08:43 Galamdaş dostlar | |
GALAMDAŞ DOSTLAR
Goşgular
Bile sowan toý-baýramy, ýaslary, Her günde men ýada salýan dostlary. Professor, ylymlaryň doktory, Lebapdan Hanguly diýen dostum bar. Her ýerde türkmeniň beýik merdi bar, Ýüreginde uly dünýäň derdi bar. Öwgüli söz küýsäp, barsam Balkana, Onda şahyr dostum Didarberdi bar. Käte ýürek gysyp, bu dünýä dardy, Göwün öz ilimden ylham alýardy. Orazguly bilen sapara gitsek, Maryda ýürekdeş Gurt Näzli bardy. Biz hakynda makalalar ýazardy, Aýdym aýdyp hem şoh bolup gezerdi. Tirsegne galdyran Ata Köpegi, Çyn dostum Aşyrow Amannazardy. Myhmanyň öňünde bary hem ýogy, Eli hem galamly, hem akkordeonly. Kyssa hem terjimä ezberdi eli, Daşoguzly dostum Gazakbaý Ýolly. Görk goşardy poeziýaň görküne, Rubsowy söýüp, etdi terjime. Şahyr dost Atajan Annaberdiýew, Beýle ylham berilmeýär her kime. Il tanaýar Orazguly Annany, Bolmaz onuň ýalan ýazyp, aldany. Goşgy ýazsyn, pýesa ýazsyn ýa kyssa, Az bolmaz oň asyrlara galýany. Şahyr dostum Nobatguly Rejep, Sen deý zehin indi haçan dörejek?! Ylhamdaryň Magtymguly bolansoň, Eserleriň uzak ömür sürejek. Yhlasy topraga badalan ýigit, Kyssa ýazyp, kem-kem bat alan ýigit. Dostum Gurbannazar Orazgulyýew «Çalt ýazyjy» diýip at alan ýigit. Wasp etsem, şygrynyň waspy gutarmaz, Şahyr dostum Akmyradow Italmaz. Täsin goşgularny, üçlemelerni Kime okap berseň, ýüzüň utanmaz. Talyp ýyllarda hem Tirkeş Sadykdyň, Hem goşga, hem gözellere aşykdyň. Ilki şahyr bolup, soň alym bolup, Zehin bilen il içinde adykdyň. Ýene bir dost Gowşutgeldi Daňatar, Ýazan pýesalary hatarma-hatar. Ajaýyp-ajaýyp hekaýalarnyň Aý-ýyllar geçdikçe gymmaty artar. Ýene bir dost Öwezdurdy Nepesdir, Sypaýy bir ýigit, zehini kesgir. «Uzak-uzak ýyllar» roman ýazýar, Diýäýmeseň oňa: «Şularam besdir!». Ýene-de bir dostum Kömek Kulydyr, At-abraýy öz boýundan uludyr. Käte biz «Dumbadze» diýsegem oňa, Ol türkmeniň çyn zehinli ogludyr. Bir şägirdim Gurbandurdy Orazdyr, Goşgulary hem many, hem owazdyr. Çagalara bilim berýär mekdepde, Kärdeşleri diýýär işine ökde. Bir kitaby çykdy ýapon dilinde, Çagalar goşgusy dünýäň elinde. Üç kitapdan durýan «Ojagy» ýazyp, Dostum Agageldi Allanazarow, Indi ol hem uluglaryň deňinde. Nowruz Gurbanmyrat şahyr hem alym, Zehini taplanýar gün geçdiksaýyn. Çap bolan goşgusyn gutlasaň, diýýär: «Ine, makala hem hekaýa taýyn». * * * Bir ýigit ýanypdyr yşkyň oduna, Söndürşeýin diýip, bardym dadyna, Diýip onuň güler ýüzi solmasyn. Ýigit meni görüp, saňňyldap aýtdy: — Özgäň ody bilen işiň bolmasyn! Şek ýetipdir bir kişiniň adyna, Kömek etsem diýip, bardym dadyna, Diýip kişiň ady betnam bolmasyn. Ol menden adyny gabanyp, aýtdy: — Özgeň ady bilen işiň bolmasyn! Zelel ýetdi bir bendäniň zadyna, Halas etsem diýip, bardym dadyna, Diýip bende zada mätäç bolmasyn. Ol galan zadyny goraglap aýtdy: — Özgäň zady bilen işiň bolmasyn! * * * Süýji sözler, gülýän gözler Göwnüm çökgün bolup, Dünýäden doýup, Gam-hasratdan ýaňa sämände serim, Meni halas edýär gamdan-gussadan Seň süýji sözleriň, Gülýän gözleriň. El üzüp men bu dünýäniň yşkyndan, Tapdan düşüp, Gaçan wagtym ysgyndan, Ýene kuwwat berip, yşka düşürýär Seň süýji sözleriň, Gülýän gözleriň. * * * Otuz ýyl mundan öň ýazan goşgulam Şu gün ýazlan ýaly örän täze-ter. Men olary okap, az wagtam bolsa Ýaşlygyma dolanýaryn täzeden. Atamyrat ATABAÝEW, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy. | |
|
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Gaýnene / Goşgular - 17.10.2024 |
√ Yetimiñ sowaly / Goşgular - 08.07.2024 |
√ Bozajak seni / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Ala ýektaý bedroý / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Saçynyň söwdasy düşdi başyma, başdan ýene... / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Biz üçin üýtgemez pelegiň bolşy / Goşgular - 29.10.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 20.07.2024 |
√ Üçlemeler / Goşgular - 14.07.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |