14:48 Çagalygyň soňky güni / hekaýa | |
Bu gün bazar güni bolanlygy zerarly Didar turanyndan oňly iýip-içmän Ylýaslara ylgady. Barsa ol hem bärligine gaýtjak bolup duran ekeni. Didar aňyrdan gelşine:
Hekaýalar
-Ylýas, öýjük ýasanmaga gidelimi?!- diýip oňa gygyrdy. -Ỳör!-diýip Ylýas oňa jogap gaýtardy. Olar iki bolup Ylýaslaryň mellekleriniň aýagujuna ýöneldiler. Barybam buýr-bulaşyk bolup ösüp oturan üzümleriň arasynda, öňräki göz astyna alyp goýanja ýaşyryn ýerlerinde öýjük gurnup başladylar. Tapan-tupan tagtamydyr-şifer böleklerini daşaşdyryp, bir tarapy hajathana degip duran sümelge ýasandylar. Şeýdip ýörüşlerine olaryň ikisi-de öz ussaçylyk oýunlaryna mazaly gyzygdylar. Birdenem derwezeleriniň agzynda togtan goňur ulagdan düşen ýaş ýigit Didaryň gözüne ildi. Onuň ünsi bölündi. Ol ýigdiň öýlerine girip barýanyny görende bolsa Didar üçin oýnuň gyzygy gaçdy. Ol Ylýasyň: “Nirä-how? Gelsen-aý!” diýip haýyş etmesini piňine-de alman öýlerine garşy ýumlukdy. Işiklerine ýetip, ýaňybir gapynyň tutawajyna elini ýetirenem şoldy welin, gapy açyldy-da ýaňky ýigit yzyna Didaryň ýarym-ýaş bolup aglaýan ejesini tirkäp daşaryk çykdy. Didar howpurgap gitdi. “Näme bolduka? Näme üçin ejesi aglaýarka? Bu ýigit neneňsi erbet habar getirdikä?” Didaryň aňynda şu soraglaryň bary bir demde peýda bolup, onuň beýnisini deşere getirdiler. Ol ejesiniň yzyndan ýöräp barşyna näme bolandygyny soramakçy bolup, birnäçe gezek dodagyny müňküldedip-müňküldedip bardy. Emma tebigy ýygralygy zerarly çekinip, sorap bilmedi. Onýança ejesi bilen ýigit ikisi ulaga mündüler-de, gitdiler. Didar bolsa köçede, üýşmek çaglyň üstünde oturdy-da, garaşmaga başlady. Onuň ýürejigi takatsyz howsala bilen gürsüldäp, döşüni ýaraýjak bolýardy. Aňynda bolsa: “Näme bolduka? Näme bolduka?…” diýen ýekeje sorag iki-baka at salýardy. Şeýdip ol ep-esli oturdy. Emma ejesi dagy gelmediler. Ahyry oturyp-oturyp ýadan Didaryň sabry suwa gaçyp, ol ýerinden turdy-da Ylýaslara niýetlendi. Şol wagtam çatrykdan ýaňky goňur ulag göründi. Ulaga gözi düşen badyna Didar begenip gitdi. “Hiç zat bolmandyr eken ahyry. Ejem dagy geldiler-ä!” Emma bir zatdan müýnürgeýän ýaly, aňyrdan ýuwaşja gelen ulag, derwezeleriniň öňünde saklanan dessine Didaryň ýüregi bir erbetligi syzan dek, howsala bilen endiräp gitdi. Onýança ýigit ulagdan gyssanmaçlyk bilen çykdy-da, Didaryň ejesine gapyny açyp berdi. Didar ejesiniň bolşuny halamady. Ýüz-ä ak ýuwha ýalydy. Özem agyr hassalykdan ýaňy aýňalan näsag dek, birhili lagşap duran göwresine zordan erk edýärdi. Gözlerem hiç zat görmeýän körmüş gözler deýin, doňup durdular. Ulagdan çykanda bolsa aýaküstünde durup bilmän, tasdanam ýykylýardy. Hernä elini daldaladyp ulagyň gapysyndan ýapyşmaga ýetişäýdi. Onýança öýlerinden ylgap çykan Akgül gelşine ejesiniň goltugyna girdi. Şol pursadam Didaryň ömür ýadyndan çykmajak bir aýylganç zady boldy. Gyzyna gözi düşen badyna ejesi birden ganyňy doňdurýan çirkin ses bilen: -Wa-a-aý ogul!-diýip haýkyrdy-da, çalam-çaş bolup ýykylyberdi. Özüni ýitiren Akgül ejelerini zordan saklady. Akgülüň ýüzem, ýigdiň ýüzem üç ýuwlan ak esgä döndi. Didaryň bolsa depe saçy üýşüp gitdi. Ol gorkujygyndan ýaňa nädip aşak çökendiginem duýmady. Onýança bir ýerlerden ylgaşyp gelen goňşy aýallar: -Wa-a-aý! Balam-e-eý! Men nädeýin-e-eý!