ýylçyr kellesini süpürdi. Adamlar pyñkda-pyñk bolşup gülüşdiler. Bazaryñ muña hasam gahary geldi. Zemzen ýaly çişdi. Gözüni alardyp gumrynyñ yzyndan seretdi. - Näme böwregiñiz bökýär? Almagül, gurluşyk brigadiri senem, hut ertiriñ özünde klubyñ remontyna başlamaly. Bu gün gumry gelip depämize pohuny dökse, ertir baýguş gelip ýene bir hokga çykarar bu ýerde. Düşnüklimi?! - diýip, başlyk azgyryldy. Adamlaryñ sesine suw sepilen ýaly boldy. Her kim indiki beriljek buýruga garaşdy. Onýança klub müdiriniñ gapdalynda oturan adam: - Bagt guşy gelip señ üstüñe gondy öýdýän, inim. Bagtyñ çüwdi, klubyñ remont ediljek. Gözüñ aýdyñ, gardaş! Muny bir ýuwmalama-ha borsuñ! - diýip, ýuwaşja pyşyrdady. Başlygyñ agzyndan heniz remont sözüni eşitmedik klub müdiri begenjinden çaga ýaly hamsykdy. Täçmämmet JÜRDEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |