16.
Şerip işini bolmalysy ýaly edip, taýýarlady. Onuň ýetmez ýerlerini işledi. Keýigiň, özüniň ellerini ýene bir sapar, gije ýatman timarlady. Ol zenan damarlarynyň näzikligine, onuň içinden gan däl-de keramatly näzikligiň akýandygyna, erkek adamyň damarlaryndan bolsa bahyllygyň hem-de nebsiň gara güýjüniň akýandygyna aýalynyň hemem özüniň ellerini, barmaklaryň dyrnaklaryny, damarlaryny işlän mahaly düşünen ýaly boldy. Ol bu ellerden üýtgeşik obraz emele getirdi.
Indi bu işi sungat eseri däl-de, özüniň hakyky mähribanlarydy. Ol öz ezizlerni zulmat tümünden üýtgeşik şuglaly dünýä çykaranyna ynandy. Indi oňa «Öz janyňy halas etjek bolsaň, şu işiňi ber!» diýselerem, ol şu işine öz janynam çalyşyp bilmejek derejä baryp ýetipdi. Indi onuň ýüregi giňäp, gursagynyň içinde, bir ýerlerden gün dogan ýaly bolup, gitdi.
Ol bu işiniň otagyň töründen buýsanç bilen asdy...
Samolýotda ol özüni rahat duýdy. Gapdalynda oturan aýalyň ýüzüne çiňňerilip-çiňňerilip seretmesine-de kän bir üns bermedi.
– Gurgunmysyňyz? – diýip, ol aýalyň özi ahyry oňa habar gatdy. – Meni tanamadyňyz öýdýän?
– Ýok, tanamadym.
Ol owadan, ak ýüzli, gabaklar pökgerip, ullakan gözlerine agram salyp duran özüni nähili tanatjagyny bilmän aljyrady.
– Men siziň gyzjagazyňyzyň, Çarykowanyň operasiýasyna gatnaşypdym.
– Näme?! – Şerip ol zenanyň ýüzüne aldajy nazar bilen garady. Ol indi bu zenany tanady. Ol Äşejigiň ölümini aglap habar beren şol ak halatly zenandy. – Siz!
Ol aýal ýüzüne garamasa-da, Şeribiň garaýşyndan doýup otyrdy. Şonuň üçin, ol başyny galdyrman, başyny aşak egip, «Mendim» diýen manyda başyny atdy.
– Ölüme dözer ýaly çaga däldi. Wah, bir näkesiň geleňsizligi bilen, ömri gysga eken, çagajygyň...
– Näme, näkes?..
– Operasiýa şowly geçdi. Indi dyndyk, indi narkozy ýapmaly bolanda, bir kelasaň wraç gaýta, narkozy gaty açyp gidipdir. Onam, çagajyk göterip bilmedi. Şeýdibem...
Şeribiň tutuş süňňi titredi. Ol samalýotdan düşülensoňam, tä Kerke gelýänçä, özüne gelip bilmedi. Ol birhili, öz essinde däldi.
Amyderýadan geçilýän poroma münülernde, ol Akmyratdan ýapyşyp, zordan boş ýerleriň birine geçip oturdy.
Ol Amyderýanyň lummurdap akýan tolkunlaryna seredip essine geldi. Ony essine getiren zat, şol tolkunlaryň arasynda gaýyp ýören iki eziz didar boldy.
– Şerip! Şerip, bir kemimiz sen!...
Ol aýalynyň sesini ýene eşitdi. Soňam gyzjagazynyň:
– Meni hiç kime berme. Berseň, menem, ejem ýaly öldürerler! – diýen sesini eşitdi. Soňra bu iki owaz gezek-gezegine gaýtalanyp başlady. Ol töwereginde ýaşyl boşlukdan başga zat görmedi. Diňe düňderilip, güwwüldäp barýan däli tolkunlaryň arasynda gark bolup barýan iki didary, Keýik bilen Äşejigi gördi.
– Waý, ýetiş, Şerip. Ýetiş, halas et bizi! Şerip ýerinden tarsa turdy-da, poromyň germewine sag elini goýup, özüni bar bilen derýa, däli derýanyň düýbüne, ezizleriniň arasyna gaýyp gitdi.
Porom saklanyp, adamlar yzan-da çuwan bolup gygyryşsalar-da, motorly gaýyk çagyrylyp, ol derýanyň ýüzünden okkesdirme geçse-de, Şeribiň ne özüni, ne jesedini suwuň ýüzünde ýeke saparam gören bolmady...
* * *
...Sergi zaly. Ýene-de iş satyn alynaýmasyn diýen tama bilen garaşyp duran hudožniklerden, olaryň ýanlary bilen gelenlerden urlup-dykylan ýalydy.
Welikobrtaniýanyň Daşary işler ministriniň bi kiçijik işi on müň dollara satyn alandygy baradaky habar sergi zalyna ýyldyrym çakan ýaly bolup, şol bada ýaýrady.
Adamlar bu ýurda türkmen hudožniginiň işiniň beýle görjüp-eşidilmedik baha bilen satyn alnanyny birinji sapar eşidýärdiler. Olaryň ählisi «Ol kimiň işikä» diýişip, şol işi görüp galmak üçin myhmanlara bakan owsun urup başladylar.
Myhmanlar sergi zalyndan çykyp ugradylar. Olaryň biriniň goltugynda üç adam oturan kiçijik iş bardy. Bu ýerde duranlaryň ählisi ol işden üç sany keşbiň özlerine bakan mähribanlyk bilen garap barýandygyny gördüler.
Şeribiň bu işini onuň öýünden, bulaşyp ýatan goş-golamlaryň arasyndan alyp, şu ýere getiren Akmyradam bir gyrada durdy. Ol bu işe salnan Keýik gelnejäniň, Şeribiň, Äşejigiň bu taýdan, bu ýurtdan, gidýändigine şeýle begenýän ýaly, üýtgeşik garaýşy okady-da, şol portrete bakan ýöneldi.
Onuň göwnüne bolmasa, bu gelmişek adamlar bir beýik halkyň abraýyny, mertebesini talap, alyp gidip barýan ýaly duýgyny şu ýerdäkileriň ählisi ýaly, başyndan geçirdi.
Akmyrat eli suratly adama topuldy-da
– Duruň! Duruň! Ol surat satlyk däl. Ol surat satlyk däl. Ol surat Şeribiňki! Ol surat türkmeniň özüne gerek!... – diýip haýkyryp, gahar-gazap bilen gygyrdy.
Emma iş eýýäm satylypdy. Indi Akmyradyň sözüne gulak asan bolmady. Gaýta, ony märekede öz edebini saklap bilmeýän akmak hasapladylar.
Olaryň yzyna düşüp barýan Sary Babaýew bolsa:
– Olar surata başgaça garaýarlar. Ol gowy surat däl-ä, olar bilenok, düşünýäňmi – diýip, takal okap barýardy.
* * *
Akmyrat soň bir gün merkezi gazetleriň birini okap otyrka: «Şerip Çarykow diýen näbelli hudožnigiň «Juda agyr günler» diýen çaklaňja 50-80 işiniň Londonyň sungat auksionynda 100.000 amerikan dollaryna satylandygy...» baradaky gysgajyk habary okap, elini ýüzüne tutup, elenip-elenip aglady...
Soñy.
Aşgabat. 1999-njy ýyl, 22-nji aprel.
Öwezdurdy NEPESOW,
Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy.
Powestler