18:07 Gaýa we tiken | |
GAÝA WE TIKEN
Goşgular
![]() Bir tikenek gaýanyň böwrüni böwsüp çykypdyr — Sen nähili ejiz geldiň tikenden, Ol seniň böwrüňi deşip çykypdyr? Sen şeýle berk, gaty, agramly juda, Ol seniň teýiňden niçik çykypdyr? — Dogrudan hem, bu — hakykat, Hakykat. Käteler berk zat hem döwülýän eken. Ýöne ol göwsümden gül bolup çykdy, Asyl tikene soň öwrülýän eken. Ah, meniň gözüm Bir daş bölejigi tötänden gözüme düşdi. Ah, meniň gözüm, On iki süňňümiň biri. Sen nähili ejiz ekeniň. Birmahallar, Aýagma çüý batanda, aglamandyň. Elime çekiç uramda, Bir kişi aglamandyň. kemsidiji sözler bilen Ýüregimi ýaralanda-da, senden damja ýaş çykmandy. Bu gün bolsa Bir daşjagazyň oýnuna döz gelmän, Boýur-boýur ýaş dökýärsiň. Düşünýän, düşünýän. Ol daşjagaz Seniň özüňe degdi ahbetin. Mämmetgurban MÄMMETGURBANOW. | |
|
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |