09:00 Höwürtge / hekaýa | |
HÖWÜRTGE
Hekaýalar
Bozoglan aga uçara petek aldy. Onuň niýeti zähmet rugsadyny özüniň ulalyp kemala gelen öýünde geçirmekdi. Goňşularyna, obadaşlarynyňka, toýa-tomga barar. Çagalykda köp suwa düşülen Garry ýasga baryp görer. Oglan-uşaklardan ýaňa Garry ýasganyň boş wagty ýok diýen ýalydyr. Irkiräk döwürlerde obadaşlary şu ýere toplum bolup göçüp gelip, tarp ýeri özleşdirmäge başlapdyrlar. Şol ýylam Bozoglan doglupdyr. Boz ýere göçülip gelnen ýyly doglan ogul diýip, onuň adyna Bozoglan goýupdyrlar. Indi obanyň düýbi tutulan ýyly doglan Bozoglan aga-da altmyşdan geçen adam. Soňky döwürde Bozoglan aga dogduk obasyny kän küýsäp başlady. Öňler beýle däldi. Şäheriň şowhuny, ýaşlyk oňa kän bir yzyny ýatladyp duranokdy. Bu zatlar gojalyk bilen bile geldi. Etrap merkezinden obalaryna gaýdýan ulaglaryň birine münüp gelýän Bozoglan aga uly ýola düşülensoň, sürüjä sorag ýagdyryp ugrady. Onuň öz obasyndandygyny bilensoň-a, has içginleşdi. — Soraşmak aýyp däl, kimiň ogly bolarsyň? — Ýaşuly, men Gadam poçtaň ogly. — Hä-ä, Gadamyň ogly diýsene. Menden bir ýyl aşakda okapdy. Barmy Gadam? — Ýok, öňküsi ýyl ýurduny täzeledi. — Imanyny bersin, gowy oglandy. Bozoglan aga şondan soň sesini çykarman oturdy. Ol bu wagt sürüjiniň kakasy bilen baglanyşykly ýatlamalara berlipdi. Olaryň öýleriniň eýwanynda her ýyl bir jübüt garlawaç öý gurup, ýazlap giderdi. Garlawaçlar her ýyl ýazda howa maýlap ugransoň gelip, arly tomus şol höwürtgede bolardylar. Ýumurtgalap, jüýjelerini kemala getirerdiler. Soňam güýzüň ilki çigregi düşenden, ýyly ýurtlara gyşlamaga giderdiler. Garlawaçlaryň höwürtgesiniň eldegrilmesizdigi bu öýüň, asyl, şu töweregiň çagalarynyň aňyna birmahallar guýlupdy. Bozoglanyň kakasy: — Garlawaja tebil tapdyrmak külli günädir — diýerdi. Soňra bir kenep haltany höwürtgäniň aşagyna germeçläp, dört burçuny petikden asardy. Şondan soň garlawaçlaryň hapasy ýere dökülmezdi. Her baharda höwürtgesine dolanýan garlawaçlar barada pikir edende, Bozoglan aga öz ömür ýoluny göz öňüne getirip, içini gepletdi: «Bäh, şolarça-da bolubilmändiris-ow. Ýetginjeklikden saýlananymdan, dogduk höwürtgämi unutdym. Oba köwlenmämi tas bes etdim diýen ýaly. Indem gojalygyň çetinden girip...». Sürüji Bozoglandan soraman, Baýramgeldi agalaryň işiginde ulagyny saklady. Goşlaryny düşürişdi. Bozoglanyň gelenini ilki gören dört-bäş ýaşlaryndaky oglanjyk boldy. Ol gygyryp, öýe tarap ylgady: — Ene, bize bir adam geldi. Oňa çenli bir ýaş gelin gapa çykdy. Gelen nätanyş ýaşuludan ýaşynjagyny-ýaşynmajagyny bilmän sägindi. Soňam gelen adamyň gaýynatasyna çalym berip duranyny duýdy-da, tizden ýaglygynyň ujuny dişledi. Baş egip salam berdi. Bozoglan onuň salamyny aldy: — Saglykmy, keýgim? Bozoglan bosagadan içeri ätledi. Şol ýerde hem ony inisi Baýramgeldiniň aýaly garşylady. Ýaşynyp, çalarak baş egip salam berdi. Bozoglany törki myhman jaýa geçirip, aşagyna düşek ýazdylar. Öňüne saçak goýup, çaý-suw getirdiler. Çaý içensoň, Bozoglan daşary çykdy. Oglanlykda oýnap ulalan baglaryndan bir-ä hol gojaman tut, birem armyt agajy galypdyr. Baýramgeldiniň aýalynyň tamdyrda çörek ýapyp duranyny görüp, Bozoglanyň ýüregi jigläp gitdi. Onuň ýeňligem, repidesem edil ejesiniň ýeňligine, repidesine meňzäp durdy. Bozoglanyň birden damagy doldy. Inisiniň agtyklary ony tananogam. Ýaňy gelende enesine: “Öýe bir adam geldi” diýmedimi näme. Bozoglan bu öýde bir adam däl-ä. Bozoglan tamdyra golaý bardy. Tamdyryň golaýyndaky üzüm dalbaryny synlady. — Men oglan wagtlarymam bardy şu üzümler. Bozoglan aňry ýöredi. Mal ýatagyň ýeri üýtgedilipdir. Has takygy, towuk ketek tarap-a mal ýatagy geçiripdirler. Mal ýatagyň ýerinde-de iki gat edip towuk ketek salypdyrlar. Olaryň içem akly-gyzylly towuklardan dolup dur. Birmahal olaryň towuklary häzirki ýaly kapasada däl-de, erkin gezerdi. Ýumurtga guzlan towuk wakgyldap başlaram welin, ejesi Bozoglana gygyrar: — Ýet, alahekek kakyp gitmänkä, towugyň ýumurtgasyny alyp gel! Şol wagt towuk keteginiň bärsinde urgan çekilip, uzak aralyga gezer ýaly edilip goýlan mähnet ala köpek başyny galdyryp, oňa azgyryldy. Mal ýatagynyň, towuk keteginiň golaýyna gelse, sylamajakdygyny duýdurdy. “Öý eýeleriniň hemmesi tanamaýan halyna, öýüň iti seni nireden tanasyn diýsene?!”. Bozoglan yzyna öwrüldi. Ýogsam ala sygyrlarynyň durýan ýerinem baryp görjekdi. Şu ýerde ýene bir zat onuň kalbyny jigletdi. Kakasynyň gara tumşukly eşegini goşup, Kürşenoýdan ot daşaýan arabasy bir tigrini asmana galdyryp, goňşy bilen aralykdaky haýatyň ýykylan ýerine germew bolup durdy. Bozoglan baryp arabanyň arşyny, keýelerini sypalady. Onuň çekgeçöpi-de ýerinde durdy. Ýylgyn agajynyň çydamy ýokary bolýan bolarly. Onuň gapdalynda ýatan hamydyň gaýyş halkalaryny Gün alanam bolsa, samaçawyna, demir ilgençeklere hiç zat bolmandyr. Bozoglanyň önüp-ösen öýünde köp zat üýtgäpdir. Diňe bir zat, jaý hem-de tamdyryň orny üýtgemändir. Ýene bir üýtgemän, Bozoglana çagalygyny ýatladyp duran zat — myhman jaýynyň diwaryndan asylgy duran, ejesi bilen kakasynyň ýaş wagtlary bile düşen suratlary. Şol surat ol oglanjyk wagtam bardy. Ýöne öň diwardan şeýle asylgy durardy. Indi ullakan halynyň ýüzünden asypdyrlar. Bozoglan ata ýurdunda iki gün bolup, yzyna gaýdarman boldy. Ol gaýtmakçy bolup durka, birwagtky garlawajyň höwürtgesiniň durýan ýerine seretdi. Ol ýerinde ýokdy. Jaý täzelikde döwrebap abatlanylypdyr. Ol gapdalynda duran oglanjykdan sorady: — Birwagt şu ýerde garlawajyň höwürtgesi bolardy.... — Öýi hapalaýar diýip, goparyp, aýryp taşladyk. Soň kakam käýänsoň, bolşuna görä, dikeldenem bolduk welin, garlawaçlar şondan soň dolanmadylar... Şöhrat ABDYÝEW. | |
|
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |