GÖWHER GAŞLY ÝÜZÜK
Döwran täzelikde özüne berlen ikinji gatdaky iki otagly öýüniň aýnasyndan daşary seredip, oýa çümüp durdy. Çagalar öýünde ösüp ulalan, ýokary bilim alyp, iki ýyl bäri uly gurluşyk edarasynda işläp ýören ýigidiň öz tünegine eýe bolmak baradaky arzuwy amala aşypdy. Ol muňa biçäk begenýärdi. Ol begenjini paýlaşmak uçin halaşýan gyzy Aýgüli öýüne çagyrypdy. Aýgül onuň begenjine begenç goşup,tüýs ýüreginden gutlady. Emma ýigit Aýgüli özüne çekip ogşamakçy bolanda, gyz muña ýol bermedi.
- Goý Döwran, entek bu zatlara barmaly-diýdi.
- Näme üçin? Ýa meni gowy göreňokmy?
- Gowy görýän. Emma ykbal biziň ýyldyzymyzy goşmasa, dodaklarymda seniň dodaklaryňyň yzynyň galmasyny islämok.
Döwran häzirem Aýgüliň şu sözlerini ýatlap,o ýa çümüp durdy. "Näme üçin ol şeýle diýdi? Näme üçin ykbal biziň ýyldyzymyzy goşmaly däl? Biz bir-birimizi gowy
görýäs ahyryn" diýip, ol içini gepledýärdi.
Gapy kakyldy.Ol hyýalyndan açylyp, gapy tarapa öwrüldi:
- Giriberiň!
Ýylgyryp Tamara girdi. Ol ýeňsiz erkekçe köýnek we jinsi balakdady. Erkin göýberilen saçlary ýeňsesine düşüp durdy.
- Salam, başlyk!- diýip, ol näz bilen gözlerini süzdi.
- Salam! Maňa "başlyk" diýme diýip saňa näçe gezek aýtdym. Eger adymy tutmagy islmeseň "Goňşy" diýiber.
- Wiý, bagyşla, goňşy. Sen edaramyzyň baş inžineri bolansoň başlyk diýýän-de
Döwrän özüniň oý-hyýallary bilen gümra bolup durka, onuň göz agrysy ýaly bolup geleninden beter, özüni alyp barşyny halamady. Şonuñuçin gödegräk äheňde:
- Ýeri näme diýip geldiň?- diýdi.
- Wiý, goňşy, öýe gelen adama türkmende beýle diýilýän däldir-diýip, Tamara gaşyny çytdy.
- Bäh, türkmençilig-ä gowy bilýän ekeniň. Ýöne jinsi balak geýip, özüňi türkmen zenanydyryn öýdüşiň-ä gelşenok.
- Keteni köýnek geýip, gül ýaka dakynyp, laý garyp, suwag suwap bolýamy?-diýip, Tamara ahmyrly äheň bilen sorag berdi. Döwrana onuň jogaby erbet täsir etdi.
- Işiň ýeňil däldigini bilýän, Tamara. Göwnüňe degen bolsam bagyşla.
- Degesiň gelse degiber. Meniň göwnüm degile-degile bireýýäm ellerim ýaly gatap galypdyr. Indi özümde göwün diýilýän zat bardyram öýdemok - diýdi. Tamaranyñ bu sözleri Döwrana öñküsinden hem beter täsir etdi.İndi oña has mylsýymlyk bilen ýüzlendi:
- Tamara, menlik bir işiň bolsa çekinme-de aýdaý-diýdi.
Tamara kinaýaly ýylgyrdy.
- Ýok, senlik işim ýok, Döwran. Ýöne ýaňky yzyňa tirkäp gelen gyzyň eglenmän çykyp gideninden soň seni tukatlanyp oturandyr, göwnüni ýazaýaýyn diýip giräýdim. Tüýs özüňe mynasyp gyz ekeni, basymrak toýuňy toýlaly-la
- Bä, aňtan ekeniň-ow!
- Ýok, aňtamok. Içim gysyp, aýnadan köçä seredip durkam onuň bilen bile awtobusdan tirkeşip düşeniňizi, soňra onuň köp eglenmän ýeke özüniň çykyp gideninem gördüm-diýip, Tamara aýnanyň öňüne bardy,derrewem Döwrana öwrülip: - Seret, Döwran, düýnki daýza ýene-de gelýär-diýdi.
Döwran howatyrlanyp:
- Kim daýza?-diýip, Tamara dykgatly seretdi.
- Saňa aýtmak ýadymdan çykypdyr. Iki gün bäri şu daýza gelip, gapyňy kakyp, durup-durup gidýär. Köçä çykybam kän garaşýar. Döwran birhili üýtgäp, "Öýümi-de tapypdyr-ow" diýip hümmürdedi-de, Tamara ýüzlendi:
- Näme diýsene, Tamara, meni öýde ýok diý ýa-da bu ýerde ýaşanok diý. Meniň şol aýaly göresim gelenok.
- Wi, näme beýle? Ýa-da oňa bergiň barmy?
- Ýok, meniň oňa hiç hili bergim ýok. Men ýok, düşündiňmi? Haýyş edýän-diýip,
Döwran içerki otaga girip giden badyna gapy kakyldy.
- Giriberiň, gapy açyk-diýip. Tamara seslenenden içeri elli ýaşlaryna golaýlan kaşaň geýnüwli aýal girdi. Onuň gaty tolgunýandygy duýulýardy.
-Salam, şu Döwranyň... Döwran Allaýaryň öýümi?-diýip,gyryljak ses bilen Tamara ýüzlendi.
Tamara näme jogap berjegini bilmän,aljyrap ikirjiňlendi:
- Ä ?Men... Men bilemok...
Tamaranyň aljyramagy onuň tolgunmasyny köşeşdirdi. Ol Tamara golaýlaşyp:
-"Bilemok" diýmäň nämä, gyzym? Menden utanma. Sen Döwranyň gelinligimi?-diýdi.
- Menmi...Men goňşusy.
- Gelinlik goňşudan bolsa hasam gowy. Hany Döwranyň özi nirede?
- Bilemok... Ol ýok.
- Nirä gidenini saňa aýdandyr.
- Aýdanok. Döwranlyk näme işiňiz bar, daýza?
Aýal uludan demini alyp, dymdy, soňra:
- Onuň bilen gürrüňim bar. Möhüm gürrüň. Men näçe wagt bäri onuň yzynda.Onuň bolsa şol gaçyp ýörşi. Meni göresi-de gelenok-diýip, hamsykdy, ýaşa dolan gözlerini kesä sowdy. Tamaranyň göwnüne "Bä, Döwran bu biçäräni çürkäýdimikä?" diýen güman geldi.
Onuñ gözýäş edip duran aýala rehimi inip:
-Goýuň, aglamaň, daýza. Men ony sizden gaçmaz ýaly ederin-diýdi.
- Ä, şeýtjekmi, gyzym.? Bereket tap. Ol seniň gepiňe gulak asar. Ony meniň bilen bir duşur, balam!- diýip ýalbardy.
- Bolýa, duşuraýyn, daýza. Ýöne öňürti maňa aýdyň,siz ony näme uçin ideýäňiz? Näme beýle azara galyp ýörsüňiz?
Aýal Tamaranyň bu soragyna jogap berip bilmejegini aňladyp, kellesini ýaýkady.
- Ýok, gyzym... Häzir men saňa hiç zat aýdyp biljek däl. Men diňe onoň özi bilen gürleşmeli. Ýöne häzir oňa garaşmaga wagtym ýok. Gün ýaşyp barýar. Ýene-de eglensem öýdäkiler howatyr ederler. Senden haýyşym, oňa aýt, berkräk aýt, menden gaçmasyn... Men onuň bilen ýekeje gezek ýüzbe-ýüz oturyp bir gürleşeýin, onsoň ygtyýar özünde- diýip, aýal ýenede gözüne ýaş aýlady.
- Men ertir edil şu wagt gelerin. Sen ony hiç ýana goýbermän saklajak bol, gyzym.
Tamara "bolýa"diýen manyda başyny atdy.
- Men sizi kim diýip aýdaýyn,kim geldi diýeýin?
- Narhal daýza diýseň özi düşüner.
- Narhal, Narhal daýza!- diýip, Tamara gaýtalady.
- Hawa. Indi senem özüňi tanyşdyr,gyzym, adyň näme?-diýip, aýal mylaýymlyk bilen sorady.
- Adym Tamara.
- Tamara diýsene. Gaty gowy.Indi türkmenlerem şeýle at dakaýýalarmy, gaty gowy.
- Meniň adymy türkmen dakypmy,ors dakypmy, özümem bilemok. Men çagalar öýünde ösdüm-diýip, Tamara oňa birhili müýnli seredeninde aýalyň ýüzi üýtgäp gitdi.
- Çagalar öýi...- diýip,ol uludan demini alyp, birsalym dymdy.Soňra özüni dürsäp, mähribanlyk bilen sorady.
- Tamara, gyzym, bir zat sorasam aýyplaşmarsyň-da. Entek toýuň-zadyň gürrüňini edeňizokmy? Haçan toý etjek diýýä Döwran?
Bu soraga Tamaranyñ gülküsi tutdy.Emma özüni basyp ýylgyryp jogap berdi:
- Döwranyň haçan toý etjegini-hä bilemok, daýza. Ýöne öz-ä şol hakda oýlanyp ýörmük-ä diýýän.
Tamaranyň jogabyna özüçe düşünen Narhal gyzyň ýüzüne aýratyn bir mähir bilen seredip durdy-da, birden barmaklaryndaky ýüzükleriň birini çykaryp, duýdansyz Tamaranyň barmagyna dakdy.Onuň duýdansyz eden bu hereketinden aljyran Tamara:
- Weý, daýza, bu näme etdigiňiz? Alyň yzyna-diýip,özelendi.
-Bu, gyzym hamyr ujundan petir diýilişi ýaly toýuňyzyň öňünden menden sowgat.
- Ýok,ýok, daýza, men...
- "Ýok" diýmäñ näme!- diýip, ol Tamara geplemäge maý bermedi.
Näme diýjegini, näme etjegini bilmän aljyrap duran gyzy özüne çekip, maňlaýyndan ogşady-da:
- Ertire çenli hoş!- diýip, çykyp gitdi.
Tamara bu garaşylmadyk waka haýran bolup,barmagyndaky ýüzüge seretdi."Bä, göwher gaşly ýüzük. Munuň ýaly gymmatbahaly zady ýöne ýere sowgat bermezler. Bu aýalyň özi kimkä? Ol meni Döwranyň gelinligidir öýtdi.Goý,bu ýüzük entek özümde dursun.Sakawyň soňuna seredeli" diýip, Tamara içini gepledip durka, Döwran içerki otagyň gapysyny gyýa açyp yşyklady. Ol tamaranyň ýeke özi oýa çümüp duranyny görüp, içerden çykdy:
- Gitdimi?- diýip, gaharly sorady, Tamara:
- Hawa, gitdi- diýip, oňa bilesigelijilik bilen garady.
- Ol saňa nämeler diýdi?
- Onuň nämeler diýenini bilesiň gelýän bolsa çykyp özüň gürleşäýseň bolmadymy? Sen nämeden gorkýaň? Näme üçin ondan gaçýan, Döwran?
- Meniň ony göresim gelenok. Onuň bilen ýüzbe-ýüz bolmak islämok. Indi düşündiňmi?!
-Düşünemok, hiç zada düşünemok.Beýle ýagdaýa elter ýaly ol saňa näme etdi?
- Onuň eden zady kän. Gaty kän... Gel, şu gürrüňi goýaly, Tamara. Gowusy,gowusy...-diýip,ol sözüni soňlaman, serwantdan,bir çüýşe konýak bilen iki bulgur aldy-da, ortadaky stoluň üstünde goýdy. Tamara onuň hereketlerini geňirgenip synlap durşuna:
-Konýagy kim bilen, näme bilen içjek?- diýdi.
-Seniň bilen, konfet bilen-diýip, ol orta konfet hem getirip goýdy-da, konýagy açdy. Iki bulguram dolduryp guýup,birini Tamaranyň eline tutdurdy.
- Bä, eliň ýaman açylaýdy-da, bu nämäniň alamaty-diýip, Tamara kinaýaly sorag berdi.
-Hiç zadyň alamaty däl. Al içeli!
-Sagja bol, men içjek däl. Onsoňam aýal maşgala bir zat hödür edilende beýle gödeklik bilen edilmeýär-diýip, Tamara bulguryny stola goýdy. Döwran özüniň birneme gödegräk äheňde geplänini duýup,ýuwaşlyk bilen:
- Bagyşla,Tamara! Häzir nerwilerim ýerinde däl-diýip, bulgury ýene onuň eline tutdurdy.
- Men içjek däl diýdim-ä-diýip, Tamara bulgury ýene ýerine goýdy.
-Näme üçin içjek däl. Sebäbini aýt.
-Sebäbi, sen bu konýagy meniň üçin maňa hödür etmek uçin çykaraňok. Häzir sen muny meniň göwnüm uçin däl-de, nerwileriňi köşeşdirmek,içiňi sowatmak üçin içmekçi. Ýöne, Döwran,durmuşyň berýän ejirlerini içgi bilen aýyryp bolmaýar. Içginiň dumany seriňden aýrylansoň, ol seni ýene basmarlaýar. Şonuň üçin onuň başga ýoluny tapmaly.
-Başga ýoluny nädip,nädip tapmaly?!-diýeninde, Döwranyň sesi sandyrap çykdy. Ol bulgurlaryň ikisinem yzly-yzyna başyna göterip, Tamara seretdi-de:
-Başga ýoluny bilýän bolsaň aýt! Öwret!- diýip, gygyranyny duýman galdy.
- Men seniň bu bolşuň sebäbini, nämeden ejir çekýäniňi bilmesem, näme aýdaýyn,nämäni öwredeýin. Eger sen maňa ynanýan bolsaň, içiňi dökäý, Döwran. Adam kimem bolsa biri bilen derdini paýlaşsa, ony basmarlaýan ýük birneme ýeňleýändir. Döwran,sen aýtmasaňam, ol aýal bilen araňyzda bir syryň bardygyny duýýan. Menden näme gizleýäň,dogrusyny aýtsaň, elimden gelen kömegimi edeýin. Näme dymýaň, Döwran? Aýt, ol aýaldan näme üçin gaçýaň? Näme üçin ony göresim gelenok diýýäň? Ol seniň kimiň? Ýa-da ganym duşmanyňmy?
Döwran jogap bermezinden öň uludan demini alyp:
- Ol meniň ejem-diýdi.
- Ejem?!
- Hawa, şu mukaddes sözi aýtmaga dilim barmasa-da, sen aýtdyrdyň.
- Döwran, eger meniň ýadym üýtgemedik bolsa, şu jaýa göçüp gelen günümiz ikimiz oturyp dertleşipdik. Ýetimligimizi ýatlaşypdyk. Şonda sen ejemem, kakamam men bäbekkäm ýogalypdyrlar, awariýada heläk bolupdyrlar diýipdiň, ahyry.
- Eýsem men saňa näme diýmelidim?! Ejem meni dogran güni köçä taşlap gidipdir. Men kakamyň kimdiginem bilmeýän,men bir binika doglan çaga diýeýinmi?! Bu zatlary aýdyp bolýamy, Tamara! Men muny häzirem aýtmakçy däldim. Ýöne seniň ýüregiňden syzdyryp aýdan sözleriň aýdylmaly däl zady aýtmaga mejbur etdi meni.
- Bagyşla, Döwran. Seniň ile aýdyp bilmejek syryňy aýtdyran bolsam, bagyşla...
Tamara gepini soňuna çenli aýdyp ýetişmänkä gapy açylyp, içeri Narhal girdi.
- Meni bagyşlaň. Bir güýç meni yzyma dolanmaga mejbur etdi. Bu gyz "ýok" diýse-de, Döwran,seniň öýdedigiňi ýüregim syzdy-diýip, hamsykdy. Soňra Tamara ýüzlenip:-Gyzym, sen bagyşla, meniň Döwran bilen ikiçäk gürrüňim bar-diýdi.
-Düşündim, daýza. Men gidýän
-Ýok, gitme, meniň Tamaradan indi gizlin syrym ýok.
-Bolmaz, Döwran. Ikiçäk gürleşeniňiz gowy-diýip,Tamara çykyp gitdi.
-Döwran, ol gün iş ýeriňe baranymda gürleşesiň gelmedi. Onsoň öýüňi tapyp gelmeli boldum. Indi ikiçäk oturyp, gowuja düşünişeli,oglum-diýip, Narhal gözüne ýaş aýlady.
-Ikimiziň düşünişer ýaly zadymyz ýok.Men bar zady anykladym. Siz meniň ejem däl ekeniňiz-diýip, Döwran çürt-kesik jogap berdi.
- Ony saňa kim aýtdy? Men seni dogurdym, men seniň ejeň, oglum!- diýip Narhal özelendi.
-Diňe dogranyňyz üçinmi?-diýip, Döwran oňa kinaýaly nazar bilen garady.- Diňe dogranyňyz üçin maňa eje boljak bolýaňyzmy? Onda-da ýigrimi bäş ýyldan soň?! Siz meniň ejem bolýan bolsaňyz, maňa enäniň ak süýdi howa ýaly zerur bolan bäbeklik wagtymda, Allatagala zyban berip,"Eje" diýip dillenäýjek pursatlarymda, enäniň mährine zar bolup, gara gözlerimi çar tarapa aýlan çaglarymda niredediňiz?!
Narhal onuň sözüni bölüp,bir zatlar diýjek boldy, emma Döwran oňa maý bermän sözüni dowam etdirdi:
-Duruň, diňläň! Maňa enäniň ak süýdi,gyzgyn mähri gerek wagtlarynda siziň ýadyňyza çaga düşenokdy. Siz ol wagtlar ýaş,görmegeý aýaldyňyz. Size ol wagt çaga däl-de, keýpi-sapa,haram lezzet gerekdi! Siz hatda meniň kimden bolamymy-da bilýän dalsiňiz!
Bilýän bolsaňyz, aýdyň, meniň kakam kim?! Ýa-da menem Isa pygamber ýaly Hudaýyñ nuryndan boldymmy?
- Döwran, oglum, bes et! Ýalňyz eneňi-de, bir diňle-diýip, Narhal ýalbardy. Emma Döwran oňa gulak asmady.
- Ýok, siz meni diňläň, soňuna çenli diňläň...
- Şu aýdanlaryňam ýeterlik, oglum. Ene sözüniň mukaddesdigini unutma!...
Narhalyň soňky sözi Döwrany beter gazap atyna mündürdi.
-Ine, meniň aýtjak zadymyň üstünden özüňiz bardyňyz. Dogry, ene sözi mukaddesdir.
Men muny gowy bilýän. Emma siz onuň näme üçin mukaddesdigini bilýäňizmi? Bileňzok! Bilýän bolsaňyz, ol sözi diliňize çolamazdyňyz. Hawa, ene mukaddes. Ol özüniň çagasyna beren ak süýdi üçin mukaddes, daň säherde süýji ukusyndan turup,çagasynyň sallançagyny üwäp ýürekden syzdyryp aýdýan hüwdileri üçin mukaddes. Aýratynam, eneden özge dünýäde hiç kimiň berip bilmejek gyzgyn mähri, söýgüsi üçin mukaddes! Siz şularyň haýsy birini etdiňiz?! Çagasyny dogrup,köçä taşlap gidýän enäniň mukaddesligi beýlede dursun,hatda onuň "men ene"diýmäge-de haky ýok bolsa gerek!
- Döwran, beýle sözler bilen şunça ýyllap ejir çeken ýüregime duz guýma, oglum. Öten ötdi.Geçen ýaman günleri ýatladandan peýda ýok, geljekdäki ýagşy günler barada gepleşeli!- Bu sözler bilen Döwran köşeşer ýaly däldi.
- Adamda hakyda diýen zat bar. Oña aýratyn möhürlenen zatlary undup bolmaýar. Şeýle zatlaryň biri henizem göz öňümde dur. Bir güni biziň ýetimhanamyza bir uly ýazyjy geldi. Ol ýetimhananyň durmuşy bilen içgin tanyşdy. Çagalar bilen gürleşdi. Gaýtjak mahaly müdirimiz oňa ýadygärlik sözleri ýazylan depderi uzadyp, ýadygärlik ýazgy galdyrmagyny sorady. Müdirimiz ýetimhanayň durmuşy barasynda öwgüli sözler ýazar öýtdi. Emma ol uzak wagt dymyp oturdy-da, depdere: "Şu gara gözli çagalary bu ýere taşlap giden eneleriň ýüzi gara bolsun!" diýip, birje setir ýazdy. Bu setir henizem meniñ göz öňümde dur.
- Meni pyçaksyz soýduň, Döwran, Döwran jan...
- Meniň adymy özüňiz dakan ýaly ýaman mähirli tutýaňyz-la.
- Men seniñ ýañky aýdanlaryňy eedip bilmedigem bolsam, adyňy, familýaňy özüm dakypdym seni goüup gidenimde.
- Taşlap gidenimde diýip dogurlap aýdyň.
- Bes et, ýarama duz sepeniň ýeterlik boldy, Döwran. Indi meni-de diňle,balam-diýip, Narhal ýaşa dolan gözlerini Döwrana dikdi.-Şonda... Şol aýylganç günde eliň aýasy ýaly gaty kagyza "Şu çaganyň adyna Döwran dakyň ulalanda oňa döwran dolansyn. Familýasy Alllaýarow bolsun, hemişe Alla ýary bolsun diýip,ýazyp bilejigiňe dakyp gidipdim.Şondan bäri geçen döwrüň içinde şu adyň,şu familiýaň boýunça seni yzarlap gezdim, oglum.Täleýiň ters gelse etjek alajyň bolmaz ekeni, meniň başyma-da köp söwdalar düşdi. Hernä, gara bagtymyň bir getiren ýeri bar ekeni, bir gowy adama sataşdym. Şonda men agyr ýagdaýda keselhana düşüpdim. Ol şol ýerde lukman ekeni. Ol meni bejerdi, dogrusy, ölümiň penjesinden alyp galdy. Ol meni diňe ölümden gutarman, öňki durmuşymyň bela-beterinden hem gutardy. Oňa durmuşa çykdym. Ýigrimi iki ýyl bäri şol adam bilen bilen ysnyşykly ýaşaýan. Birje gyzymyz bar. Emma ýüregimiň töründe bir uly ünji bolup hemişe sen ýaşap geldiň. Meniň ýeke-täk arzuwym-seniň bilen tanyşlyk açmak,öýümiň töründen saña ýer bermek boldy. Emma şu çaka çenli adamymdan ejap edip, seniň bardygyňy ýaşyryp gezdim. Soňundan arzuwyma ýetmek üçin oňa syrymy açmaly boldum. Ol maňa düşündi. Ol gowy adam. Ýöne "Sen şu syryňy maňa durmuşa çykan mahalyňda aýdan bolaňda, onda senem, menem ogully bolardyk. Indi ol seni kabul edermikä?!" diýip aýtdy...
Narhalyň sözlerini diňläp, dymyp oturan Döwran:
- Hä, ol gowy hem akylly adam eken. Ol dogry aýdypdyr. Meniň ýüregim sizi ene hökmünde hiç haçan kabul edip bilmese gerek. Ýöne siziň meniň bilen juda gatnaşasyňyz gelýän bolsa, men sizi adamkärçilik düzgüni boýunça kabul edeýin, geliberiň.- diýip,
ýüzüni kesä sowdy.
Narhal uludan demini alyp, Döwrana delmürip garady:
- Bolýa, oglum. Men şuňa-da razy. Ýanyňa gelip-gidip dursam, belki-de wagtyň geçmegi bilen, ýüregiň ýumşar
Döwran hiç zat diýmedi. Narhal ýerinden turdy.
- Men indi gaýdaýyn, gijä galsam, öýdäkiler howatyrlanar. Görüşýänçek, hoş oglum-diýip,ol birsalym saklandy. Döwrandan, hiç bolmasa "hoş"diýen söz eşitmekçidi. Ýok, Döwranyň dili şu söze-de aýlanmady. Tamasy çykmandan soň ol geplemän,ýuwaş çykyp gitdi. Şundan soň Döwranyň kalbynda:"Eý Hudaýym, meniň daşa dönen ýüregimi özüň eredäýmeseň, ol eremez. Ýaşlygymda çeken ejirlerim, ýetimligiň horluklary, näsaglap ýatanlarymda "Meni-de dogran ene barmyka,ol niredekä? Näme uçin meniň halymdan habar almaýarka?" diýip, aglap çykan gijelerim hiç haçan ýadymdan çykmasa gerek" diýen nala ýaňlanyp, gözlerini ýaşa doldurdy.
Aradan iki gün geçdi. Dynç alyş günüdi. Tamara Döwranyň öýüne serenjam berip ýördi. Gapy ýuwaş kakyldy. Tamara baryp gapyny açanda onuň öňünde duran Aýgül birhili aljyrajak ýaly etdi. Şol bada Tamara ýylgyryp, iki elinden tutup,içeri çekdi:
-Aýgül jan, göwnüňe hiç hili güman gelmesin. Men Döwranyň goňşusy hemem bir edarada işleýäs. Ol seniň geljegiňi aýdyp meni goýup gitdi."Basym gelerin, garaşsyn" diýdi. Menem boş oturmaýyn diýip, öýüne serenjam berip ýörün. Döwran maňa sen hakda aýdypdy. Şonuň üçin seni daşyňdan tanaýan. Indi meniň bilen tanyşaý, adym Tamara.
Şähdaçyk, göwnaçyk bu gyz birazrak geplemsegräk bolsa-da, Aýgüle ýaraman durmady. Onsoň Aýgül hem:
-Gaty gowy, Tamara. Menem seniň bilen tanşanyma öran şat-diýip, ýylgyrdy.- Döwran özi nirä gitdi?
-Ony uprawleniýa çagyrdylar. Yzyndan maşyn gelip alyp gitdi. Bir gaýragoýulmaz iş barmyşyn. Bir sagada geler. Sen indi howlukman otur. Saňa aýtmaly gyzykly gürrüňim bar.
- Näme hakynda? Döwran hakyndamy?-diýip, Aýgül bilesigelijilik bilen sorady.
Tamara sesini peseldip, syrly äheň bilen:
-Ejesi hakynda-diýdi.
-Kimiň ejesi hakynda?
-Kimiň boljakdy. Döwranyň ejesi hakynda.
-Döwranyň ejesi? Ol maňa ejem, kakam ýok. Men ýetim diýýädi-le...
-Onuň men diýen ejesi bar eken. Ýöne ol aýal Döwrany dogrup, çagalar öýüne taşlap gidipdir. Indi ýigrimi bäş ýyldan soňra ony tapyp, gatnaşyk etjek bolup, gatnap ýör. Döwranam ony kabul edenok, hatda göresi-de gelenok-diýip, Tamara bu täzelige haýran galyp oturan Aýgülüň ýüzüne dikanlap seretdi-de: - A gyz, bu zatlary menden eşideniňi Döwrana aýdaýma –diýdi.
-Ýok, ýok aýtman. Aýdyber...
-Aýtsam, öňki gün täsin bir ýagdaý boldy. Ol ýene geldi. Menem şu ýerdedim. Döwran maňa "Men öýde ýok" diý,diýip içerki otaga girdi. Gapy kakyldy. Men Giriberiň, gapy açyk" diýip seslendim. Ol içeri grip,vmeni görenden, Döwranyň gelinligidir öýtdi. Ikimiz gowuja gürleşdik. Ol menden "Döwrany meniň bilen bir duşur,onuň bilen ikiçäk gürrüňim bar" diýip haýyş etdi. Dogrymy aýtsam, şol wagt menem bu aýalyň kimdigini, Döwranyň ondan näme üçin gaçýandygyny bilemokdym. Gaýtjak mahaly birden barmagyndaky ýüzügi çykardy-da,vmeniň barmagyma ötürdi: "Bu toýuňyzyň öňünden menden sowgat" diýip, çykyp gitdi. Men aljyranymdan nätjegimi-de bilmän galyberdim. Ýüzügi synlap görsem, göwher gaşly gymmatbahaly ýüzük.Men ony Döwran içerki otagdan çykmazdan öň barmagymdan çykaryp, jübime saldym. Muny hak eýesine gowşuraýyn diýip öýe eltip ýygşyryp goýdum. Onuň hak eýesi-de sen, Aýgül, häzir getirip berýän- diýip, Tamara ýerinden turdy. Aýgül bu geplere birhili ynjalyksyzlanyp:
-Goýaweri, Tamara, entek hiç zadyň bellisi edilmänka men onuň ejesiniň sowgadyny alarynmy?-diýdi.
Emma Tamara öz diýenini edip, ýüzügi getirdi.
-Muňa bir seretsene, Aýgül, nähili owadan-diýip, Tamara ýüzügi Aýgüle uzatdy. Aýgüliň ýüzügi özüne almak niýeti ýokdy. Ýöne bular ýaly zady eline alyp görmegi islemeýän gyz barmy näme? Aldy. Emma oňa gözi düşünden ýüzi düw ak boldy. Ol: - Mümkin däl, mümkin däl! - diýip, Tamara soragly nazaryny dikdi. Tamara:
-Saňa näme bolýa, Aýgül? Ýüzüň dagy üýtgäp gitdi.Näme "mümkin däl" diýýäň-diýip, howatyrly sorady.
Aýgül jogap bermäge derek özi sorag berdi:
-Tamara, ol aýal saňa adyny aýtmadymy?
-Aýtdy. Ady Narhal eken.
Aýgül bu sözi eşidenden ýerinden böküp, ýüzügi gysymyna gysyp, gapa tarap ýöredi. Ol Tamaranyň:
-Aýgül, saňa näme boldy? Nirä barýäň?-diýenine-de gulak asman, ylgap çykyp gitdi. Onuň yzysüre Döwran geldi. Ol otagyň ortasynda birhili aljyraňňy ýagdaýda duran Tamara gözi düşüp, bir üýtgeşik zadyň bolanyny aňdy-da:
-Näme gep, Tamara, eýgilikmi?-diýip, sorady. Tamara birbada näme diýjegini bilmän, sakyndy. Emma bolan wakany aýtmasa bolmajagyny aňyp,gürrüň berdi. Döwran Aýgüliň bolşuna haýran galan bolsa-da ýüzükli meselä gelende gaty gaharlandy:
-Sen onuň ýüzügini näme uçin alyp galdyň, seniň näme hakyň bar beýtmäge- diýip Tamara gygyrdy.
- Döwran, indi maňa näçe gygyranyň peýdasy ýok. Gowusy, sen Aýgüllere bar, nämäniň nämedigini bir anykla. Öýlerini bilýäň gerek?
-Bilenimde näme ?! Näme diýip baraýyn?
-Bir bahana taparsyň. Meniň ýüregim byjyklap barýa.
Döwranyň özüniň hem ýüregine ot düşeni üçin Tamaranyň diýenini edip, Aýgüllere baryp gelmek üçin öýden çykdy.
Ýüreginde harasat gopan Aýgül öýlerine nädip gelenini hem bilmedi.
Gapydan giren badyna:
- Eje!- diýip, gygyranyny hem duýman galdy.
Içerki otagdan çykan Narhal gyzyň ýüzüne gözi düşenden onuň bir üýtgeşik zadyň üstünden baranyny aňdy:
-Weý, saňa näm boldy, Aýgül, ýüzüň dagyň ak tama dönüpdir-le?-diýip, ol gyzynyň golaýyna bardy-da, onuň ýüzüne dikanlap seretdi.
-Maňa beýle seretme, eje! Sen maňa bir zadyň dogrusyny aýt. Göwher gaşly ýüzügiňi nätdiň?
-Weý,ol saňa häzir nämä gerek boldy?
-Ol maňa gerek däl. Ýöne ony nädeniňi aýt, eger öýde bolsa çykaryp görkez?!
Narhal bir uludan dem alyp, gyzynyň ýüzüne müýnli garady:
-Aýgül, gyzym, men ýigrimi bäş ýyldan bäri içimde saklap gelýän bir syrymy ýakynda kakaňa aýtdym. Ol düşündi. Saňa aýtmagy birhiliräk görüp saklandym. Meniň ýigrimi bäş ýaşly bir oglum bar. Onuň bilen gatnaşasym gelýär. Seniň soraýan ýüzügiňi onuň gelinligine sowgat berdim.
-Ine, indi hemmesi aýan boldy, eje! Sen ogluňyñ gelinliginiň kimdigini bir bilýäňmi?!
-Hawa, bilýän. Näme beýle gygyrýaň, ýa ol erbet gyzmy?
Şol wagt işden gelen kakasy eneli-gyzyň bolup duruşlaryna haýran galyp:
-Bu näme gykylyk? Nämäniň dawasyny edýäňiz?- diýdi.
-Kaka, ejem göwher gaşly ýüzügini oglunyň gelinligine sowgat beripdir- diýip, gözüne ýaş aýlady.
-Şeýlemi? Onuň gelinligem bar ekenmi? Goý, aglama, gyzym. Berse bersin. Eger gerek diýseň saňa-da edil şonuň ýaly ýüzük alyp beräýerin.
- Kaka, gep onda däl. Maňa ýüzük gerek däl. Ynha, şol ýüzük!- diýip, eliniň aýasyny açyp görkezdi. Narhal ýüzügi eline alyp, gözden geçirdi-de:
- Bu seniň eliňe nädip düşip ýör? Saňa muny kim berdi?- diýip, geňirgenip sorady.
- Özüň! Özüň ogluň gelinligine sowgat beripsiň-ä! Ogluň gelinligi ine, men, eje! Seniň öz gyzyň!
Narhal erbet aljyrady:
- Sen näme dälirediňmi? Men muny oglumyň gelinligi Tamara öz elim bilen berdim-diýeninde sesi sandyrap çykdy.
- Tamara ogluň gelinligi däl, ol onuň goňşusy. Indi düşündiňmi,eje?!-diýip,Aýgül aglamjyrap gygyrdy. Şol wagt içerä Döwran girip geldi. Ol bu ýerde Narhaly görüp:
-Narhal daýza! Siz bu ýere näme diýip geldiňiz?- diýip, haýran galmak bilen sorady.
- Ol bu ýere başga ýerden gelenok. Bu öý Narhal daýzaňyzyň öz öýi, menem onuň gyzy, Döwran...- diýip, Aýgül iki elini ýüzüne tutup aglap,içerki otaga girip getdi.
Döwran şeýle bir aljyraňňy ýagdaýa düşdi weli, näme etjegini bilmän duran ýerinde doňup galdy. Aýgülüň kakasy bolsa ýigidiň ýagdaýyna düşünip, oňa duýgudaşlyk bildirýän manyda onuň egnine elini goýdy. Şundan soň Döwran huşuna gelip, ýuwaş çykyp gitdi. Narhal diwanda oturan ýerinden bir gapdala agyp gitdi. Adamsy onuň eliniň damaryny tutup görüp, özüne özi gepleýän ýaly:
- Huşundan gidipdir. Birsalymdan huşuna geler. Ýöne bu işlere kim günäkär? Ykbalyň öwrümlerimi ýa-da günäsi geçirilmejek enelermi? - diýip, uludan demini aldy.
Reýimbaý SABYROW.
Hekaýalar