23:17 Göreş / satiriki hekaýa | |
GÖREŞ
Satiriki hekaýalar
Giçligara obasynyň oglanlary mekdebiň sport meýdançasyna üýşüp, garaňky gatlyşynça dürli oýunlary oýnaýardylar. Käte futbol, käte-de çilik oýnaýardylar. Basalaşýardylar, göreş tutýardylar. Oglanlaryň içinde Köşek atlysy hem bardy. Olar gezekli-gezegine basalaşyp, öz aralarynda ýeňiji hasaplap, birinji ýeri Sähede bermeli etdiler. Şonda çeýe bolsa-da, Sähetden asgyn gelen Durdy: — Oglanlar, munyňyz karam bolýar, Köşek bilen hiç kim güýç synanyşyp görmedi. Hakykatdan hem, birinji boljak bolsa, Sähet onuň bilenem göreş tutsun. Ýeňse, aramyzda birinjiligini ykrar edeliň. Bu sözleri eşiden Köşegiň aljyramakdan, gorkudan ýaňa ýüzüniň reňki üýtgäp, gözleri tegelenip gitdi. Ol gözlerini elek-çelek edip: — Ýok, oglanlar, men göreşibem bilemok, basalaşyp hem bilemok — diýdi. Ol ýerinden turup, arkanjaklap ugrady. Oglanlara-da tomaşa gerek, daşyna tegelenişip, ýalbar-ýakar edip, ony orta çykardylar. Köşek oglanlara ýalbardy: — Oglanlar, Sähede aýdaweriň, ol meni gaty ýykyp, bir ýerimi agyrdaýmasyn! Basalaşykda oglanlaryň baryndan üstün çykansoň, Sähediň temegi ýokarydy. Ol öz içinden: «Galanlara-da göz edip, bujagaz tosunja oglana asmandaky ýyldyzlary sanadaýyn» diýip oýlandy. Şeýdip, göreş başlandy. Sähet Köşegiň bilinden tutup, badak saljak boldy, emma Köşek emelden sypyp, onuň özüni ýanbaşa mündürip, agdaryp ýere urdy, özi hem onuň üstüne düşdi. Sähet ýatan ýerinden Köşege haýbat atdy: — Düş üstümden! Ýerimden bir turaýyn, görkezerin men saňa. Emma Köşek ony goýbererli däldi. Tomaşa edýänler bu ýagdaýa hezil edip gülüşýärdiler. Birdenem Köşek uly ses bilen möňňürip başlady. Aňyrdan gelen Durdy gülüp durşuna, Köşege ýüzlendi: — Köşek, sen ýeňdiň ahyry, möňňürip ýatyşyňa nähili düşünmeli? — Görüp dursuň-a Sähediň bolşuny. Ol ýerinden turaýsa, maňa hezil bermejegini aýdyp ýatyr-a! — diýip, Köşek ýarym-ýaş aglaýardy. Onuň bu bolşy ýeňijiniň özüni alyp barşyna meňzeş däldi. Durdy gyzyl-gyran gülşüp duran oglanlaryň arasyndan sogrulyp bardy-da, Köşegiň elinden çekip, ony ýerinden turuzdy. Agyr göwre üstünden aýrylansoň, Sähet demini dürsäp, yraň-daraň ýerinden galdy-da, şeýle diýdi: — Eý, oglanlar! Göreş-beýleki diýip, biriňizem Köşege golaýlaýmaň. Sähet soňra ýuwaşja ýöräp, Köşegiň ýanyna bardy-da, ony gujaklap, arkasyna kakdy: — Tüweleme, emel öwrense, Köşegiň güýç-kuwwaty ýerinde. Daşyndan sereden ýaly däl ekeni — diýdi. Şol wakany ýatlap, oba oglanlary şu günlerem gülüşýärler. Çary AÝNAZAROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |