14:48 Garly günde galan oglanjyk / hekaýa | |
…Gar tozgajyklary, meňzi çytyk asmany perdelän bulutlardan, saý-sebäp bilen ýolnup gaçan kinniwanja übtüjeklere çalym edip, kämahal bir gaýyşyp düşýärdiler. Aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän üzümçiligiň içinde, ýeke özi garabaşynagaý bolup işläp ýören, dokuz-on ýaşlaryndaky oglanjyk, muňa üns bermän, haýdap üzüm kesmegini dowam edýärdi. Ýanwaryň başy. Entek, ýer-ä ýyly girýänçä, üzümleriň çybyklaryna-da suw inýänçä, ýoňsuz wagt bar. Gaty. Hasam, gara üzümiň häsiýeti erbet. Töňňeleşenler-ä beýle-de dursun welin, hatda, sähel-mähel ýogynrak çybyklary hem, çalnyp ýalaw ýaly edilen üzüm gaýçyny, bir eliň bilen gysanyňy dagy ýüzüne-de almaýarlar. Gaýçyly eliň üstünden beýlekiň bilenem gaýym gysymlap, ýardam edäýmeseň, kesiläýenok, içigary galmyş.
Hekaýalar
“Eşek eşekden galsa, gulagynam kes, guýrugynam” diýenleri, kem galyp barýan ýaly, halyly bilen dagtokga-da, şoňa meňzeş. Beýlebir daş ýaly bolmasa-da, şahalary eşigiňe ýelmeşen sakgyja çalymdaş bir zat, olaryňkam. Hem-ä ýekeje şahasyny-da sypdyrmajak bolýan dek, biri-birine çolaşyp, bulam-bujar bolup durlar, hem-de inçeden gelen gataňsy. Garaz, keseniňde eliň-ä ýakymy ýok, şolaryňam. Üstesine keseniňden soňam, ep-esli ýerine çenli ýumşak çägä gömlüp, mäkäm dikilen beton sütünleriň arasyndan, üzümleri dik saklamak üçin, birnäçe hatar edilip çekilen simlerden çybyklaryny sypyryp aýyrmagam gara görgi. Gelinbarmak, monty, taýpy, bidäne, ereş baba ýalylarydyr, şoňa meňzeşleri bolsa, garaz bolýar, oňuşmazça däl. “Öwrenişen ýagyň uruşmaga ýagşy” diýenleri, olary melleklerinde-de kesip-kesip, endik edip gitdi. Kän bir tapawut edip durmaýar. Iň hezilem, ak türkmen üzümiňki. Edil ýöne, eliňe dynnym ýalyjagam agram salman, “şyt-şyt” edip, çyrpyp barmaly. Çybygynyň inçejikligi-hä bir gowy welin, üstesine-de selçeňem, keltejigem, porrugam. Ak üzümi keseniňde: “üzüm kesýänem” diýmeli däl. Ýöne aňsat bilen kynyň höziri-de şonuň ýaly. Bu giden üzümçilik meýdanda, gara üzüm şeýle köp bolmasa, onda güýzde alýan hasyllary hem beýle ymgyr bolmazdy. Hasylyň azlygynda, girdejiňem şoňa görädigine düşünmek üçin bolsa, megerem, matematika mollymyň ýanyna gatnap ýörmegiňem derkary ýok bolsa gerek. Içini hümledip, işläp ýören oglanjygyň üzüm kesmäge gelip başlanyna, ýaňybir iki-üç gün bolandygy sebäpli, heniz eli öwrenişmedikdi. Üzüm gaýçyny her gysanynda şatylap gidýän, ýogyndan gelen, gaty çybyklary kesip-kesip, goşary ýolnup gelýärdi. Elýaglyk bilen berk gysyp daňlandygyna garamazdan, syzlap agyrýardy. Arasynda, eline dynç bermek üçin, gaýçyny goýup, barmaklaryny ýazyp-ýygranda dagy, gaýçyny gysymlaýşyna halys epilip galan barmaklaryň ýazylmasy hem hyllallady. Gan ýöräp ugraýarmy nämemi, uçjagazlaryna iňňe dürtülýän ýaly bolýardy. Öwrenişer-dä. Her ýylam şeýle bolýar. Ýöne, gyşky rugsat tamamlanyp, mekdebe gitmeli wagty ýetýänçä, bir hepde dagy yzygiderli gatnasa, goşaram, barmagy hem, üzüm gaýça-da, şatylap duran çybyklaryň gataňsylygyna-da bialaç öwrenişer. Soň bildirmez. Agyrmasyny hem tükeder. Oglanjyk kör töňňä gabat geldi. Onuň per bermejekdigini görüp dursa-da, gaýçyny saldy. Gaýçyny doly açanyňda-da, garry üzümiň kör töňňesi, onuň agzyna zordan sygýardy. Gysdy. Ötmedi. Oglanjyk gaýçysyny üzümiň şaha-şaha bolup duran gollarynyň biriniň haçja ýerine sokdy-da, biline daňlan ýüpe gysdyrylgy kiçijik byçgysyny aldy. Haýdap kesip ugrady. Kör töňňäni aýyrýança gara dere batdy. Byçgyny ýene-de biline gysdyrdy-da, demini dürsemek üçin, ýüzüni ýukajyk gar örten öl guma çökdi. Egnindäki, agasynyň reňki solup giden köne güpbüsiniň oňa ep-esli uly bolýandygy kemem däldi. Içindenem geýip bilenini geýendigi sebäpli, galyň güpbi hem-ä ony üsetmeýärdi, hem-de bilindenem ep-esli aşagyny tutuşlygyna ýapyp, şunuň ýaly ýerde, otyrýeriniň astyna düşek bolubam hyzmat edýärdi. Diňe şu, ýeňini top-tokga edip çermemeli bolýandygy bir keçje. Irden işe gelende çybyklar çyg bolýar, edil ýöne, üstlerine, uzak gije, yzyny üzmän ýagyş ýagan ýaly. Dogrusy, içi tüýli elliginiň-ä daşy gaýyş-la welin, güpbiniň ýeňi, öl çybyklaryň ähli yzgaryny özüne sorup, myžžyk bolýar-da, soňam uzakly gün myjylap dur. Öýe baranyndan soň, ejesi peje ýakyn serýärem welin, barybir, ertesi gün, gara daň bilen bärik gaýtmakçy bolup, egnine geýende, şonda-da, iki ýeňi hem çyg. Demini dürsän oglanjyk, beton sütünden-sütüne dartylan simler zerarly, dim-dik bolup duran üzümleriň, esgerleriň saplaryna meňzeýän hatarlaryna göz gezdirdi. Heniz kesilen-ä, ýaňybir sähelçe. Kesilmedik ýeri welin, ummasyz. Üç setir-ä kesilen. Buýr-bulaşyk çybyklaryny hüžžerdişip duranlary bolsa, ýene-de ýigrimi ýedi setir. Oglanjyk bada-bat aňynda hasaplap, böldi-de, netije çykardy. Üç günde üç setirini kesdi. Diýmek, günde birini dynýar. Ýigrimi ýedini ýeke özi dynjak bolsa, onda şu badyna gidende, ýene-de ýigrimi ýedi gün gerek. Okuwyň başlanmagyna çenli bolsa, sekiz gün galdy. Ondanam bir gününi, duldegşir goňşulary Annamyrat agalar toý edýär, şoňa hyzmat etmek üçin galmaly. Galýaram ýedisi. Başkydan ýedini aýyrýaňam welin, galýaram ýigrimi. Şol ýediň arasynda-da, bir gün-ä şenbe, birem dynç güni bar. Onda-da, kakasynyň ýagdaýy gowlanyşyp, iki uýasyny hem-de agasyny alyp gaýtsa, olaryňam her bir-ä günde bir setir, bar, bolýar, aýdaly, kakasy hem, her günde ýarty setir alsa, onda bolýaram ýene-de ýedi setir. Ony-da öňküden aýyrýas welin, galýaram on üçi. Owf! Ýeke özüne ýene-de on üç gün gerek bolýar duruberýär. Soňky hepdeleriňem ýekşenbe günleri gatnamaly boljag-ow! Oglanjygyň içi gysyp gitdi. Göýä, seredip-seredip azaltjak bolýan ýaly, üzümçiligiň kesilmedik hatarlaryna ýene-de birsellem tiňkesini dikip oturdy-da, birdenem, kellesine täze pikir geldi: “Ýogsa-da, has çaltrak işläp, günde iki setir kesip bolmazmyka?!”. Oglanjyk ýene-de hasap-hesibe başlamakçy boldy. Emma “hasap-hesip” barada oýlanan dessine, pikirleri başga ugra syrykdy. Matematika mollymy oňa öwran-öwran: “seniň beýniň biziňki ýaly däl, gurluşy başgaçarak, onyň hasapçyllyk endigi öte güýçli” diýýä. Şonuň şo diýýäni, çyn bolmagy-da gaty ahmal. Sebäbi ol, durmuşynda islendik ýagdaýda, hatda iň bir ujypsyzja zatlary-da hasaplap gezýärdi. Has takygy, hasaplap, beýleki edip, uzak wagtlap üznüksiz kellesini agyrdybam ýörmeýärdi-de, ýüzüniň ugruna, özüne jinnek ýalyjagam agram salman, jemini çykaryp goýberýärdi. Mysal üçin, öýleriniň işiginden mellegiň aýagujundaky malýataga çenli näçe ädimdigini kim bilýär? Hiç kim. Ol welin bilýär. Onuň ädimi bilen ölçäniňd-ä, ylaýyjak segsen bir san-a bitin, birem ýarty ädim. Özünden kiçisi Kanunjygyňka görä hasaplanyňda-da, bir ýüz ýigrimi üç san-a bitin ädim, bir ädiminiňem üçden iki bölegi. Şonça ädimi ätmek üçinem, oňa-ha takmynan iki minut çemesi wagt gerek, Kanun üçin bolsa, eger-de ol, ýolda ýykylyp-sürşüp ýörmese, alty minuda ýakyn wagt zerur. Muňa-da “takmynan” diýýäniniň sebäbi, heniz sagat tutup, ölçäp görmäge eli degmeýär ýa-da ýadyndan çykarýar. Ýogsa, ony-da özüçe hasap çykaryp, “takmynan” diýip ýörmezdi-de, edil, ejesiniň goňşulara süzme çekip berýän mizan terezisinde çeken ýaly, takyk aýdardy. Ondan başga-da, ýataklarynda bir-ä ejesiniň sagýan ala sygry bilen gölesi bar, birem on sany goýunlary. Günde günortanam hajymelik sygryň-a ýeke özi iki sany doly bedre suw içýär, gölesem ýarty bedreden gowrak. Ýöne barybir onuňkynam tegelekläp, doly diýip almaly bolýar, sebäbi ondan soň, bedrede kän suw galmaýar. Goýunlara-da iki ýarty bedre suw gerek bolýar. Diýmek olaryňkynam tegelekläp alanyňda, jemi alty bedre bolýar. Suw krany hem derwezäniň daş ýüzünde, öýleriniň işiginden otuz ädim daşda dur. Diýmek, öňki segsen bir ýarymyň üstüne, ýene-de bir minut goşulyp, üç minut bolýar. Bedre uly, on iki litr suw sygýar. Ol bolsa heniz kiçi. Şonuň üçinem agasynyňky ýaly, bir gezekde iki bedräni dolduryp, daşap bilmeýär. Dogrusy, gaty gyssansa daşaram welin, bir-birden götermese, ejesiniň gözüne iläýdigi, uly gykylyk turýar: “Näme, sen, ýaş başyňa biliňi üzjek bolýamyň?! Ýa näme, meniň öň işimi az gördüňmi?! Bir ýeriňi gypjyndyryp, kakaňa, maňa iş tapyp berjek bolýamyň, ýaşy uzamyş?! Saňa diýýän-ä, men! Ýa, saňa diýemokmy?! Hä?! Näme diýýämiňem diýmän, bedreleňňi dökän-saçan edip, gaýralygyňa tutduryp barýaň?! Goý birini diýdim, köki uzap galan, köki uzap geçmiş!”…Garaz, eliň iki sany doly bedreli gözüne kaklyşaýdygyň, syçanyň hinini müň manat töläp almaga yrza edýä, onsoň! Şonuň üçinem, ýeke-ýekeden daşanyň has amatly. Wagty köprägem bolsa, gohy azrak. Diýmek alty bedre, her birine-de üç minut. On sekiz bolýar. Goýunlaryňkyn-a suw nowasyna eňterýäň-de gaýdýaň, kän eglemeýär. Ýöne, sygyrdyr gölesi, içip boşadýança garaşmaly bolýar. Hä, hawa! Ýene-de, bedräni her gezek suwdan doldurýança-da, içinden on bäşe çenli sanamaly bolýar-a. Bu hem bolýar, on bäş sekunt. Olaram öňküniň üstüne goşmaça. Diýmek, eýle-beýlesi bilen, jemi bolýaram, otuz-otuz bäş minut. Şeýlelik-de, günde günortan, mallary suwa ýakmak üçin, ýarym sagatdan gowragyny sarp edýär. Ýarym sagat! Ondan-a, onça wagty şoňa sarp edeniňden, kitap okap ýa-da telewizora tomaşa edip güýmenseň gowy bolaýjak ýaly. Ýa, şony eýdip-beýdip, azaldyp bolmazmyka? Mysal üçin, bedräni iki edip, birini dolduryp alyp gaýdandan soň, beýlekini, yzyna dolanyp gelýänçä Kanuna doldurtsa?! Äý, ýok, ol-a bolmaz. Suw görse durumy ýok ahyry, onuň! Golaýlatdygyň, bedräni doldurmakdan-a geçen, gaýta üsti-başyny şalpy-şaraň eder. Onsoň ýene-de, ejemden gaçyp gizlener ýaly: “Haýsam bolsa bir tanyş syçandan hinini satyn alar ýaly, müň manady nireden tapsamkam?! Karz-kowala geçmezmikä, ýa?!” diýip, kelle döwüp ýörmeli bolar… Oglanjyk öz pikirine ýylgyrdy. Bada-badam ini tikenekläp gitdi. Deri gaýdyp, endamy sowaşan oglanjyk, üşäp başlady. Üstesine şemalam öwsüp ugrady. Gözlerini göterdi. Öňem tutuk aşmanyň keşbindäki bulut perdesi hasam galňapdyr. Seýrek sepeleýän garam güreldi. Oglanjyk ýerinden turdy-da, işe başlady. Birdenem, ýaňky, günde iki setir üzüm kesmegiň alajyny hasaplap çykarmakçy bolandygy hakyndaky pikiri ýadyna düşdi. Hasaplamakçy boldy. Emma içi gysdy. Hasaplasy gelmedi. Gyzygy ýokdy. Birsellem keýpsiz halda, gaýçysydyr, kesýän çybyklaryndan başga hiç zat barada oýlanman işledi. Ýöne, işe gyzyşdygyça, hiç bir sebäpsiz ýerden göwnüni gaplap alan tukatlyk, ýuwaşjadan onuň kalbynyň iň alys jümmüşinde ýerleşýän sürenine ýumlukdy-da, ünsi bölünip, rahatlanan aňynda, pikir çarhy ýene-de herekete girip ugrady. Birhaýukdan soň, oglanjygyň özem duýman, içinden bilýänje goşgy setirlerini ýa-da sözlerini, olar biri-birine gabat gelse-gelmese, üzlem-saplam gaýtalap başlady. Setirleriň ýa-da sözleriň yzyna seplemäge, halys söz tapmasa-da, “näme-näme, yzynam bilemok” diýip, hut şu mahal oýlap tapan jümlesini goşup goýberdi. “Ýanyp duran nar men, sönmenem begler!”, “Illeri bar diňli-diňli, sowuk suwly ter öleňli, ili gökleň, ady Meňli, ol söwer ýardan aýryldym”, “Sensiň meniň dilberim, janymyň jananasy, iki jahan serwerim, göwnümiň gamhanasy…belki “köňlümiň gamhanasy” bolmagy-da mümkin, belki “dişleriň dürdänesi” bolmagy-da, onsoň, näme-näme, yzynam bilemok”, “Soň ýene-de “dikdir serim, düşmen duşman astyna, onsoň, näme-näme, soňam ýadyma düşenok”, “Onsoň ýene-de “ynsana bagt üçin nämeler gerek? at gerek, ýol gerek hem hoş hyýal bilen, soň ýene-de, näme-näme, yzynam bilemok”… “Ýekelik düňlelige ýakyn” diýilýänem çyn boldy. Arasynda, kiçijik gursagyna sygdyryp bilmänmi, ýa ymgyr üzümçiligiň içinde, aýdýanlaryny özünden özge eşitjegiň ýoklugyndanmy nämemi, belli däl, has göwnünden turan sözleri ýa-da setirleri daşyndanam aýdyşdyryp başlaberdi: -Ýürek telwas eder, göterler serim, köňül arzuw eýlär watanym, seni! Etrek-Gürgen gezen ýerlerim, köňül arzuw eýlär watanym seni!... Razy, hyzmat etdim topragymyň toýunda, duzuny syladym, sowuşdym ýasyn, eziz maňa şu topragyň goýnunda, wysal bolan hem bolmadyk yhlasym!... Bir jeza bar, jezalaňam jellady, arzuwlaryň wysal bolmak deregne, adamyň ynanan, eý gören zady, bir gara daş bolup çökýär ýüregne!...Onsoňam, näme-näme, yzynam bilemok... Soňabaka oglanjygyň ýadynda galanja goşgy gory, aýdylyp-aýdylyp mazaly gowzadymy nämemi, onuň setirlere garym-gatym edip gaýtalaýan “näme-nämesi” bilen “yzynam bilemogy” has köpelip ugrady. Birdenem, kellesi gyzyp, daşyndan aýdýan setirlerini has gatyrak gygyranda, öz sesine özi tisginip gitdi. Oglanjyk özbaşyna sarnamasyny bes etdi. Töweregine garanjaklady. Şemal indi şemallykdan ötüp, ýele öwrülipdi. Gar hem, ýöne bir ýagmaýardy-da, köwsarlap dökülýärdi. Hälki, übtüjekleriňem her biri penje-penjedi. Syrap ýagýan gardan ýaňa, her näçe siňe seretseň-de, dört-bäş ädimden aňyrsy gowy saýgartmaýardy. Daş-töweregine garanjaklan oglanjygyň birdenkä, göwni buz ýaly bolup, sowap gitdi. Diňe şu pursat, hut şu müddetde, şu giden çöl-beýewanyň içinde, ýalňyz özüniň galandygyny aňşyran ýaly, ol birdenkä elheder aldy. Ýöne, her niçigem bolsa, kiçilikden özbaşdaklyga endik etdirilen çaga, özüne zor salyp, kalbynda möwç urmaga çytraşýan howsalaly gorkyny basyp ýatyrjak boldy. Emma, bolmady. Hasam beter howsala düşüp ugrady. Gögele göwnüne gorky aralaşan çaga, näme etjegini bilmeýän ýaly, umytsyz gözleri bilen töweregini gyzyl-dörjük edip çykdy. Dumly-duşy ak perdä gabsap ýagýan gardan ýaňa, astyňam ak, üstüňem. Sagyňam ap-aklyk, soluňam. Öňüň bilen yzyňam şonuň ýaly…Kimdir birini ýoldaşlyk çagyraýyn diýeniň bilenem, çar ýanyňda ynsdan-jynsdan gara görünmese nätjek…Oglanjyk tasdanam ulili bilen “wägirip”, ökjäni göterýärdi. Ýöne beýtmedi. Beýtmezligi başarmak üçinem, bolanja erkini bir ýere jemläp, dodajyklaryn-a jebis ýumdy, dişjagazlarynam mäkäm gysdy. Şunuň ýaly ýerde, dessine desbi-dähil bolýan ökünç hem, bir ýerlerden peýda boldy-da, tüketmän iziläp duran lälik çaganyň aglamjyramasyna çalymdaş, ýüregedüşgünç iňirdisi bilen kalbyny dyrmalap başlady. “Ýeri, näme üçin, ýeke özüň bärligine gaýtdyň?! Mundan öň, şu giden çöl-beýewanyň içindäki üzümçiligiňize, tenha özüň gaýdyp görýämidiň, eýse?! Ýeri, ejeň zeýrenende näme? Has takygy, näme, ol saňa: “ýeke özüň, şondan şuňa aýagyňy süýräp gaýt-da, üzümi kes” diýip iňirdedimi?! Ol-a diňe, geçen hepde: “kakaň-a ýene-de ýaranok, ulyňyzam haçan görseň işde, ikinjiňizem gullukda. Indi, bi üzüm haçan kesiler, kim keser, ony?” diýip jibrindi ahyry! Şu sözleriň iň bärkisi ýekejesi dagy, saňa degişlimidi?! Hiç haýsynyňam dahyly ýok. Saňa çat maňlaýyňa geçäge-de, göni garaçygyňa dikilip: “üzüm kesmäge gatnap başla” diýenem ýok, aýdanam. Özüň ejeň zeýrenip ugranda, hilebir uly adamsyrap: “eje, özüm gidip keserin” diýen bolduň, gomalyp. Ejeň ýeke özüňi goýbermejek bolup käýinip ugranda-da, eňegiňe tutup durandygyň üçin, kakaň pejiň ýakynynda, ýorgan-düşekli ýatan ýerinden, üsgürinjiräp: “gidibersin-le, ulalybermelidir-dä, ýuwaş-ýuwaşdan” diýdi. Indem, hanha, “özüň gelip kesseň”! Söbügiňe eýelik edip bilmän, gaýa ýok, gopuz ýok ýerinden, uçaýjak bolup, galpyldap otyrsyň…”. Bu mahalky sowuk, ýaňy, irden, daýhan birleşigiň, mundan otuz kilometr çemesi daşlykdaky obadan, üzümçilige işlemäge gaýdýan kärendeçileri gatnadýan ulagyndan düşüp galyp, işe başlanda-da bardy welin, göwnüňe wehim girse, birhili, adaty sowugam, endamyňy tike-tike edip, kesip barýan aýaza dönäýýän ekeni. Oglanjyk hasam üşäp, gagşap başlady. Emma, näçe üşese-de, gorksa-da, özüni ylgamazlyga, has takygy öz-özünden tebil tapyp, ökjäni götermezlige mejbur edip, üzümçiligiň gaýra başyndaky, öýlerinden getiren günortanlyk naharyny goýan, ykyşak ýerine ugrady. Barha galňaýan gar örtügi, onuň agyr ädiginiň astynda “gütürt-gütürt” edip, ses edýärdi. Haýaljakdan ýöräp barýan oglanjyk, aram-aram säginýärdi-de, gaňryla-gaňryla, yzyna garanjaklaýardy. Soňam ýene-de ýoluny dowam edýärdi. Telpegini has çümre geýip, ellerinem ýeňine sokup, boýnuny içine ýygryp barşyna, oglanjygyň göwnüne bolmasa, kimdir bir juda howply biri, köwsarlap ýagýan garyň içinde, gözüne görünmän, gadamma-gadam yzyna düşüp gelýän ýalydy. Oglanjyk şol göze görünmeýän bigäneden öte gorkýardy. Asyl, ýönekeý bir üýşenmegem däl-de, gorkusyna elden-aýakdan çykyp gelýärdi. Ýöne, ýeriň ýüzünde ýaňybir on ýyljyk ýaşanam bolsa, ol özüniň çaklaňja durmuş tejribesinden bir zady bijaý oňat bilýärdi. Gorka gorksaň, ol seni ýüz esse beter elheder aldyryp, hemme zada “wägirip” duran bäbejige öwürýärdi. Emma, gorkyňa çaşyp barýanam bolsaň, gaçman, göni görejine dikilip dursaň welin, üstüňe topulyp gelýän mähnet itiň hem, agyz urmaga gaýraty çatman, guýrugyny ýamzyna gysýan ýagdaýlary köp bolýardy. Oglanjyk haýdap ýörese, sebedini goýan ýerine sähelçe wagtda ýetýärdi. Ýöne özüne zor salyp, geregindenem artyk haýaljakdan dähedem-dessemläp barýança, ep-esli wagt geçdi. Sebedini goýan ýeri, onuň günde günortan naharyny iýip, birsellem dem-dynjyny alýan düşlegçesidi. Heniz çybygy kesilmedik üç-dört düýp uly üzümiň şahalary biri-birine çolaşyp-çyrmaşyp günbatar tarapy açyk, özboluşly bir çatmajygy emele getirýärdiler. Oglanjyk kärende ýerlerine ilkinji işe gelen güni, üzümleriň peşşerip duran şahalarynyň hut şu çatma çalymdaşlygy üçinem, bu ýeri saýlap alypdy. Ilki bilen, ýaltanman, üzümçilik ýerleriniň gaýra çetindäki zeýkeşiň raýyşyndan birki gujak gamyş ýygyp getiripdi-de, şahalaryň üstüne oklaşdyrypdy. Tapan-tupan simi-beýlekisi bilenem çem gelen ýerinden daňyşdyryp, özüne dumly-duşundan şemal hazylap duran çalamydar çatmajyk ýasanypdy. Soňra çatmasynyň aşagyny hapa-haşal ot-çöpden arassalap, tekizläbem, ýene-de birki gujak gamşy ýere oklap, düşek edinipdi. Özüniň gurnan meýdan düşelgesinden onuň göwnühoşdy. Her gün günortan, çatmanyň haňlap ýatan günbatar tarapynda ot ýakynýardy-da, onuň içinde ylla bir, öz öýleriniň töründe, per düşekçäniň üstünde ýatan dek, ýazylyp-ýaýrap, elini-aýagyny çar ýana taşlap, heziller edip meýmireýärdi. Bu mahalam oglanjyk, çatmasyny göz öňüne getirip, öz ýanyndan göwün ýüwürdip gelýärdi. “Häzir bararyn-da, ilki bilen ot ýakynaryn. Çatmanyň gyrasyna atylan töňňelerdir-jagrama gurydyr. Derrew tutaşar. Soň tüňçämi dolduryp, çaý goýaryn. Sajymy ýuwup gelip, gowurdagyň üstüne sogan dogranaryn, çöp diräp çöregimi gyzdyrynaryn. Nahar-şor edinýänçäm garam sabar, ýelem gowşaşar. Soň ýene-de birsalym işlärin. Garaz, agşamara, daýhanlary gatnadýan awtobus gelýänçä, nesip bolsa, şu setirim-ä dynaryn”. Emma çatmasyna ýetende oglanjyk niýetiniň puja çykandygyny gördi. Ýel günbatardan öwüsýändigi sebäpli çatmanyň içine gar syrap durdy. Astyna ýazylan gamyş, künjüne atylan birki gujak jagramadyr, bäş-on sany töňňe, ot tutaşdyrmak üçin goýlan bir gysym kagyzdyr, bir guty otluçöp…barysyny gar basypdyr. Gar basany-da hiç. Silkişdirseň döküler-le welin, çatmanyň içi ykyşak bolup, her niçik-de bolsa daşyndan ýylyrak gelýärmi nämemi, içine syran gar az-owlak eräp, ählisini öl-myžžyk edipdir. Ykyşakda, ýyljajyk oduň başynda, mazaly garnyny gözäp, tüňçede gaýnan, bildirer-bildirmez tüsse yslyja, jana şypaly gök çaýdanam keýpini kökläp, agaýana dynjyny almak umydynda aldanan oglanjygyň hasam lapykeç boldy. Çatmanyň hezilliginden nam-nyşan galmady. Göz açyp-ýumasy salymyň içinde ol, ýylylyk hem rahatlyk berýän pena bolmagyny bes etdi-de, ümmülmez ap-aklygyň içinde garalyp duran çöp-çalamyň üýşmegine öwrüldi. Oglanjyk indi näme etjegini bilmeýän ýaly, çatmanyň haňlap ýatan, köwsarlap içine urýan gary işdämenlik bilen sorýan agzynda, biraz wagt oýurganyp durdy. Ýa, ýola çykyp, ugurdaş ulaglaryň birine eline galdyryp, öýe gaýdybersemikä?! Oglanjyk ýagýan gar zerarly görmese-de, üzümçilik ýerleriniň gaýra başyndaky gatnawly ýoluň ýerleşýän tarapyna siňe-siňe seretdi. Ikirjiňlendi. Birden öýlerine barýança gar diňäýse näme? Ýa-da oba gar ýagmaýan bolsa?!... Işlemäge ýaltanyp, öýlerine gaýdyp, ejesinem: “gar gaty ýagýar” diýip aldan ýaly bolmazmy?... Ýeri bolýar-la, häzir sebetdäki çörek hem gowurdak bilen, birneme garbak-gurbak edineýin. Soňam biraz garaşyp göreýin, gar diňmese ýa-da peselmese, gaýtmagyň alajyny görübererin-dä. Oglanjyk çatmanyň astyna düşelen gamşyň garyny silkişdirdi. Soň “pat-pat” edip, öz üstüniň garyny kakdy-da, çatma girdi. Oturyp, sebedine el uzatdy. Gowurdakdyr-çöregini çykardy. Göwünli-göwünsiz iýip ugrady. Buz ýaly sowuk çöregiňem, doňup duran gowurdagyňam tagam-tagsyry ýokdy. Çörekde-de, gowurdakda-da poslan demriň tagamy duýulýardy. Her dişlänini mytaradaky sowuk suwdan owurtlap zordan bokurdagyndan ötürýärdi. Üstesine syraýan garam ýüzüne urýardy. Çatmanyň agzyna arkasyny öwrüp oturmakçy bolanda, ýene-de, ýaňky, gözüne görünmän, özüni garawullap ýören näbelli biri bilen baglanyşykly wehim, bir ýerden zompuldap çykdy-da, kalbyna aralaşdy. Mundan soň-a oglanjygy hasam tukatlyk, ýalňyzlyk, düşnüksiz üýşenme basmarlady. Işdäsi tutuldy. Hatda elindäki döwüm çöregini hem iýip bilmän, yzyna saldy. Eňegini dyzynyň üstünde goýdy-da, çar ýanyny gurşan ap-aklygy tukat içgysma bilen synlap, çugutdyryp, muňalyp oturdy. Üç-dört ýaşlyja çagaka bir waka bolupdy. Goňşularyna oýnamaga bardy. Özi ýalylar bilen oýna kellesi gyzybam, goňşularynyň, guzlanyna on-ýigrimi gün bolan ganjygynyň ýanyna nädip baranyny duýman galypdyr. Birdenem, bäş-alty sany, guýrujaklary jotdaja, tokarja, goňurja güjüjekler, dumly-duşundan “jöw-jöwleşip” üstüne çozdular-da, onuň çepeklije aýaklarynyň çem gelen ýerinden agyz urdular. Agyrdyb-a üýtgeşik agyrdan zat ýok-la welin, duýdansyzlykdan ýaňa zähresi ýarylypdy, şonda. Çirkin sesi bilen “wägirip” gaçypdy. Ojagaz netikazalaram, gaçylanda aýak çekip galaýmalydyr welin, özleri bilen oýnalýandyr öýtdülermi nämemi, gaýta, “jöw-jöwleşip”, ökjesini sydyrdyp yzyndan eňdiler. Olam demi-demine ýetmän daljygyp, iň soňky deminde öýlerine özüni atyp, goňurjalardan sypypdy. Dogrusy, ejesi goňşularynyň enesiniň ýanyna äkidip, gorky damarynam tutdurdy, agasy gidip, güjükleriň biriniň tüýünden kesip alyp gelenden soň, ýakyp, ysgatdylaram. Emma, öte gorkanda, gorky soň-soňlaram adamyň süňňünden çykyp gidibermeýän eken. Onsoňam, kiçijikkä adamyň başyndan geçen zatlar kän bir huşunda galýanam däldir welin, şol waka onuň-a hakydasyna hemişelik ýelmeşene dönäýdi. Indem, şondan bäri alty-ýedi ýyl geçenem bolsa, ol sähel howsala düşüberdigi, derrew şol güjüjekler hyýalynda peýda bolýardylar-da, “jöw-jöwleşip” dumly-duşdan üstüne topulýardylar. Çem gelen ýerindenem agyz urup ugraýardylar. Käte, gijelerine gara basanda-da, düýşünde, diňe üstüne şol goňurjalaryň topulýanyny görýärdi. Olaryň dişläniniň dynnym ýalyjagam yzasy ýok-la welin, hümerlenişip topulýanlary injigiňi sandyradyp, alarladyp alyp barýardy. Häzirem şeýle boldy. Goňurja güjüjekler hyýalynda peýda boldular-da, hyňranyşyp, topulmak üçin daşyna aýlanyşyp başladylar. Oglanjyk howsala düşdi. Özüne basalyk berjegem bolman, sebedini eline aldy-da, hasyrdap çatmadan çykdy. Uly ýola garşy haýdaşlap ugrady. Ýaňky, garyň içinde, gözüne görünmän, nirä öwrülse-de ýeňsesine geçip, gizlenmäge ýetişýän näbelli biri hem yzyndan galmady. Netikaza goňurjalaram ökjesinden basyp ýetip gelýärler. Tebil tapan oglanjygyň haýdamasy her ädimi bilen ylgawa ýazyp ugrady. Emma ylgawyny näçe çaltlaşdyrsa-da uly ýola ýetmän geçdi. Ökjesini sydyrdyp gelýän göze görünmezek bigäne bilen goňurja güjükleri görmekden elheder alýan ýaly, yzyna garamaga-da gorkup, ylgap barşyna oglanjyk ahbetin, demi-demine ýetmän sojap, üzümçilikden saýlandy. Badyny peseltmänem, üzümçilik meýdandan ep-esli beýik bolup duran uly ýoluň gyrasyna çykdy. Uly-uludan haşlap dem alyp, demini dürsemäge durdy. Biraz demini dürsänden soň töweregine garanjaklady. Ýene-de şol ap-aklyk. Sagyň-soluň, astyň-üstüň, ýüzüň-ýeňsäň ýene-de şol tükeniksiz ap-aklyk... Şol giden aklygyň içinde-de ýene-de ýalňyz özi dur... Ýeňsesinde-de ýene-de ýaňky bigäne gözüne görünmän garawullaýar, goňurjalaram maý tapdyklary topulmaga taýýar bolup, hyňranyşýarlar... Hälden bäri mertsiräp-mertsiräp sabry-takady galmadyk oglanjyk üçin, bu iň soňky damja boldy. Sebedini taşlady-da, mazaly galňan garyň üstüne özüni lampa goýberdi. Üstüne abanyp diýen ýaly, ýeňsesinde duran bigänäni, töweregini gallaşyp duran goňurjalary piňine-de alman, iki ujunam deňläniň “näme bolsa şol bolsuny” bilen, şyrky çykan telpegini gaşyna çenli çümürdi-de, kellesini dyzjagazlarynyň arasyna saldy. Onuň göwnüne bolmasa, kükreginde urýan kiçijik ýüregi, sowukdan ýaňa doňup, assa-ýuwaşdan bir tokga buz bölejigine öwrülip barýan ýalydy... ...Ýeke özüň! Hiç kime gerek däl! Hiç kim idänok! Kakaňam bar ýogsa, ejeňem, doganyňam…Emma, hiç haýsy ýok ýaly. Hemmesi üçinem bolduň-bolmadyň, gara şaýy… Bu ajy hem tukatlykdan, ýalňyzlykdan we kemsinmeden ýaňa püre-pür bolup duran sözleri, daşyndan diýdimi ýa içinden oýlandymy, oglanjygyň özem aňşyrmady. Ejizledi. Hamsygyp goýberdi. Gözlerinden çogup çykan gyzgyn damjalar, onuň sowukdan ýaňa nar ýaly gyzaran ýaňaklaryny ýyladyp, syrygyp ugradylar. -Gerek bolmasam bolman geçeýin! Şeýder oturaryn, şu ýerde!-diýýän kineli pyşyrdysy, onuň dodaklarynyň arasyndan syzylyp çykyp, gözýaşlaryna garyldy… Oglanjyk şeýdip ep-esli wagt oturdy. Uly ýol öň gatnawly bolsa-da, içiňi ýakaýyn diýen ýaly, şu mahal ýekeje ulagam geçmeýärdi. Onuň entegem näçe wagt oturjag-a belli däldi welin, garyň üstünde gymyldy-hereketsiz oturandygy sebäpli, birhaýukdan soň, sowuk süňňünden geçdimi nämemi, hasam beter üşäp başlady. Kellesini galdyrdy-da garanjaklady…Ýa daýhan birleşigiň golaýdaky meýdan düşelgesine garşy ýöräbersemikä?! Şol ýerd-ä adam bardyr… Oglanjyk şol öňki lapykeç biparhlygy bilen, göwünli-göwünsiz ýerinden turdy-da, sebedini alyp, günbatarlygyna tarap, ýoluň gyrasyny syryp, mytdyldap ugrady. Birdenem, bäş-on ädim ädip ätmänkä, öwrümden kakasynyňka çalymdaş reňkli ulagyň çykanyny gördi. Begenip gitdi… Kakam!... Emma, bada-bat ýüzi boz-ýaz boldy…Misli öz-özüne: “Nädip gelsin, öýde agyr hassa halda ýatyr ahyry!” diýen ýaly… Garaba-gara yzyna düşüp gelýän, göze görünmezek bigäne-de, pursatdan peýdalanyp: “onsoňam özüň bilýäň-ä, sen kime gerek?!” diýip, gulagyna çawuş çakyp galdy. Bigänäniň gepine oglanjygyň hasam ýüregi gysdy. Emma her niçik-de bolsa, ol körje umyt bilen, golaýlap gelýän ulaga garşy siňe-siňe seretdi. Birdenem tanady. Kakasy! Emma, näme üçindir bu gezek oglanjyk ýaňkysy ýaly begenmedi. Gaýta gögele göwnündäki öýkesi örç alyp galdy. …Ýeri, şu wagta çenli näme işlediňiz diýsene?! Näme şu wagt ýadyňyza düşäýdimi?! Indem ýatlamaly däl ekeniňiz-dä, beýle bolsa!... Oglanjyk ýene-de birnäçe sany kitüwli pikirleri, gahar bilen oýlanmaga özüni mejbur etmekçi boldy. Birdenem, ýaňy, ulagyň öňki aýnasyndan kakasynyň tanyş suduryny saýgaran dessine, ýeňsesindäki bigänäniňem, netikaza goňurjalaryň hem gürüm-jürüm bolandyklaryny aňşyrdy. Oglanjygyň göwrümi giňäp gitdi. Gerşinden ýük aýrylan ýaly, uludan demini aldy. Bada-badam agzyndan çykýan bug bilen bilelikde, howsalasynyňam, öýkesiniňem, dynman ýagýan garyň arasynda eräp, ýitip gidýändigini duýdy. Onýança ulag gelip, deňesinde togtady. Oglanjyk gapyny açdy. Ulagyň içinden dermanyň hem syrkawlygyň aňryňy bäriňe getirýän, turşumtyk ysy, hapylap burnuna urdy. Ýüzüni kürşertdi-de, mündi. Telpegini çykaryp, ulagyň yzky oturgyjyna oklady. Bokurdagy galyň, ýüň desmal bilen saralan kakasynyň ýüzi-gözi kokaşyp durdy. Gözleriniň içi dym-gyzyldy. Ysgynynyň ýokdugy ulagyň dolandyryş destini gysymlaýan elleriniň assaja titreýşindenem göz-görtele bildirýärdi. Özem oglanjyk gapyny açanda sowuk howa öýkenine urdumy nämemi, hiç zat gepläp bilmän, demi-demine ýetmän üsgürip ugrady. Birsalym bükülip-bükülip üsgürdi. Bogazynyň gijisi biraz kiparlandan soňam, üsgürinjiräp durşuna: -Üşemediň…üh-he, üh-he…Üşemediň dälmi, oglum?! Üh-he, üh-he...-diýip zordan gepledi:-Gar ýagyp başlan badyna gaýtmakçy boldum…üh-he, üh-he…ýöne sanjym etdirip beýleki edip, birneme özüme gelýänçäm, eglenmeli boldum…üh-he, üh-he…Hä, oglum?! Oglanjygyň doňy çözülene dönäýdi. Häli, üzümçiligiň içinden ylgap çykyp, ýoluň raýyşyna dyrmaşanda buza öwrülen ýürejigi, dem salymda pagyş-para bolup eredi-de, dälirän ýaly urup başlady. Bu mahal hiç zatdan gorkmasa-da, kalbynda dynnym ýalyjagam lapykeçlik ýok bolsa-da, niredendir bir ýerden peýda bolan goňurja güjüjekler “jöw-jöwleşip”, dumly-duşdan üstüne çozdular-da, göni baryp, doňy çözülen ýürejigine agyz urdylar. Erbet agyrdy. Sanjyp-sanjyp gitdi. Bokurdagy doldy. Hiç zat geplemän baş atdy. Has takygy, gepläp bilmeýändigi üçin, baş atdy. Soňam tersine, ulagyň gapdal penjiresine bakdy. Kakasy sesini çykarmady. Ulagy otlady-da, yzyna aýlandy. Ýola düşdüler. Köne ulagyň tigirleri, gar basan ýoluň ýüzünden pessaýja tigirlenip barýardy. Ulag ýöredigiçe oglanjyk köşeşdi. Ol äwmezlik bilen ýoly synlamaga başlady. Gar syrap ýagýardy. Ýelem öwüsýärdi. Ýöne olaryň hiç haýsy-da, hälki ýaly gorkunç hem ýalňyzlykdan yrňyldap dolup duran mährewsiz däldi. Ýumşakdy. Owadandy. Mähirlidi. Sagyňam ap-aklyk, soluňam. Asmanam şeýle, zeminem. Yzyňam ak, öňüňem. Ýöne, şu, gapdalynda, tigirlenip barýan ulaga erk edip, aram-aram üsgürinjiräp oturan mähriban adamyň, hiç haçan tamamlanmajak, hiç bir ýagdaýda terk etmejek, owalda-ahyrda ýüz öwürmejek tükeniksiz mähribanlygy üçinmi nämemi, bu giden, ymgyr ap-ak dünýä-de, tutuşlygyna mähribanlykdan gyrma-gyr dolup, gyrasyndan dökülip duran ýalydy. Bu giden mähribanlyga hasam rahatlanan oglanjyk, meýmiredi. Ukusy tutup ugrady. Kellesini ulagyň penjiresine ýaplady-da, süýem barmagy bilen buguň ýüzüne täsin jandarlaryň şekilini çekmäge başlady. Toýnakly, şahly, iki ýa-da üç kelleli, sekiz aýakly, alty ganatly jandarlar…Megerem, beýle jandarlar tebigatd-a däl welin, hatda, käbir, jadysy hele-müçügräk ertekilerde-de ýok bolsa gerek. Has takygy, megerem, beýle geň-enaýy mahluklar, diňe ýalany-da, çyny-da ýapa degmeýän, çypdyrun ertekilerde ýaşaýan bolmaly…Oglanjyk öz pikirine pyňkyryp goýberdi. Soňam aýna bakdy-da, agzyny eli bilen ýapyp, içinden jykyr-jykyr gülüp ugrady. Özüne garşy ýeňsesini öwrüp oturan oglunyň silkinip-silkinip gidýän arkasyndan, onuň bir zada böwreginiň bökýändigini aňan kakasy, nähili gülkünç zadyň bardygyny görmek üçin, ulagyň gapdal aýnasyna gözüniň gyýtagyny aýlady. Täsin mahluklaryň bug şekilleri öz-özlerinden eräp, ýuwaşjadan solup, ýitip barýardylar. Kakasy gözleri bilen gülümsiredi-de, ýene-de bar ünsüni ýolda jemledi. Birdenem kellesine täze pikir geldimi nämemi, sag elini ulagyň destinden aýyrdy-da, oglanjygyň derläp, gulagynyň ýeňsesine ýelmeşen garaja saçyny sypap goýberdi. Oglanjyk içinden jykyrdamasyny goýup, üşerildi. Soňam yzyna gaňrylman, daşardaky ap-aklyga tarap ýylgyrdy. Dünýäniň ýüzüni bezeýän ap-aklyk hasam mähribanlaşan ýaly boldy. Haýaljakdan tigirlenip barýan tigirlere-de yzyndan gop berlen dek, ulagyň tizligem bildirer-bildirmez artdy. | |
|
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Gamyş köpri / hekaýa - 26.11.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |