BALYKÇY WE ÝYLAN
Kellesi gabaraly sypal papakly bir adam deňiz kenaryna balyk tutmak üçin gelipdi. Çeňňegine gurçuk baglap suwa taşlan kişiniň bu pişe bilen heniz ýüzbe-ýüz bolmandygyny daşyndan aňmak kyn däldi.Onuň häli-şindi “balyk düşen bolaýmasyn” tamakinligi bilen çeňňegini silkelän bolmagy muny aňryýany bilen subut edýärdi. Artky aýalaryna daýanyp oturan ala köpek hem hojaýynynyň hereketlerini birin-birin yzarlap, onuň ýüzüni soragly nazarlaýardy.
Eýýäm gün günorta boldy. Emma çeňňege düşen balyk ýokdy.
Hon-ha, deňizde, suw ýylany alňasap, typyp barýar. Balykçy çeňňegini suwdan çykaryp, gahar bilen ony ýylana tarap gönükdirdi. Emma birden garaşylmadyk waka ýüze çykdy duruberdi. Çeňňege oralan suw ýylany göz açyp-ýumasy salymda balykçynyň boýnuna saraldy duruberdi. Çeňňek bir tarapa atylyp gidipdi. Demligi gysylýan balykçy aljyraňňy hala düşüp näme etjegini bilenokdy. Derwaýys wagtynda ala köpek ýylanyň guýrugyndan dişlemedik bolsa wakanyň soňy gamgyn tamamlanjakdy. Suwa atylyp düşen janawar öz ugruny dowam etdi.
Balykçy bir apatdan başyny gutaran bolsa-da heniz bolup geçen wakany hakydasynda jemläp bilenokdy. Deňziň üstünden öwüsýän pessaýja şemal sypal papagyny tigirläp göýberende, ol özüne gelen ýaly boldy. Oturgyjyny, çeňňegini ýygnap bu ýerden daşlaşdy.
Şahymerdan SARYOGLY.
Hekaýalar