17:28 Göreşli ýyllaryñ gyzy: Ene Taganowa | |
GÖREŞLI ÝYLLARYÑ GYZY
Zenan şahsyýetler
Ony bu gün esgerler myhmançylyga çagyrdylar. Adam şeýle ýagdaýda mydama tolgunýar. Jemagat öñünde çykyş etmek, elbetde, ýeñil däl. Ol bagjagazyñ içi bilen çagyrylan ýerine tarap barýar hem-de pikir edýär, haý-haýly otuzynjy ýyllary göz öñüne getirýär. Çagalykda, ýaşlykda gezen ýerleriñi synlamakdan, şo döwrüb unudylmajak wakalaryny ýatlap bir salym oturmakdan lezzetli zat bolmazmyş diýýärler. Şeýle minutlar adamyñ ruhuny täzeleýärmiş diýýärler. On ýedi ýaş! Ýesenin bu ýaşda eýýäm ady belli şahyrdy. Şostakowiç kompozitordy. Emma genilerdeb mysal almak derkarmy?! Türkmenistan komsomolynyñ MK-nyñ pionerler baradaky Merkezi býurosynyñ başlyklygyna bellänlerinde häzir altmyşyñ soñuna giren şu aýalyñ on ýedi ýaşy hem dolmandy. Şol wagta çenli ýaş gyz belli bir durmuş tejribesini toplamaga-da ýetişmändi. Internatda terbiýelenipdi, pedtehnikumy gutarypdy. Tehnikumda okaýan ýyllarynda şol döwrüñ ýörgünli "medeni ýörişlerine" gatnaşyp, obada sowatsyzlygy ýok etmek boýunça alnyp barylýan gaýduwsyz göreşlere gatnaşypdy. Uzyn boýly, inçemik ýüzli görmegeý gyz atasy ýaly adamlara elipbiý öwredýärdi. Olara Lenin hakda, kolhoz hakda, Moskwa hakda gürrüñ berýärdi. Şonda bujagaz gyzyñ gürrüñlerine pisindi oturmaýan garmadonly, tirme guşakly, ýüzi jozzuk ýaly gara sakgally bir adam: - Sen jedir-jedir edip, Lenin diýýäñ, Meskew diýýäñ, ýeri, olary gördüñmi? - diýip, ýakymsyz ýylgyrdy. - Ýok, men Lenini hem göremok. Moskwanam. Emma ol meni görýär. Olar sizem, şu obanam görüp durlar! - Baý-bow. Şeý diýsene... Adamyñ içindäkinem bilýändirler onda. - Gürrüñi näme! Mysal üçin olar sende näçe süri dowaryñ bardygyny, näçe talabanyñ, hatda näçe aýalyñ bardygyny hem bilýärler! Oturanlaryñ bir bölegi ýaş gyzyñ bu sözüne gyzyl-gyran bolup gülüşdiler, ýüzi jozzuk ýaly gara sakgally bolsa öñküsindenem beter gyzarypdy. Onuñ äpet göwresini howsala garyşykly gorky gaplap alypdy. Täze eýýamyñ taryhynyñ şöhratly sahypalaryndan orun alan otuzynjy ýyllaryñ beýik rewolýusion wakalary Türkmenistanyñ ilkinji komsomollarynyñ ady bilen mäkäm baglanyşyklydyr. On ýedi ýaşyny-da doldurmadyj gyz otuz birinji ýylda bolup geçen bir wakany hiç haçan unutmaz. Ol Türkmenistan Komsomolynyñ Merkezi Komitetiniñ ýörite tabşyrygy bilen Kaka raýonynyñ şindiki Lenin adyndaky kolhozyna barypdy. Tabşyryk anykdy, örän jogapkärlidi, ony durmuşa geçirmek iññän çeýeligi, ugur tapyjylygy, şahsy mertligi talap edýärdi. Obada kollektiw hojalygy döretmelidi, galla ýygnamalydy. Agar aga diýen ýaşuly Aşgabadyñ wekili bolup baran gyzyñ iñ ýakyn kömekçisi boldy. Gijara oba adamlarynyñ aglabasyny ýygnak geçiriljek meýdana toplamak başartdy. Agar aganyñ depesi bedeli tamynyñ öñüne dürli-dürli adamlar üýşüpdi. Ýygnak geçirjek gyza ýigrenç bilen seredýänlerem bardy, haýran galmak bilen, daşyndan guwanmak bilen seredýänlerem bardy. Panus çyrany tamyñ öñündäki tuduñ şahasyndan asypdylar. Aşgabatly wekiliñ ýanynda ýerli aktiwden hem iki gyz bardy, olaryñ biri rus gyzydy, beýlekisi likbezde mugallymçylyk edýän tatar gyzydy. Ýassy uçurlarynda märekde birdenkä tolgunma, hyşy-wyşy artyp başlady. Nämäniñ-nämedigini bada-bat duýan Agar aga aşgabatly gyzyñ gulagyna galagoply çawuş çakdy. - Daşymyzy gabapdyrlar. Merdiwan söýedim. Derrew ýoldaşlaryñ bilen tamyñ üstüne çykyñ-da, bedäniñ astynda gizleniñ! Emma... mugallym gyz tamyñ üstüne çykmaga ýetişmedi. Ol kolhoz gurluşygynyñ ýerli duşmanlarynyñ eline düşdi... Bedäniñ astynda ýatan rus gyzy bilen komsomolyñ wekilini dañ atyp-atmanka tamyñ töweregindäki gykylyk oýardy. Obanyñ komsomol oglanlary, ýaş ýetginjekleriñ uly topary uzyn gije bu iki gyzyñ daşyny