12:12 Gaznawylar we deýlemiler hanedanlygy | |
GAZNALY ŞALAR HAKYNDA
Taryhy makalalar
Olaryň ata-babalary Alptegindir. Alptegin Ahmet ibn Ysmaýyl Samanlynyň gullaryndandyr. Soňra Abdylmälik ibn Nuh zamanynda Horasan begidi, oňa gaharlanyp baryp, Gazna şäherini aldy. Onda öz adyna hutba okatdyrdy. Soň Nuh ibn Mansur onuň ogly Abuyshaga Horasan begligini berdi. Emir Söbüktegin onuň gapy saklaýjysydy. Onuň aýal doganynyň adamsydy. Soňra Gaznada Alptegin ölüp, ýerine oturar ýaly adam bolmanlygy üçin esger Söbüktegini gowy görüp, ony Gaznada şa etdiler. Söbüktegin adyll şady. Ol hemişe Hindistana hüjçm edip, ol ýerdäki kapyrlary musulman etmek üçin söweşýärdi. Köp galalar alyp, köp mal-olja eýe boldy. 30 ýyl mälik bolup, hijriniň 386-njy ýylynda aradan çykdy. Onuň wesýeti bilen kiçi ogly Ysmaýyl şa boldy. Uly ogly Mahmyt Horasana gaçypdy. Soňra aralarynda garşylyk bolup, Mahmyt çykyp, Ysmaýylyň jeňine geldi. Ysmaýyly Gaznada gabady. Soňra Ysmaýyla aman berdi. Dogany Seýfeddöwle gelip, Mahmyda soltanlygy tabşyrdy. Soltan Mahmyt Ysmaýyla aýtdy: “Eger meni ýeňen bolsaň, meni näme ederdiň?” Ol aýtdy: "Seni bir galada tussag ederdim. Seni ýeterlik iýdirerdim, geýdirerdim" diýdi. Soltan Mahmyt onuň aýdanlaryny ýerine ýetirdi. Soltan Mahmyt adyl, akylly kämil, mähriban, alymlary söýýän, dindar, uruşda ýeňiji patyşady. Hemişe Hintde gazawat ederdi. Ondan köp ýer alyp, ähli yslam bilen abat etdi. Uruşlaryň biri hijriniň 416-njy ýylynda boldy. Hindistanyň Medaýyn şäheriniň Suwmanat atly ýerinde buthana bardy. Hindiler ol buthanany öz “Mekgeleri” hasap edýärdi we köp sowgatlar berýärdi. Oňa hudaýýoly diýip, göwher, mal-olja köp zat getirýärdiler. Oňa 10 müňden zyýada köçeden salgyt almagy bagyş etdiler. Soltan Mahmyt baryp, hindileri gyryp, ol buthananyň malyny aldy. Butlaryny ýakdy. Beýik buty getirip, Gaznada bina etdiren metjidiniň gapysynda goýdy. Soltan Mahmyt öz zamanynda iň beýik patyşady. Ähli mälikler ondan gorkýardy. Gazna, Horasan, Raze, Hemedan, Jürjan, Sejistan, Horezm, Yspyhan, Gur ýurtlaryna, Hint yklymyna, Yraga höküm ederdi. Iki mukaddeslikde Medine we Mekgede onuň adyna hutba okalýardy. Ferdöwsiniň “Şanama” eseri onuň adyna ýazylandyr. “Şanamada” we başga eserlerde onuň adyna goşgy ýazylandyr. Dünýäde iň uly derýalaryň biri bolan Jeýhun ýa Amyderýadan bir kanal gazdyryp oňa 2 müň gezek müň flury sarp edildi. 33 ýyl soltanlyk edip, hijriniň 421-nji ýylynda iç geçme we was-was keseline duçar bolup, 2 ýyllap hassa bolup, asla düşekde ýatmady, ýassyga daýanmady. Ol oturan ýerinden uklardy. 60 ýyl ömür sürdi. Ýerine ogly Muhammet şa boldy. Yspyhan emiri bolan uly dogany soltan Masut bu ýagdaýy eşidip geldi. Doganyny kowup, ýerine soltan boldy. Soltan Muhammediň gözüne mil çekip, ony raýat etdi. Öz ýanynda tutup, onuň bilen gürrüňdeş boldular. Ýokarda agzalanyň öwlatlary hijriniň 555-nji ýylynda Yspyhan, Tabarystan, Jürjan, Huzystan, Gury welaýatlarynda hökümdarlyk edip, hijriniň 556-njy ýylynda Gyýasseddin atly patyşa nökeriniň neslinden Topuz patyşasy bolan Hysrow şany tutup, bir galada tussag edip, onda wepat etdi. Ähli soltanlygyň dowamlygy 213 ýyldyr. * * * Mahmydyň nesli barada Beni Söbükteginden, olar on adamdyr. Olaryň patyşalygy 70 ýyl 5 aý boldy. Hoja Abuelfazl Muhammet ibn Hüseýin Beýhaky şeýle rowaýat aýdar: soltan Mahmydyň atasynyň ady serjuk (seljuk) diýerdiler. Şol döwürde çadyrlarda ýaşap ýören nejeşiler (bagşylar) taýpasy bilen gaznalylar arasynda parahatlyk bardy. Ýöne bagşylar taýpasy parahatlyk şertnamany bozup, duýdansyzlykda gaznalylary talap, atam Söbüktegini, birnäçe ýesirler bilen Mawerennahra satmaga getiripdirler. Hajy atly bir bazargan bardy. Her ýyl şah buýrugy bilen bazarganlyk ederdi. Ol ýyl Söbüktegini birnäçe ýesir bilen satyn alyp, Buhara eltdi. Ol wagt Buhara welaýaty samanlylardan Abdylla mäligiň elindedi. Onuň Uly begi Hajy bolup, Teksen Hajy bazargandan birnäçe ýesir bilen Söbüktegini satyn alyp, şol zamandan soňra Söbüktegine söweş esbaplaryny berip, ony Hemedanyň goşunbaşlygyna belledi. Alptegin garrrapdy. Soň soltan Mahmyt kakasynyň beýikligi bilen kuwwat tutdy. Ondan Samanlylar pese düşdi. Gapysynda bolan jeň üçin soltan Mahmyt olaryň ölümine niýet edip, olary öldüripdi. Ýurdy alyp, soltanlyk tagtyna geçdi. Mahmudyň nesli şu aýdylanlardan ybaratdyr. Söbüktegin taryhyň 387-nji ýylynda wepat boldy. BUÝE EL DEÝLEMI NESILŞALYGY BARADA Buýe Deýlem diýilýän adamyň 3 ogly bardyr. Ymadeddöwle Aly, Rukneddin Hasan, Mogzaeldöwle Abylhüseýin. Tabarystan häkimi Ahmet Makan Deýlemä hormat edip, ony ýanyna golaýlaşdyrdy. Wagt gelende Makan Merdöýj Deýlemiden ýeňilip, bular Merdöýjiň ýanyna bardylar. Merdöýj bulara raýatlyk berip, her birine etrabyň işini tabşyrdy. Ymadeddöwle işiň ugryny bilýän adamdy. Öz etraby bolan Kerruhdan salgyt almak üçin gelen Merdöýjiň ýaranlaryna hezzet-hormat edip, soňra özüne tabyn etdi. Soň 900 kişi bilen baryp, Yspyhan häkimi ibn Ýakuda 10 müň atly bilen garşy çykyp, jeň etdiler. Ymadeddöwle ýeňiji bolup, ondan soňra halkyň gözi gorkup, her ýere barsa, ol ýeri basyp aldy. Hijriniň 321-nji ýylynda Yspyhany, Arjany, Karzuny eýeläp ondan Şiraza häkim bolup, ony abat edip, paýtagt edindi. Ondan soň Ehwaz, Wasyt, Bagdat Basra mälik boldy. Doganlarynyň her birine “Bir iş öwreniň” diýip, işe goýdy. Buýe nesliniň bagtlylygy barada hemmeler şeýle hekaýat ederler: Ymadeddöwle Şirazy basyp aldy. Soňra onuň ýaranlary ondan iş, mal-mülk islediler. Olara berer ýaly puly ýoklugy sebäpli gaýgy-gama batyp, arkan düşüp ýatyrka bir ýylany görüp gorkup turdy. Ýylan barlygy hazyna barlygynyň delili. Haýal etmän emr etdi. Daş düşeýänler gelip ony gördüler ýokary çykyp barýar. Yzyndan çykyp görseler, birnäçe sandyk bar. Ymadeddöwlä habar etdiler. Buýurdy: sandyklary aşak indirdiler. Görseler içlerinde 500 müň altyn bar. Derrew alyp, esgerlerine bölüp berdi. Patyşalyk işleri berkidildi, pajarlap ösdi. Hekaýat aýdýarlar: Bir ogry bar eken. Öňki wagtlarda begleriň sandyklarynyň gulpuny açýar eken. Ony çagyrdylar, ol geldi. “Bu sandyklary aç” diýip, haýyş etdiler. Ol patyşanyň ýanyna çagyrýanyny duýdy, gelip, tagzym edip, “Günämi geç, şahym” diýdi. Mende 12 sandykdan artykmaç sandyk goýmadylar. Içinde näme barlygyny bilmeýärin diýdi. Emr etdi: Sandyklary açdylar. Mallar we nepis esbaplar bar eken. Haýran galdylar. Ol oljalaryň hasabyna gün-günden patyşalygyň abraýy artdy. Hijriniň 338-nji ýylynda patyşa Şiraz şäherinde wepat boldy. Ýokarda agzalanyň öwlatlary 445-nji ýyla çenli ol etraplarda soltanlyk edip, hijriniň 448-nji ýylynda soltan Togrul Seljugyň güýji bilen Benibuýe soltanlygy ýok boldy. Buýe nesliniň soltanlygy 155 ýyldyr. Soňy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |