22:49

Baýramaly şypahanasynda

BAÝRAMALY ŞYPAHANASYNDA

Munda ylham egsilmeýär sähel-de,
Haýran goýýar binalaryň gurluşy.
Mydama-da ýetik munda mähelle,
Ýada salýar şagalaňly durmuşy.

Saýasynda Gün düşmeýän baglykda,
Duýaňok hiç tomsuň epgek, howruny.
Saglykdan gymmat zat barmy barlykda,
Eçilende duýgularyň gowsuny?

Saglyk — adamlara uly baýlykdyr,
Janyň saglygynda durmuşyň datly.
Mähirli ýüzlerden, hoşamaýlykdan,
Göwünler ganatly, gadamlar batly.

Şypa berýär melhem isläp gelene,
Näsag bolup gelen gidýär sagalyp.
Gür baglykda adam bary egele,
Söhbet edýär bu mekana guwanyp.

Dynç almaga gelýär mugallym, daýhan,
Goja nebitçi-de, baýry alym-da.
Bu topraga täsin nur bolup ýaýran —
Günüň tylla tygy Baýramalyda.

Adamlaň bir-bire mähribanlygy,
Ýagşy häsiýetdir, halanýanydyr.
Gitseň, yzda goýup şypahanany,
Nämedir bir zadyň galan ýalydyr.

Akmyrat REJEBOW,
Türkmenistanyñ medeniýetde at gazanan işgäri.
Категория: Goşgular | Просмотров: 399 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Akmyrat Rejebow | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

At galar / Goşgular - 11.02.2024
Şert / Goşgular - 09.02.2024
Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024
Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024
Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024
Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024
Suratkeş / Goşgular - 26.01.2024
Dört pyýala / Goşgular - 21.02.2024
Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024
Podýumda / Goşgular - 28.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]