goran ekenler. Häzir bolsa olar ýerli baýlaryñ öten gijeki eden-etdiligine garşy özboluşly demonstrasiýa geçirýärdiler. Bu üýşmeleñ entek guramaçykyk taýdan gowşak bolsa-da, olar täze durmuş ugrunda gaýduwsyz göreşmäge taýýar ýaşlardy. Olaryñ kasam bolup ýañlanýan sözlerini diñlemek ýakymlydy. Iki gün geçenden soñ Komsomolyñ Merkezi Komitetine ýygnagyñ kararynyñ kopiýasy gelip gowuşdy. Onda şeýle diýilýärdi: "...Umumy ýygnak Türkmenistan komsomolynyñ Merkezi Komitetiniñ pionerler baradaky Merkezi býurosynyñ başlygy ýoldaş Taganowanyñ dokladyny diñledi. Birinji mesele boýunça obada kolhoz döredilip, oña rewolýusiýanyñ serdary ýoldaş Leniniñ ady dakyldy. Ikinji mesele boýunça ýerli baýlaryñ gizläp goýan dänelerinden elli iki batman bugdaý döwlete tabşyryldy. Ýaşasyn Lenin!" ...Ol bagjagazyñ içinde gezim edýärdi. Esgerler bilen duşuşmaga ýarym sagatdan köpräk wagt bar. Ýere keçe kimin düşelen sary ýapraklaryñ üstüni basgylap, güýzüñ bu ajaýyp gününde gezim etmek lezzetli. Ine, uniwersitet tarapdan gelen bir topar gyz bagjagazyñ içindäki uzyn oturgyçlaryñ birinde oturýarlar-da, seslerini çykarman ellerindäki kitaplarynyñ gatyny açýarlar. Gezim edýän aýal birden kürtdürip durýar-da, elindäki sumkasyndan dört eplenen gazeti alýar. "Ýaş kommunistiñ" birinji sahypasynda ýerleşdirilen otuz birinji ýylyñ suratyna ýene bir gezek nazar salýar. Iki gyz, birem erkek adam. Olaryñ hemmesiniñ elleri plakatly. Nobatdaky tabşyryga ugramazlarynyñ öñ ýanynda olar maslahat edýän bolara çemeli. Bu surar "Ýaşkoma" Moskwadan, TASS-dan gowşupdyr. "Otuzynjy ýyllaryñ komsomollary Woçilow, Taganow, Myradow..." Beýleki gyz häzir Türkmenistan Kompartiýasynyñ Merkezi komitetinde işläp ýören Aman Myradowa bolmaly. Üçünji kimkä? Onuñ familiýast Wekilowdy, özem aşgabatlt ýigitdi öýdýärin. Onuñ soñkt ykbaly nähili boldyka? Sag-aman gezip ýörmükä? Niredekä? Niredesiñ söwer ýoldaş? Diri bolsañ seslen, mähriban dost! Bardy geldi häzir sen bir ýerden çykaýsañ, gapdalyñdaky iki gyz saña öz başlaryndan geçen köp-köp zatlaty gürrüñ berip bilerdi. Aman Myradowa-da, Ene Taganowa-da sag-aman ýaşap, işläp ýör. Olaryñ terjimehallary bilen tanyşmak seni guwandyrardy. Sen Enw Taganowany synlan wagtyñda bir kiçijik zat hökman gözüñe ilerdi, sen onuñ sag gulagynyñ çalaja gädikdigini görerdiñ. Onuñ gulagyny kolhoz gurluşygynyñ duşmanlarynyñ Marynyñ demir ýol köprüsiniñ astyndan atan oky gädipdi. Ene Taganowa saña 1936-njy ýylda Kerki şäher komsomol sekretaryka Amyderýanyñ ýakalaryny paý-pyýada gezip türkmen gyzlaryny okuwa çekmek barada gijesini gündiz edip işlänini, otuz ýedinji ýylda ýene-de Türkmenistan komsomolynyñ Merkezi Komitetiniñ apparatyna gelenini, 1943-1945-nji ýyllarda Moskwada ýokary Partiýa mekdebine okanyny, ony gutaryp Moskwada, Partiýanyñ MK-nda instruktor bolup işlänini, soñra 1947-nji ýylda BK (b) P-nyñ Merkezi Komitetiniñ sekretary A.A.Ždanowyñ goly çekilip ýollanan haty bilen Partiýanyñ Çärjew obkomynyñ propoganda barada sekretary bolup işe gaýdandygyny... gürrüñ bererdi. Ol saña Leniniñ işi ugrynda ak ýürek bilen, yhlas bilen çekilen köp ýyllyk zähmete şaýatlyk edýän zady - "Zähmet Gyzyl Baýdak" ordenini-de görkezerdi. Ýatdan çykmajak otuzynjy ýyllarda egin-egne berip işleşen ýaşlyk ýoldaşyndan hiç zady gizläp bolmaz ahyry! Respublikan gazet-žurnallaryñ birleşen neşirýatynyñ direktory, Türkmenistanyñ ilkinji komsomollarynyñ biri, 1941-nji ýyldan bäri partiýanyñ hatarynda durýan Ene Taganowa üçin ýaş esgerleriñ öñünde aýdara-goýara zat bar. Ol komsomolyñ şindiki nesliniñ ata-babalarynyñ geçen şöhratly ýoly hakynda gürrün berer. Ol ýeñil bolmandy... 1981 ý. Berdinazar HUDAÝNAZAROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |