09:06 Hünär / hekaýa | |
HÜNÄR
Hekaýalar
…Sagadyna seredende ol sagadyň kiçi diliniň dokuzyň üstünde durandygyny gördi. Diňe şu wagt çagalaryna öten agşam: “Ertir gijara, işden soň sizi birsalym “Ertekiler dünýäsine” aýlaýyn!” diýip söz berendigi Merdanyň ýadyna düsdi. Ol çagalarynyň özüne garaşyp, gözleriniň ýolda galandygy hakynda pikir edende öz-özüne jany ýandy. “Ýeri şu gün bir irräk gaýdaý-da diýsene, iş hiç ýere gaçyp gitmez ahyry! Eýýäm näçenji gezek olary aldaýaryn. Her baýramçylykda: “Sizi gije şähere gezelenje alyp gitjek!” diýip söz berýärin, her gezegem irikgä bolup garaşyp, uklap galýarlar. Birhili her gezek şeýdip, aldananlaryndan soňra, indi göwnüňe bolmasa çagalar sözüme-de kän bir pitiwa etmän başlan ýaly” Bu oýlanma Merdanyň hasam ýüregini gysdyrdy. Onuň birhili öýüne-de gaýdasy gelmän başlady. “Häzir bararsyň welin, oguljyklarymyň ikisi hem maňa garaşyp-garaşyp, penjiräniň öňünde uklap galandyrlar, diňe gyzjagazym kejirligini edip, uklamazlyga çalşyp, yňňyl-çyňňylyny köpeldip, ejesine azar berýändir. Öýe girersiň welin, olaryň bolup ýatyşyndan utanarsyň…Bäh, şu gün bir irräkden öýe gaýdaýmaly ekenim! Içigary galan, ýadymdan çykaraýşymy diýsene!” Merdan adatça her gün işini dynyp öýüne gaýdanda borjuny akýürekden ýerine ýetiren adamyň rahatlygy bilen, öz-özünden razy bolup, gulluk otagyndan çykyp gidýärdi. Bu gün welin beýle bolmady. Kalbyny birden öz holtumyna dolap alan lapykeçlik bilen iş stolunyň üstünde çaşyşyp ýatan barlag iş toplumlaryny, jenaýat işleriniň resminamalaryny göwünli-göwünsiz tertipleşdirdi-de, seýfine saldy. Gapysyny şakyrdadyp, gulplady. Syýagalamlaryny, galamlaryny, garalama kagyzlaryny, ýandepderçelerini rejeli goýuşdyrdy. Kompýuterini öçürdi. Iýmitlendirmek üçin elektrik toguna birikdirilgi rasiýasynyň simini sogurdy-da, guşagyna gysdyrdy. Soňra hem otagyň çyrasyny öçürip, gapysyny temmeledi-de, çykyp gitdi. Daşary tüm-garaňkydy. Emma gyş gijesiniňkä meňzemeýän howa maýyldy. Ýola çykyp hem ilkinji kireý edýän ulaglaryň birine elini galdyryp, saklady. Barmaly ýerini aýtdy. Sürüji äkitmeklige razy bolandan soň, sesini çykarman mündi. Ýolda barýarka hem kelam agyz geplemän, kölegesinden öýkelän ýaly, dymyp oturdy. Onuň bagtyna ulagyň sürüjisi hem kireýçi-sürüjileriň mahsuslygynyň tersine, dymma bolup çykdy. “Nirede işleýärsiň, her gün şunuň ýaly giç gaýdýarsyňmy, işiňiz agyrmy…” diýen ýaly, sowallaryň onlarçasyny ýagdyryp, oýlanmaga päsgel bermedi. Ulagyň içinde oturyşyna Merdanyň gözüniň öňünde ýene-de oguljyklarynyň penjiräniň öňünde öýkeli uklap ýatyşlary janlandy. Ony hasam beter lapykeçlik basmarlady. Merdan kalbyny gemrip ugran tukat duýgudan biraz ünsüni sowmak üçin, giň hem ýagty şaýolyň ugry bilen endigan ýüzüp barýan ulagyň penjiresinden seredip başlady. Paýtagt şäheriň köçelerinde