20:06 Çadyr | |
ÇADYR
Goşgular
Boldy. Besdir. Hol deräniñ göwsünde Özüme ümsümje çadyr guraýyn. Säher-säher agras şemal öwsende, Ýadan ýüregimi şoña gereýin, Ýataýyn, turaýyn belli bir wagtda, Belli wagty iýeýin men naharmy. Şäherden, goh, aladadan uzakda, Ýok zat üçin getirmäýin gaharmy. Howlukmaýyn. Söz bermäýin hiç kime, Öýüm çetde - hiç bir zady bilmäýin. Düme oýlanaýyn, Ýaşaýyn düme. Gaty aglamaýyn, Gaty gülmäýin. Şygyrlar ýazaýyn şemal barada, Gussajygmy ulus-ile sözläýin. Iñrik bilen gün ýaşary arada Ýaş bolsamam, Gojalygmy gözläýin. Indi näçe ýyldyr, şu hyýal mende Toprakda nem ýetmez tohum deý ýatyr. Ýöne çadyram ýok deräñ göwsünde, Öýümem çetde däl. Merkezde otyr. Gaty aglaýaryn. Gaty gülýärin. Elmydama howlugýaryn bir ýere, Haýyr etjek bolýaryn, Maña galamyny beren illere. Iñ zerur sözleriñ yzynda selpäp, Büdreýärin. Ýykylýaryn käýarym. Öz şemaly bilen ýüzümi ýelpäp, Şonda maña medet berýär diýarym. Arma! diýýän işe gümra daýhana, Ýyndam otlulara elim bulaýan. Bag astynda duran iki juwana Özümkiden oñat ömür dileýän. Şeýdip ýaşap ýörün, Il bilen ätläp, Il bilen deñ çapyp ýyndam atymy Hemem käte Misli düýş kimin ýatlap, Çadyr hakyndaky rowaýatymy. | |
|
√ Gaplaň jülgesi / hekaýa / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Herkaýan gitdi / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy / Goşgular - 18.08.2024 |
√ «Sallançakdan düşüp meýdana gitdim...» / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Şahyrsumak sen / Goşgular - 06.09.2024 |
√ Döwür oýlanmasy / Goşgular - 22.06.2024 |
√ Walid ogly sen Halid / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Diýer sen / Goşgular - 24.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |