01:10 Diñläniñiz üçin sag boluñ! / satiriki hekaýa | |
DIÑLÄNIÑIZ ÜÇIN SAG BOLUÑ!
"Klubda konsert boljakmyş" diýen gürrüñ ýyldyrym çaltlygynda oba ýaýrady. Men ýañy günorta çaýyna çykypdym. Gapydaky gojaman tuduñ goýry kölegesi tomsuñ jokrama yssysynda hasam şypaly görünýärdi. Onda-da per ýassygy tirsekläp, guş dyrnak gök çaýy süzüp otyrkañ diýsene! Her zadyñ öz ýeri ýagşy, çaýam ýadap içäýseñ gadyry başga bolýar. Her damjasy bokurdagyña ýag bolup degýär, şahyr aýtmyşlaýyn, ýanwar aýy maý görünýär. Ýañy bir käse içip, ikinjisine çaý guýaýyn diýip, çäýnegi elime alanymam şoldy welin, edil yzyndan kowgy gelýän ýaly bolup, demi-demine-de ýetmän ýüwrüp oglum geldi. Men ýüregim ýarylan ýaly zöwwe ýerimden galdym. - Näme, oglum, yzyñdan güjük kowalaýamy? - diýip, onuñ gelen tarapyna seretdim. Ýöne tamyñ kölegesinde yssa çydaman, has-has edip dilini sallap ýatan garry köpegimizden başga zada gözüm ilmedi. Ol janawaryñam adam bilen işi ýokdy. Myrat bilen-hä asyl. Ýöne Myradyñ etek alty, ýeñ ýedi bolup gelşini köpegimizem birhili geñ gördi öýdýän, ol gerinjiräp ýaltalyk bilen ýerinden turdy, soñra eserdeñlik bilen töweregine seretdi. Ol nämedir bir zatlar gördümi ýa-da Myradyñ göwni üçinmi agzyny giñden açdy-da, iki gezek "haw-haw" - edip üýrdi. Soñam öñki ýerine baryp, aýagyny uzyn salyp ýatdy. - Kaka, kaka - diýip, Myrat birazrak demini dürsänden soñ gürrüñe başlady. - Klubda konsert boljak, menem hökman äkitgin, öñ äkitjek diýdiñ-ä, kaka. Bolýamy, kaka? Öñ özüñ konsert bolsa äkiderin diýipdiñ-ä, hä kaka, bolýamy? - diýip, ol şol bir aýdan sözlerini çaga endigi bilen dyngysyz gaýtalady. Meniñ birhili ýüregim ýerine düşen ýaly boldy. - Garasaryñ çagasy ýaly yssyda beýdip ýörme-de, bar oglum, buz ýaly tamda hezil et-de ýatsana, agşam ynha işden gelemsoñ, ikimiz bileje konserte gideris - diýip, ony köşeşdirjek boldum. Ol: - Meni ýatyryp, ýöne özüñ gaçyp gidäýmegin, hany öwlüýäkessin diý - diýip, ýene-de özelenip ugrady. Çaga bilen düşünişmegem añsat däl. Ony zordan razy etdim. Agşam ataly-ogul bolup kolhozyñ ýazky klubyna baranymyzda, märekäniñ derdinden ýaña aýak basara ýer ýokdy. Adamlaryñ konsert göresi geleni çyn bora çemeli. Girmek üçin üçünji jañ urlanda adamlar eýýäm ýerli-ýerinde otyrdylar. Sahnanyñ tutusy sadalyk bilen syrylyp açyldy. Onuñ añyrsy ululy-kiçili şakyr-şukurdan doludy. Soñra görüp otursak, olar asyl saz gurallary bolsa nätjek. Ýezit içege ýaly bulam-bujar bolşup ýatan sahnadaky simlerem gelip şol zatlara birigýärdi. Olaryñ hersiniñ ýanynda-da boýnuny syryk ýaly edup mikrofon durdy. Nämüçindir sahnada adam welin ýokdy. Ine, birdenem saçyny ýeñsesinden bogaýmaly edip gözi gara äýnekli bir oglan batly-batly ädimläp, sahnanyñ ortasyna geldi. Ol tomaşaçylara başyny egdi-de, soñam sandyk ýaly bir zadyñ añyrsyna geçip oturdy. Daşyndan gören ýaly däl eken, ondan çykýan ses bütin klubyñ içini ýañlandyryp durdy. Sahnadaky saz gurallaryna dykgat bilen seredip oturan oglum ýañky saz çalýan ýigide tarap barmagyny çommaltdy-da - Kaka, ol adam näme üçin gijesine-de gara äýnek dakynýar-aý - diýip, menden sorady. Men ýuwaş diýýän äheñde "hüşş" edip, onuñ soragyny jogapsyz galdyrdym. Konsertde çykyş etmeli höwesjeñ artistler ýeke-ýekeden şol gelip durdular. Olaryñ hersi öz gezeginde tomaşaçylaryñ öñünde baş egýärdiler-de, ýerlerine barybam oturýardylar. Olaryñ hemmesi ýerine geçip oturandan soñ çalynýan saz şeýle bir möwjäp başlady welin, öñ hatardaky oturanlaryñ dat gününe, edil gulagyñy kamata getirip barýardy. Bu saz nämedir bir zada meñzejek bolýan ýalydy. Ýöne ony gaty añşyrmak gaty çetindi. Saz çalnyp gutaran badyna, bir görmegeý gyz orta çykdy-da: - Siz kollektiwiñ çeper ýolbaşçysy Öwelekow Abalagyñ türkmen halk sazlaryna ýazan fantaziýasyny diñlediñiz - diýip, ol soñra indiki ýerine ýetiriljek nomeri aýtdy. Zalda hyşy-wyşy artyp başlady. "Bä, sazam, sözem özüniñki. Ýerine ýetirýänem özi. Ýogsa-da onuñ sözleri nähili-aý? "Maýyş-maýyş, maýyşdy. Arkan-ýüzin gaýyşdy". O näme diýdigikä? Bularyñ asyl repertuaryna seredýän ýokmuka?" diýip, yzrakda oturanlardan kimdir biri has batlyrak seslendi. Başga bir oglanyñ aýdym aýtmak üçin orta çykanam şoldy welin, oglum ýene-de barmajygyny çommaldyp, oña tarap elini uzatdy. - Kaka, o gyz oglan eşigini geýäýipdir-läý - diýip, ol jykyr-jykyr güldi. - O duran gyz däl, how, seret ahyryn, oglan-a? - diýip, men gatyrgandym. - Onda näme üçin onuñ saçy gaty uzyn? Özelenip duransoñ getiräýdim welin, çagany şunuñ ýaly ýere getirmelo däl öýdýän diýip, içimi gepletdim. Onuñ asyl soragam gutaranok. Iñ ýamanam näme jogap berjegiñi bilip bolanok. Ýañky aýdymçy yzly-yzyna bäş-alty aýdym aýtdy. Sag tarapymda oturanlaryñ biri: "Halypa, hemişe aýdym aýdanda, arasynda, nas-pas atyp hezil beräýmäñ bardy-la" diýip degişdi. Konserti alyp baryjy gyz onuñ aýdanlaryny edil eşiden ýaly, nomer gutaran badyna sahna geldi-de: - Gadyrly tomaşaçylar, häzir on minutlyk arakesme yglan edilýär - diýip, gelşi ýaly-da çykyp gitdi. Arakesmä çykan adamlaryñ hersi bir zat hakynda gürrüñ edýärdi. Biri: "Ertir goñşy obadan ekinlerimizi görmek üçin barlagçy geljekmiş" diýse, ýene biri: "Agşam hokkeý gördüñmi, rigalylaryñ hüjümçisi Balderis Tretýagyn goraýan derwezesinden dört şaýbany geçirdi" diýip, ýoldaşyna gürrüñ berdi. Meniñ ýanymda duran Hekimberdi aga elindäki çilimimi otlady-da: - Kakadurdy, señ öýüñ golaýrakdyr-la, bar bir penje pagta alyp gelsene - diýip, maña ýüzlendi. Men birbada nämäñ-nämedigini düşünmedim. - Hekimberdi aga, näme brigadañyz pagta planyny dolmaz öýdüp gorkýarmyñ? - diýenimde, ol loh-loh edip güldi-de: - Aý, ýok-la, pagta-ha bu ýyl geçen ýylkynyñ çakam bolmazmykan öýdýän. Saglyk bolsa, inim, her gektardan 40-45 sentner dagy alarys. Ýöne häzir pagta maña başga zat üçin gerek. Gulagymyzy dykaýmasak, bu peläketler walla "zok-zok" edişip edil alyp barýarlar how. Biz öwrülip kluba girenimizde zalyñ ýaryndan gowragy boşdy. Konsertiñ ahyryna çenli sanaýmalyja adam galdy. Konsert gutardam welin, kolhoz başlygynyñ medeniýet baradaky orunbasary Tyllagözel çalasynlyk bilen sahna çykdy-da: - Hormatly artistler, gyzykly konsertiñiz üçin köp sag boluñ, gyzyldan gymmatly iki sagat wagtymyzy alyp hezilem berdiñiz. Şeýdip iki ýyldan, üç ýyldan gelip duruñ - diýip, olara minnetdarlyk bildirdi. Soñra sahnadan düşüp gelşine bize tarap gözüni aýlap: - Gadyrly tomaşaçylar, size-de takat edip soñuna çenli diñläniniz üçin kolhoz prawleniýesiniñ adyndan hoşallyk bildirýärin - diýdi. Biz ataly-ogul monça bolşup, tirkeşip öýe gaýtdyk. Täçmämmet JÜRDEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |