GAZNALY TÜRKMEN DÖWLETI (962 – 1186 ý.)
Oguz han Türkmeniň iň uly agtygy Gaýanyň nesilleri taryhyň dowamynda özleriniň döwlet gurujylyk ukybyny görkezdiler. Gaýa han Gün hanyň uly ogludyr. Türkmenleriň guran döwletleriniň içinde olar tarapyndan esaslandyrylany köpdür. Bu hakda halkymyzyň arasynda gaty gadymdan gelýän rowaýatlardyr şygyrlarda, sanawaçlarda, aýdymlarda aýdylandyr. Mysal üçin, XV – XVI asyrlarda ýaşap geçen Dana Ata diýen şahyr hem taryhçy şeýle ýazypdyr.
Gün han ogly Gaýa – il başy,
Baýat geler degre-daşy,
Agaöýli berer joşy,
Garaöýli tarhanymyz.
Gaznaly türkmen döwletiniň başynda duran Gaýa hanyň neberesi Söbük hökümdar1 bolupdyr. Söbük hökümdar diňe bir orta asyr Gündogaryň resmi taryhy ylmynda däl, eýsem
1 Gadymy taryh kitaplarynda Söbügiň ady Söbüktegin diýlip ýazylypdyr. Tegin – hökümdar, şazada diýen manylary berýär.
türkmeniň halk hakydasynda hem belli bir derejede orun alan şahsyýetdir. Muňa şahyrymyz we akyldarymyz Döwletmämmet Azadynyň ol hakda beýan eden rowaýatlary şaýatlyk edýär. Söbük hökümdar ýesir düşüp, ilkibaşda çopançylyk edipdir. Soňra bolsa ony Mawerannahrdan gelen söwdagärlere berip goýberipdirler. Öz zehini, akyly hem-de, elbetde, asly bilen Söbük hökümdar häkimlige ýetýär. Ol X asyryň ortalarynda Gazna (häzirki Owganystanyň çäklerinde) şäheriniň özbaşdaklygyny gazanýar, kiçeňräk döwletiň düýbüni tutýar. Soňra ol öz döwletiniň düzümine Horasany-da birikdirýär. Söbük hökümdar 975-nji ýylda aradan çykypdyr.
Söbük hökümdar hassa ýatyrka tagtyň mirasdüşeri diýip kiçi ogly Ysmaýylyň adyny tutýar. Emma tagta 998-nji ýylda onuň uly ogly Muhammet (Muhammet taryhda hakyky ady bilen däl-de, ýoýlan ady – Mahmyt ady bilen tanalýar) geçýär.
Mahmyt 1000-nji ýylda Hindistana ýörişe ugraýar. Onuň maksady başga dine uýýanlary yslama salmak bolupdyr. Umuman, onuň şahsyýetinde yslam dinine gatnaşyk aýratyn orun eýeleýär. Ol yslamyň ähli beýleki dinlerden artykmaçlygyna tüýs ýürekden ynanypdyr hem-de patyşa hökmünde yslamyň ýaýramagy, üstün çykmagy ugrunda göreşmegi özüniň jana-jan borjy hasaplapdyr. Yslama şeýle ýürekden wepalylygy we bu işi öz döwlet syýasatynyň esasy borjy hasaplandygy üçin Bagdat halypasy onuň syýasy häkimligini ykrar edýär we oňa ýörite lakamlary bagyş edýär.
Soltan Mahmyt Buržawaz şäheriniň eteginde saklanyp, hindi patyşasy Žibaly duşuşyga çagyrypdyr. Bu duşuşykdan ýüz dönderen patyşanyň garşysyna Mahmyt bäş müň esgeri sürüpdir. Hindileriň şonda 10 müň atly goşuny, otuz müň pyýada esgeri hem-de üç ýüz sany pili bar eken. Mahmyt hindi goşunyny derbi-dagyn edip, ummasyz köp baýlyklary olja alypdyr. Bu waka 1001-nji ýylda bolup geçipdir. Şol söweşden soň Soltan Mahmyt Gazna şäherini paýtagta öwrüpdir hem-de onuň abadançylygyna we bezegine aýratyn üns berip başlapdyr.
1002-nji ýylda Mahmyt Seýistany eýeläp, ony öz döwletiniň düzümine salypdyr. Seýistan galasynyň ýedi gat diwary bolup, daş-töwereginde çuň hendek gazylypdyr. Şonuň üçinem galanyň içine diňe darajyk oturtma köprüden girip bolýardy. Galanyň içindäkiler köprini gerek mahaly oturdyp, gerekmejek wagtynda-da ony ýerinden aýryp goýýardylar. Soltan Mahmyt golaýdaky ýylgyn tokaýyndan gaty köp ýylgyny çapmagy hem-de şonuň bilen hendegiň goşun geçer ýaly ýerini gömmegi buýurýar. Şondan soň iki tarapdan hem gazaply söweş başlanyp, galany zabt etmek işi başlaýar. Özüniň ýeňilýändigini gören Halap bin Ahmet soltandan aman diläp ugrapdyr. Soltan onuň dilegini kabul edip, özünem Jüzjana ugradypdyr. Şol ýeňişden soňra soltan Mahmyt Seýistany, Nişapury we beýleki gündogar welaýatlaryny öz dogany Abdulmüzapbar bin Nasr bin Nasyreddin Söbük hökümdaryň ygtyýaryna beripdir.
Soltan Mahmyt akylly hem-de dostlukly daşary syýasatyny ýöredipdir. Ol hususanam, Kabus ibn Buşgiriň öz ýurduna dolanyp barmagyna, Gürgeni, Tatarystany, Hazar deňziniň kenarlaryny gaýtadan ele almagyna ýardam edipdir. Soltan uly muhaddis alym, Nişapuryň müftisi Süleýman Saglukyny Ilek hanyň ýanyna ilçi edip iberipdir. Şondan soň Mahmyt Gaznaly bilen Ilek hanyň arasynda parahatçylykly dostlukly aragatnaşyklar ýola goýlupdyr. Süleýman Sagluky uly alymlygyndan başga-da, güýçli şahyr hem bolupdyr. Ol «Akyl ýaşaýyşdan, adamzat goşundan üstündir. Eger halk kynçylyga razy bolsa, olara mydama ýeňiş ýaran bolar. Kyn günlerde dostluk gerekdir» diýen pähimiň eýesi bolupdyr. Şeýle-de, Mahmyt Soltanyň Nişapurdaky syýasatynyň üstünlikli bolmagyna mikalylar neberesinden bolan köpsanly şahyrlar, edebiýatçylar, alymlar ýardam edipdirler. Munuň özi soltanyň ylma we sungata uly hormat goýan, şahyrlaryň hem alymlaryň gadyryny bilen şahsyýetdigini görkezýär. Soltanyň özi-de birnäçe ylmy işleri ýazypdyr. Ýöne ol özüne has talapkär çemeleşipdir. Ýazan eserlerini ulamalara, asla hiç kime görkezmän ýaşyryn saklapdyr. Soňam bu tapan pikirlerini, täsin tymsallaryny eý görýän adamlaryna paýlapdyr. Şeýdibem özüniň pikirlerini, açyşlaryny özgelere berip, soňra köplenç ýagdaýda öz ýazan zatlaryny otlapdyr. Ajaýyp pikiriň, açyşyň şöhratyny götermäge injigi gowşak, donuna sygmaýan adamlary welin ol halamandyr. Esasy zat, gowy pikirleriň, açyşlaryň ýitmezligi. Ol pikirleriň, açyşlaryň kimiň adyndan berilýänligini esasy zat däl hasaplapdyr. Onuň pähim-parasadyna sarpa goýýan ulamalar soltanyň beýik eserlerini, açyşlaryny saklamaga, otlanmazlygyny gazanmaga çalşypdyrlar. Netijede, onuň ömrüniň soňky döwürlerinde başky eser otlamak edehädini taşlamagyny gazanypdyrlar. Şol döwrüň syýasy we döredijilik işgärlerinden Abulbereket bin Hüseýin bin Japar bin Muhammet, Ibn Japar Abu Talyp emiral-mümin, Abulkasym Aly bin Ýüseýin Danawady, Abu Nasr Şirazy, Abulapbas Talyp ýaly ajaýyp adamlar Soltan bilen oňat aragatnaşykda bolupdyrlar. Şu ýerde Abu Japaryň şu ajaýyp şygryny getirmek ýerlikli bolsa gerek:
Bir perişde bar, alada gelse başyma,
ýöreýär ol öňümden,
Alada ýok bolsa, ýöreýär ol yzymdan,
geçmeýär hiç deňimden.
Soltan Mahmydyň egindeşleri hem akylly, sowatly we işeňňir adamlar bolupdyr. Onuň wezirleriniň biri Abulkasym Ahmet bin Hüseýnidi. Bu wezir köp alymlara hemaýat beripdir. Onuň wezirlik eden wagtynda ylym hem edebiýat gülläp ösüpdir.
Döwrüň sowatly, parasatly ajaýyp adamlary bilen oturyşmak uly sapak hem-de lezzetli bolupdyr. Sözleri dürdäne hem-de dogruçyl, parasatly sözlere baý alymlar ajaýyp hekaýatlary we özüne çekiji rowaýatlary köp bilipdirler. Soltanyň olar bilen aragatnaşygy syýasy döwlet işiniň hem medeniýetiň aýrylmaz baglanyşygyna şaýatlyk edýär. Bu bolsa Soltan Mahmydyň şahsyýetini öz-özünden häsiýetlendirýän hakykatlaryň biridir. Şeýle adamlaryň hormatyna we söýgüsine mynasyp bolan Soltana ýöne ýere «emin ed-döwle we emin al-mille» diýen atlar dakylmandyr.
Soltan Mahmyt şygryýet bilen şeýle bir badaşypdyr, hatda ol şygyr setirlerini eşitmedik gününi manyly ömür sanyna-da goşmak islemändir. Şeýle bolansoň, köşkde şygra aýratyn üns berlipdir. Köp hatlar şygyr bilen ýazylypdyr. Ilçileriň hatlary-da, özara alşylýan hatlar-da goşgy setirleri bilen ýazylypdyr. Dünýä taryhynda şygra şeýle bir uly ähmiýet beren ikinji bir döwletiň ýokdugyny aýtmak isleýärin. Ine, bu Gaznaly türkmen döwletiniň bir aýratyn sypatydyr. Köşkdäki ylmyň dürli ugrundaky ulamalardan, bagşy-sazandalardan, wäşidir masgarabazlardan, akyldarlardan, münejjimlerden, palçylardan daşgary diňe şahyrlaryň sany 187 eken. Onsoň köşkdäki sahyplaryň (intelligensiýanyň) sanynyň näçeräkdigini özüňiz çen bilen göz atuwyna getiriberiň.
Ylma, edebiýata, taryha, sungata şeýle uly sarpa goýandygy üçin hem Soltan Mahmyt hakda juda kän kitaplar ýazylypdyr. Ol kitaplardan Soltan Mahmydyň içki dünýäsi, eden ýagşy hem ýaramaz işleri hakda jikme-jikligi bilen maglumatlar saklanyp galypdyr.
Mahmyt Gaznaly köşgündäki ähli şahyrlaryň, akyldarlaryň, alymlaryň, sazandalaryň döredijilikli işlemekleri üçin zerur şertler döredipdir. Biruni köşkde örän öndümli işländigi barada buýsanç bilen ýazýar. Ferdöwsi dünýä meşhur «Şanama» eserini Mahmyt Gaznalynyň gönüden-göni tabşyrmagy bilen ýazypdyr. Men bu hakda öň hem ýörite aýdyp geçipdim. Şonuň üçin «Şanama» eserine soltanyň wada beren puly bilen baglanyşykly rowaýaty – şäheriň bir derwezesinden beýik şahyryň tabydyny göterip çykandyklary, başga bir derwezesinden bolsa soltanyň bu ajaýyp esere giç hem bolsa ýokary baha berip iberen üsti altyn-kümüşli kerweniniň girendikleri baradaky halkyň eý görýän gürrüňini gaýtalap oturmaýyn.
Mahmyt Gaznaly ýaşlykdan bilime-sowada aýratyn sarpa goýupdyr. Ylymlar ummanynda bolmakdan çäksiz lezzet alypdyr. Bilimini üznüksiz artdyryp ýörmegi onuň ylmyň ähli ugrundaky alymlar bilen ylmy jedellere girmegine mümkinçilik beripdir. Soltan köşgünde ylym adamlarynyň köp bolmagyny isläpdir. Nirededir bir ýerde zehinli alymyň bardygyny eşitse, şol alymyň yzyndan özüniň ynamdar wezirleriniň birisini iberipdir. Iberen wezirine aýtmaly sözlerini birin-birin düşündiripdir, käbir alymyň yzyndan bolsa özi ýörite gidipdir, olary köşgüň akademiýasynda işlemäge çagyrypdyr, köşgüň akademiýasynda işlese gowy boljakdygyny, akademiýada öndümli işlemek üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini aýdypdyr. Ylym bilen meşgullanýandygy üçin alymlara döwlet hak töläpdir. Olary durmuş hajatlary bilen bolelin üpjün etmek, ylmy tejribeler üçin gerekli serişdeleri döretmek üçin Soltan Mahmyt çykdajylary gysganmandyr. Onuň üznüksiz çozuşlarynyň, ýörişleriniň aňyrsynda döwletiň kuwwatlanmagy, baýamagy, ylym adamlarynyň üpjünçiligi ýatyr. Soltan nirä ýöriş etse-de, ýany bilen alymlary, şahyrlary, bagşy-sazandalary äkidipdir. Pilleriň üstünde alymlaryň ornaşyp, arkaýyn oturmaklary üçin sebetler bolupdyr. Üsti alymly, sahyply piller uzak ýörişlerde wezirleriň, serkerdeleriň pilleri bilen heň hatarda gidipdir. Islän pursady alymlar bilen söhbete girip bilmek mümkinçiligine soltan aýratyn ähmiýet beripdir. Hindistana ýörişleriniň tas ählisinde diýen ýaly, soltanyň ýanynda dünýä belli alym Abu Reýhan Muhammet ibn Ahmet Biruny hem bolupdyr. Akyldaryň «Hindistan» atly meşhur eseri hem şol ýörişleriň netijesinde döräpdir. Biruny şol toprakda sanskrit, dary dillerini öwrenip, ýerli ylmy kitaplary okap çykypdyr, hindi topragynda, daglarynda birnäçe ylmy tejribeleri geçiripdir.
Adamyň, alymyň öz mümkinçiliklerini doly açmagy üçin döwlet hemaýaty gerek. Birunynyň dünýä belli alym bolup ýetişmeginde Gaznaly döwletiniň hyzmaty uludyr. Eger döwlet hemaýat etmänliginde bu alymyň şeýle köp işleri, açyşlary edip ýetişip bilmejekdigi düşnüklidir.
Dünýä belli alymlaryň ýetişmegi Mahmyt Gaznalynyň arzuwynyň, maksadynyň wysal bolmagydyr. Elbetde, Soltan Mahmydyň köşgünde ýaşan, döreden ähli ylym adamlary, şahyrlar hakda birin-birin durup geçmek örän köp wagty alar. Soltan Mahmyt Gaznalynyň, şeýle hem onuň döwletiniň taryh öňündäki ajaýyp hyzmatlary hakda gürrüň etmeli bolsa, onda bitirilen beýik hyzmatlaryň biri hökmünde onuň köşgünde ömrüni geçiren Biruny (973-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda doglan, 75 ýaşynda 1048-nji ýylyň 11-nji dekabrynda aradan çykan) hakda käbir zatlary aýtmagy zerurlyk hasaplaýaryn.
Biruny 995-nji ýylda 22 ýaşynda Ýeriň globusyny ýasapdyr. Merkezi Aziýanyň köp ýerlerini paýu-pyýada aýlanyp çykypdyr. Alym özüniň «Geodeziýa» atly eserinde Türkmenistanyň ýerleri hakda düýpli maglumatlary berýär. Ol 1037-nji ýylda «Masudyň kanuny» atly kitabyny ýazyp, Mahmydyň ogly Masuda gowşurýar. Bu kitap matematikanyň we astronomiýanyň meselelerine degişli bolupdyr.
Biruny Ýer şarynyň öz okunyň daşynda we Günüň töwereginde aýlanýandygyny dünýäde ilkinji bolup subut eden alymdyr. Ol Ýer şarynyň ölçegleri hakda bu günler hem öz ähmiýetini ýitirmeýän açyş edipdir. Dünýä ylmynda muňa bu gün «Biruny usuly» diýip at berilýär. Ýeriň dartyş güýjüni, Ýeriň öz okunyň daşyndan, şeýle hem Günüň töwereginde aýlanýandygyny, Ýeriň togalakdygyny ylmy deliller bilen subut etdi. Biruny Ýeriň öz okunyň daşyndan aýlanyş tizligini dünýäde ilkinji bolup, XI asyrda hasaplan-da bolsa, bu açyş Nýutonyň we Galileýiň (1564-1642 ý.) açyşy hökmünde ylma giripdir. Beýle nätakyklyk diňe bir Biruny bilen bagly däl. Gündogarda edilen beýik-beýik açyşlar birnäçe asyrlardan soň ýewropaly alymlar tarapyndan «açylýar». Daş we fosul magnetizmi ýa-da paleomangetizmi ilki bolup dünýä ylmynda açan Biruny bolsa-da, 9 asyrdan soň 1940-nji ýylda bu açyşyň eýeleri hökmünde başga alymlaryň (Konigsbergiň Ý.O.Teýleriň, T.Nogatanyň) atlary tutulýar. Ýeri gelende, orogenez (dagyň emele gelşi) we poleojugrafiýa degişli ilkinji açyşlary edeniň Birunydygyny hem nygtamak isleýärin. Biruny geodeziýanyň atasy hasaplanýar. Öýlenmegi hossa bilip, ömrüni ylma bagyş eden al-Biruny 75 ýaşynyň içinde jemi 1130-dan gowrak kitap ýazypdyr. Dünýä meşhur alymyň döremegine tekge beren Gaznalylar döwletiniň dünýä ylmynyň öňündäki hyzmatynyň çensiz-çaksyz uludygyna, ylma şeýle uly ähmiýet berip, beýik alymlary ýetişdiren ikinji bir döwletiň dünýä taryhynda ýokdugyna, şeýle döwletiň bolsa türkmen döwletidigine ähli raýatlarymyzyň begenýändiklerine ynanýaryn.
Soltan Mahmyt Gaznalynyň dünýä taryhyndaky ýene bir uly hyzmatyny aýtmak isleýärin. Mahmyt Gaznaly dünýä taryhynda urdu dilini esaslandyran soltan hökmünde meşhurdyr. Men bu hakda talyp ýyllarym okapdym. Şonda hem bu hakdaky täsirlerimi gündeligime ýazypdym. Men şu ýerde gündeligimdäki şol ýazgylary okyjylaryň dykgatyna hödürleýärin.
Urdu dilini 1027-nji ýylda türkmen soltany Mahmyt Gaznaly öz permany bilen döredipdir.
Urdu dili – bu häzirki Hindistan Respublikasyndaky ilatyň esasy dilleriniň biri bolup, bu dili ene dili hasaplaýanlaryň sany – hindi, bengali, marathi, tamil we telugu dillerinde gürleýänlerden soň, altynjy ýerde durýar.
Urdu dili Hindistanda, soňra Mogol imperiýasy zamanasynda ortak dil hökmünde resmileşdirilipdir. Bu diliň söz baýlygynyň 50 göterim töweregini gadymy sanskrit diliniň sözleri, 25-30 göterimini türkmen, 20-25 göterimini hem arap-pars sözleri tutýar.
Häzirki wagtda Hindistanda dürli dillerde, dürli şiwelerde gürleýän adamlaryň köp bolany üçin olaryň özara düşünişmeklerinde urdu dili esasy dil bolup hyzmat edýär. Urdu dili Hindistanyň azatlygy ugrunda göreşijiler üçin hem ortak dil bolupdyr. Mysal üçin, «Ýaşasyn rewolýusiýa!» diýen urdu dilindäki şygar bütin Hindistanyň ilatynyň mukaddes şygryna öwrülipdir.
Mahatma Gandi 1904-nji ýylda günorta Afrikada ýaşaýan hindileriň çagalary üçin urdu dilindäki başlangyç mekdebi açyp, şol mekdepde hem çagalara özi urdu dilinde sapak beripdir. Jawaharlal Neruw bolsa Allahabatdaky, Neýnidäki zyndanlarda oturan döwründe öz ýanyndaky ýoldaşlaryna urdu dilini öwredipdir. Sebäbi urdu dili azatlyk söýüjileriň hem dostlugyň dilidir.
Hindistanyň Milli edebiýat akademiýasy urdu dilinde ajaýyp eser döredýän adamlara her ýyl ýörite baýrak berýär.
Urdu dili Hindistan Respublikasynyň Jammu we Kaşmir ştatlarynda ilkinji resmi döwlet dili hökmünde, Andhra Pradeş, Bihar we Uttar Pradeş ştatlarynda bolsa ikinji resmi dil hökmünde ulanylýar. Hindistanyň 10 ştatynda urdu dili hindi we iňlis dilleri bilen bir wagtda öwredilýär, uniwersitetleriň aglabasynda bolsa urdu diliniň ýörite fakultetleri bar.
Hindistanda neşir edilýän döwürleýin neşirleriň 2003-si (olardan 373-si gazetlerdir) urdu dilinde neşir edilýär. Bu bolsa urdu dilinde ilata hödür edilýän neşir önümleriniň hindi dilinden soň, ikinji orny tutýandygyny aňladýar.
Şeýle hem bu ýurtda «Urdu kitabat» ady bilen onlarça Merkezler işläp, ol Merkezlerde kalligrafiýa boýunça hünärmenler taýýarlanýar.
«Urdu» sözi aslyny türkmen dilindäki «orda» sözünden alyp gaýdýar. Türkmen dilinde «orda» sözi «goşun, leşger, harbylaryň mekany» diýen manyny berýär. Mysal üçin, Göroglynyň ordasy we ş.m. Türkmeniň «orda» sözi diňe bir hindi diline däl, eýsem iňlis diline hem geçipdir. Iňlisçe hem bu söz «leşger» diýen manyny berýär. Has takygy, urdu dili diýmek – esgerleriň dili diýmek. Dürli-dürli milletlerden bolan harby esgerleriň özara düşünişmegi üçin döredilen dil.
«Orda» diýen türkmen sözüniň nähili bolup Hindistanda meşhur bolandygy barada aýtsam, haçanda türkmen milletiniň meşhur ogullarynyň biri Soltan Mahmyt Gaznaly 1027-nji ýylda Lahory basyp alan pursadyndan başlapdyr.
Sebäbi soltan Mahmyt Gaznalynyň goşunynyň şahsy düzüminde dürli milletlerden esgerler bolup, olar özara düşünişmekde kynçylyk çekipdirler. Hut şonuň üçin hem Soltan Mahmyt Gaznaly öz esgerleriniň özara düşünişmekleri üçin ortalyk bir orda, ýagny ortak harby birleşigiň, leşgeriň dilini döretmegi öz alymlaryna perman edipdir. Mahmyt Gaznaly urdu diliniň sözlerini düzmäge gönüden-göni gatnaşypdyr. Bu dili döretmäge ol örän yhlasly çemeleşipdir. Mahmyt Gaznalynyň özi ýedi dili edil eždatlary deýin suwara bilipdir. Şeýle bolansoň, täze diliň sözlerini döretmek, ýasamak oňa o diýen kyn düşmändi. Bu işe gyzygyp, kä gijeler tä daňdana çenli işläpdir. Täze döreden sözlerini dürli milletlerden düzülen esgerleriň arasynda synag edip görüpdir. Başlan işiniň asylly işdigine, netije berjekdigine doly göz ýetirensoň, köşgündäki alymlaryna, şahyrlaryna bu diliň ornaşmagyny, kämilleşmegini gazanmagy tabşyrypdyr. Täze dil döretmek baradaky permanynyň ýerine ýetirilişini ýörite döredilen topar bilen barlap durupdyr. Ol toparyň barlagyndan daşgary hem özi onbaşylar, ýüzbaşylar, sypahsalar bilen gürleşip, barlap durupdyr. Esgerler täze dile tiz öwrenişipdirler. Soltan Mahmyt Gaznaly «Bu dil biziň leşgerlerimiziň biri-birine tiz düşünişmekleri, goşunyň agzybirligi üçin zerur» diýip nygtamagy gowy görüpdir.
Soltan Mahmyt Gaznalynyň döreden bu dili Mogol şalary döwründe has hem gülläp ösüpdir. Sebäbi hut şol döwürde Mogol imperiýasynyň beýik serkerdeleri, türkmeniň beýik ogullary, Hanlaryň hany Baýram han we onuň ogly Abdyrahym han, beýleki meşhur şahyrlar: Zauk, Momin we Galib dagy bu dilde ajaýyp şygyr diwanlaryny ýazypdyrlar. Hakykatdan hem şol döwürde urdu (orda) dili halk köpçüliginiň özara gepleşik diline öwrülipdir.
Türkmen milletiniň beýik ogly Soltan Muhammet (Mahmyt) Gaznalynyň öz leşgeri, ordasy üçin döreden dili bolan «urdu» diliniň Hindistanda we Päkistanda köpçülikleýin ortalyk gepleşik diline öwrülenine tas 1000 ýyl töweregi bolup barýar.
Dürli welaýatlarynda, dürli dillerde gürleýän bu ýurtlar üçin türkmen Soltanynyň esaslandyran urdu dili şol halklaryň özara düşünişmekleri üçin ortalyk dil bolup häzirki güne çenli hem öz ähmiýetini ýitirmän gelýär.
Türkmenleriň geçmişde bitiren şeýle asylly işleri, gör, nähili kän!
Wah, mende ýeke ömür bar, ýogsam bir ömrümi eždatlarymyzyň dünýä medeniýetiniň ösüşine goşan goşantlaryny dünýä ýaýmaga bagyşlardym.
Soltan Mahmyt jemi 15 (17? -t.b.) gezek Hindistana ýöriş edipdir. Ol bu gezek Behatiýa şäherini zabt edipdir. Gün dogýança dowam eden söweşde dört sany uly hüjüm bolupdyr. Şondan soň soltan ýolbars ýaly öňe okdurylypdyr. Olja alnan zatlary 120 sany piliň üstüne ýükläpdirler. Soltan yslam dinini ornaşdyryp, arkaýynlyk bilen Gazna gaýdypdyr. Ol öz döreden döwletiniň esasy etmeli işi, maksady dünýäniň ähli ýerlerine yslam dinini ornaşdyrmak hasaplapdyr. Bir adamyň yslamy kabul etmegini-de soltan uly sogap hasaplapdyr.
Soltan Mahmyt 1010-njy ýylda Hindistana nobatdaky ýörişini amala aşyrypdyr. Ol kapyrlaryň butlaryny derbi-dagyn edipdir. Hindiler ýaraşyk şertnamasyny baglaşmak maksady bilen Mahmydyň üstüne adamlary ýollapdyrlar. Hindi şasy her ýylda elli pil, köp mukdarda pul ibermeklige, iki müň hindi esgerini onuň hyzmatyna ýollamaklyga boýun bolupdyr. Soltan yslam kabul etmekligi we salgyt tölemekligi şert edip goýupdyr. Hindi şasy bu şertleri kabul edýändigini aýdypdyr.
1011-nji ýylda Horasanyň köp welaýatlaryny açlyk gurşap alypdyr. Nişapurda ýüz müňden hem köp adam açlykdan gyrlypdyr. Hatda kepen matanyň ýetmezligi sebäpli, adamlar bölek-büçek matalara oralyp jaýlanypdyr. Diri galanlary merhumlaryň jesetlerini ýuwmaga-da ýetişmändirler. Aç adamlar ot-çöpleri iýmek bilen oňňut etmäge çalşypdyrlar. Bu açlyk belasy 1012-nji ýylyň gallasy ýygnalýança dowam edipdir. Halk aç gyrylýarka köşkde toý-meýlis gurap ýörmek gadagan diýip yglan edipdir, köşkdäki azyk çykdajylaryny kemeldip, aç adamlara paýlamaga perman beripdir. Adamlaryň käbir ýerlerdäki açlyklaryny görüp, gözýaş dökendigi rowaýatlara siňip biziň günlerimize ýetipdir, hasylyň ýetişerine sabyrsyzlyk bilen garaşypdyr.
Soltan Mahmyt ilkibaşda özi bilen oňat gatnaşykda bolan garahanly türkmen Ilek han bilen çaknyşmaly bolupdyr. Ilek han Mawerannahryň goşunlaryny jemläp, soltanyň üstüne gaýtmagy ýüregine düwüpdir. Emma gyş düşüp, galyň gar ýagyp, ýollar ýapylansoň, Ilek han yzyna gaýdypdyr.
Mahmyt Soltan goşuny we pilleri ýörişe taýýarlamagy buýrupdyr. Pilleri ýöriş mynasybetli ýörite bezäpdirler. Ilki müňe ýakyn gulamyň garşysynda türkmen gyzlaryna gara, ak, gyzyl, sary, ýaşyl we çal reňkli ýüpek geýimleri geýdirip hatara durzupdyr. Ýüz sany ygtyýarly gulamyna altyn çaýylan guşak bile gylyjyň gynyny dakypdyr. Kyrk sany altyn, gymmat bahaly daşlar, rum parçasy bilen bezelen piller hatarlaryň öňünden eýläk-beýläk geçipdir. Ýedi ýüz sany pili demir sowutlar bilen zynatlapdyr. Bu dabara Ilek hanyň ilçileri hem syn edipdirler. Soňra ilçileri kabulhanada guralan dabara alyp barypdyrlar. Desserhanyň öňünde ady tutulan nazy-nygmatlar bar eken.
Soltan Mahmyt Ilek han bilen parahatçylykly gatnaşyklary saklajak bolup jan etse-de, bu hiç hili netije bermändir. Ilek han dogany Tugan han bilen oňşanok diýen habar Soltana gelip gowşupdyr. Şondan soň Mahmyt demirgazyk Hindistana ýöriş edip, Guzdaryň hanyna bäş million dirhem salgyt salyp, yzyna dolanypdyr.
1014-nji ýylda Soltan Mahmyt Hindistana ýene bir ýöriş etdi. Soltan baharyň mylaýym howasynda bu ýurduň günortasyna tarap ýöredi. Emma galyň gar düşüp, ähli ýollary bekledi. Diňe howa açylansoň, Soltan ýörişini dowam etdiripdir. Şondan soň ol özüniň nobatdaky ýeňşini gazanypdyr. Her gezekki ýeňşinde näçe adamyň musulmançylygy kabul edendigine aýratyn üns beripdir. Musulmançylygy kabul eden adamlara uly ýeňillikler berlipdir. Häzirki döwürdäki Hindistanda, Päkistanda ýaşaýan musulmanlaryň galabasynyň dini ygtykatlarynyň Soltan Mahmyt Gaznaly döwründen gözbaş alýandygyny taryhy maglumatlar tassyklaýar.
Ilek han 1013-nji ýylda dünýäden ötenden soň, tagta onuň dogany Tugan han çykdy. Tugan han Soltan Mahmyt bilen diplomatik hem dostlukly aragatnaşyklary ýola goýupdyr. Emma Hytaýdan Mawerannahra duşman çozupdyr. Olaryň maksady Mawerannahr ýurduny derbi-dagyn etmek bolupdyr. Goşunlary bolsa ýüz müň adamdanam geçýän eken. Tugan han Soltandan – emin ed-döwjle we emin al-milla lakamyny alyp, yslam dünýäsine hossar bolan bu beýik adamdan kömek sorapdyr. Soltan öz garyndaşyny goldamagy özüne parz hasaplapdyr. Ol kömek bermek üçin öz ogly Masudy, Şiby bin Leýsi, Webel bin Gaýsy, beýleki serkerdeleri Mawerannahra ugradypdyr. Munuň özi 1017-nji ýylda bolup geçen wakalardyr.
Soltanyň iň oňat ogullarynyň biri-de Abu Ahmet bolupdyr. Ol edebi, gylygy we mertebeliligi bilen at-abraý alypdyr. Soltan Mahmyt oňa Jüzjanyň emiri abu Nasr Farygunynyň gyzyny alyp beripdir. Abu Ahmediň özüni bolsa Jüzjanyň etraplaryna häkim belläpdir, beýleki ogly Abu Sagt Masudy bolsa Hyrada häkim edip goýupdyr.
Soltan Mahmyt örän ýiti hem uzakdan görýän syýasatçy bolupdyr. Ol dürli ters dini mezhepleriň döredilip, ýurduň içki ýagdaýyny, döwletiň syýasatyny bulajak bolýanlara garşy hem aňyýet, hem gylyç bilen göreşmegiň hötdesinden gelipdir. Soltan edebiýatyň içine bulaşyk salýan eserleriň we dini bozýan akymlaryň soňuna çykmagyň hötdesinden gelipdir. Bu meselede ol görnükli din alymlarynyň, kazylaryň, fakyhlaryň, beýlekileriň maslahatyna eýeripdir.
Soltan Mahmyt Köneürgenç bilen hem ýakyndan dostluk gatnaşyklaryny saklapdyr. Köneürgenç şasy Abulhasan bin Mamun Soltana uýasyny aýallyga beripdir, şondan soň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar has hem berkäpdir. Abulhasan ölenden soň, ornuna dogany Emir Bulapbas Mamun geçipdir. Ol Soltanyň gyz doganynyň adamsy bolupdyr. Öz giýewsiniň nähak öldürilenini eşiden namysjaň Soltan goşun çekip, Köneürgenje gaýdypdyr. Köneürgenjiň goşuny ýeňlip, bäş müň adam ýesir alnypdyr. Soltan köneürgençli meseläni çözenden soň, ony öz ýurdunyň bir welaýaty edip, döwletine goşupdyr.
1018-nji ýylda Kaşmirde Soltanyň garşysyna ýigrimi müňe golaý adamdan ybarat goşunyň jemlenendigi barada habar gelipdir. Soltan goşun çekip, şol ýere bardy. Hindiler san taýdan agdyk hem bolsalar, olaryň ruhunyň pesligi sebäpli, olar ýan berip ugrapdyrlar. Olaryň ölenleriň sany 50 müňe ýetipdir. Şol ýerdäki şäherde gurlan buthana Soltanyň akylyny haýran edipdir. Ýazyjylykdan we alymlykdan başy çykan Mahmyt bu buthana barada: «Ýylda ýüz million dirhem sarp etsek hem, ony ökde ussalar salsa hem, bu işi iki ýüz ýyla çenli dowam ederdi. Ol butlaryň bäşisi bäş gulaç galyňlykda gyzyl reňkli altyndan guýulandy. Olaryň gözleriniň ýalpyldysy Günüň şöhlesi bilen bäsleşýän ýakutdan ýasalandy» diýip ýazypdyr. Şu ýörişinde Soltany döwletiň baýlygyny görlüp-eşidilmedik möçberde artdyrmak başardypdyr. Şonuň üçin ol Gazna şäherini öňküdenem abadanlaşdyrmak işine girişýär. Ol şäheriň juma metjidini uly edip saldyrypdyr. Bu metjidiň gurluşygy gyzgalaňly alnyp barlypdyr, metjidiň diwarlary gyzyl reňkli altyn bilen bezelipdir. Metjidiň ýanynda medrese hem gurlupdyr. Mahmyt sowatlylyga, bilime aýratyn üns beripdir.
Mahmydyň döwleti Horasany, Mawerannahry we Hindistanyň bir bölegini öz içine aldy. Mahmydyň entek etjek işleri kändi, ýöne duýdansyz gelen ajal soltanyň arzuwlaryna palta urdy. Soltan Mahmyt 1030-njy ýylda altmyş ýaşynda aradan çykdy. Ornuna uly ogly Masut geçdi.
Soltan Mahmydyň Muhammet, Masut, Abdyreşit atly üç ogly bardy. Soltanyň üç oglam sowatly, ylymly ýigitlerdi. Soltanyň köşgünde Oguz han Türkmenden bäri dowam edip gelýän atabegler mekdebi bardy. Atabeglere öýlenmek, öý-işik bolmak gadagandy. Atabegler köplenç gullardan bolýardy. Atabeglik, atalyk mekdebinde soltanyň, şeýle hem soltanyň ýakyn wezirleriniň, serkerdeleriniň çagalary okadylýardy. Mekdepde çagalara ýedi dili bilmek hökmanydy. Ýedi dili öwrenmekden daşgary hem çagalara bu mekdepde dünýä ylymlary öwredilýärdi, serkerdelik, häkimlik tilsimleri öwredilýärdi.
Masut boýy iki metrden, agramy 120 kilogramdan geçýän pilmahmyt diýilýän ýigitlerdendi. Şahandazdy. Sungata, edebiýata, ylma kakasyndan hem köp üns berdi. Bu ugurlary has hem ösdürdi. Masudyň özem çeper döredijilik bilen meşgullanýardy, halkyň içinde meşhurlyk gazanan goşgulary bardy. Meýlisi, ukyny hem gowy görýärdi. Dandanakan söweşindäki şowsuzlygy hem taryhçylar onuň ukusynyň netijesi hasaplaýarlar. Piliň üstünde agyr uka gidýär. Hajyplarynyň, serkerdeleriniň, wezirleriniň hiç birisi onuň ukusyny bozmaga, oýarmaga het edip bilmeýär. Netijede-de olar köp zatlarda gijä galýarlar. Masut Garahanlylar bilen biraz düşünişmezlikden soň, ýene oňat gatnaşyklarda bolupdyr. Emma 1035-nji ýyldan başlap, Masut seljuk türkmenleri bilen oňuşman ugraýar. Ýogsam Masut seljuk doganlary bilen oňşup, ylalaşyp ýaşamak üçin köp alada, yhlas edýär. Ýöne netijesi bolmaýar. Seljuk-türkmen begleri bekine tutýarlar. Seljuk türkmenleri Mahmyt Soltandan ýer alyp, bu ýerlere göçüp gelipdiler.
Mahmyt Gaznaly Mawerannahrda bolanda bir topar adam onuň ýanyna baryp şeýle diýýär:
– Biz 4000 öýli türkmen. Biziň ata Watanymyza Horasana gidesimiz gelýär. Bu ýerem biziň Watanymyz, ýöne bu ýerde Mawerannahrda bize mallarymyzy bakmak üçin öri ýerimiz azlyk edýär. Siz bize Köpetdagyň eteginden ýer berseňiz, biz size gala – gorag bolaly. Öz üstümizden duşman geçirmeris, sizi gorarys.
Türkmen türkmeni goldamasa bolmaz diýen pikir bilen Mahmyt Gaznaly beg ýigitler Togrul bege, Çagry bege, Mussa Ýabguwa Jeýhundan geçip, Köpetdagyň eteginde mekan tutunmaga ejaza berýär. Mahmydyň bu çözgüdine Tusuň emiri Abul Haris Arslan Jazib ör-gökden gelipdir: «Eý, Mahmyt, sen gaty uly ýalňyşlyk goýberdiň. Olar seniň başyňa ýeterler». Mahmyt ylalaşmandyr. Tusuň emiri Abul Haris Arslan Jazib has janygypdyr. «Jan doganym, sen maňa ynan, men oraşan görýän, olary öz içiňe goýberseň, olar seniň başyňa ýeterler, döwletiňe eýe bolarlar. Rast goýberdiňmi, haýdan-haý olaryň barmaklaryny kes, goý olar ýaý atyp, gylyç tutup bilmesinler. Eger isleseň, bu işi men edeýin». Mahmyt: «Sen juda rehimsiz, şepagatsyz adam ekeniň. Heý, türkmen türkmeniň barmagyny çaparmy» diýipdir. «Meniň aýdanymy etmeseň, soňundan ökünersiň, ýöne giç bolar» diýip, Tusuň emiriniň örtenendigini Gardizi «Zeýn al-ahwar» diýen kitabynda giňişleýin beýan edýär. Mahmyt seljuk türkmen serkerdelerine sahylyk edýär. Çagry bege Abywerd, Togrul bege Nusaý, Mussa Farab (häzirki Serdar, Bereket etraplary) etraplaryny mülk edip berýär. Ýöne şondan soň seljuk türkmen beglerinden nägilelik bildirip Mahmydyň köşgüne yzy üzülmez arzalar baryp ugrapdyr. 1028-nji ýylda Mahmyt Tusuň emirine hat ýollaýar, hatynda seljuk beglerinden garamaýak halkyň juda nägiledigini, çapawulçylyklaryň, alamançylygyň artandygyny ýazýar, üç seljuk begine töwella etmegini soraýar.
Seljuk türkmen begleri Köpetdagyň etegine göçüp gelenlerinden soň Soltan Mahmydyňky gaýtgynyna bolýar. Onuň iberen töwellaçy leşgerini Togrul begiň ýigitleri ýeňýärler we masgara edýärler. Seljuk türkmenleri soltan Mahmyda nama ýollaýarlar. Ol namada özlerine berlen ýerleriň azlyk edýändigini, Sarahsy, Maryny hem eýelemek isleýändiklerini ýazýarlar, soltanyň ilçisini it masgarasy edip yzyna ugradýarlar. Seljuk gardaşlarynyň boluşlary Mahmydy gahar-gazaba münderýär, herhal oňuşmak isleýär. Bu oňaýsyzlygy doly çözüp bilmän hem 1030-njy ýylda aradan çykýar. Ýöne köşge welin, Bawerdden, Sarahsdan, Balhdan seljuk begleriniň talaýandygyny arz edip barýanlaryň yzy üzülmeýär. Kakasynyň ornuna geçen Masut hem seljuk türkmenlerine ilçi iberýär, seljuk beglerine talaňçylyk, alamançylyk bilen meşgul bolmazlyklaryny, garamaýak halky närazy etmezliklerini töwella edýär. Ýöne seljuk türkmenleri Masuda täze talap bildirýärler, öri meýdanlarynyň azlyk edýändigini nygtaýarlar, Sarahsy, Merwi, Balhy mülk ýeri edip özlerine bermegini talap edýärler.
Seljuk türkmenleri Soltan Mahmyda göwnüýetmezçilikli garapdyrlar. Olarda beýle garaýşyň döremeginiň sebäbi bar. Olar özlerini ig, asylzada, Soltan Mahmydy bolsa gul saýypdyrlar.
Samanylar döwründe Alp hökümdar otuz bäş ýaşynda Horasanda sypahsalar – goşun serkerdesi bolýar, başarnygy, ugurtapyjylygy bilen Horasana häkim bolýar. Ol häkim wagty otuz sany türkmen guluny satyn alýar. Şol gullaryň arasynda Soltan Muhammediň (Mahmydyň) kakasy Söbük hem bolýar.
Alp hökümdar satyn alan otuz guluny gözden geçirýär, olaryň näme başaryp, näme başarmaýandyklary bilen gyzyklanýar. Şonda Alp hökümdaryň Söbüge syny oturypdyr. Söbügi synlap durka hajyplarynyň birisi Alp hökümdaryň ýanyna gelip, goşundaky bir wisakbaşynyň ölendigini, onuň ornuna bellär ýaly adamyň ýokdugyny aýdýar.
Alp hökümdar Söbük gulamy görkezip:
– O näme üçin wisakbaşy ýok?! Şu gulamy wisakbaşy belleýärin – diýipdir.
– Eý, hökümdarym, wisakbaşy bellenmek üçin ýedi ýyl gulluk etmeli, bu guly bolsa birki günlükde satyn aldyňyz – diýip, hajyp geňirgenmesini daşyna çykarypdyr. Hajybyň ör-gökden gelmesiniň sebäbi şol döwürde harby düzgün-nyzam gaty berk tutulýan eken. Goşuna gelen kişi ilki bir ýyl pyýada goşunda gulluk etmeli eken. Ikinji ýyl oňa bir halteke aty bilen ikinji ýyl gulluk edýändigini alamatlandyrýan kemer berlipdir. Bäş ýyllap gulluk edensoň ony-muny edinmäge (eýer, eşik, jylaw) mümkinçiligi bolupdyr. Ýedi ýyldan soň üç esgere ýolbaşçy – wisakbaşy bellenipdir.
Söbük ýönekeý wisakbaşylykdan uly soltanlyga çenli ýol geçýär. Ol bu derejä özüniň ugurtapyjylygy, gaýduwsyzlygy bilen ýetýär. Hindistanda söweşip ýörkäler serkerdeleri ýogalýar. Şonda täze soltan bellemek zerurlygy ýüze çykýar. Özge ýurtda göz-gülban bolman, bu halk-a agzala eken diýdirmän söweşi dowam etdirip, ähli kişini öz agzyna bakdyryp biljek soltan bellemeli bolýar. Her serkerdäniň ady tutulanda onuň bir kemçiligi tapylýar. Iň soňunda Söbügiň ady tutulýar. Serkerdeler biragyzdan Söbügi soltan bellemäge razy bolýarlar.
Şeýdip, Söbük goşunda uly durmuş, zähmet ýoluny geçip, Söbük hökümdar adyna eýe bolýar. Söbük hökümdar samanylardan bölünip aýrylan täze döwleti has ösdürýär, kuwwatlandyrýar. Ogly Mahmyt bolsa kakasynyň kuwwatlandyran döwletini has hem kuwwatlandyrýar, çägini ulaldýar.
Masuda kakasyndan dünýä belli döwlet miras galýar. On ýyldan soň bolsa, ol Dandanakan söweşinde ýeňlip, seljuk türkmen döwletini ykrar etmeli bolýar. Dandanakan söweşinden soň Gaznaly Türkmen döwletini synan döwlet hasaplap bolmaz. Şol ýeňlişden – 1040-njy ýyldan soň hem Gaznaly türkmen döwleti 1186-njy ýyla çenli dowam edýär.
Dandanakan söweşinde ýeňlen Masut özüniň zyndana salan dogany Muhammet bilen Hindistana gaçjak bolýar, Emma 1041-nji ýylda dogany tarapyndan öldürilýär. Şondan soň, Muhammedi soltan diýip yglan edýärler. Emma Masudyň ogly Maudud atasynyň öldürilenini eşidip, 1041-nji ýylyň aprelinde Gazna gelip, özüni Soltan diýip yglan edipdir. Dinuryň golaýynda bolan söweşde ol agasy Muhammediň goşunyny derbi-dagyn edip, ony we onuň ähli çagalaryny ýok edýär.
Maudud dogumly şahsyýet bolup öňe çykypdyr. Ol öz doganlaryny, doganoglanlaryny häkimlikden daşlaşdyrypdyr. Şeýle-de Gaznany, Termizi we Balhy elde saklamagyň hötdesinden gelipdir. Şondan soň ol Hindistanda uly goşun toplap, ony seljuk türkmenleriniň garşysyna ugradýar. Emma bu gezek hem gaznaly türkmeniň seljukly türkmenden döwi pes gelýär. Maudud Hindistanyň we Türküstanyň şalary bilen ylalaşyk baglaşyp, 1049 – 1050-nji ýyllarda ýene Horasana hüjüm edipdir. Ýöne ýolda syrkawlapdyr, Gazna gelibem, aradan çykypdyr.
1059-njy ýylda Balhy eýelän seljuk türkmenleri Mawerannahr bilen Gaznaly döwletiniň aragatnaşygyny kesipdir. Gaznaly döwletiniň iň soňky hökümdary XVI asyryň ahyrynda ýaşap geçipdir.
Güýçli goşun toplap, Ilek hanlar bilen, Samanylylaryň güýçden gaçan döwleti bilen ylalaşyk baglaşyp, Mahmyt Hindistana ýörişlere başlaýar. 1001 – 1026-njy ýyllar aralygynda ol on ýedi gezek hindi düzlüklerine aralaşýar. Öz ýörişlerini giňeldip, Kaşmiriň, Penjabyň çäklerinden çykyp, Kanujy, Muttruny (1018 ý.), 1024 (415)-nji ýylda Güjeratyň paýtagty Anhalwary we Somnaty basyp alýar. Bu ýörişler basybalyjylykly häsiýetde bolup, talaňçylygy we butparazlygy ýok etmeklige niýetlenipdir. «Butlary ýumrujy» diýip at alan Mahmyt öz döreden döwletiniň paýtagty bolan Gazna dolanýar, hindi buthanalaryndaky gymmat bahaly baýlyklary hem özi bilen alyp gaýdýar. Emma şol bir wagtda bu ýörişler düýpli yz galdyrýar; Penjap düýpli dyza çökerilýär. Güjerat basybalyjynyň bellän pajyny kabul edýär. Hindi goşunlaryndan başga-da Mahmyt Ilek hanyň üstüne çozýar, Gury (1010 ý.) boýun egdirýär we Murgabyň boýlaryny eýeleýär (1012 ý.); hatda 1016 (407)-njy ýylda uly şäherler Samarkandy we Buharany özüne birleşdirýär. Hökümdarlygyň ahyrynda ol özüniň ilkibaşda paýhassyzlyk bilen hemaýat eden seljukly türkmen harby serkerdeleri Togrul beg we Çagry beg tarapyndan howp abanýandygyny duýýar; ýöne olar 1027 (418)-nji ýyla çenli öz wepalylygyny saklaýarlar. Olaryň gutarnykly şöhrat gazanyşlaryna çenli Mahmyt 1030 (421)-nji ýylyň baharynda dünýäden ötýär.
Mahmyt Gaznalynyň ylma, sungata we edebiýata sahylyk bilen eden hemaýaty döwlet adamy we harby serkerde hökmünde gazanan şöhratyndan pes däldir. Ol Gaznada ýokary mekdebi esaslandyrýar; onuň sahylygy üçin ajaýyp edebi zehinler (olaryň hatarynda Ferdöwsi hem bar) emele gelýär. Gazna şol döwürdäki ähli şäherlerden özüniň köşkleri we metjitleri, suwaryş we jemgyýetçilik desgalary babatda tapawutlanýar.
Mahmydyň eýelän çägi Lahordan Samarkanda we Yspyhana çenli uzapdyr; ýöne ol tiz wagtdan soň, demirgazyk welaýatlaryndan jyda düşýär. Birnäçe ýyldan soň seljukly türkmenler Merwiň (Mary) töwereginde, Dandanakanda 1040-njy ýylda Mahmydyň ogly Masudy ýeňlişe duçar edýärler we Gaznalylaryň hökümdarlygyny syndyrýarlar.
Hijri ýyly
Milady ýyly
351-582 Gaznaly türkmenler 962-1186
351 Alp hökümdar
962
352 Yshak
963
355 Bilge hökümdar 966
362 Piri
972
366 Söbük hökümdar 977
387 Ysmaýyl
997
388 Mahmyt (Ýemineddöwle) 998
421 Muhammet (Jelaleddöwle) 1030
421 Masut I (Nasreddin-Ala) 1030
432 Maudud (Şyhabaddöwle) 1041
440 Aly Abul-Hasan (Behaaddöwle) 1048
440 Abdyreşit (Izzaddöwle) 1049
444 Togrul
1053
444 Farruhzat (Jemaladdöwle) 1053
451 Ybraýym (Zahyraddöwle) 1059
492 Masut III (Alaaddöwle) 1099
508 Şirzat (Kemaladdöwle) 1114
509 Arslan (Soltaneddöwle) 1115
511 Bährem şa (Ýemineddöwle) 1118
547 Hysrow şa (Muyzzeddöwle) 1152
555-582 Hysrow Mälik (Täçeddöwle) 1160-1186
■ Gaznaly türkmenleriň şejere daragty
1. Alp hökümdar
2. Yshak
3. Bilge hökümdar
4. Söbük hökümdar
5. Ysmaýyl
7. Mahmyt
8. Muhammet
9. Masut I
10. Maudud
11. Masut II
12. Aly
13. Abdyreşit
14. Farruhzat
15. Ybraýym
16. Masut III
(kiçi ýaşly)
17. Şirzat
18. Arslan
19.Bährem şa
20. Hysrow şa
21. Hysrow Mälik
■ Soltan Mahmydyň häkimliginden
bir tymsal
XI asyryň görnükli döwlet işgäri, seljuk türkmenleriniň döwletiniň pajarlap ösmeginde uly hyzmatlary bitiren, beýik soltanlar Alp Arslanyň (1063-1072 ý.), Mälik şanyň (1072-1092 ý.) baş weziri we ýakyn geňeşçisi Nyzamylmülküň «Syýasatnama» atly häkimlik etmek hakdaky kitaby dünýäniň köp halklarynyň arasynda meşhurlyk gazanypdyr. Mälik şanyň tabşyrygy bilen ýazylan bu kitaby seljuk türkmenleriniň häkimlik etmek hakdaky däl-de, eýsem men bu kitaby belli bir derejede Mahmyt Gaznalynyň häkimlik edişi hakdaky kitap diýip atlandyrmak isleýärin. Nyzamylmülk «Syýasatnamada» Mahmyt Gaznalynyň durmuş ýoluny, häkimlik ussatlygyny, her bir agyr ýagdaýdan baş alyp çykyşyny örän beletlik bilen yzarlaýar, soltanyň Oguz han Türkmenden gaýdýan häkimlik ýörelgelerini ýöredendigini, ýöne gadymdan gelýän türkmen däp-dessurlarynyň, ýörelgeleriniň köpüsiniň seljuklar döwründe ýitendigini nygtaýar. Soltan Mahmyt Gaznalynyň başarnygyny, ugurtapyjylygyny, içki dünýäsini ýüze çykarýandygy üçin men bir tymsaly okyjylaryň dykgatyna hödürlemegi müwessa bildim.
Bir adam Mahmydyň dergähine baryp:
– Men şäher kazysyna gowy ýapylýan gapjyga salyp, iki müň dinar pul saklamaga berdim, özümem syýahat etmäge gitdim. Ýanym bilen alanjamy Hindistana barýarkam ýolda garakçylar talap aldylar, kaza berenimi hem yzyna aldym. Ýöne öýe gelip,gapjygy açyp görsem, ondakylar mis dirhemler bolsa nätjek! Yzyma, kazynyň ýanyna bardym: «Men saňa içi altynly gapjyk goýup gidipdim welin, munuň içindäkiler mis bolup çykdy-la, bu näme beýle bolýar?» diýip soradym.
Olam: «Sen tabşyrýan zadyňy maňa görkezmändiň. Eýsem sen maňa böwrüne möhür urlan ýapyk gapjyk goýup gitmänmidiň näme? Men ony saňa alşym ýalam berdim. Men senden: «Seniň gapjygyň şumy?» diýip soradym. Senem: «Şu» diýip jogap berdiň. Indi bolsa sen meni aldajak bolýaň» diýdi.
Men: «Eý toba, eý toba, Hudaý jan, bendäňe kömege özüň ýetişeweri! Meniň bir çörekligem pulum ýok» diýip gygyrdym diýipdir.
Soltanyň nebsi agyryp:
– Arkaýyn bol, men seniň altynyň barada bir çäre görjek bolaryn. Ýöne, maňa şol gapjygyňy getirip ber – diýipdir. Ol adam gidip, gapjygyny alyp gelipdir. Mahmyt gapjygyň eýlesine-beýlesine seredişdiripdir we deşik yzyny tapmandyr, şondan soň ol:
– Gapjygyňy maňa goýup git, özüňem altynly meseläňi birýüzli edýänçäk meniň iş dolandyryjymdan her gün üç mann çörek, bir mann et, her aýda-da bir dinar pul alyp durarsyň – diýipdir.
Günortanlar dynç alyp otyrka Mahmyt şol gapjygy öňünde goýup, bu zatlaryň nähili-neneňsi bolandygy barada böwrüne diň salypdyr. Ahyr soňunda-da ol şeýle bolan bolaýmasyn diýen netijä gelpdir: bu gapjygyň tikinlerini sökendir, altyny alybam ýene öňküsi ýaly edip tikendir.
Soltanyň düşekçäniň üstüne atylýan örän owadan zerli örtgüsi bar eken. Ol ýarygijeler ýerinden turup, pyçagyny alypdyr-da şol örtgüden bir gez töwerekleri bölüp alypdyr, soňam ýerine geçip ýatypdyr.
Ol ertesi ir bilen awa-şikara çykypdyr, üç günläbem yzyna dolanmandyr.
Oňa hyzmat edýän ýakyn perraşy ertir ir bilen gelip, düşekçäni kakjak bolanynda, örtginiň parçalananlygyna gözi düşüpdir, ýüregi awap, allaniçigsi bolupdyr, zar-zar aglapdyr.
Perraşhanada bir goja perraş bar eken. Ol şol perraşy görüp:
– Saňa näme boldy? – diýip sorapdyr.
Ol:
– Kimdir biri maňa ýamanlyk etjek bolup, tomus ýatylýan otaga giripdir we soltanyň örtgüsiniň bir gezini bölüp alypdyr. Soltan muny göräýse, meni öldür – diýipdir. Goja perraş:
– Onda gaýgy etme, men saňa kömek etmegiň tärini bilýän, ony men saňa öwrederin: soltan awa-şikara giden bolsa, şäherde ýaşy bir çene ýeten bir ýamaçy bar, pylan ýerde dükany bolan şol ýamaçynyň adyna Ahmet diýýärler, juda ökde tikinçi, şäherdäki ýamaçylaryň bary onuň şägirtleridir. Sen örtgiňi şonuň ýanyna eltde, soran puluny ber, onsoň onuň ýaman ýerini iň ussat ýamaçyň-da tapjak gümany bolmaz – diýipdir.
Perraş şol ýeriň özünde örtgini alypdyr-da, Ahmet ýamaçynyň ýanyna ugrapdyr, barybam ýarym dinara örtgini ýamadypdyr.
Ussa örtgini perraşyň öňünde ýazyp goýupdyr welin, perraş onuň haýsy ýeriniň ýamalanlygyny hem aňmandyr. Perraş begenip, ony öýlerine alyp gaýdypdyr we ony öňküje ýerinde, öňküsi ýaly edip ýazyp goýupdyr.
Soltan Mahmyt awdan dolanyp gelipdir. Günortanlar dynç alýan otagyna girip görse, örtgi öňküsi ýaly bitin eken. Soltan gorkudan ýaňa sandyrap duran perraşa hakykaty aýdýar. Ýyrtygy kimiň ýamandygyny ondan anyklaýar. Soň Ahmet ýamaçyny çagyrýar. Ondan hakykaty anyklaýar.
Soltan ahmet ýamaçydan:
– Sen şu ýylyň dowamynda atly-abraýly biriniň öýünde ýaşyl dibadan tikilen gapjygy-ha ýaman dälsiň? – diýip sorapdyr.
– Ýamadym.
– Kimiň öýünde?
– Şäher kazysynyň öýünde, özem maňa iki dinar töledi – diýip jogap beripdir. Soltan:
– Eger şol gapjygy görseň, tanarmyň? – diýip sorapdyr. Ýamaçy:
– Tanaryn – diýip jogap beripdir. Mahmyt düşegiň aşagyna elini sokup, gapjygy çykarypdyr we ony ýamaçynyň elline beripdir:
– Şu gapjykmy?
– Hawa.
– Haýsy ýerini ýamadyň?
– Ine, şu ýerini ýamadym – Ussa barmagy bilen görkezipdir. Mahmyt:
– Eger zerurlyk çyksa, şu aýdanlaryňy kazynyň ýanynda-da aýdyp bilermiň?
– Näme aýtman?!
Mahmyt şobada kazyny çagyrmagy buýrupdyr we gapjygyň eýesiniň yzyndan adam iberipdir.
Kazy gelip salamlaşypdyr we adat boýunça geçip oturypdyr. Mahmyt oňa garap:
– Sen ýaşy bir çene baran, okuwly-bilimli adam, men saňa kazylyk wezipesini berdim, saňa musulmanlaryň emlägini, ykbalyny tabşyrdym, uly ynam bildirdim, sebäbi bu şäherde, bu ýurtda senden has ylymly-bilimli iki müň adam bar, özlerem meňki bolsun diýen wezipelerden mahrum. Şondan soň seniň şeýdip, naýynsaplyk etmegiň, bildirilen ynamy basgylap, musulmanlaryň mal-mülküni ellerinden almagyň, olary gedaý goýmagyň görlüp-eşidilen zatmydyr? – diýipdir.
Kazy:
– Eý agaýy! Beýle diýmäweriň, muny kim aýtsa-da, ýalan aýdypdyr – diýipdir. Soltan:
– Sen hut şeýdipsiň, ikiýüzli köpek – diýipdir. Soňra ol oňa gapjygy görkezipdir-de:
– Ynha saňa ynanylan zat, sen onuň tikinini söküpsiň, içindäki gyzyly alypsyň, ýerine-de mis salypsyň, gapjygy ýamamaga beribem, pul eýesine gulply gapjygy gowşuran kişi bolupsyň. Ynha seniň bolşuň, ynha seniň päkligiň! – diýipdir. Kazy:
– Men hiç haçan hiç hili gapjyk göremok, bu iş barada-da bilýän zadym ýok – diýip, nadaralyk edipdir. Mahmyt:
– Gidiň-de, şol ikisini alyp geliň – diýip buýrupdyr. Hyzmatkärleriň biri gidip, pul eýesini we ýamaçyny alyp gelipdir.
Mahmyt:
– Eý, kezzap, ynha-ha pul eýesi, hanha-da ýamaçy. Ol bu gapjygyň, ine, şu ýerini ýamapdyr – diýipdir. Kazy çym-gyzyl bolup, gorkusyna galpyldap ugrapdyr, dili tutulypdyr. Mahmyt:
– Bu köpegi alyp gidiň-de, şu adama puly berýänini-bermeýänini görüň, ol oňa puly häziriň özünde bermese, kellesini aldyrýan – diýipdir. Ýarym öli-ýarym diri kazyny soltanyň köşgünden göterip diýen ýaly çykarypdyrlar, garawulhana ýerleşdirip, puly eýesine bermegini talap edipdirler.
Kazy:
– Iş dolandyryjymy çagyryň – diýipdir, iş dolandyryjy gelipdir. Kazy oňa pul alyp gelmegi tabşyrypdyr, ol hem Nyşapuryň iki müň sany gözüňe söweýin altyn dinaryny alyp gelipdir.
Ertesi Mahmyt arza-şikaýatlara garalyp durka kazynyň bihaýalygyny märekäniň öňünde jar edipdir. Soň ony göterip, köşgüň diwarynyň kertiklerinden başaşak asmagy buýrupdyr. Han-begler: ol goja kişi, danyşment adam, haýpyňyz gelsin – diýip, onuň günäsini geçmegi towakga edipdirler. Kazy boşadylmagy üçin elli müň dinar hödürläpdir.
Beýle-beýle hekaýatlaryň aňyrsy bar-da, bärisi ýok. Bu tymsalyň mysal getirilmeginiň sebäbi hem şalaryň adyl kazylyk we adyllyk barada nähili alada edendiklerini, zalymlary ýeriň ýüzünden süpürip taşlamak üçin olaryň nähili çäreleri görendiklerini şahyälem bilsin diýlendir. Patyşa üçin güýçli akyl-paýhas güýçli goşundan gowudyr.
Osman ÖDE.
Taryhy makalalar