10:07 Bir gün duza - müñ gün salam... | |
BIR GÜN DUZA - MÜÑ GÜN SALAM...
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Türkmen halk ertekileriniñ birinde çöl-beýewanda ýaş ýigit goýun bakyp ýörkä, onuñ goşunyñ ýanyna çuw-ak sakgally ýaşuly gelýär. Çopan tañry salamyny berýär. Almaýar. Saglyk-amanlyk soraşýar. Jogap bermeýär. Çaý-çörek, nahar berýär. Iýme kemini goýmaýar. Ýaşuly ugramakçy bolýar. Ýaş ýigit: "Hiç bolmanda, adyñyzy aýdyñ" diýýär. Onda ýaşuly: "Men - Ezraýyl. Janyñy almaga geldim. Eden hyzmatyñdan göwnüm çag bolup, häzirlikçe janyñy almaýyn" diýýär. Çopan: "Janymy haçan aljagyñyzy aýdyñ?" diýýär. Ezraýyl: "Öýlendirerler. Toý tutular. Nika gyýylar. Ak tutynyñ añyrsyndaky ak gelniñ ýanyna girmekçi bolup işikden ätläniñde janyñy jähenneme ibererin" diýip, jogap berýär. Ýaş ýigidi ene-atasy öýermekçi bolýar. Birnäçe gezek razyçylyk bermeýär. Türkmen ýigidi-dä, sebäbini sorasalar-da, kelam agyz söz aýtmaýar. Ahyry ene-atasynyñ sözüni alýar. Öýlenýär. Toý tutulýar. Nika gyýylýar. Gelin oturan öýe girmekçi bolanda, görse, Ezraýyl öñünde häzir bolup dur. Ýaş ýigit: "Siz meniñ elimden duz-tagam datdyñyz. Allatagala: "Duzdan hormatly zat ýok" diýipdir. "Ýaradanyñ emrini ýada salyñ" diýýär. Ol Hudaýdan habar tutýar. "Çopanyñ duzuny dadan bolsañ, o ýigide uzak ýaş berilýär" diýen owaz eşidilýär. Ýaradanyñ emrine görä, Ezraýyl ynsanyñ elinden duz datmaly däl bolara çemeli. Duzuñ keramaty älem ýüzündäki musulmanlara ýaýraýar. Şeýdibem, "Bir gün duza - müñ gün salam" diýen nakyl döreýär. Tatar ÜÝŞMEKOW. # "Guwanjymyz" makalasyndan bölek. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |