12:06 Dolgaderiýa, saffarylar we samanylar hanedanlygy | |
DOLGADERIÝA ŞALARY BARADA
Taryhy makalalar
Bularyň bir bölegi türkmen taýpasyndan bolup, edermen hem bellidirler. Elbstan, Meraş, Zemany etrabynda mekan tutup köpeldiler. Soň içlerinde ýer tutup, Meraşda, Elbstanda, Malatýada, Getabede, Edirnede, Heriretde, Behistide, Derbentde, Kehr şäherinde, Kaýsaryda, Hasan Mansurda, Galaýy rumda, Esisede, Kersede, Zemanide, Emkde, Gunduzly obalarynda şa boldular. Ilki olardan beglik ady bilen meşhur bolan Gara Çapyn Dolgaderdir. Elbstan tarapyndan ýüze çykdy. Öwlatlary 780-nji ýyldan 970-nji ýyla çenli Müsür, Malatýa, Meraş, Töwriz etraplarynda hökümdarlyk etdiler. Ýokarda agzalan öwlatlaryndan Garahan atly kişi soltan Süleýman hezretlerini bir usul bilen Astaniýe getirdip, Rum ilinde Doluniýebaýdagyny dikeldip, onda aradan çykdy. LEÝS SAFFAR ŞALARY BARADA Ähli Leýs Sejistandandyr. Olar tüwi satardy. Soňra ýoly aýrylyp, birnäçe kişi bilen bölündi. Bir gije duýdansyz Sejistan beginiň hazynasyny ýaryp, ähli mallaryny aldylar. Leýs hazynanyň bir gyrasynda bir ýyldyraýan zat görüp, bu nähili zatka diýip, dili bilen datdy. Onuň duzdygyny bildi. Soň Hak duzuny basmaýyn diýip, alan malyny ýerine yzyna getirip goýdy. Ir bilen Sejistan begi bu haldan habardar bolup, jar çekdirdi. “Hazynamy alan adam gelsin günasyny geçdim” diýdi. Leýs gelip, “Ol işi eden men” diýdi. Beg aýtdy: “Näme sebäp boldy, ogurlap soň yzyna getirdiň” diýdi. Leýs aýtdy: “Çünki hazynaňda duzuňdan datdym, duzuňa hyýanat etmegi mynasyp görmedim” diýdi. Sejistan begi bu ýagdaýdan gaty begenip, Leýsi döwlet işleriniň birine aldy. Soňra onuň hyzmatyndan hoşal bolup, goşunbaşy etdi. Leýs aradan çykdy. Ýerine ogly Salyh şa boldy. Salyh ýurt işini dolandyryp bilmänligi üçin ýurdyň goşuny soltan Ýakuby patyşalyga bellemegi makul bildiler. Soltan Ýakup 17 ýyl soltanlyk edip, hijriniň 360-njy ýylynda wepat boldy. Ýerine dogany Omar ibn el Leýs patyşa boldy. Gazna, Kähstana, Mazenderana, Sinde mälik bolup, hijriniň 387-nji ýylynda Bagdady eýeledi. Bagdat halypasy Mugtazymbilla jeň içinde soltan Omary tutup, bir daş düşeýji ussa hirgähine1 goýup, tussag etdi. Netijede, ol tussaglykda wagty hijriniň 399-njy ýylynda aradan çykdy. Şol döwrüň beýik ylymlaryna düşündiriş ýazdyrdy. Şu wagt nusgasy Nyşapurda bardyr. Onuň ýazylmasyna köp ömür sarp edildi. SAMANLYLAR ŞALARY BARADA Olar Horasana, Mawerennahra mälik boldular. Bahram Çowbin (agaçdan ýasalan, Bahramyň bir aýagy agaçdan) neslindendir. Ata-babalary Ferganalydyr. Fergana hanynyň döwlet işgäridi. Harun Reşit Horasana baranda Esed ibn Samanyň öwlady Nuh, Ahmet, Ylýas, Ýahýaýa ýagşylyklar etdi. Gatan ibn Ybady Horosana emir etdi. Ahmet ibn Esede Ferganany berdi. Hijriniň 304-nji ýylynda Ýahýaýa Şaşy berdi. Ylýasa Hyraty berdi. Nuha Samarkandy berdi. Soňra Tahyr ibn Muhsin Horasan emiri bolanda Esediň öwladyny bu ýagdaýda belledi. Soňra Ahmet ölüp, ýerine ogly Nasr ibn Ahmet Mawerennahra häkim boldy. Hijriniň 389-njy ýylyna çenli ýokarda agzalanyň öwlatlary soltanlyk edip, hijriniň 390-njy ýylynda Söbükteginiň ogly Mahmyt Horasany, Samarkandy, Hyrady eýeledi. Samanlylaryň hutbasyny kesip, hutbany öz adyna okatdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |