20:19 Ilkinji komandirowka / satiriki hekaýa | |
ILKINJI KOMANDIROWKA
Satiriki hekaýalar
Redaksiýada ýañy işe başlan badyma çetki raýonlaryñ birine komandirowka gitmeli diýdiler. Dogrusy, gaýgy etmänem durmadym, habarçy hökmünde ilkinji gezek gitjek bolşumdy. Içimi gürledip bolup oturşymy birhiliräk görendir-dä, ýanymda oturýan ýaşuly öz hyzmatyny hödürledi. - Sen, inim, gaýgy edip oturma. "Giden getirer, oturan nyrh sorar" diýipdirler, gitseñ bir zat ýazarsyñ, hemem göwnüñ açylar... - Öz-ä şeýledir welin, birhili garañky görünýär-dä. Halmyrat aga gürrüñiniñ arasynyñ bölünenini halamady öýdýän. Düşnüksiz garaýyş bilen maña seretdi. Soñra sözüni dowam etdirdi: - Garañky görnüp, hiç zadam bolmaz, gidibirler. Onsoñam barañda myhmanhana beýleki diýip kösenip ýörmez ýaly, men saña bie adres bereýin. Göni baraý, meñ adymdan. Öý eýesi gaty alçak adamdyr, degişgendir. Abur-dubur etse ynanaýmagyn. Agşam öýden jañ edip aýdaryn, özi samolýota öñüñden çykar, arkaýyn bolaý. Biri-biriñizi tanarsyñyz-la, ol garaýagyzdan daýaw adamdyr. Ýogsa-da, sen, gowusy eliñe bir daşjagaz al-da çetiräge çykyp oklap-gapan bol-da oýnaber, özi ýanyña barar. Meniñ birhili ýüküm ýeñlän ýaly boldy. Halmyrat aga alkyş baryny aýdyp, ýazyp beren adresini jübüme saldym. Ertesi günortana golaý samolýot bir sagada ýetip-ýetmän gondy. Ille goşuny aljak bolup garabaşagaýdy, meniñ welin, ähli zadym bir diplomatyñ içindedi, olam elimdedi. Aerowokzalda duranlary birlaý synladym. Şol añyrda garaýagyzdan mähnet, hopul-sopulyrak bir adam dur welin, megerem, meniñ öñümden çykmaly şol bolsa gerek. Ýaýdanjyrap diýen ýaly bardym ýañkyñ ýanyna. - Salam! - Waleýkim essalam, gurgunmy, ogul. - Bagyşlañ, siz maña garaşýan-a dälsiñiz-dä?! - Ýok, men-ä aýalyma garaşýan. Näme, özüñize garaşýan adamyny tanañyzokmy. Ýa... Men onuñ soñky aýdan sözlerini diñlejek bolup durmadym, bir çetiräge çykdym-da, Halmyrat aganyñ aýdyşy ýaly, elime daş alyp oklap-gapyp başladym. Beýlerägimde duran iki sany adam özara gürleşýärder. - Aşgabatdan oñat konsert geljekmiş diýýärler welin, ho, daş oýnap duran oglanam şolardanmyka diýýän. Özem gözbagçy bolaýmasa, görýäñmi, bolan bolup durşuny. - Aý, näbileýin, bolup durş-a birhili jübüñe girärli. Men nätjegimi bilmän, has çetiräge süýşdüm. Hälki garaýagyz daýaw adam ýañky iki duranyñ ýanyna bardy-da: - Neressäñ akyly üýtgäpdir öýdýän, ne gözel oglan welin, görýäñmi, bolup durşuny. Ýañy meñ ýanyma baryp "Ýaşuly, maña garaşýan dälsiñiz-dä" diýdi. Men-hä dözmedim neressä, nirä gitmelikä, bi, bendäñ çagasy - diýip, ol ýognas sesi bilen madyrdady. Men daş oýnamamy goýup añryk taksi duralgasyna tarap gitdim. - Sen, inim, nirä gitjek? - diýip, bir murtluja şofýor dykylyp ýanyma geldi. Men oña elimdäki adresi görkezdim. Ol ony gözüne degiräýjek bolup okady-da: - O-ho-how! Han ogul, o ýerik gitjek bolsañ gyzyl onlugy gygyrtmaly bolarsyñ - diýip, meniñ jübüme seretdi. Alajyñ näme, razylaşdym. Ol meni aýlap-aýlap şol adrese eltip düşürdi. Gyzyl onlugy jübüsine gysdyrdy-da, maşyby gygyrdyp meniñ bilen hoşlaşdy. Men nätjegimi bilmän yzyndan elimi bulan boldum. Görkezen öýüñ gapysyndan salam berip bardym. - Giç ýagşy. - Gelen ýagşy. Geliñ, geçiñ, gurgunmysyñyz, janym - diýip, orta ýaşlaryndaky görmegeý bir aýal meniñ salamymy aldy. Geçip oturdym. - Hany, bi Akmyrat agañ özi ýokmudy? - diýip, men nämeden gürrüñ açjagymy bilmän elimi owkalaşdyrdym. - O-dä hä diýmän geler. Alyñ, myhman. Çaý içiñ - diýip, ýañky daýza öñümde ullakan hum çäýnegi goýdy-da, özem daş çykdy. Per ýassygy tirsekläp äberilen çaýdan ýañy bir käsäni içipdim welin, daşky jaýda kimdir biri ardynjyrady. Men gop berlen ýaly dikeldim. Gapydan Halmyrat aganyñ suratlandyryşyndanam bäş beter äpet garaýagyz adam içerik girdi. Men ýerimden turup, edep bilen salamlaşdym. Saglyk-amanlyk soraşanymyzdan soñ öý eýesi: - Myhman, men sizi tanamadym-la, nireli borsuñyz? - diýip, maña ýitireni bar ýaly seretdi. - Akmyrat aga, men-ä Aşgabatdan, redaksiýada işleýän, Halmyrat aga bilen, o-da size salam aýtdy, özem... - Kim Halmyrat o? Ataýewmi? - ol meniñ sözümi böldi. Onuñ sesi gaty güñleç çykdy. Men birhili tisginip gitdim. Halmyrat aganyñ "öý eýesi gaty degişgen adamdyr" diýen sözi ýadyma düşende birneme köşeşdim. Gülesim gelmese-de ýylgyran boldum. Onuñ gür gara gaşlary bulutly asman ýaly büreldi, ýüzi gaty yzgytsyzlandy... Akmyrat aganyñ häzirki bolup oturyşy gaty eýmençdi, topuljak gaplaña çalym edýärdi. Beýle-de bir degişmeklok bolar oguşýa diýip içimi gepletdim. Daşymdan bolsa başga zat diýdim: - Hawa, hawa. Şo Ataýew Halmyrat. O-da özüñiz ýaly gaty gowy adam, sypaýy. - Bagyşla welin, inim, o eşek adam. Şoñ ady öwrülip meñ öýümde tutulmasyn. Ol meni wejera edip "Tokmaga" ýazdy, işimden pyzdyrdy. Ol nejisiñ indikisi nämekä? Meni günüme goýjakmyka ýa-da ýok?! Halmyrat aganyñ meniñ bilen eden gödek oýnuna gaharym geldi, oña nälet okadym. Birden turup gidibermäñem ýagdaýyny tapman çykgynsyz güne galdym. - "Myhman atañdan uly" diýipdirler, men señ myhmanlygyñy sylaýan, ýogsam dagy şu wagt yzyña it salyp kowjak... Onuñ sesi sandyrap çykdy. Uzyn gije edil gözüme çiş kakylan ýaly hiç ukym tutmady. Dañ horazy gygyrandan, niredesiñ myhmanhana diýip ýelk ýasaýýandyryn. Täçmämmet JÜRDEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |