DURMUŞYÑ MANYSY
…Dynç güni bolandygy zerarly Jennet hemişekisinden giç oýandy. Gözüni açandan öýüň içiniň gum-guklugyna geň galdy. Agşamlaryna hemmeleri ýatyrman uklamasalar-da, daň horazlary bilen örüp, bir wagtyň özünde öýüň ähli otaglaryny goh-galmagaldan doldurýan agasynyň ekizjeleri hem bu gün göýä edähetlerini undan ýalydy. Jennet düşeginde dik oturdy-da, pallady. Onuň erbet kellesi agyrýardy. Uzak gije kirpigini kirpigine kaklyşdyrman şöwür çekip geçiren ýaly, özüni juda argyn duýýardy. Endam jany soka salnyp owlan dek, kül-owram bolup gelýärdi. Üstesine göwräsindäki hem enesiniň birahatlygyna bimazalyk tapyp, ýüreginiň aşagynda närazy gorsanjyraýardy.
Şol pille enesiniň özi hakda oýlanandygyny syzan ýaly aýy-güni ýetiberen göwresindäki depirjikläp-depirjikläp goýberdi. Duýdansyzlykdan ýaňa:
-Hiýh! Waý, muny!-diýip içini çekenini duýman galan Jennet tisginip gitdi-de, göwresindäkini köşeşdirmek üçin mazaly gäberen synasyny sypalap başlady. Ýene-de birki ýola depirjiklän göwresindäki gyzgyn bedeniň daşyndan bolsa-da enesiniň elleriniň mährini duýan dek, köşeşdi.
Ýaş gelin agyr göwresini zordan göterip, “hyklap-çoklap” düşeginden turdy.
-Lukmanlaryň “oglanjyk” diýenleri çyn boljak öýdýän! Özi-de öte bimaza welin ýeriň ýarygyna gülüp ýören, öte alçak bezzat bolaýmabilse ýagşydyr…-diýip pyşyrdap, pikirini daşyna çykaran gelin, öz oýlanmalaryna süýjülik bilen ýylgyrdy. Emma şol pursat niredendir bir ýerden “kakasy ýaly” diýen pikirjik-jümle aňyna damdy. Jennediň ýüzüne kölege indi. Öz-özünden, öz pikirlerinden närazy halda gaşyny çytdy. Agyr-agyr ädimler bilen hammama ýöneldi. Aýnanyň öňüne bardy. Aýnadan özüne garaýan şekil ýaş gelni haýykdyrdy. Düýn atasy öýüne geleli bäri, myhman otagdan çykman aglap-aglap pökgeren gabaklary ýel berlen ýaly çişip durdy. Gözleri çym-gyzyldy. Hemişe gülgüne öwsüp durýan ýaňaklarynyň reňki bu mahal hazan ýeli uran baglaryň ýapragynyň reňkine çalym edýärdi.
Özüniň perişan keşbi ýene-de ýanýoldaşy Hemranyň düýnki kesgin sözlerini ýadyna saldy: “Däliden dogry habar! Meniň bilen ykbalyňy bir hasaplap, nirä gitsem höwrüm hökmünde yzymdan galmasaň-a gözümiň üstünde ornuň bar. Depäme täç ederin. Eger islemeýän bolsaňam özüň seret. Sen erkin adam. Çar tarapyň açyk. Ýöne bilip goý, meniň çagalykdan bäri söýüp-saýlap alan hünärim bu! Durmuşymyň iki sany esasy manysy bar. Biri hünärim hem borjum, ikinjisi maşgalam, sen. Seniň agaýana, elkin, lälik durmuşyňy-düzgüniňi üýtgetmezligiň üçin, meni şolaryň biriniň hatyrasyna beýlekisini kör edip bilmän, olaryň arasynda janserek bolmaga mejbur etme!”.
Gelniň dodaklary öz-özünden kemşerdi. Gabaklaryny aşak sallanda ajy gözýaşlar onuň gözlerinden paýrap gaýtdy. Haly harap bolan Jennet göwresine erk edip bilmän zordan hammamdan dälize çykdy-da, daşky gapynyň öňünde duran pessejik tekjäniň üstünde oturdy. Hemra bilen düýnki boluşlary ýadyna düşende ýüregini mynçgalaýan çykgynsyzlyk duýgusyndan ýaňa, elleri bilen ýüzüni ýapyp neresse çagajyk ýaly hamsykdy.
…-Menem bilýärin, çagalykdan bäri serhetçi bolmagyň arzuwyny edip gelendigiňi! Ýeri arzuw edipsiň, oňarypsyň. Yhlasyň myrat boldy ahyry! Ýokary okuw mekdebini iň ökde tamamlan harby talyplaryň biri bolandygyň üçin seni mugallym edip alyp galjak boldular! Özüň etmediň. Gaýta: “Mugallymçylyga heran-haçan hem ýetişerin. Ilki tejribe toplaýyn. Onsoňam ýeterlik tejribäň bolmazdan, düýnki talyp halyňa kime näme öwredip biljek. Iň gowusy alysdaky serhet galalarynyň birine ugratmaklaryny isleýärin” diýip hötjet gürrüň tapdyň… Düşün ahyry, näme diňe bir özüň barada oýlanýarsyň?! A men näme?! Men paýtagtda doguldym. Hemişe köpçüligiň arasynda bolmaga endik edipdirin. Ähli joralarym, tanyşlarym şu ýerde. Meniňem öz söýýän kärimde, ylmy-barlag edarasynda işläp, ylmy iş alyp barasym, ylmy dereje alasym gelýär. Onsoň meniň arzuwlarym amala aşmaly dälmi ahyry? Sen bolsa: “Ylmy işi serhet galasynda-da alyp baryp bolýar. Her haýsyň bir ýerde ýaşap, maşgala bolup bolmaz. Saýlap bilersiň. Saňa näme gerek? Öz elkin, lälik durmuşyňmy ýa-da men?” diýýärsiň… Maňa düşünmek hem islemeýärsiň?...
Jennet göýä serhetçileriň harby geýimi göwresine gelşik berip duran, syratly Hemra öňünde duran ýaly, kineli sözleri gözýaşlaryna garyp esli salym hüňürdäp oturdy. Entegem oturjakdy. Emma ýene-de göwresindäki bimazalyk tapdy.
-Sen bir rahat ýataýsana ýa-da kakaňa igenilýändigini duýaýdyňmy?!-diýip Jennet aglamjyrap oturşyna gaňyrçakdan asylgy desmala elini uzatdy. Ýüzüni süpürdi, ýene-de birsalym muňalyp oturandan soňra, näme-de bolsa biraz köşeşdi:
-Hawa-da, senem şoňkulyk bolup, şonuň arkasyny algynyň! Bolýarmy?!-diýip, göýä göwresindäki öz kinesine düşünýän dek, hüňürdäp dikeldi-de, gaýtadan hammama bardy. Ýuwundy. Süpürinip daş çykdy. Aşhana baranda ol ýerde hiç kimiň ýokdugyny görüp:
-Bi näme, öýmüzde yns-jyns bar-a meňzemeýär-le!-diýip oýurganyp durdy. Birdenem hakydasyna geldi:
-Wiý kelläm gursun! Düýn: “oba toýa gitjek, gidersiňmi?” diýenlerinde özüm “ýok” diýdim ahbetin. Meni oýarmaga dözmän daň bilen şoňa gidendirler-ow!
Jennediň göwnüni nähilidir birhili haňlap ýatan düşnüksiz boşluk gaplap aldy. Kalby-da, göwresi-de tükeniksiz lapykeç bihöweslikden doldy. Ol mejalsyz hereketler bilen süýrenip diýen ýaly myhman otagyna bardy-da, ýumşak kürsä özüni goýberdi. Uzak ýoly haýdap geçip gelen ýaly “haş-haşlap” uludan demini aldy. Birsellem şeýle halda gymyldaman oturdy. Agzynyň içi öt atylan ýaly ajydy. Düýn agşam hem düzüwli iýip-içmändigi zerarly essi aýylyp gelýärdi. Şol sebäpli birhaýukdan soň Jennet özüne zor salyp ýerinden turdy-da, aşhana baryp çaý demlendi. Işdäsi bolmasa-da zoraýakdan ertirlik edindi. Soň ýene-de ep-esli wagtlap, hiç-hili hereketsiz, gözlerini bir nokada dikip oturşyna, içinden hüňürdäp ýanýoldaşyna gaýybana igesini sürtdi. Ahbetinem öz bolup oturşyndan özi ýadap, birsalym arassa howadan dem almak üçin daş çykdy.
Dynç günüdigi ak mermere beslenen döwrebap ýaşaýyş jaýynyň howlysyna çykan badyňa bildirýärdi. Oturgyçlaryň boşy ýok diýen ýalydy. Çagalar meýdançasynyň hem jagyl-juguly ýetikdi. Jennet daş çykyşyna nirede oturjagyny peýeläp, töweregine garanjaklady. Edil jaýyň girelgesiniň agzynda oturan üç-dört sany jahyl hamyla gelne ýer bermekçi bolup gobsunyşdylar. Olarda goňşy ýigdekçeleri tanan Jennet solgun keşbini çalaja ýagtyldyp ýylgyrdy-da:
-Oturyberiň, oturyberiň, men hanha, hol ýere geçäýerin!-diýip, çeträkdäki bir garryja ene bilen ak ýektaýly ýaş gelin oturan oturgyjyň boş ýerini görkezdi. Soňra agyr göwresini zordan süýräp şol ýere bardy. Oturanlar bilen älik-salam alyşdylar. Oturdy. Jennet bu ýyllaryň täsiri bilen göwresiniň şiresi sykylyp-sykylyp, bir gysym bolup gurap giden garryja enäni tanaýardy. Ol ýurt ýeri obada bolsa-da soňky bir-iki ýyl bäri, şu jaýyň birinji gatynda, daşgynrak garyndaşlarynyňkyda ýaşaýardy. Jennediň ejesiniň aýdyşyna görä, ýaş gelin döwürleri ýanýoldaşy nägehan urşa gidip, gaýdyp gelmedik bu görgüliniň çagasy-çugasy hem ýok bolandygy zerarly, garyndaşlary – Jennetleriň goňşulary paýtagta getirip özleri seredýärdiler. Bu ak ýektaýly gelin bolsa megerem olaryň täze maşgala lukmanlary bolsa gerek.
Garryja ene bilen lukman gelin Jennet bilen salamlaşanlaryndan soňra onuň hal-ýagdaýyny soraşyp ugradylar.
-Hä guzym, sen bi Täzegül janyň ulujasymy ýa?-diýip garryja ene Jennediň ejesiniň adyny tutup, dişsiz agzyny kümşüldetdi.
-Hawa, ene, men Täzegülüň uly gyzy-diýip Jennet jogap gaýtardy.
-Hä guzym, bolubilýä, bolubilýä. Bi-de ine Jumagözel jan, guzym! Guzyma her gün gelip kösenme-de diýsemem bolanok, günde ýanyma gatnap dur-diýip garryja ene ýanyndaky lukman gelne baş atdy.
Lukman gelin myssa ýylgyrdy:
-Ene jan, goýaweri, onuňam bir kösenji bolarmy, biziň sizden başga wajyp işimiz barmy! Biziň şu gül ýaly durmuşymyzyň bolmagy üçin kösenji-ezýeti görübildiňiz-le, ene! Indi biz siziň aladaňyzy etmesek bolmaz-a.
Lukmanyň geçmiş baradaky, kösenç-gaýgy baradaky sözleri garry görgüliniň köne derdini gozgadymy nämemi, soňabaka ýüregi ýukalyp-ýukalyp kagyza dönýän garrylaryň ählisine mahsuslykda enäniň kütelişen gözleriniň çetleri çygjaryp gitdi.
-Wah, guzym, ýöne bir kösenç-ezýetmi ol günler? “It gorse gözi agarar” diýilýäni ahyry… Ýöne balam, ol zatlary biz görgüliler – ol döwrüň heleýleri, hunaba-da hasaplajak däl-le, has çökderrägi başymyza düşmedik bolsa…
Garryja ene bozuldy. Sähel salym gözüni sykyp, sesini çykarman oturandan soňra ýene-de agzyny kümşüldedip hümürdäp ugrady:
-Hak Perwerdigäriň guzym, ynsana beren dertleriniň arasynda iň aýylganjy ýalňyzlyk ekeni, guzym! Elbetde ömürbaky bile bolsalar-da ynsan perzendine öz höwrüniň mährinden ganmak berilmese berlen däldir welin, ýaňybir bir-iki aý ýaşaşyp ýaşaşmankaň mähir-muhabbet çeşmäňden aýrylsaň has erbet bolýan ekeni, guzym.
Ene ýene-de hamsykdy:
-…Iň bolmanda, yzynda oguldan-gyzdan bir nyşanjyk galan hem bolsa, bu giden ýyllarym beýle dowzah bolmasa-da bolmazdy…
Şondan soň garryja ene hut hasratyň özüne dönüp, gözlerinden sessiz gözýaşlary döküp birsalym oturdy. Lukman gelin bilen Jennet hem ony köşeşdirmäge laýyk söz tapyp bilmän, özleriniň-de bogazy dolup, seslerini çykarman oturdylar. Birhaýukdan soň garry görgüli özüni dürsedi. Az-kem dikeldi-de, jowur ak gyňajynyň çowy bilen gözüni syldy:
-…Ýekelik gursun guzularym, hernä geçdigi bolsun!-diýdi-de ol lukman gelniň egnine mähir bilen elini goýdy: - Men akly çaşan kempir derdimi ýatlap sizi-de birazajyk bozaýdymmy, guzularym?! Siz bir bozulmaň, balalarym! Size deregem, sizden önjeklere deregem, olardan önjeklere deregem, biziň bozulyp-bozulyp bozulma kemimiz galan däldir. Onsoňam köşeklerim…-diýip garry ene sözüne dyngy berdi, soňam ýene-de üstüne ýetirdi:- …men garryny Hudaýdan daş düşüp nalaýandyr öýdäýmäň! Edenine şükür, nalyşymyzam ýokdur, närzalygymyz hem! Edil şol giden gerçeklerimiz ýaly esgerdiris bizem. Olar-a gollaryna ýarag alyp, sürnüp gelen allajy ýagydan Ata Watany, ili-güni goramak üçin şirin janlaryny pida berdiler, bizem yzlarynda olaryň ojagyny goramak üçin ömrümizi gurban etdik. Şonuň üçinem höwrüm bende-de esger, menem! Käte-käte ýekelik basmarlasa-da gynanamok men. Ikimiz hem borjumyzy berjaý etdik, dönüklik etmedik…
Garryja enäniň soňky sözleri Jennediň depesinden ýekedaban bilen urlan ýaly etdi. Onuň başy aýlanyp gitdi. Gözüniň öňi garaňkyrady. Asyl, gör ol nämeler edip ýören eken ahyry! Bu ene nirede, ol nirede…
Garryja enäniň sözleri haly harap bolan Jennediň aňynda sansyz gezek gaýtalanyp başlady: “…Dönüklik etmedik… Dönüklik etmedik… Dönüklik etmedik…”
Huşy başyndan uçan Jennet birden aýgytly hereket etdi. Ýerinden hasyr-husur turdy-da, gysymyndaky eltelefonynyň sagadyna seretdi. “On biriň ýary bolupdyr. Otly bolsa häzir, on birde ugraýar. Eglenmän, göni şu ýerden ulaga münsem, ýigrimi minutda demir ýol menziline ýetişýän… Waý masgara, öý eşiklerimde ahyry men! Bu, aňyrda-da çalşyrgyjam ýokdur, hiç zadam…Waý, men näme etsemkäm?!”
Jennet kimdir birinden haraý isleýän ýaly, elewräp daş-töweregine garanjaklady. Jennediň birdenkä sende ýok, mende, ýerinden turup howsala düşübermesini lukman gelin başga zada ýordy.
-Näme, burgyň tutýarmy?
Bu sowal näderini bilmän kelebiniň ujuny ýitirip duran Jennediň ýüzüne sowuk suw sepilen ýaly täsir etdi. Ol lukman gelniň elinden ýapyşdy-da, oňa öýleriniň açaryny tutdurdy:
-Jan dogan, gaýrat et, şuny ejem daga ber, halys bolmasa gapdal goňşymyz-a tabşyr-aý! Özleri gowşyrlar!
Jennet şeýle diýdi-de, uly ýola tarap haýdap ugrady. Bu bolup geçýän zatlara düşünmän haýran galan lukman gelin, ala-başagaý bolup, ümdüzine tutduryp barýan Jennediň yzyndan agzyny öweldip durşuna:
-Wa-eý toba, muňa ne döw çaldyka? Birden ýöne, gaýa ýok, gopuz ýok ýerinden ümdüzine tutduryberdi-le! Göwresindäki gyssaberdimikä, ýa!-diýip hümürdedi. Soňam Jennediň ala-hasyrdy bolup ýola çykyşyna, ilkinji ulaga elini galdyryp, ol togtan badyna-da aldyrany bar ýaly oňa münüşini synlap durşuna ýene-de üstüni ýetirdi:-Toba, toba, daş edewersin-eý, bi zamanyň gelinlerini, hamyla hallaryna-da imi-sala bolup bilmeýärler ahyry! Mydama ot alan ýaly bolşup ýörler! Hernä ýeldirgäp zat etmedik bolsa-da biridir!
Ýüregi atygsap, agzyndan çykyp gelýän Jennet bolsa bu mahal ulagyň içinde, sagat on birde ýola düşýän otludan galmajak bolup, demir ýol menziline tarap uçup barýardy. Göwresindäki hem: “hä, eje jan, dogry edýärsiň, hälden şeýtmeli ahyry! Ýetişeris, gaýgy etme! Ine menem jyňkymy çykarman, ynjalyklyja ýataýyn! Häzirlikçe saňa bar edip bilýän kömegim-ä şü!” diýýän ýaly, Jennedi jinnek ýalyjak-da bimaza etmän, parahat ýatyrdy.
Hekaýalar