ERKINJIGIÑ SYÝAHATY
...Erkinjik ýagty jahanyň ýüzünde juda köp wagt bäri ýaşaýardy.
Tutuşlygyna üç ýyl.
Şonuň üçinem ol ýaňybir özbaşdak patdyk-putduk ýöräp ugran, goňşularynyň oguljygy Güýje garanyňda gaty kän zady bilýärdi. Ol eýýäm ejesinden oýnawaç piljagazyny alyp bermegi haýyş edende: “ho baý-a, ho, ho, gum üýşüýýän zadymy beýsene!” diýip bazzyk-buzzuk etmeýärdi-de: “eje-how, pili äber diýýän-how, saňa!” diýip, azmly gepleýärdi. Ol ýene-de goýunlaryň “mäjik” däl-de goýundygyny, ýataklaryndaky kelek şahly, gölesine ýakynlaşsaň ýel berlen meşik deýin çişip, başyny haýbatly talawladyp, myşlap ugraýan sygryň hem “höwlüm” däl-de sygyrdygyny bilýärdi. Bu zatlaryň ählisini bilýändigi bolsa ony geplände kakasy dek hemmelere kesgitli buýruk bermäge, ýüregedüşgünç peltekläp, kowsa-da, ursa-da, sökse-de yzyndan galman, kelte tirkelene dönýän Güýçjigi bolsa hakyýt ýöne güjüjek edip iýtmäge hukuk berýärdi.
Olaryň ikisiniň ýene-de bir möhüm tapawudy hem, Güýç öz ejesi-kakasy ýa-da Erkinjigiň ejesidir-uýalary rugsat bermese, özleriniň ýa-da Erkinleriň howlularyndan aýagyny hem sekip bilmeýärdi. Erkin bolsa hakykatdan-da erkindi. Islän ýerine gidýärdi, kellesine gelen hereketi hem edýärdi. Elbetde oňa ejesem, kakasam, doganlaram, goňşularam käýeýärdiler. Hatda kakasy öýde ýok mahaly, onuň nobatdaky bezzatlygyna ejesiniň öte gahary geläýse, garagollygyndan ýaňa gyzaryp duran gulajygyndan çalaja çekilip, çüňkde goýlaýýan gezekleri-de bolman durmaýardy. Ýöne mydama içinde gyzylja gurt gorjanýan dek dogabitdi bezzat üçin käýinçler-ä eşegiň gulagyna ýasyn okan ýalydy. Käte-käte ejesiniň ýa-da uýalarynyň gözüne radionyň burmasy bolup görünýän gulajygy hem towlansyn-towlanmasyn, piňine-de däldi. Bezzatjygyň pikiriçe, gulakdyr-da, arasynda towlanmaly hem bolar-da.
Bu gün hem ejesiniň daşary çykan badyna: “mellegiň aýagujuna gidäýmegin” diýip käkeläp-käkeläp tabşyrandygyna garamazdan, birsalym gum peşän bolup güýmendi-de, malýataklaryna tarap ýöneldi. Onuň bu gün utýan zady, ýanynda sak garawuly – Güýçjik ýokdy. Ejesi bilen mamalaryna gidipdi. Şeýlebir içýakgyç ol! Ejesiniň ýa-da uýalarynyň gözüne güýdüşip, çala eýläk-beýläk buýtar-suýtar edäýdigi: “Geýneje, Eýkine seýet! Gidýä!” diýip wawwaly ýarasyna basylýan ýaly, ulili bilen bagyryp başlaýar. Onsoň turýar bir tüpgen, gopýar bir galmagal. Ýugrup oturan hamyryny taşlap, eli una bulaşan ejesi tasanjyrap öýden çykýar-da, gygyryp ugraýar. “Haý ýaşy uzamyş, kakaňa çeken bezzat damaryň bar bolsun, nirä gürüm-jürüm bolduňy-uw eýýäm?!”. Yz ýanyndanam ejesiniň gykylygyna, tikin-çatynynyň arasy bozulandygyna gahary gelen uýasy öýden dazanaklap çykýar-da, gele-gelmäne-de, hamana tikin maşynynyň gapdalynda gije-gündiz aýdym-saza zowladyp duran radiosynyň ýaýlymyny üýtgetmäge howlugýan ýaly, onuň burç kimin gyzarypjyk duran gulagyna ýapyşýar. “Häý bezzat, gitme diýip näçe aýtmaly, saňa!” diýibem ýetişibildiginden käýinip ugraýar.
Bu gün welin, mellekleriniň aýagujundaky arasy giň edip çekilen simden haýatyň ýanyna barmaga oňa hiç kim päsgel bermedi. Ol haýatyň ýanyna bardy-da itenek-çomanak bolup, tos-togalajyk göwrejigini zordan simiň üstünden haýatyň aňyrsyna aşyrdy. Olaryň öýleri “gaýynsyz obanyň” iň gyrak-çetindedigi sebäpli, haýatdan çykan ýeriňden başlap, gözýetime çenli hyşalyk-ýandaklyk meýdan ýaýylyp ýatyrdy. Diňe, olaryň mellekleri bilen hyşalygyň aralygynda on-on bäş ädim oty çapylan zolak bardy. Bu zolagy her ýyl säwlik bilen meýdana ot düşse, ýangyn melleklerine ýetmez ýaly, kakasy arassalaýardy. Gözlerinde garagol uçgunjyklar şaman odundan syçraýan közjagazlar deýin bökjekleşýän Erkin şol zolakdan geçdi-de, ok ursaň geçmejek hyşalyk meýdanyň gyrajygynda kürtdürdi. Ol gorkmady. Sebäbi diňe gijelerine ýeke ýatmakdan başga hiç zat bezzady üýşendirip bilmeýärdi.
Şol pille hyşalykdan gelýän düşnüksiz şygyrdy Erkiniň ünsüni çekdi. Bezzat aşak çommaldy-da, üşerilip, şol düşnüksiz şygyrdyny diňlemäge oturdy. Şygyrdy bolsa assa-ýuwaşdan oňa tarap golaýlady-da, birdenem Erkiniň edil öňjagazynda, uly hyşanyň düýbüne çyrmaşyp ösen çaýryň baldaklary iki ýana süýşdi-de, çaýryň arasyndan goňurja guýrujagy jotdaryp duran, kinniwanja söbük göründi. Oslagsyzlykdan ýaňa Erkinjik tisginip gitdi-de, pökgüje göwresini saklap bilmän loňkuldap yzlygyna oturdy. Emma özüne mahsuslykda derrew özüni dürsedi-de, köp ýyllyk çyrmaşyk haşal otuň arasyndan tommaryp çykyp duran enaýyja söbüjegi dykgat bilen synlap ugrady.
Goňurja söbük bolsa arassa ýere çykmak üçin çaýry eýläk-beýläk itişdirmäge synanyşdy. Jotdaryp duran guýrujak iki ýana bulaýlandy. Zordan, söbüjegiň aşagyndan ýumşajyk, kiçijek aýajyklar göründi. Söbüjek haşal otdan çykmak üçin enaýylyk bilen dyzap başlady. Emma paşmady. Birdenem söbüjek öňe tarap omzady-da, çaýryň içinde ýitdi. Allaniçigsi bolan Erkinjik goňur söbüjegiň nirä ýitirim bolandygyny görmek üçin ümzügini öňe atdy. Ýerde ýatdy. Has oňat synlamak üçin eňegini ýere dirän eljagazlarynyň üstünde goýdy-da, ýüzüni çyrmaşyk çaýyrlyga ýakyn-ýakyn eltdi. Şol pille-de ýaňky söbüjegiň çaýyr baldaklarynyň arasyndan açan deşiginden gulajyklary salparyp duran goňurja güjüjek garaja gözlerini ýyldyradyp, tumşugyny çykardy. Soňam heder etmän, üýşenmän, duýdansyzlykdan ýaňa yza tesmäge çalşan Erkinjigiň ýüzüne ölje tumşugyny degirdi-de, “tyssyk-tyssyk” edip, ony ysgaşdyrdy. Birdenem gyzylja diljagazyny çykardy-da oglanjygyň ýüzüni ýalap goýberdi. Erkin dikeldi-de guma bulaşyp oturdy. Onýança güjüjek dyzap-dyzap otlukdan çykdy. Bada-badam garadangaýtmaz gaýduwsyzlyk bilen Erkinjigiň ýumşajyk ädigine hüjüm edip ugrady. Ädigine agyz urmaga çalşyp, tomalanyp ýören batyr güjüjege mähri giden bezzat hem ýadyrgap durman, güjügi mynçgalap-gujaklap, basalaşyp ugrady.
Biri-biri bilen tapyşan bezzatlar şeýdip hiç kimiň päsgel bermeýänliginden peýdalanyp, bir sellem ala-wagyrdy bolup basalaşdylar. Birdenem allaowarradan bir itiň galagoply üýrýän sesi eşidildi. Goňur güjük oýnuny bes edip, gulaklaryny keýertdi-de diňşirgenmäge durdy. Itiň üýrmesi ikilenç gaýtalananda bolsa ol özüniň iki ýana oýnap duran guýrujagyna ýapyşmaga çalyşýan Erkinjige üns bermän zordan çykan çaýryna sümüldi. Göz açyp-ýumasy salym güjügiň özüni terk etjek bolýandygyna oýurganyp oturan Erkinjik hem, birdenkä, emedekläp goňurja dostunyň yzyna eýerip ugrady. Gür otluga çolaşýan güjük dyzmaçlyk bilen esli gitdi. Erkinem ondan galmady. Öý ýaly bolup giden hyşalardyr-ýandaklaryň asty bilen ep-esli gidenlerinden soňra Erkinjik çyr-çyrşak bolup, hyşa-ýandaklar ösmeýän açyk meýdança çykdy. Eýlesi-beýlesi dört-bäş ädim bolan meýdança çykan badyna-da Erkinjik kürtdürdi. Meýdançanyň ortasynda daýaw, ak ganjyk ýanyna dört-bäş sany Erkiniň dostuna çalymdaş goňurja güjüjekleri üýşürip, başyny galdyryp ýatyrdy.
Ganjyk öz güjüginiň kimi yzyna düşürip gelendigini görüp, äwmezlik bilen Erkine tarap garady-da hyňranjak ýaly etdi. Birdenem gaharlanýansyrap ýakynyna gelen bezzadynyň ýeňsesinden emaý bilen agyrtman dişledi-de, ony daş-töwereginde gemrişip ýören beýleki güjükleriniň arasyna oklap goýberdi. Goňurja bada-bat aýagüstüne galyp, enesine hyňranjak boldy welin, ak ganjyk tumşugy bilen onuň böwrüne hütületdi. Naýynjar çyňsap arkanlygyna ýykylan goňurja soň enesine hyňranmaga milt etmedi. Ganjyk bolsa Erkinjige barmysyňam diýmän ýene-de garysyny ýassandy-da ýatyberdi.
Olaryň arasynda bolup geçenleri sypdyrman synlap duran Erkinjik bolsa: “Munuňam ejesi meniň ejem ýaly eken-ow! Garagolluk etse derrew temmisini berýär” diýip oýlandy. Onýança enesiniň özünden ünsüniň sowlandygyny gören goňurja aýaga galdy-da, özünden aslyşmaga başlan uýalarynydyr-doganlaryny ekabyrlyk bilen ýüzüniň ugruna basalaşdyryp, gyran-jyran etdi-de, täze tapynan dostuna tarap okduryldy. Ýene-de onuň ýumşak ädijeklerine hüjüm etmäge başlady. Erkinem ondan kem galmady. Ilki bir olaryň oýnuna geňirgenip garan ganjyk bolsa sähel salymdan Erkine öwrenişdimi nämemi, olara üns bermegini bes etdi. Eneleriniň dogumlyja doganjyklaryna azar bermeýändiginden peýdalanan güjükleriň galany hem goňurja bilen Erkiniň oýnuna goşuldylar…
-Gyzym, ol bezzat jigiň nirede, gör ahyry!-diýip agşamlyk naharyny taýýarlamak bilen ber-başagaý bolup ýören ejesi gyzyna gygyrdy.
-Nirede bolsun, ýene-de hol aýaguçda mal dersine bulaşyp ýörendir-dä, muňa alaç bolmaýar-a!-diýip Erkiniň uýasy malýataklaryna barşyna ejesine jogap gaýtardy. Bärden baran uýasy jigisini gözläp ters aýlanyp başlady. Aýaguçlarynyň hemme ýerini gyzyl-dörjük edenden soň Erkini tapmadyk uýasynyň ýüzi üç ýuwlan ak esgä döndi. Aşhana ylgady.
-Eje, Erkin jan ýok-la!-diýip bärden baran gyz ýürekýargynjyny etdi.
Ejesiniň süňňi gowşap gitdi:
-Waý gara bagtym! Nirede ol? Goňşulara giden bolaýmasyn, ylga derrew!
Bir çäýnek çaý içim salym geçip-geçmänkä, uludan-kiçä,-syýrgyn bolup, Erkinjigi gözläp ugradylar. Kakasy-da işden geldi. Onýança iňrigem mazaly garaldy. Garaňkynyň içinde Erkinjigiň adyny tutup hernäçe gygyrsalar-da, olara “hä” beren tapylmady. Ellerindäki çyralaryň ýagtysyna görünmeýän bolaýmasyn diýen çaklama bilen syýrgynda bolan ulaglary, traktorlary getirip hyşalyk meýdany ýagtyltdylar. Emma Erkinjik hiç ýerden tapylmady. Goňşy aýallar oglanjygyň ýarym bihuş haldaky ejesini goltugyna girip, göterip diýen ýaly öýlerine alyp gitdiler. Howsala düşüp-düşüp düşmezleri çykan adamlaryň arasyndan kimdir biri polisiýa jaň edip, yzçy itleri alyp gelmek barada teklip etdi. Kimdir biri jaň etmek üçin öýüne ylgady. Şol wagtam hyşalyk meýdanyň jümmüşinden, gözlege goşulyşan ýetginjekleriň:
-Geliň-how, geliň tapdyk!-diýşip gygyryşýan sesleri eşidildi. Gözlegçileriň bary şol tarapa gaýtdylar. Adamlar bärden ylgaşyp baranlarynda elçyralaryň ýagtysyna Erkinjigiň ak ganjygyň böwrüne gysmyljyran güjükleriň arasyna sokulyp, goňurja dostunyň ýanynda guýlunyp uklap ýatandygyna gözleri düşdi. Kakasy seresaplyk bilen ganjygyň ýakynyna bardy-da, myssarylyp uklap ýatan bezzady emaý bilen gujagyna aldy. Onuň çyr-çyrşak ýaňajygyndan öpdi. Ilki bir bimazalyk tapynjak ýaly edip kellesini göteren, soňam güjüklerini oýarmakdan çekinýän dek gymyldaman ýatan ganjyk parahatlyk bilen Erkinjigiň kakasyna garady. Göwnüňe bolmasa janaweriň lowurdap duran akylly gözleri: “Balaňy al! Alada etme, men ony penalandyryn! Ýöne meniň balalarymyň bir ukusyny bozaýma!” diýip haýyş edýän ýalydy…Bezzat Erkinjigiň syýahaty şeýle tamamlandy.
Hekaýalar