DUŞUŞYK
Bu bolýan zatlary görsene. Otludan düşenime entek köp wagt bolanogam weli, tötänden Akmyrada gabat geldim. Jana-jan dostum. Gör, indi näçe ýyl bäri men onuň bilen duşuşamok. Begenjime men ony garsa gujakladym. Maňa duşuşanyna olam az begenmedi.
– Sen nire, bu ýerler nire – diýip, ol meniň elimi berk gysdy. – Senem görmek bar eken-ow.
– Otpuska çykdym-da gel, okan ýerlerime aýlanaýyn, belki kursdaşlaryma duşuşaryn, oturyp olar bilen göwün açyşarys diýen pikire uýup gaýdyberdim. Saňa duşanym gowy boldy...
– Haçan geldiň? – diýip, Akmyrat howsalaly sorady.
– Ine, häzir gelip durşum. Weý, weý, saňa näme boldy? Birden ýüzüň üýtgedi-le?
– Göwnüňedir – diýip, Akmyrat ýylgyrdy. – Ýeri, onsoň mugallymçylyk edýäňmi?
– Hawa.
– Nirede?
– Gyzylarbatda.
– Gyzylarbatda diýsene. Eger komandirowka şol tarapa iberseler, hökman size bararyn. Şajan, hökman size. Tä gaýdýançam bileje hezil ederis. Okan ýyllarymyzy ýatlaşarys. Nähili görýäň?
– Gowy pikir. Hökman bar. Oturarys.
– Ynanaý, Gyzylarbada barsam, hökman seni taparyn, Şajan – diýip, Akmyrat ýene bir gezek gaýtalady.
– Ýogsa-da, Akmyrat, sen nirede ýaşaýarsyň? – diýip, men ondan soradym.
– Menmi? Ine, şu öýüň ikinji gatynda ýaşaýaryn. Üç otagly. Öňňil kursdaşymyz Akbibä öýlendim. Gowy maşgala. Geçen ýyl oglumyz boldy. Adyna Ýolbars goýduk. Eýýäm ol ýörjen-ýörjen bolup ýör. Özem şol kaka diýip boýnuma ýapyşyp ýörşi – diýip, Akmyrat biraz dymdy. – Neme, aý, onda men gaýdaýyn. Öýde Akbibi garaşýandyr. Hoş. Komandirowka iberseler, hökman size bararyn. Oturyp geçenleri ýatlaşarys.
– Bolýa.
Ol meniň bilen gyssanmaç hoşlaşyp, ýola düşdi. Biraz ýöräp, gorky bilen yzyna seretdi. Men elimi galgatdym.
Men öýüne çagyrmandygy üçin Akmyratdan aýyp-syn etmedim, çünki obanyň öz aýratynlygy, myhmansöýüjiligi bar, şäheriňem. Ikisi biri-birine meňzemeýän. Men bu zatlara gowy düşünýän däldirin.
Men bir zada biçak begendim: ol hem Gyzylarbada komandirowka barsa, Akmyradyň meniň myhmanym boljakdygyna.
Men Akmyrady öýde myhman aljakdygymy göz öňüme getirdim.
Nähili gowulyk!
Biz onuň bilen bile okan ýyllarymyzy ýatlaşarys. Ýatlaşara zat kän.
1980 ý.
Osman ÖDÄÝEW.
Hekaýalar