-diýip gygyryp, aglap başlan Didaryň ejesiniň goltugyna girdiler. Soňra bolsa bolup geçýän pajyganyň anygyna ýetip olar hem agyny alyp göterdiler: -Waý oguljyg-eý! Agamyrat jan-eý! Gorkudan ýaňa Didaryň gözleri ulalyp-ulalyp şakäse ýaly boldy. Howa ýetmeýän dek agzyny öweldip oturşyna ol näme bolýandygyna düşünmeýärdi. “Näme boldy? Näme boldy, aýdyň ahyry oňa! Ejesi, Ylýasyň ejesi, Döwranyň ejesi, Azadyň ejesi, size näme bolýar? Näme aglaşýarsyňyz, aýdyň ahyry!” Bu gopýan ahyrzamana seredip oturşyna Didar birdenkä näme üçindir hamsygyp goýberdi. Soňam özüniň nä sebäbe görä aglaýandygyna-da düşunmän, ýüzüni tirsekleriniň üstünde goýdy-da, horkuldap-horkuldap aglap ugrady. Şeýle halda ol howlularyndaky mähelläniň barha köpelýändigini duýman, şol içigip-içigip aglady oturdy. Ahyry ol goňşy aýallaryň biriniň gözüne ilip, oňa: -Ýör Didar jan, bize gidäýeli! – diýdi-de öýlerine alyp gitdi. -II- … Goňşularyna girende Didar Kanunyň hem, gyz doganlarynyň hem şol öýde ýüzlerini sallaşyp oturandyklaryny gördi. Hatda Kanun dagy näme, ýöne wagt bezzatlygyndan ýaňa dabanynyň astyndan ot sowurýandyr welin, şol hem şu mahal goňşularyň oýna gümra çagalaryna goşulman, mön gözjagazlaryny tegeläp, ýygnanypjyk bir gysym bolup otyrdy. “Näme bolduka?” diýip oýlanýan Didar bu sowalyň çözgüdini hiç tapyp bilmeýärdi. Onuň bar pikiri-zikiri, hyýaly öz öýlerinde nämeleriň gopýandygyny bilmekdedi. Emma jigisiniň tegelenen gözüne gözi düşende onuň ünsi üýtgedi. Kanunjyga nebsi agyryp gitdi. Dözmedi. Ýakynyna baryp oňa nähilidir bir mähirli hem mylaýym zat diýesi, ony oýna imrikdiresi geldi. Göwnüne bolmasa Kanun çagalara goşulyşyp oýnaberse öz göwnündenem aladaly gorky sumat bolaýjak ýaly boldy. Emma näme üçindir ol Kanuna ýüzlenmek üçin dil ýaranda, onuň sözleri gaharly hem buýruk beriji äheňde ýaňlandy. - Näme beýden bolup otyrsyň? Bar-da, oýna-da… Gözüni tegeläp oturan Kanun oňa “diýýärmisiňem” diýmedi. Muňa Didaryň girre gahary geldi: - Näme-how diňläňok?-diýip ol Kanunyň ýanyna topulyp bardy-da, ýeňsesine kakyp goýberdi. Kanunyň gözlerinden çogup çykmaga bahana tapman dyňzap duran gözýaşlara şu ýeterlik boldy: -Wä! Waý ejele-e-eý Ýüzüni sallap, bir burçda ýere giräýjek bolup, çugutdyryp oturan Jahan Kanunyň gykylygyna zöwwe galdy-da, Didara owsun atdy: -Häý samsyk haýran, şunuň ýaly wagt munuň edip ýören zadyny… Uýasyndan almytyny aljakdygyny gözi ýeten Didar pikirlenip durmady-da daşaryk ökjäni göterdi. Daşaryk çykybam derrew derwezäniň agzyna ýetip, yzyna garandy. Uýasynyň yzyndan gelmeýändigine göz ýetirenden soňra bolsa bada-bat köçä çykybermäge çekinip, derwezäniň yşyndan yşyklady. Köçe, olaryň howlulary adamlardan ýaňa hümerdi. Olaryň arasynda Didaryň tanaýanlaram bardy, tanamaýanlaram… Barysy hem telpekli ýa-da papaklydylar.. Ýüzlerem salykdy. Özlerem biriniň eşidip, käýýäýmeginden wehim edýän ýaly, nämedir bir zat hakda pyşyrdaşyp gepleşýärdiler. Didar olaryň näme üçin ýygnanandyklaryna düşünmedi. Kellesine näçe zor salsa-da sebäbini tapyp bilmedi. Birdenem ol kakasyny gördi. Ol bir ýerde durman iki-ýaňa zowzuldaýardy. Öňünden gabat gelen adama ellerini salgaşdyryp, bir zatlary görkezişdirýärdi. Buýruk berýärdi. Düşündirýärdi. Onuň buýruk berýänleri hem ony ünsli diňleýärdiler. Özem hemmeleriň gözi Didaryň kakasyna seredýärkäler haýpygelijilikden dolýardy. Kakasy bolsa öz eýmenýän bir zadyny görmekden çekinýän ýaly, hiç kimiň ýüzünde nazaryny ägindirmeýärdi. Onuň birhili bulançak bolan gözleri kimdir birinden haraý isleýän ýaly, özlerine howandar agtarýan ýaly bir nokatda durman çar tarapa şol alakjap durdylar. Edil şol gezekki, Kanunyň özüni kowalaýan oglanlardan gaçyp, Didaryň ýanyna dalda isläp gelendäkisi ýaly… Didar bu pikirinden gorkup gitdi. Onuň üçin kakasy äpet bir, hiç kimiň ýeňip bilmejek pälwanydy. Ol onuň üçin hudaý ýalydy. Bu wagt bolsa kakasynyň elewräp ýörşi, Kanunyň gaty aljyranda bolşundan enaýy däldi. Kim kakasyny beýle aljyradyp, beýle gorkuzdyka? Asla kimiň, haýsy zadyň kakasyny şeýle gorkuzmaga gorkunçlygy ýetdikä?!…Ol nähilem bolsa gaty eýmenç jandar bolmaly. Sebäbi hemmeleri hemme zatdan goramagy başarýan kakasyny şu derejä elten bolsa ol mahluk juda aýylgançdyr… Bu pikirlerden soň-a Didar hasam gorkdy. Eger ol jandar kakasyny şeýle derejede elheder aldyran bolsa Didary dagy näder?… Kakasyny gaty gorkuzan mahluk üstüne sürnüp gelýän ýaly, Didar yza-yza tesdi-de, birdenem gorkujygyna öýe tarap ýazzyny berdi. Emma öýe kürsäp urmady. Öýde uýasynyň bardygy ýadyna düşende, kürtdürip durdy-da, haýatyň ýykyk ýerine ylgady. Ondan aşybam Ylýaslara bardy. Barsa Ylýas hem derwezeleriniň deşiginden jyklap duran ekeni. Ol Didaryň gelendigini gördi-de, morta: -Eý Didar, bilýäňmi, doganyň Agamyrady otly kakypdyr. Häzir gömmäge äkidýärler.-diýip goýberdi. Bu habara Didar birhili bolup gitdi. Ol muny nähili kabul etjegini bilmedi. Çaga-da bolsa ol munuň ýaly zatlara gynanmalydygyny bilýärdi. Şonuň üçinem ol Ylýas özi hakda erbet pikir etmesin diýip, ýüzüni sallan boldy. Emma şol bir wagtda-da, ol öz göwnünde peýda bolan birhili şatlyga meňzeş ýeňilligi duýdy. Munuň sebäbem dogabitdi gyzma hem yzgytsyz bolansoň Agamyrat Kanun ikisine hiç gün bermeýärdi. Gören ýerinde käýýäp, gulaklaryndan towlar ýörerdi. Onsoň onuň bar ýerinde olaryň ikisem islese-islemese burunlary deşilen ýaly, oturmaly bolýardylar… “çekiji goý, çüýi goý, mellege girmäň, ýaňy depdim, ulaghana girmäň, kümä girip, agaç almaň, malýataga baryp, mallary ürküzmäň, çäge oýnamaň, köçede entemäň, özüňizi ýigrendirip goňşularda gohlap ýörmäň, gapa zat üýşürip, howlyny hapalamaň…” Garaz Agamyratdan ýaňa köplenç olaryň gulak çekgeleri lowlar durardy. Onuň okuwdan boş, dynç güni dagy, olaryň dat gününedi… …Ine indi bolsa ol ýok. Olara indi hiç kim azar bermez… Didar bar zada düşündi. Kakasynyň bolşuna-da, ejesiniň näme üçin aglaýandygyna-da, adamlaryň näme üçin ýygnanandyklaryna-da düşündi. Emma ol özüne şunça zor salyp gynanjak bolsa-da gynanyp bilmedi. Oňa derek gaýta birhili erkinligiň ýeňilligi has güýçlendi. Didar öz duýgusyndan utanyp başlady. Onuň özi özüne ýigrenji bir doňýürek ýaly, bolup göründi. Dogrudanam ol doňýürekmikä?… Ýok, ýok beýle däldir ahyry. Ol kakasyna, ejesine gynanýar ahyry. Onda näme üçin Agamyrada gynanmaýar-da, gaýta begenýär?… Didaryň kiçijik dünýäsi agdar-düňder boldy. Öz ýüreginde peýda bolan bulam-bujarlykdan ýaňa, ol ýüzüni sallady-da, sussypes halda Kanun dagynyň ýanlaryna dolandy. Gözünden ot syçradýan uýasyna-da, ýanyna baranda gaýra-gaýra süýşýän boýnyburyk Kanuna-da ähmiýet bermän, ol girişine bir çüňke geçdi-de, aşak oturdy. Kellesini dyzlarynyň üstünde goýubam, aýaklaryny gujaklady. Çaý içim salym geçip-geçmänkä-de onuň horja eginleri sandyrap, ynjyly sojamasy eşidilip başlady. Didar agalýardy. Özem onuň bu agysy hälki ýaly, beýlekileriň aglamagyndan emele gelen agy däl-de, ýiti agyry sebäpli, özüniň hiç kime gynanyp bilmeýän doňýürekligine gynanýandygy üçin, öz-özünden dörän agydy… -III- Gijaralar Didar dagyny öýlerine goýberdiler. Kanun-a barşyna ejesiniň ýanyna ylgady. Didaryň welin, öýlerine giresi gelmedi. Sebäbi öýden entek hem agydyr-gözýaşyň aňryňy bäriňe getirýän ysy gelýärdi. Ol güýmenere zat tapmaýan ýaly, howlularynda eýläk-beýläk ýöräp ugrady. Adamlar dagapdyrlar. Diňe gelnejeleri, goňşulary hem-de Oraz kakasy bilen Aman kakasy bar. Hanha aýaguçda iň uly agasy Hanmämmet otyr… gapylaryna çäge ýazypdyrlar. Näme üçinkä?… Ejesi öýde öýdýän? A kakasy? Hany kakam?! Didar howsala düşüp, bir pursatda daş-töweregi gözleri bilen gyzyl-dörjük edip çykdy. Birdenem kakasyny gördi. Ol uly garaly agajynyň aşagynda, çyg gum üýşmeginiň üstünde otyrdy. Didaryň ilki pikiri: “Endamyndan yzgar geçse, kakam üşär ahyry” boldy. Emma kakasynyň egnindäki galyň içmegi görüp, ol köşeşdi. “Ýanyna baraýyn-la” diýen niýet bilenem, şol ugra ýöneldi. Kakasy aýagyny aýagynyň üstünde goýup, göni öňüne seredip, hiç-hili gymyldy-hereketsiz otyrdy. Onuň bolup oturşyny birhili gören Didar golaýlady-da: -Kaka! – diýip çalaja seslendi. Kakasy mizemedi hem. Didar ýene-de bir-iki gezek dillendi. Emma kakasy ker ýalydy. “Be, kakama näme bolýarka?” diýip oýlanan Didar oňa has golaý bardy-da: “kaka” diýjek boldy. Ýöne welin, kakasynyň kiçelip-kiçelip, bir çyzyjak bolan, dur-dury gözlerine seredende, diýmekçi bolýan sözi bogazyna tegek boldy. Kakasy aglamaýardy. Onuň dodaklary hem jebis gysylgydy. Ýöne onuň niresindendir bir ýerinden birhili boguk, şol boguklygy bilenem ýüregiňi paralap gelýän iňňildi eşidilýärdi. -Ymm-m-m-m-m… Asla bu iňňildi kakasynyň: “niresindendir bir ýerinden” däl-de, onuň tutuş durkundan, doňup galan, durulygy bilen gözüňi deşip gelýän gözlerinden, ellerinden, çilşirilgi aýaklaryndan, reňki solup ugran goňur içmeginden, galyň ökjeli gyşky köwşünden, kellesindäki köne telpeginden…hemme zadyndan çykýardy. Bütin dünýä-de elenip, onuň sessiz-gözýaşsyz iňňildisine goşulýan ýaly, dartylyp, zarňyldap durdy. Didarjygyň kalby lerzana geldi. Ol kakasynyň bu bolup oturşyna çydamady. “Näme üçin, näme üçin kakam beýdip otyr? Haýsy nejis meniň kakamy beýdýär?…”. Birdenem Didar aýdyň gördi. Ol kakasyny nämäniň gynaýandygyny edil kakasynyň aňyrsyndaky garaly agajyny görşi ýaly, anyk gördi. Bir, igli, gözleri edil kakasynyňky dek kiçijik hem dury, ýüz-keşbi saýgartmaýan jandar kakasyny ýeňsesinden gelip, berk gujaklap-gysyp durdy. Ol eýmenjem, betnyşanam däldi. Ýöne onuň damar-damar bolup duran, berdaşly gollarynda welin aýylganç kuwwatyň bardygy göz-görtele bildirýärdi. Didar düşündi. Şu jandaryň şeýle äpet hem gaýratly kakasyny kiçijik we gorkajyk Kanunjyk ýaly, müzzerdip goýan, özüniň hälki gorkan şol eýmenç mahlugydygyna düşündi. Ol özüniň atagzy ýaly gollaryny barha berk gysyp, kakasyny mynjyradyp barýardy. Kakasam şoňa çydaman, durky bilen iňleýärdi. Didar ol jandary kowup aýyrmak üçin kakasyna garşy topuljak boldy. Emma ol ýaňybir ümzügini öňe atdy welin, bir ýerden peýda bolan gelnejesi ony saklady-da, öýe tarap çekip ugrady: -Ýör hany, ýör. Kakaňa azar berme, Didar jan! Didaryň bu manadüşmez gelnejesine şol mahluk hakda, onuň kakasyny gysaja gysyp, öldürip barýandygy hakda aýdasy, düşündiresi geldi. “Maňa päsgel berme, gelneje! Men ol nejisi kakamyň arkasyndan kowaýyn, soňam gelmez ýaly, edeýin!” diýesi geldi. Emma näme üçindir ol hiç zadam diýip bilmedi-de, diňe ýuwdunyp-ýuwdunyp oňaýdy. Gelnejesi öýe salyp barýarka-da ol kakasyna tarap ýene-de bir gezek delmuryp garady. Onuň şol öňki oturşydy. Ýöne bu gezek näçe synlasa-da ýaňky jandary görmedi. Şonuň üçinem “gidendir” diýen çaklama bilen özüni köşeşdirip, içerik girip gitdi. Şol gün gije bolsa ol wagty bilen uklap bilmedi. Haçan-da ýaňybir ymyzganyp ugranda bolsa birden kükreginde peýda bolan juda ötýän sanjydan ýaňa demigip, gözlerini ýalpa açdy. Içeri tüm-garaňkydy. Onuň töwereginde-de kimlerdiginem saýgaryp bolmaýan birtopar adamlar başly-barat uklaşyp ýatyrdylar. Didar gyssandy. Näbelli bir zat ony erbet gysyp, mynjyradyp, janyny alyp gelýärdi. Ol ejesini ýa-da başga birini kömege çagyrjak boldy. Emma dili diýen etmedi. Ol zat bolsa Didarda kasty bar ýaly, barha beter gysýardy. Ol gysdygyça-da Didaryň göwnünden bir owadan, ýeňil we erteki ýaly arassa hem jadyly zat syzylyp çykyp ugrady. Onuň sykylyp çykýan her damjasy hem Didar üçin gaty agyrylydy. Didar ol owadan hem ýeňil zady özünden goýbermejek bolup, içine salyp iňleýärdi. Ýorganyň aşagynda bildirer-bildirmez titreýärdi. Emma ony gysaja alan güýç titremesine-beýlekisine garaman, rehimsiz yzygyderlilik bilen Didardan şol owadan ertekini sykyp çykarmagyny dowam etdirýärdi. Ahyrynam Didar özüni horlaýan şol gara güýç bilen söweşe-söweşe uklap galdy. Ol hatda ol zadyň haçan özüni erkine goýup gidendigini-de duýmady. Ertesi gün irden oýananda bolsa ol ähli zadyň öňküsinden üýtgändigini açyk duýdy. Elbetde ol öňküsi ýaly oglanjykdy. Bulutlaram, baglaram, asmanam, töweregini gurşaýan adamlaram, öňküleri ýalydy. Ýöne jümle-jahanda öňki deýin sadaja, owadan ertekiniň agaýanalygy ýokdy. Oňa derek täze, has çylşyrymly ertekiniň düşünmek üçin entek ýene-de köp kösenmeli boljak düşnüksizligi gelipdi. “Hasrat” diýip atlandyrylýan güýçli jandar Didardan owadan erteki ýaly, çagalygyny gysyp çykardy. Çagalyk gutardy… | |
|
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Kakamyň synaglary / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |