DÖNÜK
Biziň üçin janyň berensiň öýdüp,
Ýüregmizde seni diri sakladyk.
Deregiňe orak orduk, gijeler,
Agyr gaza girdik, süňňi dikledik.
Düýşümizde seniň oduňa köýüp,
Oglumyza seniň adyňy goýduk,
Biziň üçin janyň berensiň öüdüp.
Ömrüň Watan üçin goýansyň öýdüp,
Adyň ene agysyna ornady,
Ýaş gelinleň hüwdüsine ornady,
Ulygyzlaň lälesine ornady,
Bizem saňa meňzäp, Watan diýp, ölüp,
Ýa-da, işläp gazanjakdyk hormaty,
Ömrüň Watan diýip, goýansyň öýdüp.
Gyzyl ýüzümizi ýer edip, haýyn,
Ýaman ruh kimin, dönüp matala,
Sen bolsa süýrenip, ýat ilde ýörmüň,
Günüň üçin töhmet atyp, Watana.
18.7.1982.
* * *
Dädem bilen ot ýygdyk biz tokaýdan,
Ýorunjaly meýdan, maýsaly meýdan.
Bagyň garawuly çykdy bir ýerden,
Ol kişiň boluşy galdyrdy haýran.
Dädemi gujaklap, elinden tutup,
Soň menem gujaklap, ýüzümden öpdi.
"Şeýdip, ota gelip durgun, köşegim"
Ol mende özüne söýgi döretdi.
Ertesi bir özüm şol ýere gelip,
Ot orup başladym, gorkman, çekinmän.
Bir görsem, şol tanyş garawul gelýär,
Ýüz, gözünden gahar, gazap dökülýär.
- Eý, sen, haramzada, itiň çagasy,
Nämüçin bu ýerden ot ýygýaň, aýyt.
Men seniň hamyňy soýup, sermänkäm,
Gümiň çek şu ýerden, gabyr bol, gaýyt“.
Men oňa kimdigim, düýn aýdan sözün,
Ýatlatdym, ol bolsa aldy-da beleň.
Şeýle gargyş, sögünç sözler eňterdi,
Hapa bulap, tohum hem tijim bilem.
Boýnum sallap gaýtdym, otumy taşlap,
Hem oýlandym ýaňky kişi hakynda,
Ol dönuk bolupdyr, geçen uruşda
Galypdyr ol şol kesbiniň çakynda.
Aprel 1960.
■ NEÇÜÝN MENIÑ ARSLANYMY ATDYÑ SEN...
Allaberdi aga, awçyň seresi,
Oň awlagy Gyzylgaýaň deresi,
Bir günde üç gaplaň atypdyr diýip,
Dabara doldurdy belendi-pesi.
Ynanmadym, bu sözleriň çynlygna.
Özüm baryp, gözüm bilen görmesem.
Ine ýatyr, bir şir, iki balasy,
Gözlerim kör boldy, ýerler sermedim.
"Neçün meniň arslanymy atdyň sen,
Eý iki aýakly ýabany wagşy“.
Eňreý-eňreý öýe tarap gaýtdym men,
Ýere seçelendi gözlermiň ýaşy.
Daglaryň arslany, şiri bolmasa,
Weýran etsek, gözel zatlaryň öýün,
Baglaryň bilbili, güli bolmas,
Seniň bu dünýäňde ýaşap nädeýin.
Neçün atdyň meniň arslan, şirimi,
Eý naýynsap awçy, biçäre ynsan.
Bu gün gaplaňlary atan elleriň,
Ertir menem atjagyna ynanýan.
■ ÝOK, BEÝLE ZAT BOLUP BILMEZ...
"Goçgar ata mazarçylygy sürüljekmişin".
Ýaşulularyň gürrüňinden.
Ýok, beýle zat bolup bilmez aslynda,
Biziň dogan-gardaş, dosty- ýarlarmyz,
Wysal bolup sowlup giden ýazlarmyz.
Rahat ýatar bu topragyň astynda,
Olar bizi bu günlere getirip,
Özleri gitdiler ömürlik uka.
Bu Watany gorap. Ýeňşe ýetirip,
Duşman ýowuz ýaga öwürlip durka.
Gursagynda saklap haý-haýly güni,
Watanyň gursagna çümmeli oky.
Arzuw edip Aşgabadyň baýryny,
Indem baýyr bolup, özleri ýtyr.
Olar Watan diýip, bu toprak diýip,
Uzak ilde galanlaryň ýerine.
Ýatyrlar awuly ýarasyn iýip,
Ýetip ýowdan gelmedikleň deňine.
Gapdalynda bolsa mähribanlarmyz,
Ýatyr olaň dyzlaryny ýassanyp.
A biz bolsa göwne gelen sözlermiz,
Seljermezden aýdyberýäs , gyssanyp.
Heý, ýykyp bolarmy olaň obasyn,
Aýyt, gozgalarmy, heý, baky ýatan.
Watany ýykmakmy, Alla gorasyn,
Şol ýer olar üçin – Watan, Watan, Watan!.
28.10.1980.
Öwezdurdy NEPESOW.
Goşgular