19:21 Çykalga / hekaýa | |
ÇYKALGA
Hekaýalar
Ýerden ýaňy saýlanan gün äleme altyn şöhlesini çaýypdy. Başyny aşak salyp gidip barýan garry, diňe ýoluny görýärdi, onuň gözüne başga zat ilenokdy. Ýogsam onuň ýoluň ugrundaky seteran baglar, baglardan aňyrda ýazylyp ýatan uç-gyraksyz pagta meýdanlarynda aýagyny basmadyk ýerleri ýokdy. Bilini berk guşap pelinem çekipdi, ýabynam gazypdy. Deň-duşlary bilen ýomak atyşyp, daş-töweregini ala-ýaz edip, ir-ertir, giç-agşam bu ýollardan az geçmändi? Hakydasyna getirse, bu meýdanlaryň her ädimi deň-duş, dost-ýarlar bilen baglanyşykly ajy-süýji ýatlamalardan doludy. Ol kyrk bäşiň ýazynda gije-gündiz umyt bilen ýoluna garan söwer ýaryna derek iki barmak kagyzam şu meýdanda alypdy. Garry gidip otyrdy. Ýuwaşja hiňlenýärdi. Onuň hiňlenýäni aýdym bolup aýdymam däldi. ''Guzy, jan guzy'' diýip şol bir heňde gaýtalanýan agydy. Aýnabat eje esli ýöränden soň, obanyň bir çetinden girdi. Gudalaryna gatnan belet ýoly bilen gitmedi-de saga sowuldy. Köne jaryň uly ýaba birigýän ýerinde biri-biriniň içinden geçip gujaklaşyp diýen ýaly oturan baglaryň goýry kölegesinde aýak çekdi. Ol düwençegini ýere goýdy-da, oba gidýän inçejik ýola gözüni aýyrman seretdi. Ýodajyk garrynyň duran ýerinden on-ýigrimi metr daşlykda, gapysy gündogara bakyp duran çaklaňja jaýa baryp direýärdi. Garry şol tarapa seredenden edil garaşyp duran ýaly jaýdan keteni köýneklije, saryja galpaklary eginjigine düşüp duran gyzjagaz çykdy-da, togalanyp özüne tarap ugrady. Çaga gözi düşen garry gujagyny gerip, öňe ylgady. – Wah, çöken göwnümiň kuwwaty, depämiň täji, gözlerimiň röwşeni bala! Gyzjagaz gelşine sessiz-üýnsiz garrynyň gujagyna doldy. Aýnabat eje ony hemişekileri ýaly bagryna basdy. Gülälegiň posalajyk ýaňagyna ýaňagyny goýdy. Ondan soň kölegä baryp gujagynda oturdyp, düwünçegini çözdi. Ep-esli kişmişi etegine guýdy. – Güljanym, gaýdanyňy ejeň beri görmedimi? Gülälek tokarja elini kişmişe uzatdy. — Ene, sen ýadaýaňmy, hä, men köp-köp seýetdim, sen entägem gelmän ekeniň-ä?! Garry düwünçeginden çykaran daragy bilen Gülälegiň saçlaryny darap oturşyna ýene hiňlenjiräp başlady. Bir wagtlar ol edil häzirkisi ýaly, gujagynda oturdyp, oguljygynyňam saryja galpajygyny darapdy. Gülälegiň saryja saçjagazlary, goýun gözlerem, sarymeňiz ýüzem edil garryň ogly Annamyradyň çagalygydy. Gözjagazlaryny tegeläp enesiniň ýüzüne sereden düşbüje çaga durup bilmän dillendi. – Aýdym aýtma-da, ene! Senem kişmiş iýäý-dä! – Gülälek, aý Gülälek! Ejesiniň sesini eşiden gyz zöwwe ýerinden galdy. Etegindäki kişmiş paýrap gitdi. Ol gorkuly gözlerini gyrpyldadyp enesine bakdy. – Ene, sen eltilem geleýmiň! Agtyjagyna nebsi agyran garry Gülälegiň galpajygyny sypady-da. – Garyp eneň senden aýrylyp nirä gitsin, balam! Gelerin, guzy gelerin! Durma-da, ylga, ýogsam ejeň geler-de käýýär. Gyzjagaz guma garylan kişmişe, birem yzyna tarap ýygyrlyp seretdi. Sadap ýetip gelýärdi. Gülälek düwdenekläp ejesiniň öňünden çykdy. Sadabyň gelşi batlam bolsa, gaýynenesiniň keşbi ony togtatdy. Sadap ýüzüni galdyryp bilmedi-de: – Iň soňky gezek aýdýaryn enesi, indi gelmäň! Men bu çagany bärik öwrenşdirip bilemok – diýdi-de, ol gyzynyň golundan tutup idenekledip ugrady. Agtyjygynyň ýere kä degip, kä degmän barýan ýalaňaçja aýaklary garrynyň ýüregini dilim-dilim etdi. Aýnabat eje ýere dökülen kişmişleri çöplemäge oturdy. Birdenem onuň gözleri gaşynda sessiz duran geline düşdi. Ol iki elini dyzlaryna söýget edinip kynlyk bilen ýerinden galdy. Bir wagtky baýdak ýaly gelniniň horja göwresine, hortaň ýüzüne birhili gyýylyp seretdi. Aýnabat eje gelni atasy öýüne gaýdansoň, ony heniz şeýle ýakyndan, içgin synlamandy. ''Jan gelin, nowbahar gelin saňa gowusyny etjek bolup, öz elim bilen örtäýdimmi? Guzymy guwandyran okara ýaly gözleriň hany? Läle keşbiň hany, jan gelin?!''. Garry sözsüz gepleýärdi. Sadap bolsa özüni şeýle eý gören garrynyň mährem ýüzüne seredip, jadylanan ýaly doňup durdy. Ýöne gelniň keşbinde-de, ýüzünde-de müýnürgeme alamatynyň düşnügi-de ýokdy. Başy dikdi. ''Ýol uzakdyr. Ýalňyz ýaşamak kyndyr. Bu gün düşünmeseň, ertir düşünersiň, jan gelnim! Wah, wah boýuňa döneýin! Balam guwanan gözleriňe döneýin. Razylyk berip ugradanam bolsam, aglap öýden çykanyňda, ýalňyz galan garry gaýynyň bir ölüp bilen däldir, jan gelnim!'' – Enesi!.. Pikirleri bilen gumra bolan garry gelnine çiňerildi. — Menden bir kine etmäň! Siz bir ýagdaýyma düşüniň!.. Sadap sözüniň yzyny aýdyp bilmedi… Aýnabat eje gelniniň ýüzüne düşen gyryk saçlaryny gataňsy elleri bilen iki ýana ýaýdy. – Senden gaty razydyryn, Ogulsadabym! Gelniniň ýagdaýyna düşündimi, ýa-da mundan artyk söz aýtmaga gurbaty çatmadymy, ol aňyrsyna öwrüldi. Kynlyk bilen düwünçegini galdyrdy. Gidiberjek ýaly etdi. Birdenem yzyna gaňryldy. Özüne şeýle mährem bakýan gara gözlere, eziz goşa göwrä daňlyp, aýrylyp bilmän elendi. Pyşyrdady: – Size gurban bolaýyn! Rahat ýaşaň, Ogulsadabym! Men indi gelmen!-Ol ýene esli durdy-da, yraň atyp ýola düşdi. – Ene gitme-dä!.. Zaryn çykan inçejik ses obanyň ýokarsyndan uzaklara gitdi. Tisginip giden Sadap gyzyny garbap gujagyna aldy. Bosagadan ätlän gelin aljyrady. Iç işikde adamsy ýüzüni asyp durdy. Gaşlary çytykdy. Ýüzünden gar ýagýardy. Ogurlykda tutulan ýaly, özüni müýnli duýan gelniň aglap-aglap gözleri çişen ogluna-da eli uzamady. Ol näme edýändigini-de bilmän, zowzuldap bir agyla bir-de ojagyň başyna bardy. Dyndyr-da muny, indi näme işleýäň ol taýda! – diýip, Bally azymly gürledi. Sadap sesini çykarman oýe girdi. Jigisini köşeşdirjek bolup daşynda pyrlanýan Gülälegi salançakdan aýyrdy-da, ogluny goltugyna alyp daşaryk çykdy. Agşamlyk nahary ne Bally iýdi, ne-de Sadap. Hersi tagta sekiniň bir başynda öz pikirleri bilen dymyşyp otyrdylar. Gülälek başjagazyny Ballynyň dyzynda goýup uklap galdy. ''Biziňki boljak däl-ow. Öň-ä ýeter-ýetmez gün. Soňam ýetimçilik. Indem agzymyz aşa ýetende-de…Seni agyrdasym-a gelenok, Sadap! Elbetde, çydamlylygyňam çägi bardyr-da. Ýüzümi çytanymy duýman galýaryn. Hawa-da, meniňem arkaýyn ýaşasym gelýär. Haçana çenli şeýdip içiňi hümledip ýörjek. Meniň sabyrlylygym uzaga çekermikä, Sadap! Bir gün sabyr käsäm dolup, ajyşaýsamam senden beter özüm let iýjek. Sen näme üçin bu zatlara düşüneňok?! Çynar ýaly ýeke dikrary guma garylan garry onuň jigerbendinden aýrylyp nirä gitsin! Onuň galan ömri, diriligi agtygy bilen dälmi?'' Gülälegi düşege geçirip ýatyran Bally öňki ýerine geçip oturdy-da, demli çäýnekleriň birini öňüne çekip, ardyňjyrady. Sadap adamsynyň bir zat diýjegini aňdy. Bally içki pikirini daşyna çykardy: – Garra nebsiň agyranokmy, Sadap! Aýalyndan jogap bolmansoň, Bally dowam etdi. –Bütin oba bolup ýalbarylanda gulak asmadyň. Menem diňlärsiň öýdemok. Onda-da şu çaka çenli edeniňe ''däl'' diýen ýerim ýokdur. Bally sözüne dyngy berdi-de, ýene dowam etdi. – Özüň bilýäň-ä, şol garrynyň kem zady ýok. Hökümetem, il-günem ony hiç zada zar edenok. Asla, oňa çagasyny berjek hossaram bar. Emma agtygyndan ýekeje gije aýry ýatyp görmedik garry üçin, haýsy çaga Gülälegiň ornuny tutar?! Ýogsam dertli garra günde-günaşa ýoňsuz ýoly pyýada geçip, şu çagany görüp gitmek ýeňil düşýändir öýüdýäňmi? Bolaly gününden eliňe bermän şol çagany neneňsi saklanyny özüň az gürrüň beripmidiň. Gyzyňy özüňdenem gowy saklamasa, ýaramaz idetjek däl. Gülälek berilmese ikimize rahatlyk bolmaz, Sadap! Sen şuňa düşün! Sadap adamsynyň sözüni böldi: –Meni sylan sylasyn, sylamadyk sylamasyn, Bally! Ýöne hiç kime meň ýerimde bolmak miýesser etmesin! Bir zady bilýärin, Bally, hiç kimiň, seniňem, beýlekileriňem, şol naçar garra menden beter nebsi agyrýan däldir. –Nebsiň agyranok, Sadap! –Ýagdaýymy görüp-bilip durkaň, neneň şeýle diýmäge diliň aýlanýar, Bally?! – diýip Sadap gürledi-de, dymdy. ''Şu gyzyň meň üçin diňe bir Gülälek däl-de, Annamyratdygynam, ilkinji söýgimden galan ýeke-täk ýadygärlikdiginem saňa aýdyp biljekmi? Şol duýgurlygyň bilen şu zatlara akyl ýetirip bilmeseň, men neneňsi düşündireýin. Meni guradýan şol garry dälmi? Oýlanýan, ölçerýän-dökýän, hiç çykalga tapamok. Bilmedim-dä. Belki başga çykalga bardyram, häzir-ä ugur – ýol tapamok”. Şu mesele hakynda şundan artyk gürrüň bolsa, Ballynyňam, özüniňem öte geçjekdigini duýan Sadap, oguljygyny bahanalap ýerinden galdy. Ol jaýa girip, ogluny sallançaga saldy. Ony üwräp oturşyna hiňlenip başlady. Annamyrady ýatlady. Garrynyň, ýaşyň göwnüni tapýan, diýseň sada, berdaşly edenli ýigidi uly oba sylaýardy. Ol bir dert tapynyp uzak ýatmady. Annamyrat ir bilen traktoryny otlamakçy bolanda duýdansyz ýykylypdy. Ýigidiň ýanyna ylgap baran ýoldaşy oňa näme bolandygyny bada-bat bilmän elewräpdi, lukmana ylgapdy. Traktoryň ýarylan motoryndan ýigidiň döşüne demir böleginiň girendigini ol soň lukmanlardan bilipdi. Sadap-da, beýlekiler-de Annamyrat mundan öler öýütmändi. Bu şol wagt diňe lukmanlara mälimdi… Sadap elini maňlaýyndan aýyryp uludan demini aldy. Maňa ýalňyz ýaşamazlygy öwüt bereňde mähriban ejeň hakynda oýlanmadyňmy, Annamyrat?!–diýip Sadap pyşyrdady. Meni çykgynsyz ýagdaýda goýjakdygyňy bilmediňmi?! Gel, hany indi nesihat ber-dä! Men heläk, ejeň heläk, gyzyň heläk, Bally heläk! Eýsem şu durşumyzyň nämesini unap, maňa maslahat berdiň, nädeýin men?! Seni ýatladyp duran ýeke-täk ýadygärlikden aýry ýaşap biljekmi men?! Ýaşaryn, ýöne nä ýaşamak, iki aýralyk meni burup ýykar. Ejeňe nebsim agyrýar. Gije-gündiz oýlanýaryn. Ýöne hiç çykalga tapamok. Aýaly wagty bilen daşaryk çykmandan soň jany durman öýe giren Bally Sadabyň soňky sözlerini eşidip birhili boldy. –Sadap, düşekleri saljak dälmi? – diýip gowuşgynsyz gürledi. Onsoň gelniniň ýanyna bardy-da, omuzlaryndan tutup ýokaryk galdyrdy: –Meni bagyşla, Sadap?! Şundan soň Bally Sadaba Gülälek hakynda hiç zat diýmedi. Aýnabat eje welin, şondan soň gara bermedi. Gülälegiň elenşi bolsa, Ballynyňam ejesiniňem ynjalygyny gaçyrdy. Gyzjagazyň hiç zat bilen hoşy bolmady. Ol tamyň ýeňsesine öwrülip, häli-şindi enesiniň gelýän tarapyna seretdi. Uzyn gün bagyň kölegesini garawullady. Bir gün Sadapdyr Bally daşarda çaý içişip otyrdylar. Wagt gijarady. Gülälek tamyň ýeňsesinde ber-başagaý bolup legenjikde gurjagyny suwa düşürýärdi. Onuň galpajyklaryny ýel galgadyp, häli-şindi ýüzüne dökýärdi. Gyzjagazyň muňa gahary gelýärdi. Birdenem Gülälek gurjagy legeniň içine zyňdy-da, tarsa ýerinden galdy. Ol gözlerini gyrpyldadyp, ejesine seretdi-de, sesini çykarman güzere tarap ýumlugaýdy. Hemişe ejesinden gizlin gidýän gyz häzir ähli zady ýadyndan çykardy. Gülälek demi-demine ýetmän ylgaýardy. Onuň atlaz köýnejigi ýele pasyrdap aýagyna çolaşýardy. Birdenem akja aýaklaryny dyzyna çenli ýalaňaçlap, köýneginiň etegi yzda pasyrdaýardy. Ol ýumrujaklaryny düwüp ýeliň garşysyna ylgaýardy. Gyzjagaz şol barşyna büdüräp iki dagy ýykylyp galdy. Sadabam, Ballam gözlerini gyrpman şol tarapa seredýärdi. Güzerde görnen garry Gülälege bir seretdi-de, öz ugruna geçip gidiberdi. –Ene, aý ene!.. Garry aýak çekdi. Gyza bir zatlar, bir zatlar diýdi. Gülälek garry gidenden soň hem, esli mahal onuň yzyndan seredip durdy. Soň bolsa aglamjyrap yzyna öwrüldi. Sadabam, Ballam bozuldy. Bally gyzynyň gelerine-de garaşman, böküp tagta sekiden düşdi-de, onuň öňünden çykdy. –Eneň däl ekenimi, gyzym! Ýetim ösen Bally başga kelam agyz söz aýtman, maşyna tarap ýöredi. Gyzy kabina saldy-da, motory otlady. Adamsynyň bolşuna geňirgenen Sadap, tamyň ýeňsesine öwrülmänkä, maşyn yzynda ýeňiljek tozan galdyryp, gözden ýitdi. –Gyzym, sen eneňleriň öýlerini taparsyň gerek – diýip, Bally ýolda gyzyndan sorady. Gülälek jogap bermedi-de, gynanyp başyny ýaýkady. ''Aýnabat ejeleriň öýlerini sorap ýörsem, geňlän-ä tapylar. Aý, geňlän geňlesin, oňlan oňlasyn. Men-ä dogrusy dözemok. Göwnümdäkini bir edeýin''. Belli karara gelen ýigit oba ýeten ýerinde maşynyny saklap, sygyr sagyp duran bir aýaldan Aýnabat ejeleriň öýleriniň salgysyny aldy. Obany demirgazygyndan günortasyna iki bölýän uly ýoldan geçip, Aýnabat ejelere ýetmän saklandy. Gülälegi maşyndan düşürdi. –Gyzym, hol jaýy görýärmiň? – diýip, gapysy goňur reňkli çaklaňja öýi Gülälege görkezdi. Gyzjagaz açylyp ýylgyrdy. –Ana, şol eneň jaýy! Gülälek kakalygynyň sözüni ahyryna çenli diňlemän, görkezilen tama tarap düwdenekläp ugrady. Yzyndan ýetip, Bally ony zordan saklady. –Gülälek jan, dur, entek! Sen kakaňy diňle ahyryn! Sen eneňe şeý diý! Men seni alyp gitmägä geldim diý! Bolýarmy? Düşündiň gerek!? Enesine tarap atygsaýan gyzjagaz sypsa kaýyl gelip, howlukmaç başyny atdy. Mellekleriniň aýakujynda, täze jaýlaryna göçýänçäler ýaşan iki gat jaýjagazlary bardy. Bally garryny şol jaýa göçürip getirmegi ýüregine düwdi. Gülälek bilen ýaşabersinler şol jaýda. Gyzjagaz şol ýerden ejesine-de ýeter, enesine-de. Şirinjemal GELDIÝEWA. | |
|
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Gamyş köpri / hekaýa - 26.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||