hereket köpdi. Dürli ýurtlarda öndürilen, dürli reňkli ulaglar ýoluň ugry bilen iki-ýana ibirt-de zibirt gatnaýan bolsalar, pyýada ýodalary hem adamlardan doludy. Kim çagalary bilen gezim edip ýör, kim dostlary bilen aýlanyp ýör, hol aňyrrakda bolsa ýanyndaky gyzyň gözelliginden ýaňa mežnun bolan aşyk ýigit öz magşugyna türkmen asmanynyň ähli ýyldyzlaryny, mahy-tabany bilen bilelikde peşgeş berip, Hatam Taý deýin jomartlyk saçyp ýör. Pyýadaýodasynyň gyrasynda göýä, şaýolyň pilmahmyt-garawullary deýin, hatara duran jaýlar bolsa penjire gözlerini ýyldyradyp, ulagyň endigan barşyna görä Merdanyň gözleriniň öňünden ýüzüp geçýärdiler. Tutulary syrylgy penjirelerden köçä ölügsi ýagty düşýärdi. Şol penjirelerden hem özgeleriň durmuşynyň bölejik übtüjekleri, ýeke pursatlyk Merdanyň nazarynyň öňünde peýda bolýardylar-da, dessine-de akyp geçip gidýärdiler. Ölügsi ýagtylyk saçýan penjirelere seredip barşyna birdenkä, ýoluň gyrasyndaky dört gatly jaýyň uly penjiresinden köçä garap duran gyzjagazyň solgun keşbi Merdanyň nazaryna kaklyşdy. Onuň ýüregi jigläp gitdi. “Haý pahyrjyk, bujagazy hem boş wada berip, gözüni ýola daňyp goýupdyrlar öýdýän!” diýip, müýnli Merdan gyzjagazyň bolup durşuny özüne osdy. Ol, hol yzda galan gyzjagazyň garap duran penjireli jaýa garşy gaňrylyp-gaňrylyp seretdi. Emma ol jaý gaty yzda galypdy. Gyzjagazyň bolup durşuna ýüregi gyýylan Merdan: “Ine-dä, işe gaty berilseň hem! Çagalaryňy gynandyryp, olary gynandyranyňa-da özüň gyýylyp ýörmeli bolýar!” diýip ajy oýlandy. Birdenem onuň öz-özüne girre gahary geldi: “Ýeri şu işi näme üçin saýlap aldyň diýsene?! Başga iş gytmydy? Imi-sala hünär bilen meşgul bol-da, çagalaryň arasynda gezip, arkaýyn-agaýana ýaşa-da ýör-dä!” Gahar üstüne oýlanan bu pikiri onuň kalbyny gorjalap goýberdi. Ol ulagyň penjiresinden ünsüni sowdy-da, agyr oýa batdy: “ Dogrudanam, men näme üçin şu hünäri saýlap aldymkam? Düşünip saýladymmy ýa-da düşünmän, ýöne bir il ugruna okap öwrenip, şu hünär bilen meşgullanyberdimmi?” Merdan özüne beren bu sowalynyň jogabyny agtaryp, göwnüni dörjeläp ugrady. Dogrusy düşünib-ä bu käri saýlap alanda beýle bir bu hünäriň kynçylyklaryna oňat düşünmeýärdi. Sebäbi ol çagalykdan bäri şu hünäriň arzuwyny edip-edip, hukukçy hünärini ele almak üçin ýokary okuw mekdebine okuwa girende hem, soňra okuwyny tamamlap, hukuk goraýjy edara işe kabul edilip alnanda-da, bu hünäre çagalykda okan, tomaşa eden, sülçiler, aňtawçylar baradaky gyzyklylykdan ýaňa demiňi tutdurýan kitaplarynyň, kinofilmleriniň owadan, ýöne hyýaly dünýäsiniň döreden salgymynyň aňyrsyndan seredýärdi. Çagalykda okan şol kitaplaryndadyr-kinofilmlerinde bolsa ähli zat juda aňsatdy we hezildi. Ol hyýaly dünýäde barça zat eliň aýasyndaky ýaly düşnüklidi. Jenaýatçymy—ol hökman erbetligiň gözüni çykarýan, adatdan daşary bir ýaman adam bolýardy. Ol barada okasaň hem, tomaşa etseň hem, oňa rehimiň inmeýärdi. Ol hyýaly dünýäde hemme zat hem aňsatlyk bilen, gysga wagtyň içinde amala aşýardy. Kinofilmlerde filmiň başynda jenaýat eden adamyň jenaýatynyň üsti hökmany suratda filmiň ahyrynda açylýardy we kazyýet oňa aňsatlyk bilen aýyplaýyş hökümini çykarýardy. Soňra ýokary okuw mekdebinde okap ýörkä-de bu hünärde hiç bir kynçylyk ýok ýalydy. Sebäbi okuw kitaplarynda ähli zat örän düşnükli hem gysga ýazylgydy. Ine şu hereketi şeýle edilse jenaýat bolýar, şeýle edilmese jenaýat bolmaýar, jenaýaty şu güman edilýäniň edendigini subut etmek üçin ine şeýle derňew hereketlerini geçirmeli, onuň şu herekerlerini şeýle maddalaşdyrmaly, bu hereketlerini bolsa beýle maddalaşdyrmaly, şaýady şeýle sorag etmeli, onuň ruhy ýagdaýyny ine, şu usullar bilen, şeýdip öwrenip bolýar, jebir çekeni bolsa ine, şunuň ýaly sorag edip bolýar, güman edilýäniň ýa-da aýyplanýanyň ruhy ýagdaýyny öwrenmekçi bolsaň bolsa, ine, şu usullary ulanmaly, wakanyň bolan ýerine serediş geçireniňde ine, şu hili usullara gollanyp hereket etseň, ol ýerden jenaýatyň yzlaryny tapmak işini has netijeli amala aşyryp bolýar, ol tapylan yzlar babatda ine, şu bilermen seljerişlerini geçirmek bolýar… Umuman okuw kitaplaryny okanyňda ähli zat aý dogan ýaly ýalpyldap durdy. Emma hakykatda welin… Juda kyndy. Bu hünäriň esasy kynçylygy hem jenaýatyň üstüni açmagyň çagalykda okan çeper eserleriňdäki dek, iki sany adam bilen bäş minut gepleşip, iki sahypa kagyzy hem bir-iki minut öwrenip, açylyşy ýaly aňsat däl-de, ençeme gije-gündiz ukusyz, dynçsyz, müňläp sahypa hasabatlary dörüp, ýüzläp şaýady sorag edip, olaryň görkezmelerini deňeşdirip açmagyň kynçylygynda-da däldi. Bu zatlara Merdan işe girmezinden öň hem boýunalykdy. Bu hünäriň birinji esasy kynçylygy başga zatdady. Ine, sen sülçi! Seniň iş otagyňda, seniň öňüňde jenaýat etmekde aýyplanýan otyr! Adam otyr! Eýýäm deslapky derňewiň dowamynda sülçiniň borjuna girýän ähli hereketler edilen, şaýatlar hem, aýyplanýanyň özi hem sorag edildi, ýüzleşdirmeler hem geçirildi, bilermen seljerişleriniň netijeleri alnyp, aýyplanýan olar bilen hem tanyşdyryldy, günäsini hem doly boýnuna alyp otyr, eden işlerine hem ökünip, aňyrsyna çykyp bilmeýär. Onuň jenaýat işini kazyýete ugratmaklyk üçin bolsa diňe birje derňew hereketi galandyr. Şonluk bilenem şu öňüňde oturan adam babatda, sülçi hökmünde seniň işiň tamamlanar. Emma bolmaz. Öz köňlüňe agram salmazlyk maksady bilen diňe aňyňda ornan anyk iş ýörediş hereketlerini tertipli yzygiderlilik bilen amala aşyrýan enjama öwrüljek bolup şunça jan etseň-de, başarmarsyň. Öňüňde müzzerilip, özüniň tutuş ulus-ile garşy eden hyýanatynyň labyrynyň astynda ýegşerip, bir sykym halda, ýere giräýjek bolup oturan daýaw pyýada dözmersiň. Birden özüňem duýman, sülçiligi bir gyra süýşürersiň-de, ýeke pursatlyk özüňe delminip bakan adamyň görejine seredip: “Nädip beýle hala düşdüň ahyry?” diýip, gözleriň bilen, sözsüz sorag berersiň. Onuň gözlerine gözüň düşende hem şu öňüňde oturanyň hem edil özüň ýaly kimdir biriniň ogly, dogany, kakasy, ýoldaşy, dosty, obadaşy, ildeşidigini, seniň özüň bolsa watandaşyňdygyna şeýlebir aýdyň göz ýetirersiň welin, bu aýanlykdan ýaňa ýüregiň gyýym-gyýym bolup gider. Onsoň ol ýüregini döküp başlar. Özüniň haram nebsiniň sesini gapdyryp bilmän ynanylan wezipeden hyýanatçylykly peýdalanyp, halkyň emlägine el urmak derejesine çenli pese gaçyşyny, il-günüň gözünden düşüşini aýdyp berer, ýamanyň ýagysynyň ýanyndadygynyň ýöne ýere nygtalmaýandygyny aýdar, öz eli bilen öz düşjek çukuryny gazandygy barada aýdar, sözüniň soňunda-da, uludan bir demini alar-da: “Hälem, Hudaýa şükür, siz yzymdan ýetip, kanunyň dözümli şarpygy bilen men nebsine ejiziň öňüni beklediňiz! Gözenegiň aňyrsyndan garan şu günlerimde özümiň gecen haram ýolumyň her bir ädimi barada oýlanyp-ölçerip gördüm-de, il-güne ýamanlykdan özge peýda getirmedik ýoluma böwet basanyňyza müň şükür etdim. Hernä siziň bardygyňyza-da şükür!” diýer. Şonda-da öňüňde oturanyň halyna has hem haýpyň geler. Şol bir wagtda-da aňyň rehime baý ýüregiňe özüniň hakykatçyl owazy bilen teselli berer: “Kanun kanun bolar! Kanuny bolmadyk, kanunlaryň ählisi hemmeler tarapyndan deň derejede, takyk we birmeňzeş berjaý edilmeýän jemgyýet jemgyýet bolmaz-da, wagşylaryň sürüsine çalymdaş orda öwrüler.” Ýüregiň paýhasyň aýdýan sözlerini çyny bilen makullar, emma şonda-da öňüňde oturan aýyplanýana gynanmagyny dowam eder. Onuň jenaýat işini kazyýete ugradanyňdan soň hem gynanarsyň, ondan soň hem onuň öz öňüňde müzzerilip oturşy her gezek göz öňüňe gelende gynanar ýörersiň… Bu hünäriň ikinji esasy kynçylygy bolsa, ol özüňi tutuşlygyňa özüne bagyşlamagyňy, maşgalaňy ikinji nobatda goýmagy talap edýärdi. Hemme kişi hem adam. Sen isle kazy bol, isle prokuror ýa-da sülçi bol, isle gurluşykçy bol, isle daýhan, mugallym, galamgär, lukman bol, tapawudy ýok, adam adam bolýar. Her bir adamyň hem öz maşgalasynyň arasynda bolup, çagalary bilen gözel ýerlere seýle gidesi, dost-ýarlary bilen söhbet gurap oturasy gelýär. Ýöne başga hünärler özüň üçin ýaşamaga mümkinçlik berse-de lukman bilen hukuk goraýjy edaranyň işgäri ilkinji nobatda öz işi bilen ýaşaýar. Onuň işiniň mazmuny bolsa halk üçin ýaşamakdan, özüňi özgeler üçin bagyş etmekden ybarat. Sebäbi lukman adamyň jany hem saglygy üçin özüniň ähli ukybyny-yhlasyny siňdirip, ýadawsyz zähmet çekmeli bolsa, hukuk goraýjy edaranyň işgäri tutuş durky-düýrmegi bilen öz borjuny ýerine ýetirmeklige berlip, adamlaryň asuda gündizlerini, parahat gijelerini, ähli kanuny hukuklaryny goramaga, olary berkarar etmäge ymtylmaly bolýar. Ine, şu iki kynçylyk hem, öz işinde Merdanyň kalbyna agram berýän esasy zatlardy. Onuň häzirki lapykeç halda, içini hümmüldedip oturyşy hem, onuň üçin täzelik däldi. Ol soňky döwür, öz saýlap alan kesp-kärinden närazy oýlanmalaryň ummanynda ýüzýärdi. Düýn agşam çagalaryna: “Ertir sizi Ertekiler dünýäsine alyp gitjek!” diýip, bu gün bolsa, iş bilen başagaý bolup, ýadyndan çykaryp, lapykeç bolup barmagy hem, onuň şol öz-özünden, öz durmuşyndan närazy oýlanmalaryň käsesini püre-pür eden soňky damja bolupdy. Içini hümledip, dymyp gelýän, Merdan nädip ýetmeli ýerlerine ýetip, ulagyň saklanany duýman galdy. Uly ýoldan ep-esli daşlykda garalyp görünýän obalarynyň tanyş suduryna gözi düşende ukudan açylan ýaly, tisginip giden Merdan pikirleriniň arasyny böldi-de, başyny göterdi. -Taňryýalkasyn, ýaşuly!-diýip, sürüji bilen hasaplaşdy. Ulagdan düşüp, oba tarap mytdyldap ugrady. Onuň birhili aýaklary ädilmejek bolýardy. “Bäh, häzir bararsyň welin, oglanjyklar-a gözleri ýolda, biri-birine ýanaşyp, uklap galandyrlar, gyzjagazyň hem garaja gözjagazlaryny balkyldadyp, ejesinin gujagynda kemşerip oturandyr…Erbet bolaryn-ow! Söz berenimden soň bir äkidäýmelidim welin,..!” Birdenem ýene-de bir zat güpbe ýadyna düşdi: “Äý, huşuň gursun diýsene! Ýeri muny görsene, günde dükandan çagalara bir süýjijik-beýleki alýardym welin, bu gün howlugan bolup, elim boş gaýdaýpdyryn ahyry!” Merdanyň ýüzi boz-ýaz boldy. Onuň bolanja keýpine hem sogan dograldy. Howa maýyl bolsa-da, ellerini paltosynyň kisesine sokdy-da, boýnuny içine ýygryp, ýoluň gyrasy bilen öýüne tarap, dähedem-dessemläp ugrady. Ikinji köçäniň çatrygyna ýeteninde onuň ýeňsesinden ulagyň sesi eşidildi. Ol öwrülmän ýoluny dowam etdirdi. Emma onuň yzyndan ýeten ulag näme üçindir deňesinden geçip ötägitmedi-de, ýanyna gelip ýuwaşady. Sürüji düýdüldetdi. Keýpsiz halda ýüzüni sallap barýan Merdan, içinden: “Äý tanyşlaryň biridir-dä, öýe çenli äkideýin diýýändir-dä” diýip, ulaga tarap seretmän, “gidibersene” diýýän äheňde elini salgady. Emma ulag geçip gidibermedi. Gaýta biraz öňe berip, onuň deňesinde saklandy-da, gapdal penjiresi açyldy. -Dost, näme, ýüzüňi sallap, salam-helige-de ýaraman barýarsyň welin, öte ýadaw öýdýän! Ulagyň sürüjisiniň tanyş sesine başyny galdyran Merdanyň çagalyk dosty Aýaza gözi düşüp, ýüzi ýagtylyp gitdi. Ol ýylgyryp, ulagyň gapysyny açdy-da, mündi. -Dost jan, bagyşlaweri, sendirsiňem öýtmändirin, salawmeleýkim! -Waleýkim essalam! Merdan jan, dostum, nähili ýagdaýlar, öý-içeriler, iş-güýçler gowulykmy? -Allaha şükür, Aýaz! Özüňkiler nähili, hemme oňatlykmy? -Hudaýa şükür, hemme zat gülala-güllük. Arma işler bilen, Merdan! Näme dostum, şu gelşiňmi ýa-da işden soň toýa-tomga diýip sowlaýdyňmy? Dostunyň soragy Merdanyň wawwaly ýarasyna duz basdy. Ol ýüzüni ynjyly çytdy. -Dostum, toý-tomgy seniň ýadyňa düşýär. Şu işden ir gelşim, meniň! Dostuna bäş barmagy ýaly belet Aýaz, Merdanyň lapynyň keçdigini sözüniň hörpünden aňdy. Emma aňandygyny duýdurmazlyga çalşyp: -Äý, dost jan ýadatsa ýadadýandyr welin, oňa derek uly iliň alkyşyny alýarsyňyz!-diýdi. Ýene-de öz lapykeç oýlanmalaryna berlip başlan Merdan onuň sözlerini gulagynyň duşundan geçirip, hiç zat jogap bermedi. Onuň tukat ýagdaýyny syzan Aýaz soraman saklanyp bilmedi: -Dostum, näme ýüzüň salyk-la? -Äý hiç-le!-diýen Merdan ilki bir hiç zat geplemejek boldy, emma soňra içki pikirlerini nädip daşyna çykarandygyny özi hem duýman galdy:-Dost jan, düýn çagalary “Ertekiler dünýäsine” äkideýin diýip söz berdim-de, bu gün hem iş bilen başagaý bolup, huşumdan çykaraýpdyryn, öňem bir-iki gezek şeýle boldy, bu günem maňa garaşyp-garaşyp, gözleri ýolda, uklap galandyrlar diýip, gynanyp barýaryn. Aýaz ýylgyrdy: -Ýak, senem-ä, Merdan, şunuň yaly ownuk zat üçin hem tukat bolarlarmy? Häzir sagat näçe bolupdyr?-diýip, ol ulagynyň öň aýnasyna berkidilen sagada seretdi:-Dokuz sagat otuz minut! Uklamadyk bolsalar, geýindir-de, mündür ulaga, sagat on bolýança “Ertekiler dünýäsine” barýarys. Aňyrda-da on bire çenli bir sagat güýmenerler. Soňam onsoň gelýän dynç güni ýene-de alyp gidäýeris!-diýdi. Hiç wagt hiç bir ýagdaýda ýüzüni sallamaýan Aýazyň teklibine Merdan monça boldy. Onuň birhili göwrümi giňäp gitdi. Ol öýleriniň deňesinde saklanan batlaryna, ulagdan düşüp, haýdap öýüne girdi. Hernä çagalary uklamandyrlar ekeni. Ol aýalyna: -Hany bol bahymrak, men ulag alyp geldim, biraz gijräge-de galdyk welin, ýörüň, äkidip, aýlap geleýin!-diýdi. Hälden bäri irikgä bolup garaşyp oturan çagalar ala-goh bolşup, begenişip, geýnip ugradylar. Olar sähel salymyň içinde geýindiler-de, ulagyň içinde joňkardylar. Merdan oglanlary ulagyň yzyna, ejesiniň ýanyna mündürdi, läliksiredilýän körpe gyzjagazyny bolsa gujagyna aldy. Ýolda barýarkalaram ertekilerdäki, lagly-jowahyrdan şähristana öwrülen mermer paýtagtyň çyralarynyň we çüwdürimleriniň älemgoşar reňkli şöhlelerine aňk bolup galan çagalarynyň wüjürdisine gulak asyp, dünýäni unutdy. Hälki kalbyny dolduryp duran lapykeçlik hem çagalarynyň şadyýana gürrüňleriniň arasynda gark bolup, ýitip gitdi. Ertekiler dünýäsine baranlarynda sagat heniz on hem bolmandy. Äpet seýilgähiň adamsy ýetikdi. Merdan, Aýaz bilen ýanaşyp, patdyk-putduk ýöreýän gyzynyň elinden tutdy-da, “Ertekiler dünýäsiniň” haýrana goýýan hiňňildiklerine tarap ýüzlendi. Aýaly hem biri-biri bilen basdaş oglanjyklaryň elinden tutdy-da, olaryň yzyna eýerdi. Olar esli wagtlap aýlandylar. Merdan çagalaryny dürli hiňňildiklerde uçurdy, olary ertekiler gowagyna aýlady, kinniwanja otla mündürdi, garaz az wagtyň içinde Ertekiler dünýäsiniň hemme ýerine bolmasa-da, köp künjegine tomaşa edip çykdylar. Köpden bäri öýden çykyp görmedik çagalar agyzlaryny açyp, haýrana galyp, hiňňildikleri, serhowuzlary, ertekiler gowagyndaky döwleriň, adamlaryň, haýwanlaryň, Böwenjigiň gepleýän gurjaklaryny synlaýardylar. El çarpyp gülüşýärdiler. Eýmençräk gurjak bolsa kakalaryny ýa-da ejelerini gujaklap, şatlanýardylar. Olaryň şatlygyna özlerindenem beter şatlanýan Merdan bolsa çagalarynyň gülküsine goşulyp, heziller edip gülýärdi, olar bilen gezekli-gezegine hiňňildik uçýardy, otluda aýlanýardy. Şeýdip, aýlanyp ýörüşlerine olar nädip sagadyň on bire golaýlandygyny hem duýmadylar. Diňe Ertekiler dünýäsiniň işgärleri aýlanyşyp, şatlanmakdan doýmaýan çagalara hem-de çagalarynyň şatlygyndan doýmaýan ene-atalara Ertekiler dünýäsiniň şu günlükçe iş wagtynyň tamamlanýandygyny habar berip başlanlarynda Merdan dagynyň gaýtmalydyklary ýatlaryna düşdi. Olar ýadan çagalary ellerine aldylar-da, seýilgähiň derwezesine tarap ýöneldiler. Derwezä ýetiberenlerinde hem garaşylmadyk waka boldy. -Merdan, inim, birje pursat aýak çeksene!-diýip kimdir biri olaryň yzyndan çagyrdy. Merdan sägindi-de, yzyna öwrüldi. Onuň yzynda ýaşy ellä golaýlan, saçlary çal sepen bir nätanyş adam, iki-üç sany çagany daşyna tegeläp durdy. Onuň ýanynda takmynan Merdanyň özi bilen ýaşytdaşrak ýigit hem bardy. Merdan ol adamy tanamady. Siňe-siňe seretdi. Ol adamyň ýüz-keşbinde duýular-duýulmaz, kimdir tanyş birini ýatladýan alamatlar bardy. Emma Merdan hakydasyna getirjek bolup şunça çytraşsa-da teý ýadyna salyp bilmedi. Onýança ol adamyň özi dillendi: -Merdan jan, inim, tanamadyň öýdýän?! Merdan egnini gysdy: -Bagyşlaweri ýaşuly, tanamadym. Ol adamyň Merdanyň öňünde bir müýni bar ýaly ýüzi gyzaryp-bozardy. Ol sakynyp: -Men neme-le inim, şol Halmyrat Ahmedow… Ol şeýle diýdi-de, bogazyna bir zat tegek bolan ýaly, ýuwdunyp, dymdy. Ol: “Halmyrat Ahmedow” diýen badyna hem Merdanyň aňynda ýyldyrym çakan ýaly boldy. Özüniň işe giräýen wagtlarynda, ilkinji derňän, aýratyn uly möçberde döwlet emläginiň, ynanylan emlägiň eýelenmegi baradaky jenaýat işi ýadyna düşdi. Bada-badam, deslapky derňewiň soňky pursatlarynda, syrylan, arryk petekesini ýygryp, başyny boýnunyň içine siňdiräýjek bolup: “Ýalňyşdym inim, ýalňyşdym, haram pula, iliň-günüň gargyşyna ýugrulan ýeňil eklenje kowalaşdym, şeýtanyň alyna gitdim, inim! Indi Hudaý maňa göz görkezdi, elim bilen edenimi egnim bilen hem çekerin!” diýip, hamsygyp oturan Halmyrat Ahmedowyň – ine, şu öňünde, çagalaryň elinden tutup duran adamyň, keşbi hyýalynda ýalpyldap gitdi. “Bäý üýtgäpdir-ow! Semräpdir, ýüzi-gözi durlanypdyr. Esasy zadam ýüzünden ili çürkäp, halkyň malyna el urup, haram gazanç edip ýören haramynyň garaörtlügi ýitipdir, gözlerinde ynsanlyk nury bar! Indi bir dogry ýola düşen bolsun-da hernä!” diýip, içinden pikir öwren Merdan, öz borjuny ak ýürekden, halal ýerine ýetiren adamyň ynamly nazary bilen köne tanşynyň ýüzüne garady. Onuň çirksiz, dogry garaýşyna müýnli bakyş bilen jogap beren Halmyrat aga: -Ýaňy, çagalaryň bilen geçip barýanyňy gördüm-de, “taňryýalkasyn aýdaýaýyn” diýip yzyňdan howlugdym. Merdan jan, men jezamy doly çekip erkinlige çykdym. Halkyň, döwletiň emlägine ýetiren zyýanymyň öwezini hem doldum. Gözenegiň aňyrsynda bolan wagtymda-da özümiň ters ýaşan ömrüme täzeden nazar aýlap, eden telek işlerime baha bermäge mümkinçilik boldy. Men gaty oňat aklyma aýlandym. Inim, sag bol taňryýalkasyn, Alladan gaýtsyn! Adamkärçiligiň üçin, artykmaç zat ýüklejek bolup dyzap durman, adalatly çemeleşeniň üçin! Bu öz günäm bilen, Keremli Allatagalaň erki bilen başyma düşen bendiligi bolsa men zulum diýip hasap etmeýärin. Gaýta, haram ýöldan sowlup, dogry ýola gönderilmek, iblisiň holtumyndan alnyp galyp, bu bäş günlük ýalançynyň azabynyň hasabyna baky dünýäniň eşretine mynasyp bolmak diýip ynanýaryn. Inim, men bir zady anyk bilýärin, eger-de haram ugruma wagtynda böwet basylmadyk bolsady, entegem gözüm gapyklygyna, ýamanlygyň hem-de haramylygyň ýolundan dänjek däl ekenim! Haram pul, haram keýp, meni tas başdaşymdan, çagalarymdan, agtyklarymdanam jyda düşüren ekeni. Hernä Hudaý diýen ýerim bar ekeni! Haktagala, gözümde ot ýakyp, siziň üstüňiz bilen çagalarymyň, il-günümiň arasyna adam bolup dolanmaga mümkinçilik berdi!-diýip pyşyrdady. Soňam ýanyndaky çagalary özüne tarap çekip, üstüni ýetirdi:-Ýene-de bir gezek ak ýürekliligiň, adamkärçiligiň üçin “taňryýalkasyn” inim! Özüň ýaly adamlar durmuşda juda seýrek gabat gelýändir, şuny berk belläýginiň, inim! Hudaýym, özüňem, çagalaryň hem ýamanlyk ýüzüni görmäň! Halmyrat aga, şeýle diýdi-de çagalaryny alyp, gitdi. Merdan dagy hem Aýazyň ulagyna münüp, öýlerine dolandylar. Ýolda gelýärkäler, ulagyň endigan çaýkanyşyna üwrelen, ýadaw çagalaryň üçüsi hem süýji uka gitdiler. Ýola seredip barýan Aýaz dymyp oturan dostuna gözüniň gyýtagyna aýlanda, onuň gözleriniň kanagatlylyk bilen şöhlelenýändigini saýgardy. Elmydama çagalyk dostunyň ýaşyryn oýlaryny aýnada gören dek aňşyrmagy başarýan Aýaz, bu gezek hem Merdanyň näme hakda pikir edýändigine düşündi. Ol geplemän durup bilmedi: -Dost jan, hünär-ä saýlap bilipsiň! Ýaňky ýaly, ýamanlygyň agzyndan sogrulyp alnyp, dogry ýola gönükdirilen ýekeje adamyň “taňryýalkasyny” islendik kösenje degýär ahbeti! Aýaza kelam agyz jogap gaýtarmasa-da Merdan: “Hünär-ä saýlap bilipdirin! Ak ýürekden aýdylan, ýekeje adamyň “taňryýalkasyny” islendik kösenje degýär!” diýip, içinden onuň sözlerini kanagatlanmak bilen gaýtalady. “Edebiýat we sungat” gazetiniň 2008-nji ýylyň 18-nji ýanwaryndaky sany | |
|
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |